Imän (arap. إِيمَان‎‎ – bir zada ynanmak, bir zady tassyklamak, bir kişiniň aýdanlaryny kabul etmek diýmekdir).

Iman näme

düzet

«Iman» sözi ygtykat bilen manydaş bolup, teslim bolmak – boýun egmek manysyny hem öz içine alýar.

Dinimizde imanyň alty şerti bardyr. Ýagny bir adam mümin hasaplanmasy üçin bu alty şertiň hemmesine ynanmaly we kalby bilen tassyk etmelidir:

  1. Allaha iman. Allahyň barlygyna we onuň birligine, ýagny ondan başga hudaýyň ýokdygyna ynanmak.
  2. Meleklere iman. Ýagny, Allanyň melekleri (perişdeleri) ýaradandygyna we olaryň barldygyna ynanmak.
  3. Kitaplara iman. Ýagny, Allanyň şu wagta çenli dürli wagtlarda mukaddes kitaplary indirendigine ynanmak.
  4. Pygamberlere iman. Ýagny, Allanyň pygamberleri iberendigine iman etmek.
  5. Ahyret gününe iman. Ýagny ölümden soň täzeden direljegimize we eden etmişlerimiz üçin hasap berjegimize, munuň netijesinde-dem ýa Jennete ýa Jähenemme gitjegimize ynanmak.
  6. Kadara iman. Ýagny haýryň we şeriň Alladan gelýändigine ynanmak.

Ystylah taýyndan iman – Allah Tagalanyň dinini kalp bilen kabul etmek, ýagny, Resulullahyň bildiren zatlaryny kalp bilen gümansyz tassyk etmekdir. Iman kalp bilen tassyk etmekden ybarat bolsa-da, tassyk edilen zatlary dil bilen ykrar etmek, muňa şaýat bolmak hem hökmandyr. Imanyny kalbynda gizleýän kişi Allah Tagalanyň ýanynda Mü'min saýylsa-da, imanyny söz, hereket we amallary bilen subut etmese, ýagdaýy beýleki musulmanlara näbelli bolup galýar we onuň musulmandygyna şaýat bolunmaýar. Şol sebäpli Ählisünnet ymamlary iman üçin kalbyň tassyklamagyny ýeterlik görse-de, Ymam Maturidi dünýewi hökümleriň dil bilen ykrar edilmegini şert hasaplaýar.

Ymam Şafygy, Ymam Mälik, Ahmet b. Hanbel, Ibni Hazm we Ibni Teýmiýe imany şeýle taryplapdyr: «Iman – ynanylmagy zerur bolan zatlary kalpda tassyk, dil bilen ykrar we yslamyň esasy rükünlerini amal etmekdir». Bu taýda amalyň hem goşulmagy bilen imanyň mazmuny giňelýär. Ýöne olar munuň bilen kämil imany öňe sürüpdirler. Ýogsa: «Amal etmedik kişi käfirdir» diýen pikiri göz öňünde tutmaýarlar.

Allah Tagala imany görkezýän birnäçe alamat we şertleri bildiripdir. Bular yslamyň şertleri bolan: kelemeýi şahadat, bäş wagt namaz, zekat, oraza, haj we şuňa meňzeşlerden ybaratdyr. Bu amallar kimde görünse, ol kişiniň Mü'mindigine şaýat bolunýar. Beýle kişi namazda ymam bolmak, musulman aýala öýlenmek, jynaza namazynyň okalmagy we musulman gonamçylygyna jaýlanmak ýaly dünýewi hökümlerden peýdalanýar. Bu amallar imana güýç berýär. Imanyň kalpdaky nuruny artdyrýar. Ynsany azapdan halas edýär. Allahyň lutuf we yhsanyna ýetirýär. Ymam Eş’arynyň ýene bir düşünjesine görä, «Iman kalbyň tassyklamagy bilen birlikde diliň ykrary we amaldan ybaratdyr».

Şeýle hem iman – güýç-kuwwatdyr. Ol ynsany hakyky kämillige ýetirýär. Hatda ony äleme soltan we halyf derejesine göterýär. Imanyň berýän giňligi netijesinde ynsanyň akyly, ruhy we kalby sagdyn bolýar. Şonuň üçin, älemde iň belent we iň parlak hakykat imandyr. Imandan soň bolsa, namazdyr. Namazdan hem öňde goýlan imana uly ähmiýet bermelidiris.

Imanyň görnüşleri

düzet

Imanyň ijmaly we tafsili derejeleri bardyr.

Ijmaly iman – Allaha we Pygamberimiziň Allah tarapyndan getiren zatlarynyň ählisine şübhesiz ynanmakdyr. Kelimeýi towhyd – «Lä ilähe illallah Muhammedur-resulullah» ijmaly imany doly düşündirýän bir jümledir. Ýöne ynsan üçin ijmaly iman azdyr. Ijmaly iman muazzam bir köşgüň gapysyndan içerik ätlän ýalydyr. Diňe gapydan ätlemek köşgi tutuşlygyna tanamaga ýeterlik däldir.

Tafsili iman – bu dini kitaplarymyzda «ämentü» ady bilen meşhurdyr, ýagny, Allaha, meleklerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, kaza we kadere, öleniňden soň, haşr gününde gaýtadan dirilmäge, mukafata (sylaga) we jeza ynanmakdyr. Şeýle hem, iman – tutuşlygyna bolşy ýaly aýry-aýrylygyna-da hezreti Muhammediň (s.a.w.) kitap we sünnet arkaly teblig eden anyk, kesgitli habarlaryna, hökümlerine esaslanýandyr. Allahyň we Resulullahyň myradyna, razylygyna daýanýandyr. Başgaça aýdylanda, tafsili iman – imanyň alty şertini esas edinip, diniň farz, wajyp, halal we haram saýylýan zatlary barada ähli buýruklaryny giňişleýin öwrenip ynanmakdyr.

Imanyň ynsan üçin ähmiýeti

düzet

Iman – ynsanyň ýaradylmagynyň sebäbidir. Ýagny, ynsan Allahy imany bilen tanamak we Oňa ybadat etmek üçin ýaradylypdyr. Ynsan ýaradylyş maksadyna laýyklykda ýaşasa, ahyretde ebedi sagadata ýeter, jennete girer. Tersine ýaşan ýagdaýynda, jähenneme atylar, ebedi şowsuzlyga, betbagtlyga uçrar. Bu nukdaýnazardan iman – ynsan üçin ebedi sagadaty gazanmak wesilesi we jennetiň açarydyr. Jennete imansyz girilmeýär. Bu jähtden ynsanyň iman getirmegi we şol imanyny soňky demine çenli ýitirmän, pese gaçyrman goramagy gerekdir. Ol, ýagny, iman älem-jahandan we onuň içindäki ähli zatdan has wajyp we gymmatly nygmatdyr.

Iman şeýle uly ähmiýete eýe bolany üçin, Pygamberimiz bir hadysy şerifinde:

«Imanyňyzy «lä ilähe illallah» diýip täzeläň» diýipdir. Imanyň pese gaçmak, ýitmek ähtimallygy hemişe bar bolany üçin şeýle aýdyldymyka? Imany täzelemek meselesini Bediuzzaman şeýle düşündirýär:

«Ynsanyň hem bedeniniň, hem äleminiň täzelenip durany üçin ol hemişe tejdidi imana – imanyny täzelemäge mätäçdir. Çünki, adamzadyň her bir şahsynyň ruhy taýdan ençeme şahsyýetleri bardyr. Ynsan öz ömrüniň dowamynda ýyllaryň, belki günleriň, belki-de sagatlaryň sanyça üýtgäp, başga şahsa öwrülip durýar. Çünki, ynsan – zaman bilen gurşalany üçin, özboluşly bir modeldir. Ol her gün täze, başga bir şahsa öwrülip durýar.

Ynsanyň üýtgäp, täzelenip durşy ýaly, ýaşaýan älemi hem hemişe üýtgäp durandyr. Her gün başga bir älem sahypasy açylýar. Iman bolsa, ynsandaky sansyz üýtgemeleriň durmuş nurudyr, giren äleminiň ýagtylandyryjy yşygydyr. «Lä ilähe illalah» bolsa, ol nuruň perdesini syrýan açardyr.

