Soltan Sanjar
Soltan Sanjar (d. 1086- ö. 1157).
Asly: Türkmen
Höküm sürdi: 1118-1153
Özünden öň: Mahmyt II Seljukly
Özünden soň döwlet ýykyldy Ýurdy: Seljukly hökümdarlygy
Öň gelen: Arslan Argun
Aýal(lar)y: Türkan hatyn, Rusudan hatyn
Doly ady: Muizeddin Ebul-haris Ahmet Sanjar bin Mälikşa
Kakasy: Mälikşa
Doguldy: 1085. Sinjar
Öldi: 1157 ý. 8-nji Maý (72 ýaşynda). Merw.
Depin edildi: Merw
Umumy maglumat
düzetSoltan Sanjar ýa-da Ahmet Sanjar (Muizeddin Ahmet Sanjar) diýlip bilinen (1086-1157) we (1097-1118) Seljukly hökümdarlygynyň Horasan (Günorta Türkmenistan) topraklarynda agalyk ediji Beýik Seljukly soltany.
- Soltan bolmazyndan öň:
Soltan Sanjar Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljukly soltany Mälikşanyň ogludyr. Kakasynyň bir ýurda eden ýörüşi wagtynda 1086-njy ýylda Sanjarda doguldy. Kakasy öleninde heniz çagajykdy. Soltan Mälikşanyň ölmegi bilen tutuş Seljukly hökümdarlygy sarsdy. Mälikşanyň aýaly Türkan hatyn Mälik şanyň ogly Mahmydyň soltandygyny yglan etdi. Mälikşanyň uly ogly Berkýaryk öz tarapdarlary bilen Reý şäherine gaçyryldy we soltan diýlip yglan edildi. Düzgün boýunça Mälikşanyň ilki uly ogly Berkýaryk soltan bolmalydy. Şonuň üçin Mahmydyň ejesi Türkan hatyn bilen Berkýarygyň aralygynda söweşler başlandy. Has dogrusy hökümdarlyk ugrunda, tagt ugrundaky göreşler başlandy. 1093-nji ýylda bolan Bürüjird söweşinde Berkýaryk ýeňdi. Soltan Sanjar we Berkýarygyň agasy Tutuş Siriýa ilerläp Şam we Halap galalaryny eýeledi we Seljukly döwletiniň gurujusy boldy. Tutuş Berkýarygyň eýeçiligindäki Eýran topraklaryna göz gyzdyrdy we bu ýerleri almak üçin 1095-nji ýylda Reýde Berkýaryk bilen Tutuş arasynda uly söweş bolup geçdi. Şol söweşde Tutuş ýeňildi we öldi. Şeýdip Berkýaryk Soltanlykda ýeke täk agalyk ediji soltan boldy. Emma ol hökümdarlykdaky bidüzgünçilikler, pitneler bilen garşylaşdy. Şondan soň Beýik Seljukly hökümdarlygy üçe bölündi: 1. Eýran, Yrak we Orta Aziýanyň bir bölegi Berkýarygyň soltanlygy astynda galdy.
2. Siriýa Halap we Şam emirligini hem Tutuş soltanlygy astyna aldy.
3. Gutulmuşogly Süleýman şanyň guran we onuň ogly Gylyç Arslanyň hökümdarlygyna bolsa Anadoly Seljukly döwleti girdi.
1097-nji ýylda Soltan Berkýaryk 12 ýaşynda bolan jigsi Soltan Sanjara merkezi şäheri Merw bolan Horasan häkimligini berdi. Ahmet Sanjar şondan soň 1097一1118-nji ýyllar aralygynda 20 ýyl dowamly Horasandaky Seljukly soltany boldy. Seljuklylaryň tagt dawalaryna, gep-berilmelere, beýleki Seljukly agalyklaryna kän goşulmady. Soltan Sanjar Horasan häkimligine göz gyzdyran Ebraýyl Arslan bilen söweşdi. Ol söweş hem 1102-nji ýylda bolup, Kaşgardan ilerläp gelen Ebraýyl Arslan hany Termez towereklerinde ýeňdi[1]. 1105-nji ýylda agasy Berkýaryk öldi. Ölmezden öň soltanlyga Mälikşä II belledi. Emma onuň soltanlygy Muhammet Tapara geçdi. Şol ýyl hem Muhammet Tapar jigsini tagtdan agdaryp Beýik Seljukly döwletiniň hökümdary boldy. Muhammet Tapar 1118-nji ýylda öleninde ýene-de tagt dawalary başlandy. Muhammet Tapar ýerine Mahmyt II soltan belledi.
