Ädäb (arap. أدب‎‎ — edep). Yslamda edebe uly üns berilýär.

Salamlaşmak

düzet

Salam – duşuşan adamyňyza saglyk we esenlik arzuw etmek diýmekdir. Salam bermek sünnetdir, almak bolsa farzy-kifaýedir. Salam köpçülige berilse, olardan biri salamy alsa, şol farzyň ýerine ýetirildigi bolýar. Eger hiç biri almasa, hemmesi günäkär bolýar. Salam bermek Allahyň buýrugydyr. «Eý, iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň», (Nur, 27). Pygamberimiz bolsa: «Iman etmeseňiz jennete girip bilmersiňiz. Biri-biriňizi söýmeseňiz kämil imana eýe bolup bilmersiňiz. Size biri-biriňizi söýdürjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň», (Müslim) diýip ündäpdir.

Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi «äs-sälämu aleýkum» diýmekdir. «Sälämun aleýkum» diýilse-de dürsdür. Munuň iki görnüşi hem Kurany Kerimde bardyr (ser. Ra'd, 24; Saffat, 79,130; Taha, 47; Merýem, 33). Salam berlen kişi «We aleýkum-selam» diýip jogap bermelidir. Kurany Kerimde «Salam berlen wagty siz ondan has gözeli bilen şol salamy alyň ýa-da edil şol derejede jogap beriň...», (Nisa, 86) buýrulýar.

Salam bereniňde şu aýratynlyklara üns bermelidir:

  1. Ulagly pyýada, pyýada ýöräp barýan oturana, kiçi ula, azlyk köplüge salam bermelidir, (Buhary). Başga bir hadysda bolsa, «Adamlaryň arasynda Allahyň iň halany ilki salam berýänlerdir», (Ebu Dawud) diýilýär.
  2. Köpüň ýygnanan ýerine barlanda salam berlişi ýaly, gideniňde-de salam berilmelidir. Pygamberimiz: «Sizden biriňiz köpüň ýygnanan ýerine gelende salam berşi ýaly, gidende-de salam bersin... », (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.
  3. Salam musulmanyň şygarydyr. Tanasaň-tanamasaň salam bermek iň laýygydyr. Pygamberimiziň ýanyna bir adam gelip: «Yslamyň haýsy işi has gowudyr?» diýip soranda Pygamberimiz: «Tagam iýdirmek we tananyňa-tanamadygyňa salam bermekdir», (Buhary) diýipdir. Emma gynansagam, uly mähelleli ýerlerde muny berjaý etmek kyndyr. Şonuň üçin diňe tanaýanlaryňa, gatnaşyk saklaýanlaryňa salam berseň, bu sünnetiň ýerine ýetirildigi saýylýar.
  4. Aýallara, çagalara hem salam bermek dürsdür. Hezreti Enes (r.a) çagalara duş gelende salam berip: «Resulullah (s.a.w.) hem şeýle edýärdi» diýer eken. Ýezidiň gyzy Esma şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe aýal bilen otyrdyk. Pygamberimiz deňimizden geçende, bize salam berdi», (Ebu Dawud). Bir kişä aýalynyň ýanyndaka salam bermek hem dürsdür. Çünki Pygamberimiz itikafdaka ýanyna gelen aýaly Safiýýäni öýüne äkidende, iki sany sahaba Pygamberimize salam beripdir, («Težpidi Saryh»). Diýmek, aýal erkege salam berip bilýär we salamyny hem alyp bilýär. Ýöne, salam berende we alanda aýallar diňe garyndaşyna ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýda özgä-de salam bermelidir. Aýal ýolda ýöräp barşyna, her öňünden çykana salam bermegi dürs däldir. Bu pitne döredip biler. Şonuň üçin Hanefi alymlary «Aýal erkege, erkek aýala salam berip biler, ýöne, erkegiň ýaş aýala, ýaş aýalyň erkege salam bermegi mekruhdyr» diýip belläpdir. Telefonda gürleşilende-de şu kada saklansa has laýygydyr. Häzirki döwürde aýallar salamlaşanlarynda diňe «salam» ýa-da «salamälik» diýýärler.

