Hijäb
Hijäb (arap. حِجَاب — örtgi, perde, ýaglyk) yslamda zenanlaryň köpçülige çykanda geýýän geýimi.
Hijaby köpçülige çykylanda hökman dakynmaly. Eger-de zenanyň bedeni bildirýän bolsa, jilbab ýa-da himar geýinmelidir.
Kuran
düzetEý, pygamber! Aýallaryňa, gyzlaryňa we möminleriň aýallaryna (daşary çykanlarynda) üstki örtgülerini örtünmeklerini aýt. Bu olaryň tanalmaklary we ynjydylmazlyklary üçin iň dogrusydyr. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
- — Kuran: 33/59.
Bu aýatda jilbab sözi geçýär. Häzirki döwürde hijab diýip esasan ýörite ýalyga aýtýarlar.
Beýleki dindäkiler
düzetÖňki dindäkiler hem hökman ýapynýar ekenler.
Düýäň örküji ýaly kelle
düzetPygamberimiz ﷺ zenanlara kelläni düýäň örküji ýaly etmegi gadagan edipdir.[1][2]
Bildirmejek görnüşleri
düzetAwrat ýerleri ýapmak hökmanydyr. Ýapylandan soň keseki kişini özüne çekdiriji edip geýinmeli däldir we has gysgasy sada geýinmelidir. Ýagny ýapylan soň hem düýäň örküjine meňzetmeli däl.
Kelle düýäň örküjüne meňzemez ýaly herhili çäre görmeli we sada bolmaly.