Taýland
Taýland (taýl. ประเทศไทย), Taýland Patyşalygy[1] (taýl. ราชอาณาจักรไทย [râːtɕʰa ʔaːnaːtɕɑ̀k tʰɑj]) — Günorta-Gündogar Aziýada döwlet, ol Hindi-hytaý ýarymadasynyň günorta-günbatar böleginde we Malakka ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýär. Ol gündogarda Kamboja we Laos, günbatarda — Mýanma we günortada — Malaýziýa bilen serhetleşýär.
ราชอาณาจักรไทย
| |||||
Paýtagt | Bangkok | ||||
Dil | Taý dili | ||||
Gimn | Phleng Chat | ||||
Yüzölçümü | 514,000 km² | ||||
Ilat – ilat/km² |
64,233,000 126/km² | ||||
Pul | ฿ Baht (THB) | ||||
Wagt | UTC +7 | ||||
Telefon kod | +66 | ||||
Internet TLD | .th |
Taýland gündogarda Kamboja we Laos, günbatarda Mýanma, günortada Malaýziýa bilen araçäkleşýär. Taýland 1939-njy ýyla çenli Siam diýlip atlandyrylýardy. Ol “thaý” sözünden gelip çykýar. Ýurduň döwlet dili bolan taý dilinde “thaý” sözi erkinlik diýen manyny berýär. “Taýland” (Thailand) ýurduň iňlisçeleşdirilen görnüşidir.
Taýland patyşalygy Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşip, ýurduň günbataryny Andaman deňzi ýuwýar. Taýlandyň territoriýasy demirgazykdan günorta tarap uzalyp gidýär. Demirgazyk burçundan günorta burçuna çenli aralyk 1860 kilometre deňdir. Taýlandyň howasy dürli-dürli bolup, sebitde ýerleşýän ýurtlaryň howasyndan tapawutlanýar. Ýurduň howasy oba hojalygy üçin örän ýaramlydyr. Ýylda iki gezek hasyl ýygnalýar. Ýurduň dürli howa şertleri syýahatçylyk pudagynyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýurda ýylyň her paslyndan daşary ýurtly syýahatçylar yzygiderli gelýärler.
Tokaýlar ýurduň meýdanynyň 10 göterimini tutýar. Ýurduň demirgazygynda we günorta böleginde tokaýlyklar bar.
Döwlet gurluşy
Ýurtda döwlet baştutany – patyşa. Ýurduň premýer-ministri patyşa tarapyndan bellenýär. Iki palataly parlament- Milli geňeş. Ol wekiller palatasy we senata bölünýär. Wekiller palatasynda 480 deputat, Senatda bolsa 150 deputat bar. Palatalaryň agzalaryny halk saýlaýar. Aşaky palata (wekiller palatasy) her dört ýyldan, Senat bolsa 6 ýyldan bir gezek saýlanýar.
Ilaty
Ýurduň ilatynyň agramly bölegini taýlar tutýar. Şeýle hem ýurtda Laos, Hytaý ýaly ýurtlaryň adamlary hem ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň 94,6 göterimi buddizm dinine uýýar. Ilatyň 4,6 göterimi musulman. Ilatyň gürlügi – bir inedördül kilometre 118 adam düşýär. Ilatyň dörtden bir bölegi şäherde ýaşaýar.
Taýland patyşasy ýurduň baştutany hasaplanýar. Ýurtda patyşa maşgalasyna uly hormat goýulýar. Bu hormat patyşa Phumiphonyň halkynyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin edýän aladasyndan gelip çykýar. Buddizm we beýleki dinler ýurduň medeniýetinde we durmuşynda öz ornuny alypdyr. Ýurduň milli heýkeltaraşlyk sungatynda muny görmek bolýar.
Ykdysadyýeti
Ýurduň ykdysadyýeti sazlaşykly we çalt depginlerde ösýär. Ýurtda syýahatçylyk pudagy hem ösen. Dünýäniň iň iri tüwi we rezin eksport edýän Taýlandyň ykdysadyýeti esasan Bangkogyň daş-töwereginde jemlenýär.
Taýland tebigy baýlyklara baý ýurt. Ýurtda galaýy, wolfram, marganes, demir, sink, kömür, gymmat bahaly daşlar ýaly gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar bar.
