Güljemal han
Güljemal han Merwiñ iñ soñky hanlarynyň biridir.Onuñ döwründe türkmenler Nurberdi hanyñ baştutanlygynda birleşigi agzybirligi yola goýupdyrlar. Güljemal han 1836-njy ýylda hazirki Ahalyñ Tejen şäherinde dünýa inýär, kakasyna Töre sahy diyipdirler,Güljemal özüniñ yaş döwürlerinde ýowuz(Sarahs soweşi muňa mysal) günleri başyndan geçiren Güljemal han Sarahs söweşinde öz adamsyndan aýra düşýär. 1855-nji ýyldaky gan döküşikli Hywa-Sarahs uruşynda onun adamsy wepat bolyar.Güljemal han Teke turkmenleriň Togtamyş tiresindendir. (Teke - Togtamyş - Amanşa - Gapan - Onbegi - Soky) Ol Merw(Mary) türkmenleri bilen goşulyşmaga gelen Nurberdi hana durmuşa çykýar.Şol döwürler Lebabyň Ärsarylary hem bulara goşuluşýar,Hywa - Sarahs şöweşlerinde hem Gowşut han daşoguz ýomutlaryny öz tarapyna çekmegi başarypdy, Garrygala söweşinde hem Nurberdi han Balkan ýomutlary bilen berk baglanyşygy ýola goýýar. Umuman aýdanyňda türkmenler agzybirleşýärler.Emma 1880-nji ýylda Nurberdi hanyň zäherlenip öldürilmegi bilen Merw türkmenleriniň başynda Güljemal han Türküstany gana boýamaga gelen ruslara özüniñ tasin syýasatyny ulanýar.Bu syýasat Gökdepe galasynyň basylyp alynandan soň Güljemal han 1881-nji ýylyň Aprel aýynda rus administrasiýasynyň Aşgabatdaky wekili bilen hat arkaly Russiýa birikdirilmegi barada 1884-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda gurnalan maslahatynda taýýarlyk görmegi ýola goýýar.Şondan soňra Merwiň Russiýa ýalandan meýletin goşulmagy babatyndaky syýsaty berjaý edýar.
Öran agyr hem netijesiz gandöküşükligiň öňüni almak üçin paýhaslylyk bilen tapylan ýeke täk çykalga Guljemal hanyň sýyasaty-dy.Rus serkerdesi we onuň esgerleri Mara barýarlar we känbir dawa-jenjelsiz gan döküşmeden Maryny Rus imperiýasyna baglanyşdyrýarlar.Rus hökümeti bolsa Güljemal hany we onuň egindeşlerini sylaglaýar.Guljemal hana 2000 manat,Onuň ogly Yusup hana(1863(65)-1920) bolsa milisiyanyň kapitany diýen derejäni berýärler.
Güljemal han Merwde 1925-njy ýylda dünýäden ötýär.Güljemal han Turkmenistanyň taryhyna giren çylshyrymly hem köptaraply şahsyýet hasaplanýar.