Transplantasiýa

Yslamda organy çalyşmak

Yslam ynsan saglygyna uly ähmiýet berýär. Beden Allahyň ynsana beren iň gymmatly amanadydyr. Ynsan näsaglan wagty özüni bejertmelidigi barada Pygamberimiziň aýdan ençeme hadyslary bar: «Eý Allahyň gullary, näsaglan wagtyňyz özüňizi bejerdiň. Çünki Allah her kesel üçin bir derman hem döredipdir. Diňe garrylygyň çäresi ýokdur», (Ebu Dawud, Tirmizi). Başga bir hadysynda bolsa: «Garrylyk we ölümden başga her bir keseliň çäresi bardyr», (Buhary, Ahmet b. Hanbel) diýipdir. Şular ýaly hadyslara esaslanyp, yslam alymlary medisinada täze dörän transplantasiýany diniň kadalaryna laýyklykda edilen ýagdaýynda dürs görüpdirler.

Transplantasiýa bilen baglanyşykly käbir meseleler şulardyr:

  1. Transplantasiýa iň soňky çäre hökmünde edilmelidir.
  2. Organy alynjak öliniň dirikä organlaryny bagyş etmegi ýa-da onuň ýakynlarynyň razylygy gerekdir.
  3. Organ ölen adamyň jesedinden alynmalydyr. Ölüm halynda ýatanyň organyny almak dogry däldir.
  4. Diri kişiniň organlarynyň birini näsaga bagyşlan ýagdaýynda, özi hem hassa hala düşjek bolsa, onuň bagyşlamagy dürs däldir.
  5. Organlaryň söwdasyny etmek, alymlaryň biragyzdan ittifak etmeklerine görä haramdyr.
  6. Aslynda yslamyň profilaktika bilen baglanyşykly düzgünleri doly berjaý edilende, ynsan saglygynyň transplantasiýa edilmek derejä düşmegi mümkin däldir. Şonuň üçin adamlar profilaktika bilen baglanyşykly düzgünlerden habardar bolmalydyr we ony berjaý etmelidir.

Transplantasiýa we haşr

düzet

Transplantasiýa bilen baglanyşykly iň esasy mesele: öleniňden soň täzeden dirilen ýagdaýynda kişiniň haýsy organy bilen haşr ediljekdigi, şeýle hem şol agza bilen edilen günäniň çözgüdi meselesidir. Yslam ynanjyna görä, munuň ýaly düşünje ýerliksizdir. Çünki yslamda jogapkärçilik irade bilen baglanyşyklydyr. Kişi ölenden soň, alnan agzasy bilen başga biri günä iş etse, elbetde, eden jogapkärdir.

Täzeden dirilmek bolan haşr – Allahyň gudraty bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ölen kişiniň bir agzasynyň ýitmeginiň, ýanmagynyň, haýwan iýmeginiň, başga birine göçürilmeginiň haşr güni hiç hili päsgelçiligi ýokdur.

Ol bir zady (ýaratmak) islän wagty Onuň işi oňa diňe "Bol!" diýmekdir. Ol (zat) dessine (peýda) bolar.

Ýä Sin, №82.

.

Şeýle hem ynsanyň bedeniniň öýjükleri hemişe täzelenip durýar. Ynsan alty aýdan bir gezek tutuşlygyna täzelenýär. Transplantasiýa edilen agza hem belli wagtdan soň düýbünden täzelenýär. Pygamberimiz bir hadysynda: «Ynsanda bolan organlaryň hemmesi çüýrär. Diňe «ajbüz-zenep» çüýremez. Täzeden ýaradylmak hem şonuň esasynda bolar», (Buhary) diýipdir. Ýagny ahyrete degişli meseleleri şu dünýäniň ölçegleri bilen ölçemek dogry däldir.

Salgylanmalar

düzet