Ýurduň merkezi böleginiň ykdysady gatnaşyklary has ösen. Bangkok we onuň eteklerinde köp sanly iri senagat kärhanalaryna, banklara we söwda kompaniýalaryna duş gelmek bolýar. Ýurduň düzlüklerinde şaly, şeker çiňňirigi, mekgejöwen ýaly ekinler ekilýär. 1970-nji ýyllarda ýurduň ykdysadyýeti orta hasap bilen 7 göterim ösýärdi. Soňky ýyllarda bu görkeziji 13 göterime çenli ýokarlandy. Ýurduň ilatynyň işe ýaramly bölegi 34 million adama deňdir. Olaryň 57 göterimi oba hojalygynda, 17 göterimi senagatda, 11 göterimi söwdada, 15 göterimi hyzmat we döwlet gullugynda zähmet çekýär. Ýurduň ilatly nokatlarynyň agramly bölegi elektrik energiýasy bilen üpjün edilen.
Ýurtda maldarçylyga hem uly üns berilýär. Daýhanlaryň aglabasy et üçin towuk köpeldýärler. Şonuň hasabyna hem ýurtda towukçylyk pudagynda ep-esli ösüş gazanyldy. Ýurduň ilaty balykçylyk bilen hem meşgullanýar. Olar dürli deňiz jandarlaryny hem tutýarlar. 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda Taýland deňiz jandarlaryny tutmakda dünýäde öňdäki orny eýeledi.
Ýurduň gaýtadan işleýän senagaty 1990-njy ýyllardan soň çalt depginler bilen ösdi we iň girdejili pudaklarynyň birine öwrüldi. 1996-njy ýylda bu pudagyň girdejisi umumy içerki önüminiň 30 göterimine deň boldy. Bu ugurda elektronika, nebit-himiýa, awtoulaglaryň ýygnalmagy we zergärçilik has-da ösdi.
1960-70-nji ýyllarda dokma toplumyna we azyk senagatyna degişli kärhanalar guruldy. Ýurtda sement, faner, ulag tekerleri önümçiligi barha ösýär.
Soňky ýyllarda ýurduň daşary söwdasy barha artýar. Eksport edýän esasy harytlary: kompýuter, elektrik sazlaýjylar, zergärçilik önümleri, taýýar egin-eşikler, mata, plastikadan ýasalan dürli önümler, galaýy, oba hojalyk önümleri (tüwi, kauçuk) we deňiz önümleri. Import edýän esasy harytlary: ulag, hojalyk harytlar, nebit we nebit önümleri. Taýland eksport edýän önümleriniň aglaba bölegini ABŞ-a iberýär. Ikinji orunda Ýaponiýa dur. Ýaponiýa öz gezeginde Taýlanda içerki bazary üçin zerur bolan harytlary satýar. Ýurda esasy maýa goýum ABŞ we Ýaponiýadan gelýär.
Ulag ulgamy: Taýlandyň demir ýollarynyň umumy uzynlygy 4 müň kilometr. Ol Bangkoky ýurduň demirgazyk we demirgazyk-gündogarynda şäherler, şeýle hem Malaýziýa we Singapur bilen birleşdirýär. Ýurduň ösen garaýol ulgamy bar. Olaryň umumy uzynlygy 70 müň kilometr. Döwrebap garaýol ulgamy bilen ýurduň islendik nokadyna baryp bolýar. Ýurduň öz içindäki gatnawda suw transporty köp ulanylýar. Bangkokyň halkara aeroportundan Ýewropanyň köp ýurduna, Aziýa, Amerika we Awstraliýa gündelik howa gatnawlary amala aşyrylýar. Esasy deňiz portlary: Bangkok porty, Sattahip porty, Phuket porty, Songkhla porty, Kantang porty. Söwda gatnaşyklarynda Bangkok porty ulanylýar.
Pul birligi: Ýurduň pul birligi-bat. Ýurduň maliýe ulgamyna Taýlandyň banky jogap berýär. Ol 1942-nji ýylda döredildi. 1975-nji ýyldan bäri Taýlandyň biržasy döwletiň gözegçiliginde hereket edýär.
Oba hojalygy
Taýland dünýäniň iň iri tüwi öndürýän we eksport edýän ýurdy hasaplanýar. Ýurt her ýyl dürli görnüşdäki tüwileriň 9 million tonnasyny dünýä bazaryna çykarýar. Oba hojalygy pudagy ýurduň umumy içerki önüminiň 10 göterimini tutýar. Şeýle hem ýurtda mekgejöwen, ananas, kokos, banan we beýleki miweler ýetişdirilýär. Taýland bu miweleri hem daşary ýurt bazarlaryna ýerläp, gowy girdeji gazanýar.
