Türkmenlerde wagt aňladylyşy

Daňdan wagty — Günüň dogjak ýeriniň ýagtylyp başlamagy.

Saba, säher wagty, ir ertir — Daň atandan gün dogýança. Tomus aýlarynda ol bir ýarym sagatlap dowam edýär.

Ertir wagty — Daň atandan Gün dogup, gowy ýerden saýlanýança. Şeýle hem ertir sözüniň geljek, indiki gün manysy hem bar. Mysal üçin, „bu gün bolmaz, ertir gel“ ýa-da „Ertirimizi (geljegimizi) göz öňünde tutsak“.

Salkyn — Bir gündiziň ýarsy. Mysal üçin, „Bu işi bir salkynda etse bolar“

Ertir salkyn — Gündiziň birinji ýarymy. Gün dogandan günortana çenli dowam edýär.

Öýlän salkyn — Gündiziň ikinji ýarymy. Günortandan ýarym sagat çemesi geçensoň başlanyp, gün ikindi bolýança dowam edýär.

GuşlukTomus günleri sagat 9 töweregi

Uly guşlukTomus günleri sagat 11 töweregi.

Günortan, günorta, çäş wagty, günorta garaňkysy — Günüň iň ýokary galýan wagty. Günortandan soň gün aşak inip ugraýar. Mysal üçin „Günorta boldy“, „Çarşenbe gün çäş wagty“.

Öýlän — Günortandan ýarym sagat çemesi geçenden soň başlanýar.

Ir öýlän — Günortan geçenden soň öýläniň giren ilkinji pursatlary.

Ak öýlän — Ir öýleden soň öýle guşluga çenli.

Öýle guşluk — Ak öýländen soň ikindä çenli.

Ikindi — Ýaşmasy golaýlan günüň reňkiniň üýtgäp gyzaryp başlaýan wagty. Ikindi girende her bir zadyň kölegesi öz boýunyň iki essesine günortanky kölegesiniň boýuny goşanyňdaky uzynlyga ýetýär.

Agşam — Gün ýaşan badyna agşam girýär we garaňky gatlyşýança dowam edýär.

Ir agşam, ilkagşam — Agşamyň ilkinji pursatlary. Ýaşan günüň ýagtysy solýança dowam edýär.

Giç agşam — Ýaşan günüň ýagtysy ýiteňkirläp, şapak doly ýitinçä, asmanda görünýän ýyldyzlar sanardan has köpelýänçä dowam edýär.

Ýassy — Agşamdan soň ýassy namazynyň okalýan wagty girende başlanýar.

Ýary gije — Gijäniň ýarpysynyň geçmegi. Gije umumy ikä bölünip, ýary gijeden öň we ýary gijeden soň diýlip hem atlandyrylýar.

Türkmenbaşy eýýamynda wagt aňladylyş reformasy

düzet

Aý atlary

IňlisçeTSSR görnüşiHäzirki döwürde
JanuaryÝanwarÝanwar
FebruaryFewralFewral
MarchMartMart
AprilAprelAprel
MayMaýMaý
JuneIýunIýun
JulyIýulIýul
AugustAwgustAwgust
SeptemberSentýabrSentýabr
OctoberOktýabrOktýabr
NovemberNoýabrNoýabr
DecemberDekabrDekabr


Hepdäniň günleri

IňlisçeTürkmençe
MondayDuşenbe
TuesdaySişenbe
WednesdayÇarşenbe
ThursdayPenşenbe
FridayAnna
SaturdayŞenbe
SundayÝekşenbe

Ulanylan çeşmeler

düzet