Bolmalysy şu aşakdaky ýalydyr: Eger bir aýal bir aýala salam berjek bolsa: «Sälämu aleýki», birnäçe aýala salam berjek bolsa: «äs-sälämu aleýkunne», aýal-erkek garyşyk ýa-da diňe erkeklere salam berjek bolsa: «Äs-sälämu aleýkum» diýmeli.

  1. Bir kişi öz öýüne girende, öýde hiç kim bolmasa-da salam bermelidir. Pygamberimiz hezreti Enese (r.a) şeýle maslahat beripdir: «Oglum, öýüňe gireniňde salam ber. Şeýle etseň saňa we içeriňe bereket geler», (Tirmizi). Kurany Kerimde bolsa: «Öýe giren wagtyňyz biri-biriňize Allahdan feýiz, bereket, ýagşylyk, gözellik, esenlik bolan salamy beriň», (Nur, 61).
  2. Musulman däller bilen görşülende, Pygamberimiziň musulman däl döwlet ýolbaşçylaryna iberen çakylyk hatlaryndaky ýaly, şeýle hem Kurany Kerimde geçýän görnüşde «Dogry ýola eýerenlere salamatlyk bolsun!». (Taha, 47) diýip salam bermek iň laýygydyr. Eger şeýdip salam bermek olary ynjytjak bolsa, olaryň salam berşi ýaly salamlaşmak has laýygydyr.

Şu ýerlerde we şu kişilere salam berilmeýär:

  1. Hajathana we hammam ýaly hapa ýerdäkilere,
  2. Günä iş bilen meşgullanýana,
  3. Sözüni bölmezlik we ünsi çekmezlik üçin azan okaýana, namaz okaýana, Kuran okaýana, ylym bilen meşgullanýana, söhbet edip oturanlara.

Goňşuçylyk

düzet

Allah (j.j.) Kurany Kerimde ene-ata we ýakyn garyndaşa ýagşylykdan soň, goňşy arasyndaky gatnaşykda hak-hukuklara doly amal etmegi emr edipdir. «Allaha ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň. Ene-ata, garyndaşlara, ýetimlere, ýoksullara, ýakyn we daş goňşa, ýakyn dosta, ýolda galan biçäre bendelere, gol astyňyzdaky hyzmatkäre ýagşylyk ediň», (Nisa, 36). Goňşuçylyk gatnaşygynyň maşgalanyň we jemgyýetiň sagdynlygyna, agzybir we parahat ýaşaýşa täsiri uludyr. Pygamberimiziň: «Jibril maňa goňşy barada şeýle köp maslahat ündedi welin, goňşyny goňşa mirasdar eder öýtdüm», (Buhary) hadysy hem muny tassyklaýar.

Pygamberimiziň bir hadysyna görä: «Goňşy üçdür. Birinjisi, goňşulyk hukugy, garyndaşlyk hukugy we yslam hukugy diýen üç hukuga eýe bolanlardyr. Ikinjisi, goňşulyk we yslam hukugyna eýe bolanlar. Üçünjisi, diňe goňşulyk hukugy barlardyr. Bular – müşrik we Ähli Kitap (ýahudi we hristianlar) bolan goňşulardyr», (el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»).

Yslam alymlary bolsa bu hadysa daýanyp, ýakyn we daş goňşyny şeýle kesgitleýärler:

Ýakyn goňşy:

a) Öýi iň ýakyn goňşy.
b) Garyndaşlar.
ç) Musulmanlar.

Daş goňşy:

a) Öýi daşdaky goňşular.
b) Garyndaş däller.
ç) Musulman däller.

Goňşa ýagşylyk etmegiň görnüşleri

düzet

Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Allaha we ahyret gününe ynanan kişi goňşusyna haýyr-yhsan etsin», (Buhary, Müslim) diýýär. Başga bir hadysynda bolsa: «Goňşusy açka, özi dok ýatan mü'min däldir», (Buhary) diýilýär.

Goňşuçylyk gatnaşyklary ýyl geçdigiçe pese gaçýar. Döwür we şertler nähili bolsa bolsun, hakyky musulman kişi Allahyň emrine tagat edip, goňşusyny güýjüniň ýetdiginden hoşal etjek bolmalydyr. Goňşusyna ezýet berýän we goňşusy onuň şerinden özüni aman duýmaýan bolsa, hadysyň beýanyna görä, şol kişi hakyky musulman bolup bilmez, (Buhary).