Şäherleri
Ýurduň iň iri şäheri Bangkok hasaplanýar. Metropoliten şäheriň düzümine birnäçe şäher eteklerindäki etraplar girýär. Şäher Çauphraýa derýasynyň gündogar kenarynda ýerleşýär. Derýanyň günbatar kenarynda bolsa Thonburi şäheri ýerleşýär. Soňky maglumatlara görä, şäherde 12 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Bu görkeziji hem şäher ilatynyň 60 göterimi tutýar.
1980-nji ýyllardan soň Çonburi şäheri çalt depginlerde ösdi. Ol gara metallurgiýa we şeker senagatynyň merkezi hasaplanýar. Şäher Siam aýlagynyň kenarynda ýerleşýär. Çiangmaý ilat sany boýunça Bangkokdan soň ikinji köp adamly şäher bolup, ol demirgazyk Taýlandyň syýasy, ykdysady we medeni merkezi hasaplanýar. Ol birwagtlar gadymy Taý patyşalygynyň paýtagty bolupdyr.
Nakhonratçasima, Korat ady bilen hem tanalýan şäher ýurduň gündogar böleginiň iri ykdysady we administratiw merkezi hasaplanýar. Ol demir we gara ýollaryň esasy uzeli bolup durýar. Gündogardaky Ubonratçathan şäheri hem ösüp barýan söwda merkezleriniň biri hasaplanýar.
Taýlandyň günortasynda, Malaýziýa bilen serhetleşýän ýerinde Haýtaý şäheri ýerleşýär. Ol Bangkogyň demirýol magistralynyň ugrunda ýerleşýär. Haýtaý şäheriniň üsti bilen Malaýziýa kauçuk satylýar.
Çeperçilik sungaty
Taýland milli çeperçilik sungaty bilen meşhurdyr. Ýurduň ähli ýerinde, şol sanda Bangkok we Çiangmaý ýaly iri şäherlerde çeperçilik sungatyna degişli merkezlere duş gelmek bolýar. Taýland – Aziýada ýüpek we dokma toplumyna degişli önümleriň önümçiliginde öňdäki orunlarda durýar. Ýurduň şäherlerindäki dükanlarda dürli hilli we arzan bahadan sowgatlyk harytlaryny satyn almak mümkin.
Baýramçylyklary: Taýlandyň milli baýramçylyklary ýylyň dürli möwsümleri bilen baglanyşyklydyr. Songkhran (Täze ýyl) bahar paslynyň gelendigini habar berýär. Ol aprel aýynyň 12-14-i aralygyna deň gelýär. Bu baýramçylyk üç gün dowam edýär. Baýramçylygyň çäginde adamlar birek-birek bilen suw sepişýärler.
Maý aýynda oba hojalyk möwsüminiň başlanandygyny alamatlandyrýan baýramçylyk, Budda bagyşlanan Wisakha-pudja baýramçylygy bellenýär. Sentýabrda Ok-phansa baýramçylygy bellenýär. Ol ýagyş möwsüminiň tamamlanandygyny alamatlandyrýar.
Bilimi: Ýurtda başlangyç bilim hökmanydyr. Ýurtda uniwersitetlerdir, tehniki, mugallymçylyk, oba hojalyk institutlarynyň birnäçesi hereket edýär. Bangkokdaky ýurduň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Çulalonkorn 1917-nji ýylda, Tammarsart bolsa 1933-nji ýylda döredildi. Ýurtda Ramkamheng, Kasetsat we Mahidon uniwersitetleri hem hereket edýär.
Metbugaty: Taýlandda onlarça gündelik gazetler neşir edilýär. Olar taý, hytaý we iňlis dillerinde çykýar. Köp tiražly gazetleri: „Tai rat“, „Deýli nýus“, „Siýam rat“, „Sisýan žibao“, „Szinhua žibao“, „Bangkok post“, „Neýşn“.
Ýurduň tele we radio ýaýlymlary döwletiň gözegçiliginde saklanýar. Ýurduň döwlet radioýaýlymy „Radio Taýland“ gepleşiklerini efire taý dilinde berýär. Şeýle hem birnäçe radio stansiýalar we 11 telestansiýalar işleýär.
