Aşgabat şäherindäki 33-nji mekdep

Okuwcylary

Umumy maglumat

düzet

33-nji orta mekdep Aşgabat şäherinde ýerleşip türkmen mekdepleriniň biridir. Mekdep 1971-nji ýylda döredilip, şondan bäri hem abraý bilen işläp gelýär. Mekdebiň 1000-e golaý okuwçysy bar. Olaryň birnäçesi her dürli ýaryşlara gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeläp gelýärler. Mekdepde dürli sapaklardan ýaryşlar geçirilýär, olardan käbirleri Biologiýa, Taryh, Informatika, Rus dili, Iňlis dili yaly derslerdir. Mekdebiň mugallymlary okuwçylara yhlas bilen öwredýärler.

Olimpiadalara gatnaşmagy

düzet
 
Annayewa mugallym

Ýaňy-ýakynda derslerden etrap bäsleşikleri geçirildi. Ýaryş birnäçe sapaklar boýunça 33-nji mekdepde geçirildi. Ýaryşa ýaş okuwçylar gatnaşdylar we öz deň-duşlary bilen bäsleşdiler. Ýaryş 2 tapgyrdan ybarat boldy. Iňlis dili, Rus dili, Biologiýa, Informatika, Geografiýa sapaklaryndan geçirildi. 33-nji mekdep hem gowy çykyş edip, öňdäki orunlara mynasyp boldular.

Sport çäreleri

düzet

Mekdebiň öz futbol komandasy bar. Adyna "Ýaşlyk" diýilýär. Ol futbol komanda 2005-nji ýylda döredildi. Komandanyň ussat oýunçylary bolup, olar birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeläp gelýärler.

http://www.mekdep.com/?s=33 Archived 2007-03-10 at the Wayback Machine