Muaz b. Jebeliň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz goňşulyk hukugyny şeýle suratlandyrýar: «Senden karz islese, karz bermek, ýardam islese, ýardam etmek, mätäçligini üpjün etmek, kesellände ýagdaýyny soramak, ölende jynazasyna gatnaşmak, begenen ýerinde begenmek, ony gutlamak, gynanan ýerinde gynanmak we duýgudaşlyk bildirmek, öýüňde bişirilýän tagamyň ysy bilen oňa ezýet bermezlik (şeýle ýagdaýda oňa-da tagamdan hödür etmek) gerek. Eger zyýan berjek bolsa, rugsat soraman öz jaýyň diwaryny galdyrmak, bazardan miwe ýaly zatlar alaňda, sereçläp öýe äkelmek, çaga daşarda zat iýdirmek bolmaýar. Size nämeler aýdanyma doly düşündiňizmi? Goňşuçylyk hukugyny doly ýerine ýetirýän, diňe Allahyň rehim eden az sanly kişileridir», (Kurtubi, «el-Jami», el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»). Bulardan başga käbir hadyslarda käwagt goňşa sowgat bermek, berere zadyň bolmasa, güler ýüzli bolmak, hal-ýagdaýyny soramak goňşa edilmeli ýagşylyklardan saýylypdyr.

Goňşy arasynda gerek-ýarak zatlary alyş-beriş etmek hem yslamyň däplerindendir. Goňşyň bitirip boljak dilegini bitirmezlik halal saýylmandyr. Hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Eý, Aişe, kim goňşusyna nahar bişirmek üçin ot berse, hamala şol otda bişen naharyň hemmesini sadaka beren ýaly sogap gazanar. Kim duz berse, şol duzuň lezzet beren tagamyny sadaka eden ýaly bolar. Az mukdarda suw berse, hamala altmyş adamy gul bolmakdan azat eden ýalydyr...», (el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid») diýipdir. Allah Tagala Maun suresinde goňşy arasyndaky şeýle alyş-berişde gysgançlyk edeni ýazgarypdyr. Şeýle hem goňşa zyýan ýetiren ýagdaýyňda şol zyýany ödemek ündelipdir.

Myhmançylyk we onuň edebi

düzet

Musulmanyň biri-birine hödür-kerem etmegi yslamyň esaslaryndan biridir. Ibnul Arabiniň aýdyşyna görä, myhman kabul etmek farzy-kifaýedir. Käbir alymlar iýer-içere, ýatara ýeri bolmadyk adamy myhman almak wajypdyr diýýärler. Kurtubiniň aýtmagyna görä bolsa: «Myhman kerimdir, myhman almak bolsa keramatdyr, alysdan gelenleri kabul etmek bolsa farzdyr. Şeýle hem myhman almak kerim kişileriň, nebileriň we salyhlaryň ahlagyndan, yslamyň edebindendir» diýýär. Pygamberimiziň: «Allaha we ahyret gününe iman eden – myhmanyna hödür-kerem etsin. Bir gün we bir gije oňa hyzmat etsin», (Buhary), diýip, iman bilen myhmana hödür-keremi bir aýtmagy onuň ähmiýetine yşaratdyr. Ymam Gazaly «Ihýa» atly kitabynda şu wakany gürrüň berýär. Bir gün Ymam Mälik okuwçysy, ýaş ýigit Ymam Şafygynyň eline suw akydýar we: «Ýalňyş düşünme, meniň bu hereketim seni utandyrmasyn. Munda geň galara zat ýok. Çünki myhmana hyzmat farzdyr» diýipdir.

Yslamda şeýle uly ähmiýet berilýän myhmançylygyň öz edebi bardyr.