Şeýle hem ynsana nebis, hewa, wehm we şeýtan hemişe täsir edýär. Olar ynsanyň imanyna zelel ýetirmek üçin, onuň gaflatyndan peýdalanyp, ençeme hileler gurýar. Şübhe we was-waslar bilen iman nurunyň öňüne perde tutmaga çalyşýarlar. Mundan başga-da ynsanda şerigata ters, hatda käbir alymlaryň pikiriçe, küfür derejesinde täsir edýän sözler we hereketler az bolmaýar. Şonuň üçin her wagt, her sagat, her gün tejdidi imana mätäçlik bardyr»

— (Mektubat)

Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi

düzet

Ygtykatdaky mezhebimize görä, iman artmaz hem kemelmez hem, ýagny mizemezdir. Çünki amal imandan bir bölek däldir.Ýagny iman ynanylmagy hökmany zatlar (iman esaslary) taýyndan artmaz we kemelmez.Iman esaslarynyň hemmesini kabul edip, olaryň käbirine ynanmasa, mysal üçin ahyretiň, haşryň hakykatdygyny, serhoş ediji içginiň we zynanyň haramdygynay inkär eden kişi iman eden saýylmaz. Iman meselesinde sowatly bilen sowatsyzyň, aýal bilen erkegiň we ş.m. arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Kalbynda imany bolan her kes jennete girmelidir. Ýöne jennete girmegiň görnüşi dürli-dürlüdir. Soragsyz-sowalsyz jennete girmek bilen, gabyr, syrat, haşr berzahyndan geçip, olaryň kynçylyklaryny çekeniňden soň girmegiň arasynda, elbetde, juda köp tapawut bar.

Bu nukdaýnazardan, iman güýçli ýa-da ejiz bolmak taýyndan tapawutlanar. Çünki amal bilen imanyň arasynda göni gatnaşyk bardyr. Amal edildigiçe, iman güýçlener. Kurany Kerimde hem munuň bilen baglanyşykly «Mü'minler şeýle kişilerdir, ýanlarynda Allah ýatlanylanda olaryň ýüregi titrär. Allahyň aýatlary okalanda bolsa, olaryň imany zyýadalaşar, ýagny güýçlener» (Enfal, 2) diýilýär.

Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi meselesini «ijmaly iman»

— «tafsili iman» kesgitlemeleri doly düşündirýär. Ýagny, «ijmaly iman» – iman edilmeli meseleleri diňe ykrar etmekdir. «Tafsili iman» bolsa, ykrar bilen birlikde imany meseleleri giňişleýin düşünip amal etmekdir.

Tassyk we inkär taýdan ynsanlar

düzet
  1. Mukmin – yslamyň ygtykat esaslaryna we hökümlerine doly ynanyp, olary görkezilişi ýaly amal etmäge çalyşýan kişidir. Oňa muslim – musulman hem diýilýär. Başgaça aýdanymyzda, «ämentude» jemlenýän iman esaslaryna ynanýan kişä Mukmin diýilýär.
  2. Käfir – Allaha we pygamberlere ynanmaýan, diniň anyk hökümlerini inkär edýän kişidir. Allahy inkär etmezlik bilen birlikde, başga birini ýa-da bir zady Allaha şärik goşan kişä bolsa muşrik diýilýär. Muşrik şol bir wagtda käfir saýylýar. Mysal üçin, hezreti Isany Allah, Allahyň ogly diýip kabul edýän hristianlar bilen, Üzeýir Allahyň ogludyr diýen ýahudiler Kurany Kerimde hem müşrik, hem-de inkär edijiler diýip atlandyrylypdyr.
  3. Munäfik (Mynapyk) – yslamyň ynanylmagy zerur bolan esaslaryna kalp bilen ynanmaýan we tassyk etmeýän, ýöne diňe Mü'minleri aldamak üçin dil bilen ykrar edýänlerdir. Munafyk – ikiýüzli kişi diýmekdir.
    Munafyk dünýewi hökümler taýyndan musulman ýaly kabul edilýär. Damagyny çalan maly iýilýär, mirasdar bolýar, oňa öýlenilýär, durmuş gurulýar, ýöne bu kişiler ahyretde käfirler hatarynda hasaba çagyrylar. Çünki, Kurany Kerim ençeme aýatlarda münafyklaryň käfirdigini nygtap, hatda dowzahyň iň aşaky gatlagynda boljakdyklaryny habar berýär.

    «Käbir ynsanlar bardyr, olar: «Biz Allaha we ahyret gününe iman etdik» diýerler. Ýöne olar Mü'min däldirler»

    — (Bakara, 8; Nahl, 106; Hujurat, 14).

    «Munafyklaryň dowzah odunyň iň aşaky gatlagyndadyklary şübhesizdir. Olara hiç hili kömek goly uzamaz»

    — (Nisa, 145).

  4. Murted – ilki musulman bolup, soň dininden dönen kişidir. Mürtedlik yslamyň anyk hökümlerinden birini ýa-da käbirlerini inkär etmek bilen ýüze çykýar. Kuranda dinden dönýänler barada ençeme aýatlar bar.

    «Inkär edýänleriň güýji ýetse, diniňizden dönderýänçä, siziň bilen söweşer. Sizden kim dininden dönüp, käfir bolup, aradan çyksa, olaryň dünýä we ahyretdäki amallary puç bolar. Ynha, jähennemiler olardyr. Olar ol ýerde ebedi galarlar»

    — (Bakara, 217; Ali Imran, 86, 91).

  5. Fasyk – Allahyň emirlerine ters hereket edýän, günäkär, pes ahlakly, erbetlik etmäge endik bolan kişidir. Fykyh taýyndan Allaha ytagaty terk edip, ysýana ýüz uran, başgaça aýdanymyzda, uly günäleri edýän ýa-da kiçi günäleri endik edinip, dogry ýoldan çykan kişä fasyk diýilýär.
    Fysk – fasygyň amaly umuman üç topara bölünýär.
    1. Günäni erbet görse-de, käwagt günä etmek.
    2. Günä işi aç-açan etmek. Şeýle kişä fajir hem diýilýär.
    3. Günäniň haramdygyny we erbet zatdygyny inkär etmek. Bu ýagdaý kişini dinden çykarýar. Haramdygyny inkär edip, ýagny, halal saýyp içgi içmek, zyna etmek muňa mysaldyr.
  6. Asy – Allahyň emrlerini berjaý etmeýän, oňa ysýan edýän günäkär kişi diýmekdir. Kurany Kerimde bu söz Allahyň we Onuň Resulynyň emrlerine garşy gidýän günäkär kişi manysynda ulanylypdyr.

«Kim Allaha we Resulyna ysýan edip, Allahyň goýan çäklerinden geçse, Allah ony ebedi galjak ýeri bolan jähennem oduna taşlar we onuň üçin o taýda ryswa ediji azap bardyr»

— (Nisa, 14; Ahzab, 36; Mer”ýem, 44).

Asynyň edýän günäsi kiçi ýa-da uly bolup biler. Ähli sünnet akydasyna görä, uly günä etse-de, edýäniniň haramdygyny inkär etmeýän kişi günäkär Mü'min saýylýar, ýagny, uly günä kişini dinden çykarmaýar, kişi toba etse, Allah Tagala ony bagyşlap biler. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:

«Eger gadagan edilen uly günälerden saklansaňyz, kiçi günäleriňizi ýuwarys we sizi ýagşy derejelere ýetireris»

— (Nisa, 31; Nejim, 32).

Bir hadysda uly günäler ýedi sany diýlip bellenýär. Bular: şirk, sihir (jadygöýlik), nähak ýere adam öldürmek, ýetimiň malyny iýmek, riba – süýthorlyk, uruşdan gaçmak, namysly we imanly aýala zyna töhmetini atmak, (Buhary, Muslim). Başga hadyslarda bu ýedi günä şular hem goşulýar: ene-ata garşy gitmek, zyna etmek, ýalan şaýatlyk, mesjidi haramda günä etmek we ýalan ýere kasam etmek, (Buhary, Muslim, Ebu Dawud,Tirmizi).

Ebu Talyb el-Mekkä görä, uly günäleriň sany on ýedi bolup, olary alty toparda jemlemek mümkin.

  1. Kalp bilen edilýänler: şirk, kejirlik bilen günä etmek, Allahyň rahmetinden umydyňy üzmek we özüňi Onuň azabyndan aman duýmak.
  2. Dil bilen edilýänler: zyna töhmeti, ýalan şaýatlyk, sihir we ýalan ýere kasam etmek.
  3. El bilen edilýänler: nähak ýere adam öldürmek, ogurlyk etmek.
  4. Iýip-içmek bilen baglanyşyklylar: nähak ýere ýetim malyny iýmek, süýthorlyk, serhoş ediji içgi içmek.
  5. Jynsy günäler: zyna, liwata (gomoseksuallyk)
  6. Ähli bedeniň bilen edilýänler: ene-ata garşy gitmek.

Allaha iman

düzet

Allaha iman – Allah Tagalanyň barlygyna, ýeke-täkligine ynanmak hem-de Ony sypatlary we gözel atlary bilen doly tanamakdyr. Allaha iman ähli dinleriň esasydyr. Allaha ynanmak, Oňa daýanmak we ybadat etmek mätäçligi ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Allahyň barlygynyň delillerinden biri hem şudur. Çünki, fytrat – ýaradylyş ýalan sözlemeýär. Ynsanyň fytratynda beýik Ýaradyja ynanmak, Oňa daýanmak, ybadat, doga-dileg etmek mätäçligi bardyr. Allahyň barlygyna hiç bir delil bolmasa-da, fytrat we wyždan delili artykmajy bilen ýeterlikdir.