Hökümdarlyga ymtylyşy we beýik göreşleri
düzetHorasan häkimi bolan gujurly, akylly Soltan Sanjar jigsi Mahmyt II niň Soltan bolmagyny we oňa garaşly bolup Horasan Seljukly döwletini dolandyrmagyny öz üstüne aldy. Horasanda Ahmet Sanjar soltan diýlip yglan edildi. Soltan Sanjar Horasan goşuny bilen Yraga Mahmyt II üstüne ýörüş etdi. Soltan Sanjar bilen Mahmyt II arasyndaky.bolan söweşde Sanjar üstün geldi. Mahmyt II üçin örän giç bolup, pursaty elden bermän gaçdy we gaçybatalga diýip Sawah şäherine bardy. Agasy Soltan Sanjar bilen şertnama baglaşmak kararyna geldi. Mahmyt II öz wezirini Soltan Sanjar bilen görüşmek üçin gönderdi. Olar bolsa ýaraşyk baglaşan soňlar özi Soltan Sanjaryň huzuryna bardy. Bu şertnamada Mahmyt II Soltan Sanjaryň Beýik Seljukly soltany bolandygyny kabul etdi we oňa weliäht etdi. Soltan Sanjar bolsa Mahmyt II ä Yrak, Azerbeýjan we Günbatar Eýrany berip özüne tabyn häkim edip belledi. Bu peşgeşi bagt hasaplan Mahmyt II özüne berlen topraklaryndaky mesjit hutbalarynda Soltan Sanjaryň adyna hutba okatdyrdy. Onuň adynyň ýany bilen öz adyny hem okatdyrdy. Şeýdip Mahmyt II 1118-nji ýylda Yrak Seljukly döwletiniň garaşly hökümdary boldy (diňe Soltan Sanjar 1157-nji öleninden soňra Yrak Seljukly döwleti garaşsyzlygyny gazandy). Bagdatdaky Abbasy halyfy Mustarşid Soltan Sanjara «Emirul Muminin (Möminleriň emiri)» derejesini berdi. 1128-nji ýylda Horezmşalar döwletinde Atsyz şa Horezmşasy kakasy Kutbeddin Muhammediň ýerine geçdi. Kakasynyň döwründe Horezmşalar döwleti Beýik Seljukly hökümdarlygyna garaşlydy. Ýöne Atsyz şa Horezmşalar döwletiniň garaşsyz bolmaga pursat tapypdy. Atsyz Horezmşa ilkinji Hazar deňzi we Aral deňzi aralygyndaky sähralygyndaky Yslam dinini kabul etmedik Gypjak we Oguz türkmenlerine garşy uruşlar başlatdy[2]. Ilki-ilkiler Atsyz Horezmşasy Soltan Ahmet Sanjara wepaly hem garaşly häkimi bolup göründi. Soltan Ahmet Sanjaryň 1130-njy ýylda Jeýhun (Amyderýa) derýadan geçip Mawerannahrda ýerleşen Samarkant şäherinde ýyllyk salgydyny tölemeýän şäher häkiminiň üstüne çozdy. Bu ýörüşde Atsyz Horezmşa hem öz goşuny bilen goşuldy. Soltan Sanjar Samarkant häkimini ilki bilen wezipesinden boşatdy we ýerine bir sadyk adamyny belledi. Diňe şäher häkimi Soltan Sanjardan geçirimlilik soranynda ony täzeden häkim edip belledi. 1133-nji ýylda Soltan Sanjar, Atsyz Horezmşanyň goşuny bilen birlikde täzeden Mawerannahra süsňäp girdi. Atsyz Horezmşa bu ýörüşde Aral deňzi bilen Seýhun deňziniň aralygyndaky göçüp-gonup ýören Gypjaklylar bilen uruş etdi we olary ýeňdi. Bu topraklarda iň berk şäher bolan Jent galasyny eýeledi[3].
Oguzlar bilen söweş
düzet1153-nji ýylda Seljukly Soltany Ahmet Sanjar kapyr Oguz taýpalaryna 20 müň goýun salgydyny isledi. Oguzlar oňa salgyt tölemediler. Soltan Sanjar Seljukly goşuny bilen olara garşy ýörüşe çykdy. Emma Soltan Sanjar kapyr Oguzlar bilen bolan söweşde ýeňildi we olaryň eline ýesir düşdi. Kapyr Oguzlar Horasany eýelediler. Soltan Sanjar bolsa Oguzlara garşylyk görkezdi. Soltan Sanjar tussaglykdaka onuň aýaly Türkan hatyn hökümdarlygy dolandyrdy. Oguzlar Soltan Soltan hökmünde öňki Garahanly hökümdary we Soltan Sanjaryň garyndaşy Mahmyt hany soltan yglan etdiler. Seljukly goşunynyň esasy topary Mahmyt hany soltan kabul etmediler. Bu sapar Mahmyt han Oguzlara garşy çykdy. Atsyz horezmşa Oguzlaryň soltan saýlanşygyna goşulmady we Seljuklylara gulluk etdi. Mahmyt han Atsyz Horezmşa bilen birleşdi. Atsyz horezmşa sebäpkär hökmünde Seljukly esgerlerinden Horasana goşulmadyklarynyň gaýdyp gelmekleri üçin söweş yglan etdi. Beýleki Horezmşalar keşmekeşlerden peýdalanyp oňa garşy çykdylar. 1154-nji ýylda Atsyz horezmşa jigsi Ýynal Tekiniň baştutanlygynda Horasana ýörüş etdi. Horezm garaşly döwletinden tä Beýhaka (häzirki Sebzewar) çenli ilerläp bu ýerleri talady. 1156-njy ýylda Türkan hatyn öldi. Soň Soltan Sanjar tussaglykdan gaçdy. Soltan Sanjar Beýik Seljukly hökümdarlygyndaky öňki düzgünlerini çalt girizdi we ele aldy[4]. Şol wagtlar Soltan Sanjar Atsyz horezmşanyň garaşsyzlygyny bermedi. Soltan Sanjar Oguzlara ýörüş etmezden Gurlylar we Bawendiler bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşdy. 1156-njy ýylyň başynda Soltan Sanjar özüni ýesir alan Oguzlara garşy ýörüş etdi. Atsyz horezmşa Soltan Sanjara goşulmalydy.