Myhman kabul edilende, öý eýesiniň üns bermeli zatlary:

  1. Öý eýesi eşigine üns bermelidir. Musulman hemişe arassa we gelşikli geýinmelidir. Yslam dini myhmana ýakymly görünmek we oňa hödür-kerem etmek üçin arassa we gelşikli geýinmegi ündeýär. Çünki egniňdäki eşigiň göze ýakymly bolmasa, ähli eden hyzmatyň ýerine düşmän biler. Pygamberimiz hem bu meseläni ünsden düşürmez eken. «Daşary ýurtdan gelýän ilçileri kabul edende we juma günleri has gelşikli geýnerdi», (Müslim) diýilýär. «Aýt, Allahyň gullary üçin berlen tämiz ryzky we zynaty kim haram edip biler?!», (A'raf, 32) aýaty hem iýip-içmegiň, oňat geýinmegiň mübahdygyny belleýär. Başga bir aýatda bolsa ysryp edilmeli däldigi şeýle nygtalýar: «Eý adam ogullary, namaz okajak wagtyňyz hemişe oňat geýiniň, iýip-içiň, ýöne isrip etmäň. Çünki Allah isrip edenleri söýmez», (A'raf, 31).
  2. Myhmany güler ýüz bilen garşy alyp, hoş söhbet etmek oňa ilkinji edilýän hödür-keremdir.
  3. Myhmany uzak wagtlap ýeke goýmaly däldir. Ýöne myhmany dynç alyş otagyna geçireniňden soň, özüni arkaýyn duýar ýaly, az salym ýeke galdyrmak ýagşy görlüpdir.
  4. Myhmana hödür-kerem etmekde howlukmalydyr. Ibrahimiň (a.s.) myhman kabul edişi bilen baglanyşykly müfessirleriň (Kuran tefsirçileriniň) beýanyna görä, Kurany Kerimdäki şu aýatlar myhmana hödür-kerem etmekde howlukmalydygyny görkezýär: «Ibrahimiň şerefli myhmanlarynyň gelmeginden habarlymyň. Olar gelende salam berdiler, Ibrahim hem: «Size-de salam» diýip, jogap berdi. Ýöne içinden: «Bular tanamaýan adamlarym, inşallah, haýyrdyr» diýip olara nahar getirmek üçin usullyk bilen maşgalasynyň ýanyna geçdi we dessine semiz göläniň etinden kebap getirdi. Öňlerine goýup: «Baş üstüne, alyň» diýip, hödür etdi», (Zariýat, 24-27). Bu barada Hatim el-Es'am şeýle diýýär: «Howlukmak şeýtandandyr. Ýöne şu bäş ýagdaýda howlukmak sünnetdir:
    1. Myhmana hödür etmekde,
    2. Kämillik ýaşyna ýeten gyzy durmuşa çykarmakda,
    3. Meýidi ýuwmakda, jynazasyny okamakda, depin etmekde,
    4. Bergiňi üzmekde,
    5. Toba etmekde.
      Myhmana mümkinçiligiňe görä hödür-kerem edilmelidir. Myhmany gowy kabul etjek bolup, özüňi kyn güne salmak dogry däldir. Eger şeýle edilse, Fudaýl b. Yýazyň belleýşi ýaly, gatnaşyk uzaga çekmeýär.
  5. Myhmana mümkin bolan ýagdaýda öý eýesi hyzmat etmelidir. Öý eýesi ýokary wezipeli işgär bolsa, öýünde özüni edarasynda bolşy ýaly alyp barmaly däldir. Bu ulumsylyk bolýar. Pygamberimiziň huzuryna Hebeşistandan ilçiler gelende sahabalar: «Siz oturyň, eý, Resulallah, biz hyzmat ederis» diýseler-de, Pygamberimiz: «Ýok, bolmaz.Bular bir wagtlar meniň sahabalaryma hyzmat eden, arka duran milletiň ilçileridir, bulara hut özüm hyzmat etmek isleýärin» diýýär, (Buhary).
  6. Öý eýesi myhmany ugradanda-da garşylaýşy ýaly güler ýüzli ugratmalydyr. Ibni Majäniň gürrüň bermegine görä, «Kişiniň myhmany daşky gapa çenli ugratmagy sünnetdir».

Myhmanyň üns bermeli zatlary

düzet
  1. Öňünden habarlaşmak. Barjak öýüňi öňünden habardar etmek edeplilikdir. Kurany Kerimde: «Eý iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň», (Nur, 27) buýrulýar. Myhmançylyga barlanda, hökman öňünden habar beräýmeli diýen düzgün ýokdur. Bu diňe öý eýesini kyn ýagdaýda goýmazlyk üçin edilýändir. Şeýle hem myhmançylyga baryljak wagty kesgitlenen bolsa, şol wagtda barmalydyr. Ir ýa-da giç barmak dogry däldir.
  2. Myhman hem arassa we gelşikli geýinmelidir.
  3. Myhman baran ýerinde islänini edip ýörmeli däldir. Oturanyňda köp girip-çykylýan gapa seredip däl-de, oňa arkaňy öwrüp oturmak has edeplilikdir. Bu öýüň aýal-gyzyna gözüň düşüp durmazlygy üçin edilýändir. Abdullah b. Mesud bir näsagy soramaga gidende, ýanyndakylardan biri öýüň aýalyna zol-zol seredýärdi. Muny duýan Ibni Mesud gaharlanyp, oňa şeýle diýdi: «Wallahi, beýle seredip duranyňdan iki gözüň oýulsa gowy bolardy».
  4. Myhman hödür edilen zada göwnüýetmezçilik etmeli däldir. Eger halamaýan zady bar hem bolsa, ony aňdyrmajak bolmalydyr ýa-da: «Şu zady men öýümde-de iýip bilmeýärin», «Bu maňa ýaranok», «Berhiz tutýaryn» diýen ýaly sypaýçylyk etmelidir.

Zyýapat we onuň edebi

düzet

Allah Tagala Kurany Kerimde ýetmiş töweregi ýerde haýyr-sahawat etmäge, sadaka bermäge çagyryp, Allahyň razylygy üçin hödür-kerem etmegiň sogaby barada söz açmagy, şeýle hem Pygamberimiziň hadyslarynda başgalara ýardam we ýagşylyk etmegiň fazileti barada nygtamagy sebäpli, yslam dininiň ornaşdyran däpleriniň biri hem toý we baýram günlerinde we begençli wakalardan soň zyýapat bermek däbidir. Zyýapat mü'minleriň arasynda özara söýgini we hormaty ornaşdyryp, din doganlygyny berkidipdir.

Sahabalaryna begençli wakalar bolanda zyýapat bermegi ündeýşi ýaly, Pygamberimiziň özi hem zyýapat berýär eken. Enes (r.a.) bir wakany şeýle gürrüň berýär: «Abdurrahman b. Awf Medinä hijret edip gelende, Pygamberimiz ony Sa'd b. Rebi bilen dogan okaşdyrdy, soňra: «Eý, Sa'd! Indi bir goýun öldür-de zyýapat ber» diýdi» (Buhary). Pygamberimiz Zeýnep enemiz bilen goş birikdirenden soň, tutuş Mekge halkyna zypat beripdir, (Buhary).

Zyýapatda üns berilmeli zatlar

düzet
  1. Zyýapat berlende myhmanlara ýörite çakylyk ibermeli. Çakylyk iberilmedik zyýapata barmazlyk iň laýygydyr. Çünki zyýapat berýäniň taýýarlygy çäkli bolup biler. Zyýapata çagyrylanyň başga birine: «Senem ýör, bile gideli» diýmäge haky ýokdur. Eger ýüzünden geçip bilmän diýläende-de beýlekiniň gitmezligi dogrudyr.
  2. Geljek myhmanlary dürli nahar bilen hoşal etmäge çalyşmalydyr.

Iýip-içmekde edep

düzet

Kurany Kerimiň möçberi iň uly surelerinden biri Maide suresidir. Maide sözi – saçak, supra, desterhan manylaryny berýär. Bu surede iýip-içilýän tagamlaryň halal we arassa bolmagy ündelýär.

«(Eý, Muhammed!) Olar senden özleri üçin nämäniň halal edilendigini sorarlar. (Olara) aýt: "Ähli päk zatlar size halal edildi. Allanyň size öwreden zatlary bilen tälim berip ýetişdiren awçy haýwanlaryňyzyň siziň üçin tutan awlaryndan iýiň we (olary awlamaga salanyňyzda) Allanyň adyny aýdyň! Alladan gorkuň! Takyk, Allanyň hasaby gaty tiz (gelýändir).», (Maide, 4).

Pygamberimiz (s.a.w.) hem öz ýaşaýan döwründe halal we arassa azykdan nähili peýdalanmalydygynyň edebini musulmanlara görkezipdir.

Nahardan öň we soň eliňi ýuwmak

düzet

Pygamberimiz (): «Naharyň bereketi iýmekden öň we soň eliňi ýuwmakdyr», (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir. Pygamberimiz el ýuwmakdan başga agyz arassalygyna hem üns beripdir. Ol: «Dyrnaklaryňyzy aýryň, olary gömüň, dişleriň arasyny nahar galyndylaryndan arassalaň, miswak ulanyň. Saralan dişleriňiz bilen, agzyňyz ysly halda ýanyma gelmäň» (Tirmizi) diýipdir.

Nahara «Bismillä» diýip başlamaly, bolanyňdan soň, «Älhämdulillä» diýip doga etmeli. Pygamberimiz bir hadysynda: «Sizden kim bir zat iýip-içse «bismillah» diýsin. Başda aýtmagy unudan bolsa, ýadyna düşende şeýle diýsin: «Bismillähi fi ewwellihi we ahyrihi» (Başynda-da, soňunda-da bismillah)», (Ebu Dawud) diýip buýrupdyr. Ol bir hadysynda şeýle aýdypdyr: «Kişi öýüne gelip, içeri girende we nahar iýende Allahyň adyny zikr etse, şeýtan özüniňkilere: «Size bu taýda gijäni geçirmegem, agşam naharam ýok» diýer. Ýöne kişi öýüne girende Allahy zikr edip, agşam naharyny iýende zikr etmese, şeýtan bu gezek özüniňkilere: «Agşam naharyna ýetdiňiz, emma bu ýerde gijäni geçirmegiňiz mümkin däl» diýer. Adam öýe girende we naharyň başynda «Bismillah» diýip Allahy zikr etmese, şeýtan bu gezek özüniňkilere begenç bilen buşlap: «Nahara-da ýetdiňiz, bu ýerde gijänem geçirersiňiz» diýer», (Müslim). Nahar iýen ýa-da bir nygmata eýe bolan biriniň Süleýman (a.s.) ýaly:

«Bu Rabbimiň fazl we keremindendir», (Neml, 40) diýmegi gowy görlüpdir.

Pygamberimiz nahar iýenden soň, dürli dogalar edipdir. Olaryň käbirleri: «Bize iýdiren, içiren, geýdiren we musulman bolmagy nesip etdiren Allaha hamd bolsun», (Ebu Dawud).

«Allahym bize, bu iýen naharymyza bereket ber, ondan haýyrlysyny iýdir», (Tirmizi).

Nirede we nähili naharlanmak

düzet

Pygamberimiz hem uly iliňki ýaly adaty saçakda nahar iýer eken. Pygamberimiz nahar iýende köplenç çök düşüp oturar eken. Käwagt bolsa sag aýagyny dikeldip, çep aýagynyň üstünde oturýar eken. Ol bu barada şeýle aýdypdyr: «Men ýassanyp iýmerin. Çünki menem gulduryn», (Buhary). Eliňe direnip, ýaplanyp, ýatyp iýip-içmegi Pygamberimiz halamandyr (Ebu Dawud). Bu mekruhdyr. Şeýle hem Ymam Gazaly «Ihýa» atly kitabynda: «Beýiklikde, stolda nahar iýmek tekepbirlik bilen edilmese, hiç hili zeleli ýokdur. Çünki stol nahar iýmegi ýeňilleşdirýär» diýip düşündirýär. Dik durup iýip-içmek halanmaýar. Ýöne «Oturmaga mümkinçilik bolmany üçin, bazarda dik duran ýeriňden iýip-içmegiň zeleli ýok diýip, Ymam Gazaly aýdypdyr. Bu meselede ýurduň däp-dessuryna, şahsyň ýagdaýyna esaslanylýar.

Nahary hemişe sag eliň bilen iýmelidir. Pygamberimiz terbiýeleýän sahaba çagalaryna sag el bilen iýmegi ündäpdir. Serwerimiz bir hadysynda: «Siz iýeniňizde, içeniňizde, bir zat uzadanyňyzda, bereniňizde sag eliňizi ulanyň. Çünki şeýtan çep eli bilen iýýär, berende-de, alanda-da çep elini ulanýar», (Ibni Maje) diýipdir.

Çep el bilen iýip-içmek mekruhdyr. Ýöne unudyp ýa-da bir näsaglyk sebäpli çep eli ulanmagyň, şeýle hem çöregi döweniňde çep eliňi kömekçi edinmegiň zeleli ýokdur. Çöregi iki eliň bilen döwmek has laýygydyr.

Iýip-içeniňde üflemeli däldir. Şonuň üçin nahary biraz sowadyp äbermelidir. Bu saglyk taýyndan hem has gowudyr. Pygamberimiz bu barada: «Gyzgyn naharda bereket ýokdur. Allah Tagala bize ot iýdirmändir. Şonuň üçin nahary sowadyp iýiň», (Gazaly, «Ihýa») diýip ündäpdir.

Naharda ölçeg

düzet

Dinimizde köp iýmegiň halanmaýşy ýaly, aç gezmek hem maslahat berilmeýär. Çünki köp iýmeklik, uky, ýaltalyk, gowşaklyk döredýäp, açlyk bolsa ejizledýär. Kurany Kerimde: «Eý adam ogullary, iýip-içiň, isrip emäň. Çünki Allah isrip edenleri söýmez», (A'raf, 31) diýilýär. Pygamberimiz bolsa bir hadysynda: «Nahar iýeniňde aşgazanyň üçden bir bölegini nahara, üçden birini suwa we üçden bir bölegini hem howa üçin bölüň. Allahyň iň ýigrenýän gaby – doly aşgazandyr», (Tirmizi) diýipdir. Pygamberimiziň başga bir hadysynda şeýle diýilýär: «Nebilerden soň ymmatyň arasynda dörejek ilkinji bela doklukdyr. Çünki millet dok bolanda bedenler semräp, ýürek ejizlär, harsydünýälige ýüz urlar, (Ibrahim Janan «Hz. Pygamberiň sünnetinde terbiýe»).

Pygamberimiz we Onuň sahabalarynyň köplenç günde iki gezek naharlanandygy aýdylýar. Pygamberimiz agşamlyk we ertirlik nahar edinmegi maslahat beripdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Bir gysym hurma bilen hem bolsa agşamlyk ediniň. Çünki agşam naharyny terk etmek tiz garradar», (Tirmizi) diýipdir. «Kim ajwe hurmasy bilen ertirlik edinse, şol gün oňa zäherem, jady (sihir) hem täsir etmez», hadysynda hem ertirlik edinmegi maslahat beripdir. Ebu Dawudyň gürrüň beren şu hadysy Pygamberimiziň bir günde iki wagtyna nahar iýendigini anyk görkezýär. Pygamberimizden:

– Siz näme iýip-içýärsiňiz, eý, Resulallah? – diýip soralanda:
– Agşam bir bulgur süýt, ertir bir bulgur süýt – diýip jogap berýär. Buharynyň gürrüň beren bu hadysy bolsa ýokarky aýdylany has güýçlendirýär: «Muhammediň içersiniň bir günde iýýän iki naharyndan biri hökman hurmady», (Ibrahim Janan «Hz. Pygamberiň sünnetinde terbiýe»).

Tabakda nahar galdyrmaly däldir. «Pygamberimiz nahar iýende tabakda zat goýmazdy we şeýle diýerdi: «Naharyň soňy has bereketlidir», (Beýhaky).

Köplük bolup naharlanmak

düzet

Pygamberimiz hemişe agzybir bolmagy, jemagat bolup ýaşamagy ündeýşi ýaly, nahary hem köplük bolup iýmegi ündäpdir. Bir gün sahabalardan biri: «Eý Resulallah, iýýäs, ýöne doýmaýarys» diýipdir. Pygamberimiz: «Onda siz ýeke, özbaşyňyza iýýänsiňiz» diýende, sahaba munuň şeýledigini tassyklapdyr. Pygamberimiz: «Üýşüp bile iýiň, besmele aýdyň, şonda naharyňyz bereketli bolar», («Riýazus-salyhyn») diýip nesihat beripdir. Başga bir hadysynda: «Allahyň nazarynda naharlaryň iň gowusy – oňa uzaýan eller köp bolan nahardyr», («et-Tergib») diýipdir. Serwerimiziň ýene bir hadysy ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär: «Bir kişilik nahar – iki kişä, iki kişilik nahar – dört kişä, dört kişilik nahar – sekiz kişä ýeter», (Müslim).

Bilelikde nahar iýlende, her kim öz öňünden iýmelidir. Sahabalardan Ikras b. Züýeýb bir wakany şeýle gürrüň berýär: «Bir gün Selemäniň öýünde nahar iýýärdik. Men tabagyň ähli ýerine elimi aýladym. Pygamberimiz çep eli bilen elimden tutup: «Eý, Ihras, öňüňden iý. Çünki gapdaky naharyň hemmesi bir nahar» diýdi. Soň: ýaňy bişen hurma bilen guradylan hurmany bir tabakda getirdiler. Bu gezek öňümden iýip başladym, emma Pygamberimiziň eli tabagyň hemme ýerinde aýlanýardy. Ol maňa: «Eý, Ihras indi islän ýeriňden iý, çünki tabakdaky miwe hil-hil» diýdi», (Tirmizi). Nahar wagty terbiýeleýji, peýdaly gürrüňleri etmek bolýar. Çünki Pygamberimiz hem saçak başynda söhbet eder eken, (Müslim). Nahar iýlip bolnandan soň bile turmalydyr. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Nahar iýilýän wagty doýan kişem saçagyň başyndan turup gitmesin. Eger tursa ýanyndaky ýoldaşyny utandyrar. Ýoldaşy doýmasa-da, iýmegini bes etmegi mümkin», (Ibni Maje).

Suw içmegiň edebi

düzet
  1. Suwy bir demde içmegi Pygamberimiz halamandyr. Ol bu barada şeýle diýipdir: «Suwy düýe ýaly bir demde içmäň. Bolmanda iki ýa-da üç demde içiň. Besmele aýdyň. Suwdan gananyňyzdan soň Allaha hamd ediň», (Tirmizi). Hamd etmek «Älhämdulillä» diýmekdir.
  2. Suw gaplaryny agzy açyk goýmaly däldir. Pygamberimiz altyn-kümüş gapdan suw içmegi gadagan edipdir,(Buhary). Şeýle hem suw içeniňde suwa dem bermeli däldir. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle aýdýar: «Suw içeniňizde gabyň içine dem bermäň. Demiňiz ýetmedik wagtynda, gaby agzyňyzdan aýryp dem alyň, soň içiň», (Janan, «Kütübi Sitte»).
  3. Pygamberimiz dik duran ýeriňden suw içmegi gadagan edipdir, ýöne Onuň dik durup suw içen wagty hem bolupdyr, («Riýazus-salyhyn»). Şonuň üçin zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda dik duran ýeriňden suw içmezlik gowudyr. Ýöne dik duran ýeriňden içmegem günä däldir.
  4. Halk arasynda: «Suw kiçiniňki, söz ulynyňky» diýilýär. Emma hakykatda, kim juda suwsan bolsa, suwy ilki şoňa bermelidir. Şeýle hem uly mežlisde ýaşululara hormat etmelidir. Kiçi ýaşly çaganyň gepe düşünmeýänligi üçin suwy ilki oňa içirmek has makuldyr.
  5. Zemzem suwuny içmegiň edebi. Zemzem suwuny kybla bakyp, besmele aýdyp, dik durup içmek sünnetdir. Çünki Pygamberimiz zemzem suwuny dik durup içer eken. Ibni Abbas şeýle gürrüň berýär: «Resulullaha zemzem suwuny hödür etdim – Ol dik duran ýerinden içdi», (Dawud ogly, «Müslimiň şerhi»). Zemzem suwuny içeniňde şu doga okalsa has laýygydyr:

«Allahym, Senden peýdaly ylym, bol ryzk, her dürli dertden şypa dileýärin».

Salgylanmalar

düzet