Aslynda, Allahy inkär etmek ýoluna düşenler hem başlaryna bela inen wagty Allahy ýatlap, Ondan pena isleýärler. Ýöne beladan halas bolanlaryndan soň, ýene öňki boluşlaryna ýaşaberýärler. Munuň mysallary sanardan köpdür. Bu ýagdaýy Kurany Kerim şeýle beýan edýär:

«Ynsana bir zyýan ýetende ol ýatan, oturan ýa-da dik duran halynda bize ýalbarýar. Ýöne ony şol zyýandan halas edenimizde, hamala, ýeten zyýan sebäpli bize ýalbaran özi däl ýaly hereket edýär, öňki bolşuna galýar»

— (Ýunus, 12).

Allanyň barlygyna nähili göz ýetirip bileris? Allanyň barlygyna aklymyzy ulanmak – töweregimize syn edip, ösümlikleriň, ähli haýwanlaryň, janly-jandarlaryň ýeriň-gögüň nähili ýaradylandygy barada oýlanmak arkaly; bu taýsyz sungaty – älem giňişligini we onuň içindäkileri döreden, älem giňişligindäki taýsyz düzgün-nyzamy goýan Biriniň bardygyna ynanmak we Kuran-y Kerimi okamak arkaly göz ýetirmek mümkin.

Okaýan her kitabymyzy ýazan biri – kitabyň ýazary, äpet we kaşaň her bir binanyň gurujysy - arhitektory bardyr. Ajaýyp sungat eseri bolan surat ony çeken suratkeşiň ýokary başarnygyna şaýatlyk edýär. Dostlarymyzdan biri ylym-bilim, edep-terbiýe öwrenýän mekdebimiziň öz-özünden dörändigini aýtsa, nähili gülkünç bolar, oňa kim ynanar, şeýle dälmi?..

Howlymyzdaky äpet agaç bir wagt kiçijek şänikdi. Şänik topraga garyldy we ösüp, ýaşajyk pudak boldy. Ýene-de, ösdi-ulaldy we äpet agaja öwrüldi... Diýmek, kiçijek şänik uly agajyň planyny – gögeriş we ösüş meýilnamasyny özünde saklaýardy. Eýsem, şänige şeýle köstsüz meýilnamany ýerleşdiren kim?.. Yşygy, atomy, kompýuterleri ynsan oýlap tapdy we döretdi. Eýsem, ony kim “oýlap tapdy” — kim ýaratdy?..

Allahyň sypatlary

düzet

Allaha iman getirmek imanyň esaslarynyň ilkinjisidir. Allah Tagala tutuş älemleri ýokdan bar eden, deňi-taýy bolmadyk, ähli kemal sypatlara eýe, ýeke-täk Ýaradyjydyr. Her musulmanyň Allahyň kemal sypatlaryň ählisine eýedigine, nogsanlaryň ählisinden daşdadygyna ynanmagy farzdyr.

Allah Tagala barasynda kabul edilmegi wajyp bolan kemal sypatlar iki görnüşdedir:

  1. Selbi sypatlar,
  2. Subuty sypatlar.

Selbi sypatlar

düzet
  1. Wujud. Bu sypat Allah Tagalanyň bardygyny düşündirýär. Muňa «syfaty nefsiýe» hem diýilýär. Eger Allah bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat bolmazdy. Älemleriň barlygy, Onuň barlygyna iň beýik şaýatdyr. Hiç bir zat ne öz-özünden döräp, ne-de ýok bolup biler. Allah Tagalanyň barlygy öz-özündendir. Onuň barlygynyň mutlak bolmagy, ýok bolmagynyň mümkin däldigi sebäpli, Oňa «Wajybül-Wujud» diýlipdir.
    Barlygyň tersi bolan ýokluk Allah Tagala degişli däldir. Allah Tagalanyň barlygy başga bir barlyk sebäpli däldir. Allah Tagalanyň ýoklugyny ykrar etmek, älemleri we älem-jahandaky ähli zady inkär etmek diýmekdir. Çünki, her bir zady ýaradan we döreden Oldur.
  2. Kydem. Kydem – Allah Tagalanyň barlygynyň başlangyjy ýok diýmekdir. Ol gadymdyr, ezelidir, ýagny, öň ýokka, soň bar edilen däldir. Geçmişe tarap näçe gidilse gidilsin, Allah Tagalanyň bar bolmadyk sähel wagtyny hem göz öňüne getirmek mümkin däldir. Zamany we mekany ýaradan hem Oldur. Zaman soňra dörän ýagdaýdyr. Şonuň üçin, Allah Tagala zamandan we mekandanam münezzehdir. Eger Allah Tagala ezeli bolmadyk bolsa, soňra döremeli bolardy. Soň dörän her bir zat bir ýaradyja mätäçdir. Mätäçler bolsa ýaradyjy bolup bilmez.
    Kurany Kerimde Allah Tagalanyň ezelidigi şeýle beýan edilýär:

    «Ol her zatdan Owaldyr. Özünden soň hiç zat galmajak Ahyr Oldur. Barlygy Zahirdir (aýandyr). Özi ýaradylanlar üçin Batyndyr (gizlindir). Ol ähli zady biler»

    — (Hadid, 3).

  3. Beka. Beka – Allah Tagalanyň barlygynyň soňunyň ýokdugyny, Onuň barlygynyň müdimidigini aňladýar. Allah ebedidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle diýilýär:

    «Ähli zat fanydyr – ýok bolujydyr, diňe jelal we ikram sahyby Rabbiň barlygy ebedidir»

    — (Rahman, 26-27).

    Barlygyny dowam etdirip bilmezlik ejizlikdir, ejizlik bolsa, kemlikdir. Allah bolsa nogsandan sapdyr. Ol çäksiz gudrat eýesidir. Ony ýok etjek güýç hem ýokdur.
  4. Wahdaniýet. Wahdaniýet – Allah ýeke-täk diýmekdir. Allah zatynda, sypatlarynda we amallarynda ýeke-täkdir. Ol böleklerden döremändir. Ol madda hem däldir. Ony meňzedere zat ýokdur – deňsiz-taýsyzdyr. Şonuň üçin soltanlygynda, älemi dolandyrmakda şärigi ýokdur. Eger birden köp ilah, taňry bolan bolsa, älemiň nyzamy bolmazdy. Bu mesele Kurany Kerimde şeýle nygtalýar:

    «Ýerde we gökde Allahdan başga ilahlar, taňrylar bolan bolsa, ýer we gök harap bolardy»

    — (Enbiýa, 22).

    «Onuň bilen birlikde hiç bir ilah ýokdur. Eger bolan bolsa, her taňrynyň öz ýaradanlarynyň arkasyny alyp, olary gorajakdygy şübhesizdir. Biri beýlekisinden üstün çykardy»

    — (Mukminun, 91).

    Yslam dininde, hatda ähli hak dinlerde towhyd, ýagny, Allahyň birligi akydasy iman esaslarynyň we tutuş dini ynançlaryň düýbüni tutýar. Kalpda towhyd akydasy bolmazdan Allahyň dergähinde hiç hili ynanç, amal kabul däldir. Şol sebäpli, yslam dini adamzat üçin towhyd ynanjyny ähli zatdan öňde goýýar. Ähli adamzady Allahy ýeke-täk bilmäge, Onuň şäriginiň ýokdugyny ykrar etmäge çagyrýar. Hak dinler bilen batyl dinleri bir-birinden tapawutlandyrýan iň möhüm esas hem şudur. Kurany Kerimde Allahyň birdigini we towhyd ynanjy meselesini beýan edýän ençeme aýatlar bardyr.

    «Aýt, Allah ýeke-täkdir»

    — (Yhlas, 1).

