Sapar ÖräýewTürkmenistanhalk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň il ýaşulysy. Sapar Öräýew 1932-nji ýyl29-njy ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda doguldy. Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebini,Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky iki ýyllyk kursuny tamamlady.

Sapar Öräýew lirik şahyrdyr. Onuň onlarça liriki poemalary we goşgulary ynsan gözelligini,onuň sada zähmetini ýokary çeperçilik bilen wasp edýär. Şahyryň ussatlyk bilen ýazylan şygyrlarynyň birnäçesine kompozitorlarymyz saz düzdüler. Şahyryň "Gyzlaryň","Çopanlar","Gözlerim seni gözlär" ýaly onlarça şygyrlaryna düzülen aýdymlary ussat aýdymçylarymyz,çeper höwesjeňlerimiz halk arasynda ürç edip ýerine ýetirýärler.

Sapar Öräýew köplenç ulular üçin ýazýan bolsa-da,çagalary hem gözden salmaýan şahyr. Onuň çagalar üçin ilkinji kitaby 1964-nji ýylda "Yzlar" ady bilen çap edildi. "Gül bilen gurjak","Akdereli Akmaral","Geliň oýnalyň" ýaly kitaplary hem ýörite çagalara we ýetginjeklere niýetlenendir.

"Oba oglany" atly roman-ýatlamasy Sapar Öräýewi kyssaçy hökmünde-de tanatdy. Bu romanda çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelen oba oglanlarynyň öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin döz gelen kynçylyklary beýan edilýär. Göreşlerden doly ykbaly dartgynly wakalaryň üsti bilen teswirlenýär.