Soltan Sanjar güýjini ýitirmegi we Seljukly hökümdarlygynyň ýykylmagy
düzetSoltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn 1156-njy ýylda ölüpdi. Soltan Sanjaryň Türkan hatynyndan iki gyzy bardy. Bu iki gyzyny hem Mahmyt II nikalap beripdi. Soltan Sanjar soň Soltan Mesud Demiregiň dul aýaly bolan Gruziýa karoly Dmitriniň gyzy Rusudana öýlendi. Emma onuň ol aýalyndan perzent önmedi. Atsyz horezmşa bolsa ogly Arslan II öz ýerine häkim belläp 1156-njy ýylda wepat boldy. Soltan Sanjar bolsa 1157-nji ýylyň 8-nji maýda dünýeden ötdi. Soltan Sanjar öleninden soň bolsa Horasan we Mawerannahr Horezmşalar döwletine bagly bolup galdy.
Soltan Sanjaryň türbesi
düzetSoltan Sanjar Horasanda, häzirki Türkmenistanyň gadymy Merw şäherinde ýerleşýär[5]. Bu türbe 1221-nji ýylda Çingiz hanyň emrindäki Mongollar tarapyndan Merwiň basylyp alynmagy we bütin halkynyň ýok edilmegi netijesinde Mongollar tarapyndan ýykylypdyr[6]. Soltan Sanjaryň türbesi Sowet Soýuzyň (SSSR) dargamagy bilen Türkiýe prezidenti Süleýman Demirel ony zyýarat etmäge gelende onuň köne görnüşini görüpdir we abatlaýyş işlerini geçirmäge kömek etdi. XX asyrda Türkmenistan SSSR[1] garaşly wagtlarynda birnäçe sapar abatlaýyş işleri geçirilipdir. Emma şol abatlaýyş we konsirweleme, düzediş işleri ýalňyş edilipdir. Bu türbe soňky gezek UNESKO tarapyndan hakyky keşbiniň üstünde işläp bina etdiler[7]. Soltan Sanjar türbesi gadymy Merwde örän amaly haşam sungaty bilen bina edilipdir eken. Ini, boýy we uzynlygy 38 metr bolan tugla diwarlardan edilen kub şekli bardyr.
Çeşme
düzet1. ^ Grousset, René (1970) The Empire of the Steppes Rutgers University Press, New Brunswick, New Jersey, USA, s.159, ISBN 0-8135-0627-1
2. ^ Ahmad Hasan Dai, Wadim Mihaýlowiç Masson, János Harmatta, Boris Abramovich Litvinovskiĭ, Clifford Edmund Boşworth (1999) History of Civilizations of Central Asia,Motılal Banarsidass Pub. ISBN 81-208-1409-6 [1]
3. ^ Häzirki Jent galasynyň edil ýerleşýän ýeri diýlip hasap edilýär. Galanyň özi bolsa Seýhunyň Aral deňziniň akymynda bolandygy we bu ýerlerde häzir bir haraba şäher bar bolup, şol gala harabasynyň hem Jent bolandygy hasap edilýär.
4. ^ Malcolm. John (1821), Histoire de la Perse depuis les temps les plus anciens jusqu'à l'époque açtuelle,Pillet aîné s.93 (fransuzça)
5. ^ Soltan Sanjaryň Merwdäki türbesiniň suraty şu kordinatda ýerleşýär: 37°39′51″K 62°09′50″D. "Wikimedia common"'da hem türbäniň şekli bar.
6. ^ Saunders, John Joseph (1971) The History of the Mongöl Conquests University of Pennsylvania Press
7. ^ ""Gadymy Merw" Taryhy we medeni milli park. UNESKO. 22. 09. 2015.
- ↑ Turkmenistan SSSR