  5. Muhalefetün lil-hawadys. Muhalefetün lil-hawadys – Allah Tagalanyň soňra dörän hiç bir zada meňzemezligi diýmekdir. Allah Tagala ne zatynda, ne sypatynda öz ýaradan zatlaryna meňzemeýär. Biz Allah Tagalany nähilidir diýip oýlansak oýlanaly, Ol ýadymyza düşjek we hyýalymyza gelip biljek ähli zatdan başgadyr. Çünki, ynsan gören-eşiden we bilýän zatlaryny göz öňüne getirip biler. Ýadyňa düşjek ähli zat soňra ýaradylandyr. Allah bolsa olaryň hiç birine meňzemeýär. Kurany Kerimde:

    «Oňa hiç zat meňzeýän däldir. Ol her bir zady eşidýändir we görýändir»

    — (Şura, 11)

    diýlip, anyk düşündirilýär. Pygamberimiz bolsa, bu barada: «Allah seniň akylyňa gelen her bir zatdan başgadyr» diýýär.Allah Tagalanyň ýaradylanlara meňzemezlik sypaty: beýleki barlyklara mahsus sypatlardan sapdygyny aýan edýär. Mysal üçin, Ol maddy görnüş, böleklerden emele gelmek, iýmek, içmek, ýadamak, uklamak... ýaly sypatlardan daşdadyr. Käbir aýatlarda zikir edilen «Allahyň eli, Allahyň ýüzi, Allahyň arşa istiwa etmegi ýaly sözler Allahyň başga barlyklara meňzeýänliginiň delili däldir. Bular mejaz (göçme) manyda aýdylan zatlardyr. Allahyň eli – Allahyň gudraty; Allahyň ýüzi – Onuň zaty; arşyň üstünde oturmagy bolsa, arşa häkim bolmak, hökmüni ýöretmek manylaryndadyr.
  6. Kyýam bi nefsihi. Kyýam bi nefsihi – Allah Tagalanyň zatynyň barlygynyň özünden bolmagy diýmekdir. Ähli barlyk döremegi üçin bir ýaradyja mätäçdir. Emma Allah Tagalanyň barlygy özündendir, hiç zada mätäç däldir. Barlyklaryň «mümkin» we «wajyp» diýilýän iki görnüşi bardyr. Wažybül wujud bolan Allah Tagaladan başga görünýän-görünmeýän ähli barlyklar mümkin barlyklardyr. Olaryň barlygy-ýoklugy deňdir. Allahyň isläni üçin olar bardyr. Ýok bolmaklaryny islese, şol bada ýok bolarlar. Barlyklaryň bu aýratynlygy Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:

    «Gökleri we Ýýeri ýaradan Allah olaryň meňzeşini ýaratmaga kadyr dälmidir? Elbetde, kadyrdyr. Her zady ýaradan we her zady doly bilýän Oldur. Ol bir zadyň bolmagyny islän wagty Onuň emri diňe «Bol!» diýmekdir. Ol hem derrew bolar»

    — (Ýasyn, 81,82).

    Allahyň barlygy öz zaty bilendir. Ol özüni Kurany Kerimde nähili tanadýan bolsa, şonuň ýaly tanamak we bilmek hökmandyr. Allah Tagalanyň özüni iň gözel şekilde tanadýan aýatlaryndan biri Aýatel-Kursidir. Onda şeýle diýilýär:

    «Allah şeýle bir ilahdyr ki, özünden başga ilah ýokdur. Ol Haýýdyr, Kaýýumdyr. Ol ne ymyzganar ne-de uklar. Göklerde we Ýýerde barça zat Onuňkydyr. Onuň rugsady bolmasa, huzurynda şefagat etmäge kim het edip biler. Mahluklaryň öňünde, yzynda näme bar bolsa, ählisi Ýaradana äşgärdir. Mahluklar bolsa, Onuň ylmyndan Onuň isläninden artyk hiç zat düşünip bilmez. Onuň kürsüsi Gökleri we Ýýeri gaplandyr. Gökleri we Ýýeri gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol şeýle uludyr, şeýle beýikdir we azymdyr»

    — (Bakara, 255).

Subuty sypatlar

düzet

Subuty sypatlar zaty bolman, ýöne zaty bilen birlikde bolan sypatlardyr. Allah Tagala bularyň gapma-garşy manylary bilen atlandyrylyp bilinmez. Bu sypatlar Allahyň zatynyň özem däldir, özünden daş hem däldir. Subuty sypatlar şulardyr: Haýat, Ylym, Semig, Basar, Irade, Gudrat, Kelam, Tekwin.

  1. Haýat. Haýat – Allah Tagalanyň diriligi diýmekdir. Onuň şanyna mahsus haýat sypaty bardyr. Haýaty bolmadyk zat bilmekden, islemekden we başarnyk güýjünden mahrumdyr. Haýat sypaty ylym, irade, gudrat ýaly kemal sypatlar bilen göni baglanyşyklydyr. Bu sypatlardan mahrum bolan barlyk öz-özüne hiç zady ýaradyp bilmez. Aýratyn hem bilim, düşünje, isleg, güýç eýesi bolan barlyklary ýaratmaga asla ukyply däldir. Çünki, hiç bir eser – barlyk – ýaradyjysynda bolmadyk sypatlary özünde jemläp bilmez. Şonuň üçin ylym, irade we gudrat sypatlary bolmadyk aňsyz tebigat akyla, iradä we gudrata eýe bolan ençeme barlyklaryň ýaradyjysy bolup bilmez.
    Jemläp aýtsak, älemleriň ýaradyjysy bolan Allah haýat sypatyna eýedir. Ol Haýý we Kaýýumdyr. Ýagny, Ol özüniň diri bolşy ýaly, ähli zady dirilden we olaryň durmuşyny dowam etdirijidir.
  2. Ylym. Ylym – Allah Tagala her bir zady biliji diýmekdir. Allah Alimdir – alymdyr. Ol bolan we boljak zatlaryň ählisini doly biler. Onuň ylmy ähli zady gurşandyr. Onuň ylmy artmaz hem, kemelmez hem. Çünki, Onuň ylmy ezeli we ebedidir, ynsanlaryň ylmy ýaly, çäkli düşünjä, oý-pikire esaslanýan däldir. Şeýle hem gural we esbaplara mätäç däldir.
    Bu älemi iň gözel görnüşde kämil nyzam bilen ýaradan we ony dolandyrýan gudraty güýçliniň ýaradýan barlygyny çuňňur we inçe syrlaryna çenli bilmegi zerurdyr. Çünki, hakykaty, peýdasy, zerurlygy we hikmeti bilinmeýän zat näme üçin ýaradylsyn?! Şol sebäpli ýaradyjynyň bir zady ýaradyp bilmegi üçin ilki bilen ylym eýesi bolmagy, soň şol ylmyň esaslaryna görä ýaratmagy şertdir. Şeýle hem, iman we salyh amal işleýän gullary mukafatlandyrmak, isýan eden, azaşan gullary bolsa, jezalandyrmak diňe bu kişileriň eden zatlarynyň ählisini iň inçe aýratynlyklaryna çenli bilýän ýagdaýyňda mümkindir.
    Allahyň her bir zady bilýändigine gowy düşünýän ynsan, elbetde, hemişe ägä bolar. Her sözüni we hereketini edep bilen berjaý eder. Erbet söz sözlemez, ýaramaz işi niýet edinmez, başga birine ýamanlyk etmez, hiç kimiň görmejek ýerinde hem Allahyň buýruklaryna garşy gitmez. Çünki, edýän her bir işini bilýän beýik Allahyň bardygyna imany bardyr.
  3. Irade. Irade – Allah Tagalanyň islegi diýmekdir. Allahyň her bir zadyň şeýle bolmagyny ýa-da bolmazlygyny islemegi Onuň her bir zady isleýşi ýaly bellemegi we kesgitlemegidir. Onuň iradesi ezelidir. Ol edýän işlerinde erkindir. Ony haýsy-da bolsa bir işi etmäge mejbur etjek güýç ýokdur. Ol älemleri we olardaky barça zady ezeli iradesi bilen ýaradypdyr. Onuň her bir isläni bolar, islemedigi bolmaz. Bu ýagdaý Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:

    «Merýem bir erkek kişi bilen gatnaşygy bolman neneň çaga dogurjakdygyny soranda, Allah Tagala: «Bu şeýledir. Allah isleýänini ýaradar. Bir işe höküm etse, ýagny, onuň bolmagyny islese, diňe «Bol!» diýer, ol hem bolar»

    — (Ali Imran, 47).

    Irade ýerine Kurany Kerimde «Meşi’et» sözi hem ulanylýar.
  4. Gudrat. Gudrat – Allah Tagalanyň her bir zada güýjüniň ýetmegi diýmekdir. Allah ezeli ylmy we iradesi bilen her bir zady etmäge we ýaratmaga kadyrdyr. Allah Tagalanyň soňsuz gudrat eýesidigine we her zada kadyrdygyna, görnüp duran şu älemler we olardaky berk düzgün-nyzam iň beýik delildir. Allah Tagala islese, sähel salymda müňlerçe älemi ýokdan bar eder we islese, olary sähel salymda ýok eder. Çünki, islänini bir pursatda ýerine ýetirip bilmeýän barlyk, älemleriň ilahy bolup bilmez. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

    «Gökleriň we Ýýeriň gaýybyny – syrlaryny diňe Allah biler. Kyýamatyň gopmagy diňe göz açyp-ýumasy ýa-da ondanam gysga wagtda bolup geçer. Allahyň her zada kadyrdygy şübhesizdir»

    — (Nahl, 77).