Taryhy
XI asyrda taýlar Hytaýyň günortasyndan göçüp gidýärler. XIII asyrda bu ýerde birinji döwlet döredilýär. 1350-nji ýylda Aýýuthaýa patyşalygy esaslandyrylýar. Patyşalyk dört ýüz ýyl hökümdarlyk edip, öz territoriýasyny giňeldýär. Soňra Taýland patyşalygy döreýär. Ol häzir Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä bankynyň agzasydyr.
Gözel ýerleri
Ýurduň paýtagty Bangkokda patyşanyň köşgi, uly kitaphana, muzeý, Çakriniň köşgi we köp sanly ybadathanalar bar. Şäherde 400-den gowrak ybadathana bar. Samutprakarnede dünýäniň iň iri krokodil fermasy ýerleşýär. Dünýä belli deňiz kurortlary: Ça-am we Huahin. Pattaýa – Taýlandyň dünýä belli kurorty hasaplanýar. Onda pil goraghanasy bar.
Bangkok
Ýurduň iň uly şäheri we paýtagty bolan Bangkokda 6 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Şäheriň eteklerini hem hasaba alanyňda ilatynyň sany 11 milliondan geçýär. Şäheriň meýdany 1.565 inedördül kilometre deň bolup, onuň eteklerini goşanyňda 7.761 inedördül kilometre deň bolýar. Şäher derýanyň kenaryndan ýerleşýär.
Bangkok Günorta-Gündogar Aziýanyň iň çalt we ykdysady taýdan sazlaşykly ösýän şäheri hasaplanýar. Bütindünýä meteorologiýa gullugy Bangkogy dünýäniň iň yssy iri şäheridigini aýdýar. Şeýle hem bu şäher dünýäniň iň köp syýahatçy gelýän şäheri hasaplanýar.
Şäheriň halkara derejesindäki ady Bangkok. Ýurduň döwlet dili bolan taý dilinde şäheriň ady “Krung Thep” diýlip atlandyrylýar. Ol “Perişdeler şäheri” diýen manyny berýär.
Ilaty
2005-nji ýyldaky maglumatlara görä, hasaba alnan ilatyň sany 5 million 658 müň adam. Şäherde Kamboja, Mýanma, Russiýa, Ukraina, Päkistan, Nigeriýa, Hindistan, Bangladeş, Hytaý ýaly köp sanly ýurtdan adamlar ýaşaýar. Ilatyň agramly bölegini taýlar tutýar. Bangkokda 400-den gowrak ybadathana, 55 metjit, 10 kilise bar.
Doganlaşan şäherleri
Bangkogyň birnäçe doganlaşan şäherleri bar. Olar şeýleräk:
- Waşington (Amerikanyň Birleşen Ştatlary).
- Moskwa (Russiýa Federasiýasy).
- Manila (Filippinler)
- Seul (Günorta Koreýa).
Pattaýa
Pattaýa Taýlandyň iri şäherlerinden biridir. Paýtagt Bangkogyň günorta-gündogarynda, takmynan 165 kilometr uzaklykda Taýland aýlagynyň kenarynda ýerleşýär. Şäher administratiw taýdan Çonburi welaýatyna degişli bolandygyna garamazdan, onuň öz-özüni dolandyryş merkezi bar. Pattaýa sözi “günorta-günbatar munson şemaly” diýen manyny berýär. Şäher dünýäniň iň owadan dynç alyş zolaklarynyň biri hasaplanýar. 2005-nji ýyldaky maglumatlara görä, şäher şol ýyl 5,4 million syýahatçyny myhman alypdyr. Soňky ýyllarda bu şähere Gündogar Aziýa we Russiýa ýaly ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar.
Şähere işlemäge we syýahat etmäge gelýän daşary ýurtlularyň sanynyň artmagy netijesinde şäherde köp gatly jaýlar gurlup ulanmaga berlip başlandy. Şeýlelikde şäher köp gatly jaý babatda Bangkokdan soň ikinji orna geçdi. Pattaýa öň syýahatçylyk babatda ýurtda arzan şäherleriň biri bolupdyr.
Şäheriň esasy köçeleriniň biri bolan Walkin strit köçesi hemişe köp adamly bolýar. Köçäniň ugrunda dürli dükanlar, adamlaryň wagtyny hoş geçirmekleri üçin teatrlar, restoranlar bar.
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |