Magtymguly: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
<br />{{Infobox writer
| name = Magtymguly Pyragy
| image = Magtimguli Pyragy.jpg
Setir 41:
[[Türkmenistan|Türkmen]] halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy [[Gökleň|gökleň türkmenlerindendir]]. Ol takmynan, 1724-nji ýylda [[Gürgen|Gürgen derýasynyň]] boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň​ köpüsini​ [[Etrek]], Gürgen, [[Garrygala]] sebitlerinde geçiripdir. Şahyr "Älem belgilidir" diýen şygrynda ''Ýar geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr'' diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.
 
Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy [[Döwletmämmet Azady]]dan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.we and the other three were
 
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, [[Ahal]], [[Mary]] sebilerinde güýçli [[medrese]]ler bolmandyr. Şonuň üçinin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, sol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr sol medresede ders berýän şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.
Setir 61:
Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.
 
Magtymguly, takmynan, 18241807-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" ([[Eýran]]da) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.
 
== Magtymgulynyň döredijiligi ==