    Allah Tagalanyň şeýle uly gudratyna doly düşünen mü’min Onuň beýikliginiň öňünde tagzym eder, Onuň gudratyndan gorkar. Onuň mukaddes emrlerini ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan saklanar.
  5. Semig. Semig – Allah Tagalanyň eşitgirligi diýmekdir. Allahyň eşitgirligi mahluklaryň eşidişi ýaly çäkli we kemter däldir. Allah Tagala ähli zady eşidýär, iň gizlin we äşgär sesler, hereketler Oňa eşidilmän galmaýar. Ol eşitmek üçin hiç bir gural ulanmaýar. Allah Tagala gullarynyň dogalaryny, zikirlerini gizlin-äşgär dileglerini eşidip kabul edýär we olary mükafatlandyrýar. Allah Tagalanyň her zady eşidýändigine iman eden ägä ynsan hemişe ýagşy gürlär, elmydam Allahy ýatlar, Ony beýgelder. Her sözüni we işini Allahyň ryzasyna laýyk berjaý eder.
  6. Basar. Basar – Allahyň her bir zady görýänligini aňladýar. Allahyň eşitgirligi ýaly, görgürligi üçin hem uzaklyk-ýakynlyk, gizlinlik-äşgärlik, garaňkylyk-ýagtylyk ýaly zatlar päsgel bermeýär. Ol içimizdäki pyşyrdylary, ýüregimizden we köňlümizden aýdýan dogalarymyza çenli eşidýär. Olara hikmetine laýyk jogap berýär. Körlük we kerlik uly nogsandyr. Şeýle nogsanlary bolan kör kuwwatlar ilah we ýaradyjy bolup bilmez. Allah Tagala bolsa beýle nogsanlardan daşdadyr. Ol diňe kemal sypatlara eýedir. Kurany Kerimde Allah Tagalanyň eşitgirligi we görgürligi barada bilelikde aýdylýar:

    «Allah Semig we Basyrdyr, ýagny, eşitgirdir we görgürdir»

    — (Bakara, 127,137,181,224).

    Kalby imandan doly ynsan Allah Tagalanyň özüni görüp durandygyny duýar, özüni hemişe tertip-düzgünli, edep-ekramly alyp barar. Melekler kimin arassa ýaşamaga çalşar. Kurany Kerim şeýle aýdýar:

    «Allahdan gorkuň! Şuny hem berk biliň! Allah ähli edenleriňizi görüp dur»

    — (Bakara, 233).

  7. Kelam. Kelam – Allah Tagalanyň gürleýänligini aňladýar. Ol gürlemek üçin sese, harpa, söze ýa-da sözleme mätäç däldir. Allah Tagala özüniň gadym kelamyny islän wagty, şanyna laýyk şekilde, meleklerine eşitdirýär, bildirýär we düşündirýär. Allah Tagalanyň käbir pygamberlere iberen kitaplary, Kurany Kerimdäki:

    «Allah Tagala Musa bilen hut özi gürleşdi»

    — (Nisa, 164)

    aýaty kelam sypatynyň delilleridir. Allah Tagala pygamberlerine islän zatlaryny wahý we ylham üsti bilen bildiripdir. Gadymy Kelamy bolan Kurany Kerim hem Allah Tagalanyň kelam sypatynyň tejellisidir we Allahyň kelamydyr. Allahyň kelamy kadymdyr, ezelidir we ebedidir. Ýöne biziň elimizdäki Kurany Kerimiň harp, söz-sözlem bilen ýazylyşy pygambere wahý edilenden soň, Pygamberiň beýan ediş şeklindedir.
  8. Tekwin. Tekwin – Allah Tagalanyň döretmegi we ýaratmagy diýmekdir. Käbir alymlar Allahyň Tekwin sypatyny Gudrat sypaty bilen birmeňzeş hasaplapdyr. Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň ýaradylmagy takdyr edilen zatlary ýaradýan wagty bilen baglanyşyklydyr, ýagny, Tekwin sypaty Gudrat sypatynyň içinde şertli görnüşdedir. Allah Tagalanyň bu älemleri ýaratmagy, ýok etmegi, gullaryna dirilik berip ýaşatmagy olary ryzklandyrmagy, soňra öldürip başga äleme ibermegi Tekwin sypatynyň tejellisidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:

    «Allah bir zadyň bolmagyny islese, oňa «Bol!» diýer, ol hem bolar»

    — (Ýasyn, 82).

Meleklere (perişdelere) iman

düzet

Bu mahluklaryň barlygy Kurany Kerimiň we Pygamberimiziň beýanlary bilen subut edilýär. Kurany Kerimiň Allahyň kelamydygyny subut edýän ähli deliller, hezreti Muhammediň (s.a.w.) pygamberligini tassyk edýän ähli deliller şol bir wagtda melegiň, ruhuň, jynyň we şeýtanyň bardygy hakynda hem anyk we kesgitli delillerdir. Olary inkär edip bilmedik, bulary hem inkär edip bilmez. Çünki, bu meseleler hem Kurany Kerimde hem Pygamberimiziň mübärek sözlerinde dürli wesileler bilen aýdylyp geçilýär we olaryň bardygy tassyk edilýär.

Ynsanyň görüş ukyby ähli barlyk bilen deňeşdireniňde, örän çäklidir. Şonuň üçin hem ynsan görmeýän her bir zadyna «ýokdur» diýip bilmez. Melek, ruh, jyn we şeýtan hem biziň mümkinçiliklerimiziň daşynda bolanlygy üçin olary görüp bilmeýäris.

Älemde häkimlik ediji madda däl-de, ruh we magnadyr. Ilki ýaradylan hem madda däl-de, antimaddadyr. Ilki nur bilen ruh we madda üçin galyp bolup biljek zatlar ýaradylypdyr. Barlyk has soň, belli bir wagtyň dowamynda şol galyplara görä şekillenipdir.

Barlyklarda kader, matematiki ölçeg, plan we programma häkimdir. Kanun we üýtgemeýän düzgün arkaly barlyk öz durmuşyny dowam etdirýär. Görünýän her bir zadyň aňyrsynda käbir görünmeýän kuwwat duýulýandyr. Meselem: Ýere taşlanan tohumlaryň gögerip ösmegi, şemalyň öwüsmegi, zerreden ýyldyzlara çenli ähli zatlary saklaýan dartyş kanunynyň bolmagy... Mysallary entegem köpeltmek mümkindir.

Bu kanunlaryň aňyrsynda olara gözegçilik edýän ruh we melekler bardyr. Olaryň güýç-kuwwaty, esasan, ruha we melege degişlidir. Ol güýç bolsa, Hak Tagaladandyr. Kiçi älem bolan ynsana ruh, uly äleme-de melekler gözegçilik edýär.

Melekler

düzet

Melek – arap sözi bolup «ilçi», «habarçy», «güýç-kuwwat», «ýokardan inýän», «edilenleri alkyşlaýan we olara gözegçilik edýän» manylary berýär. Melek – Allahyň emri bilen dürli wezipeleri ýerine ýetirýän, göz bilen görülmeýän nurdan we ruhdan döredilen barlykdyr. Başgaça aýdylsa, Allah Tagala bilen beýleki älemleriň arasynda gatnaşyk saklaýan, ilçilik edýän, habar getirýän, kalbymyzy gurşap tertibe salýan, Ondan gelýän habarlary alyp, bize kabul edip biler ýaly görnüşe getirýän örän mukaddes ilçiler toparyna melekler diýilýär. Halk arasynda melege perişde hem diýilýär.

Kuranda meleklere imanyň farzdygyny habar berýän ençeme aýat bardyr:

«Pygamber Rabbi tarapyndan özüne inderilene iman etdi. Mü’minler hem Allaha, meleklerine, Kitaplaryna, pygamberlerine iman etdiler...»

— (Bakara, 285).

«...Asyl ýagşylyk – Allaha, ahyret gününe, meleklere, pygamberlere iman edenleriň ýagşy amalydyr...»

— (Bakara, 177).

Meleklere ynanmadyk kişi, bu aýatlaryň hökümini inkär edeni üçin käfir saýylýar. Şeýle hem Allah Tagala Kuranda meleklere duşman bolanlary «käfir» diýip belläpdir we şeýle kişileriň Allahyň duşmanydygyny nygtapdyr. (Bakara, 98). Şonuň üçinem meleklere iman – iman esaslarynyň içinde iň möhüm orna eýedir we Allaha imandan soň zikr edilendir. Çünki, melekler Allahdan alan ilahi wahýy pygamberlere ýetirýän ilçilerdir. Wahýe we pygambere ynanan melege hem ynanmalydyr. Meleklere ynanmaýan pygamberlere-de ynanyp bilmez.

Melekleriň barlygy barada ähli dinler habar berýär. Ähli hak dinleriň pygamberligi kabul etmegi, pygamberleriň melekler bilen görüşýänligi, olardan wahý almagy, Kuran we beýleki mukaddes Kitaplaryň meleklerden söz açmagy melekleriň barlygyna dahylly anyk delillerdir.

