Open main menu

Wikipediýa β

Gollanma maglumat merkezi

Gollanma maglumat merkezi Türkmen dilinde maglumatlary öz içine alýan saýtdyr. Saýtyň adresi: gollanma.com

Mazmuny

KategoriýalarEdit

Saýt-da (2016-njy ýylyň 21-nji maýyndaky ýagdaýa görä) Astronomiýa, Biologiýa, Edebiýat, Filosofiýa, Fizika, Geografiýa, Güýmenje, Himiýa, Matematika, Saglygy goraýyş, Syýasat, Taryh, Tehnologiýa, Türkmen dili, Türkmenistan we bu mowzuklardan daşardaky temalary öz içine alýan "Başgalar" bölüminde maglumatlar ýerleşdirilýär.

YgtybarlylygyEdit

Gollanma saýty özündäki maglumatlar üçin birnäçe maglumat çeşmesinden peýdalanýar. Saýtyň esasy maglumat çeşmesi 10 tomdan ybarat bolan "Türkmen sowet ensiklopediýasydyr". Saýt üpjün edýän maglumatlaryny jikme-jik barlaýar neşir etmezden ozal. Bu saýt Türkmenistan baradaky ýetirýän maglumatlary üçin “Türkmenistan: altyn asyr” Elektron gazetinden peýdalanýar. Aşgabatda ýerleşýän binalar we köçeler üçin maglumatlary Google mäps-den alyp terjime edýär.

Geografiýa barada berýän maglumatlary hem Türkmen sowet ensiklopediýasyndan alynyp Wikipedia sahypalary bilen täzelenýär.

Makalalaryndaky suratlary hem Wikipedia erkin ensiklopedia sahypasyndan alýar bu saýt.

Tehnologiýa bölümindäki makalalar saýt topary tarapyndan terjime edilýär.[1]

BeýlekilerEdit

Bulardanam başga saýtda okyjylar makalalara teswir ýazyp bilýär. Saýta okyjylar özleri makala ýazyp bilýär.[2] Sahypanyň kitaphanasy bar.[3] Saýtyň "Gyzykly maglumatlar" we entek synagdan geçirilýän "Bulary bilýärmidiňiz?" bölümi bar. Saýty zyýarat edýän myhmanlar saýt barada pikirlerini beýan etmegi üçin myhman depderçesi hem bar.[4] Saýtyň mobil görnüşi hem elýeterlidir.[5]

SalgylanmalarEdit