Melekleriň aýratynlyklary

düzet

Melekler «emr äleminden» bolup, nurdan ýaradylandyr. Pygamberimiz bu barada bir hadysynda şeýle aýdýar: «Melekler nurdan, jynlar tüssesiz otdan, ynsanlar bolsa Kuranyň size düşündirýän zadyndan, ýagny, palçykdan ýaradyldy»— (Muslim, Ahmet b. Hanbel).

Melekler iýip-içmeýär, ýadamaýar, olarda ynsan we jyn ýaly, ysýan we garşy gitmek ýokdur. Kurany Kerimde:

«Göklerde we Ýerde näme bar bolsa Onuň mülküdir. Onuň huzuryndaky melekler tekepbirlik etmän, ýadaman Oňa ybadat ederler. Olar irmän-arman, gije-gündiz Allahy tesbih ederler»

— (Enbiýa, 19-20)

diýilýär. Başga bir aýatda melekler barada: «Allahyň özlerine emr eden zatlaryna ysýan etmeýärler. Näme emr edilen bolsa, şony ýerine ýetirýärler»

— (Tahrym, 6) diýlip aýdylýar.

Olara öýke-kine, gahar-gazap, gysgançlyk, görüplik ýaly erbet duýgular ýatdyr. Olarda beýgelmek, pese düşmek ýokdur. Ýöne Allaha eden ybadatlaryndan derejelerine görä feýz we lezzet alýarlar. Nurdan bolandyklary üçin, iýmit ýerine nur ýeterlikdir. Ynsan howadan, suwdan, yşykdan, dürli iýmitden nähili lezzet alýan bolsa, melekler hem zikrden, tesbihden, hamddan, ybadatdan we Allahyň magrifet we muhabbet nurundan iýmitlenip, olardan çäksiz lezzet duýýarlar. Hatda atyrlaryň ýakymly ysy hem olar üçin iýmit saýylýar. Allahyň Resuly hem şonuň üçin ýakymly ysly atyrlary ulanmagy halar eken.

Meleklerde haş’et, Allah gorkusy bardyr. Kuran olaryň bu ýagdaýy barada şeýle aýdýar:

«Üstlerindäki Rablerinden gorkarlar, emr edilenleri doly ýerine ýetirerler»

— (Nahl, 50).

Melekleriň Allahdan gorkmaklaryna «ijlal» diýilýär. Ijlal Allahyň azamatyny görmekden dörän gorkudyr. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýýär: «Asmanda Allah Tagala bir emr-höküm etjek wagty, asmanlar titrär we gümmürdär. Melekler näme bolandygyny duýup, sežde ederler. Seždeden başyny ilki galdyran hezreti Jibril bolar. Başyny galdyrar we Rabbinden emre garaşar, soňra beýleki melekler başyny galdyrar. «Rabbimiz näme diýdi, eý, Jibril» diýerler. Jibril şeýle jogap berer: «Rabbimiz hak aýdýar. Aliý we Kebir bolan Oldur»— (Ali el-Muttaki, «Kenzül Ummal»).

Meleklerde aýal-erkek, jyns tapawudy ýokdur.

«Olar (müşrikler) Rahmanyň gullary bolan melekleri aýal jynsyndan diýip suratlandyrdylar. Olar melekleriň ýaradylyşyny gördülermikä? Olaryň şaýatlyklary ýazylyp, olardan hasap soraljakdyr»

— (Zuhruf, 19; Saffat, 149, Nejm, 27-28).

Melekler emr äleminden we nurdan ýaradylandygy üçin, örän çalasyn, güýç-kuwwatly barlyklardyr. Olaryň hulul we nufuz ukyplary örän çalt we kämildir. Olar ynsanyň gözüniň görejinde ýer alýar, ynsany gözel zatlara bakdyrýarlar we olary görkezýärler. Pygamberiň we weliniň kalbyna aýratyn bir many bilen, ösümlik we haýwanlar dünýäsine bolsa başga many bilen nufuz edýärler.

Melekleriň ganatynyň bardygy habar berilýär. Ýöne ol ganatlaryň nähilidigi barada anyk maglumat aýtmak kyn. Olary diňe Allah we melekleri görýän pygamberler biler. Melekleriň ganatlary olaryň şekilini, ganatlarynyň köplügi bolsa, güýç we çaltlyk taýyndan derejesini, Allahyň ýanyndaky mertebesini görkezýär. Kurany Kerimde:

«Gökleri we Ýeri ýaradan, melekleri iki, üç, dört ganatly ilçiler edýän Allaha hamd bolsun. Ol ýaratmakda isleýşiçe köpelder. Şübhesiz, Allah her bir zada kadyrdyr»

— (Fatyr, 1)

diýilýär.

Melekler Allahyň emri we rugsady bilen dürli sypata we şekile girip biler. Jebrail (a.s.) Pygamberimize Dyhýe atly sahabanyň şekilinde görnüpdir, kä wagt bolsa, nätanyş adamyň şekilinde gelipdir. Hezreti Merýeme bolsa, ynsan şekilinde görnüpdir, (Merýem, 16-17). Hezreti Ibrahime ogly Ishaky buşlamak üçin, onuň ýanyna birtopar melek ynsan şekilinde gelipdir. Ol bolsa myhmandyr öýdüp, bular üçin nahar taýýarlaýar. Ýöne olaryň iýmeýändigini görende gorkýar. Soňra olaryň melekdigini aňýar, (Hud, 69-70).

Melekler nurdan bolany üçin, adaty göze görünmeýär. Olar diňe pygamberlere asyl şekilinde görnüpdir. Melekler asyl şekilini üýtgedip, başga şekile giren ýagdaýynda ynsan tarapyndan hem görlüp bilinýär. Imany, islamy we yhsany düşündirýän Jibril hadysy muňa mysaldyr. Bu hadysyň beýanyna görä, sahabalar Jebraili (a.s.) adam sypatynda görüpdirler. (Buhary, Muslim, Ebu Dawud).

Melekler gaýyby bilmeýär. Gaýyby diňe Allah bilýär. Eger Allah tarapyndan meleklere gaýyba degişli bir maglumat berlen bolsa, diňe şony bilýärler. Kurany Kerimde Allah (j.j.) hezreti Adam ata (a.s.) barlyklaryň adyny öwredip, soň bu barlyklary meleklere görkezip, atlaryny soraýar. Melekler:

«Seni tenzih ederis (päkläris). Seniň öwredenleriňden başga biziň bilýän zadymyz ýok. Çünki, her bir zady doly bilýän, höküm we hikmet sahyby bolan Sensiň» diýipdirler. Mundan soň Allah Tagala hezreti Adama barlyklaryň atlaryny aýtmagy emr edýär. Ol hemmesini ýeke-eke aýdyp berýär. Allah Tagala meleklere ýüzlenip:

«Size aýtmadymmy, Gökleriň we Ýeriň gaýybyny, şübhesiz, diňe men bilerin. Nämäni açyk aýtsaňyz hem, gizleseňiz hem men bilerin»

— (Bakara, 32-33).

Melekleriň ýaradylyş maksady

düzet

Allah Tagala hiç kime, hiç zada, hiç bir ýardama mätäç däldir. Çünki, Ol her hili kemçilikden, nogsandan münezzeh we mukaddesdir. Ol Sameddir, ýagny, her bir zat Oňa mätäçdir, ýöne Ol hiç zada mätäç däldir. Melekler bolsa Allah Tagalanyň tasarrufyna (emrlerine, dolandyryşyna) gözegçilik edýärler. Tekwini kanunlarda Allah Tagalanyň emrlerine wekilçilik edýärler we olary alkyşlaýarlar.

Wajybul Wujud bolan Allah Tagala bir iş etmekçi bolsa, şol işi meleklere perman edýär. Olar hem bu işiň başynda gaýym durýarlar. Her bir melegiň näme iş etmelidigi – borjy, wezipesi bellidir. Her bir melek tabşyrylan işi alkyşlaýar. Olar bu alkyşlamagy tesbih, tahmid we tekbirler bilen ýerine ýetirýärler. Melekler üçin beýle etmek borçdur. Aslynda Allah Tagala olary bu hikmete laýyk ýaradypdyr.

Melekler diňe Allahyň gullukçylarydyr. Olara hakyky manyda tasarruf hukugy berlen däldir. Muňa göz ýetirmek üçin, Kurana ser salalyň:

«Kasam bolsun, hakykatdan hem ynsany biz ýaratdyk we nebsiniň oňa nämeler pyşyrdaýanyny hem bilýäris. Çünki, Biz oňa boýun damaryndan hem ýakyndyrys. Onuň sagynda we çepinde oturan iki melek bardyr. Onuň her aýdýanlaryny we amallaryny ýazýandyrlar,» (Kaf, 16-17).

Bu aýatda «Kasam bolsun, hakykatdan hem ynsany biz ýaratdyk» diýilmegi Ýaradanyň gönüden-göni Özüdigini, bu meselede Oňa şärigiň ýokdugyny düşündirýär. Ýagny, melekler Allah Tagalanyň kömekçileri däldir. Ýaradylyşda şirke ýer ýokdur. Olar diňe ýaratmak hadysasynyň şaýatlary we synçylarydyr.

«Biz oňa boýun damaryndan hem ýakyndyrys» diýilmegi, ynsan entek özünden habarsyzka, bedeninde bolup geçjek özgerişler hem heniz başlamanka, Allahyň oňa has ýakyndygyny aňladýar. Ol ylmy bilen her bir zady bilýändir, habardardyr. Şonuň üçin ynsandaky tasarruflarynda Ol hiç bir araça we kömekçä mätäç däldir. Bu ýerde melekler ýokarda hem belleýşimiz ýaly, diňe Allahyň ýaradanlarynyň alkyşçysy we synçysydyr.

Melekleriň görnüşleri

düzet

Melekleri derejelerine görä, şeýle sanamak bolar:

Jibril ýa-da Jebrail (a.s.)

düzet

Pygamberlere wahý getirendigi üçin oňa wahý melegi diýilýär. Jebraile «ynamdar ruh» manysynda Ruhul Emin hem diýilýär.

«Oýaryjylardan bol diýip, Ruhul Emin Kurany seniň kalbyňa indirendir»

— (Şu‘ara, 193-194).

Başga bir aýatda oňa Ruhul Kudus (Päk Ruh) ady berlipdir. «...Hak bolan Kurany seniň Rabbiňden size Ruhul Kudus indirendir» (Nahl, 102). Melekleriň iň beýigi, belent mertebelisi we Allaha iň ýakyny bolany üçin Jebraile (a.s.) Seýýidül Melaike hem diýilýär.

Pygamberimiz: «Gul Allahyň ryzasyna ýetjek ýola düşende, Allah Tagala Jibrile ýüzlenip: «Meniň pylan gulum Meni razy etjek bolup jan edýär. Biliň, Meniň rahmetim oňadyr» diýer. Jebrail muny eşidende, asman ähline: «Allahyň rahmeti pylanadyr. Men hem onuň ýanyndadyryn» diýer. Onuň bu sesi tutuş asmanda ýaňlanar. Asmandakylaryň ählisi tarapyndan gaýtalanar» (Ahmet b. Hanbel, «Müsnet») diýýär. Başga bir hadysda: «Allah bir guluny söýende, Jibrile: «Men pylanyny söýýärin, senem söý» diýer. Jibril hem ony söýer, soň asman ähline: «Allah pylanyny söýýär, sizem söýüň» diýer. Asmandakylar hem ony söýer. Mundan soňra ol guly ýeriň ýüzündäkiler hem söýer.

Allah bir guluny ýigrense, Jibrile: «Men pylanyny ýigrenýärin, senem ýigren» diýer. Jibril hem ony ýigrener, soň asman ähline: «Allah pylanyny ýigrenýär, sizem ýigreniň» diýer. Asmandakylar hem ony ýigrener. Mundan soňra ol guly ýeriň ýüzündäkiler hem ýigrenip başlar» diýilýär, (Buhary, Muslim).

Allahyň Resuly Jebraili juda gowy görýärdi. Oňa hemişe minnetdardy. Onuň bilen şeýle bir ýakynlaşypdy, Onsuz oňup bilmeýärdi. Jebrail hem Pygamberimizi gowy görýärdi, (Buhary, Muslim).

Mikail

düzet

Älemdäki tebigat hadysalaryna ýolbaşçylyk edýär, ýaradylanlaryň ryzklaryny eýelerine ýetirýär. Jibril ýaly Pygamberimize iň ýakyn meleklerden biridir. Hadysy şerifde Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Meniň ýer ählinden iki wezirim, gök ählinden hem iki wezirim bardyr. Ýerdäki wezirlerim Ebu Bekir bilen Omar. Gökdäki wezirlerim bolsa, Jebrail bilen Mikaildir» (Tirmizi). Bu hadys hezreti Jibriliň we Mikailiň melekleriň arasynda tapawutlydygyny görkezýär. Aýaty kerimede:

«Allah ynsanlardan we meleklerden ilçiler saýlar»

— (Haj, 75)

diýilýär.

Israfil

düzet

Israfiliň wezipesi sur çalmakdyr. Ol sury iki gezek çaljakdyr. Birinjisinde kyýamat gopar, ikinjisinde täzeden diriliş bolar. Israfil (a.s.) ýaradylan gününden bäri, Allah Tagaladan: «Sury çal!» diýen emre intizardyr.

Israfil (a.s.) hem Allaha iň ýakyn dört melekden biridir. Israfil hem Jibril ýaly Pygamberimiziň sadyk dostudy. Pygamberimiz hadysynda şeýle bir wakany gürrüň berýär:

«Jibril bilen Safa depesinde otyrdyk. Men ýagdaýym barada söz açyp: «Muhammediň içersine bir gysym un girmeýän günler hem bar» diýdim. Men sözümi gutaran badyma gökde kyýamat gopýan ýaly bir gümmürdi eşidildi. – Kyýamat üçin emr berildimi? – diýip soradym. – Ýok, seniň aýdan sözleriň asmanda eşidilende, Israfile bu ýere gelmek emr edildi. Derrew Israfil ýanymyzda häzir boldy. Ol maňa ýüzlenip: – Eý, Resulallah, Allah Tagala seniň aýdanlaryňy eşitdi. Ýeriň ähli hazynalarynyň açarlary bilen meni seniň ýanyňa iberdi. Isleseň, (hezreti Süleýman ýaly) Mälik bir pygamber bol, isleseň, mütewazyg (pespäl, kiçigöwünli), gul pygamber halynda gal – diýdi. Şol wagt Jibriliň ýüzüne seretdim. Ol maňa: – Rabbiň öňünde mütewazyg bol – diýip, yşarat edýärdi. Men hem Jibriliň aýdanyny saýlap: – Bir gün dok bolup şükür edýän, bir gün aç bolup ýalbarýan gul pygamber bolmak isleýärin – diýip, Israfile jogap berdim,» (Ahmet b. Hanbel). Kurany Kerimde hem Pygamberimiziň wepadar dosty barada söz açylýar:

«Sur çalyndy. Göklerde we ýerde bolanlar (gorkudan) çaşyp ýykyldylar. Diňe Allahyň islänleri galdy. Soňra sur ikinji gezek çalyndy. Birden olar turdular, biri-birlerine bakyşdylar»

— (Zümer, 68).

Başga bir aýatda Israfiliň dagwatçydygy (çakylykçy) aýdylýar:

«Diňle, şol gün münadi (Israfil) ýakyn bir ýerden çagyrar»

— (Kaf, 41).

Azrail

düzet

Ölüm müddeti ýetende, dirileriň janyny alýandygy üçin «Melekül mewt» – ölüm melegi diýip tanalýar:

«Aýt, size wekil bellenen ölüm melegi janyňyzy alar, soňra Rabbiňize dolanarsyňyz»

— (Sejde 11).

Ynsanyň bir melegiň ýoldaş bolmagy arkaly durmuşa ilkinji ädimini ädişi ýaly, ahyret älemine tarap hem ýene bir melegiň ýoldaş bolmagy arkaly ätlär. Hemralyk wezipesini hem Azrail (a.s.) ýerine ýetirýär. Bu meselede akylyňa iň köp gelýän sowallardan biri: Azrail ýekeligine garamazdan, nädip şonça adamyň janyny alyp ýetişýärkä? Bu sowaldaky iň esasy ýalňyşlyk melegi ynsana meňzetmekdir. Şeýle hem ruhy bedeniň kanunlaryna boýun egdirjek bolmak ýalňyşdyr. Melegi özi bilen deň hasaplan ynsan çäklendirilen iradesi bilen melegiň tasarrufyna düşünip bilmez. Melekler ruhany barlyk bolandygy üçin, zaman we mekan bilen çäklendirilen däldir. Olar şol bir wagtda müňlerçe ýerde görnüp biler. Bu birnäçe aýnaly otaga giren ynsanyň şol bir wagtda aýnalaryň hemmesinde görnüşi ýalydyr.

Hakykatda ynsanyň janyny alýan Allah Tagalanyň özüdir. Ýöne ölümiň ýakymsyz ýüzi göni Allah bilen baglanyşdyrylmazlygy, Oňa garşy erbet pikirler döremezligi üçin, Azrail bu işde perdedir.

Ölüm wagty gelende, hassalyk, musybat ýaly sebäpler arkaly ynsan bilen Azrailiň arasynda baglanyşyk döreýär. Meselem: müňlerçe esgeriň bir buýruk bilen hereket edişi, Günüň şol bir wagtda müňlerçe aýna we suw ýüzünde şöhlelenişi we edil elektrik düwmesi basylanda, müňlerçe yşyk lampalarynyň birbada sönüşi ýaly, sanalgysy dolan her bir ynsanyň jany Azrailiň degmegi bilen alynýar.

Kurany Kerimiň we hadyslaryň beýanyna görä, Azrail bu işe diňe wekilçilik edýär. Bu işi ýerine ýetirmekde onuň kömekçileri hem bardyr. Olar topar-topardyr. Olaryň bir bölegi ynjytman, gyssaman, usullyk bilen demi sogurýar. Bir bölegi alan ruhuny bulut kimin asmanda ýüzdürip, Allahyň huzuryna eltýär. Kurany Kerimde bu toparlar barada şeýle yşarat edilýär:

«Ol käfirleriň janyny ýerinden goparyp, çuňdan dartyp alanlara, mü’min-musulmanlaryň janyny usullyk bilen sogranlara, ýüzüp-ýüzüp gidenlere kasam bolsun»

— (Naziat, 1-3).

Muňa görä, jany alynjak her bir kişä aýratyn bir melek iberilýändir. Olaryň ählisi Azrailiň ýolbaşçylygyndadyr. Ol Allahyň emri bilen ruhuň ýagşy we erbetligine görä, dürli melekler iberip, jan aldyrar. Bu Allahyň her bir işi ýeňillik bilen, müşgilsiz amal edýändiginiň nyşany, gudratynyň alamatydyr.

Kiramen Kätibin

düzet

Ynsanyň sagynda we çepinde bolan iki melegiň adydyr. Sagdaky melek ýagşylyklary, çepdäki melek erbetlikleri ýazar. Bu melekler kyýamat güni hasap wagtynda edilen işlere şaýatlyk etjekdir. Kurany Kerimde bu melekler barada şeýle aýdylýar:

«Iki melek sagyňyzda we çepiňizde oturyp, ähli edenleriňizi ýazýarlar. Ynsan bir söz aýtsa, oňa gözegçilik edýän melek ýazmak üçin ýanynda häzir bolar»

— (Kaf, 17-18).

Hadyslaryň beýanyna görä, gul bir günä iş edende, çepdäki melek derhal ony ýazjak bolar. Sagdaky melek bolsa oňa: «Biraz garaş, belki gul toba eder, puşman eder ýa-da bir ýagşylyk edip, günäsini ýuwar» diýer.

Munker we Nekir

düzet

Ölümden soň gabyrda sowal sorajak iki melekdir. Munker we Nekir jaýlanan kişä hiç görülmedik şekilde görnüp, şu sowallary sorar: «Rabbiň kim?», «Pygamberiň kim?», «Diniň haýsy din?». Merhumdan aljak žogaplaryna görä, oňa ýagşy ýa-da erbet dararlar.

Hamaleýi Arş

düzet

Arşy göterýän meleklerdir. Bular dört uly melekden soň, Allaha iň ýakyn meleklerdir. Kurany Kerimde olar barada şeýle aýdylýar:

«Arşy göterýän we töwereginde bolan melekler Rabbini hamd we tesbih ederler, Oňa iman ederler...»

— (Mü’min, 7).

Başga bir aýatda:

«Melekler-de onuň gyrasyndadyr. Şol gün Rabbiň tagtyny sekiz melek göterer»

— (Hakka, 17).

Bu aýatlara salgylanan alymlar arşy göterýän melekleriň dörtdügini, kyýamat güni olaryň sanynyň sekize ýetjekdigini habar berýärler.

Mele-i agla we Muheýýemun melekleri

düzet

Aýat we hadyslaryň berýän maglumatlaryna görä, Mele-i agla biziň düşünmegimiz kyndyr. Müheýýemun melekleri bolsa, özünden geçip, diňe Allah Tagalany zikr ederler. Ýer ýüzündäki aşk we şöwkleri «Wedud» adynyň bir tejellisi hökmünde bu melekler temsil eder. Hak Tagalanyň arşynyň töwereginde emre taýyn, Onuň jemalyny görmek yşk we arzuwy bilen ýanyp tutaşan we belki, ýaradylaly bäri özlerini hem bilmeýän, ähli düşünjelerini Magrifeti ilahiýe bagyşlan bu mükerrem melekler hakynda hem hadyslarda aýdylanlardan başga maglumat ýokdur.

Hazin we Ryzwan

düzet

Allaha ýakyn meleklerden biri-de Hazindir. Hazin jennete gözegçilik edýän melegiň adydyr. Pygamberimiz bir hadysynda Hazin barada şeýle söz açýar: «Jennetiň gapysyna bararyn we açylmagyny islärin. Hazin sorar: – Sen kimsiň? – Men Muhammetdirin – diýip, jogap bererin. Hazin sözüni şeýle dowam eder: – Men bu gapyny senden öň hiç kime açmazlyk emrini aldym» (Muslim, Ahmet b. Hanbel, Müsnet). Haziniň köplük sanda aýdylyşy Hazenedir. Kurany Kerim jennetiň bu sakçylary barada şeýle söz açýar:

«Rabbiniň azabyndan gorananlar hem topar-topar jennete ugradylar. Gapylary has öň açylan jennete baranlarynda, onuň hazeneleri olara: «Salam size, siz ne ýagşysyňyz, ebedi galmak üçin bu ýere giriň» diýerler»

— (Zümer, 73).

Käbir hadyslarda jennet gözegçilerine ýolbaşçylyk edýän melege Hazin, käbir hadyslarda bolsa Ryzwan diýilýär. Ryzwan Allah Tagalanyň ynsanlara bagyş eden nygmatlarynyň iň aňrybaşydyr. Kurany Kerimde bu hakykata şeýle yşarat edilýär:

«Mü’min erkek we aýallara: içlerinden derýalar akýan ol ýerde ebedi galjaklary jennetler we Adn jennetlerinde gözel mesgenler wada edilendir. Allahyň razy bolmagy bolsa, hemmesinden ýokardadyr. Ine, iň uly üstünlik budur»

— (Toba, 72).

Jennete girjek ynsanlara ýüzlenilende, «ryza» manysyna aýratyn üns çekilýär. Mutmainne (karar tapan) mertebesine ýeten nebse:

«Ol senden, sen hem Ondan razy bolup, Rabbiňe dolan»

— (Fejr, 27-28)

, diýilýär. Bu aýatdan görnüşi ýaly, jennet – tutuşlygyna ryza otagydyr. Allah Tagala ryzasy bilen ol ýere tejelli edýär. Ol ýere girjekler hem Rablerinden razy bolup girerler. Şonuň üçin jennete «Ryza» manysynda «Ryzwan» gözegçilik eder. Diýmek, jennete we jennetiň hazanelerine ýolbaşçylyk edýän Ryzwandyr. Jennetiler Ryzwan tarapyndan garşy alnar.

Mälik

düzet

Ynsan bilen gatnaşygy bolan mukarreb meleklerden biri hem Mälikdir. Mälik jähenneme gözegçilik edýän melekdir. Ýagny, jähennemiň sakçysy bolan melekleriň ýolbaşçysydyr. Kurany Kerim jähennemde wezipeli bolan bu melekleri şeýle tanadýar:

«Her bir topar onuň içine (dowzaha) atylanda sakçylary olardan: «Size bir oýaryjy gelmedimi?» diýip sorarlar. Olar: «Hawa, bize oýaryjy geldi, emma biz olara ýalançy diýip ynanmadyk. «Size Allah hiç bir zat inderen däldir. Siz diňe azaşansyňyz diýdik» diýip jogap gaýtaranlaryndan soň, «Eger biz olaryň diýenlerine gulak asan bolsak ýa-da oýlanyp, akyl ýetiren bolsak, şu gowrujy oda düşen jemendäniň arasynda bolmazdyk» diýip, öz günälerini boýun alarlar. Aslynda ol gowrup barýan oda düşen jemende jebir-süteme laýykdyr»

— (Mülk, 8-11).

Jennetdäki melekler ynsanyň göwnüni göterer emma, jähennem zebanileri (sakçylary) bolsa, hadysyň beýanyna görä, has erbet şekilde görnüp, ynsanyň ýüregine gorky salar.

Hafaza (goraýjy) melekleri

düzet

Bu melekler ynsany her dürli bela we musybatlardan goraýar. Bu ýagdaý aýatda şeýle düşündirilýär:

«Goraýjysy, gözegçisi (melegi) bolmadyk kişi ýokdur»

— (Taryk, 4).

Başga bir aýatda: «Her bir ynsanyň öňünden we arkasyndan gözegçilik edýän melekler bardyr. Ony Allahyň emri bilen goraýarlar» (Ra’d, 11). Taberaniniň rowaýat eden bir hadysynda bolsa ynsana 360 melegiň gözegçilik edip, ony goraýandygy aýdylýar, (Suýuti, «Dürrül Mensur»).

Seýýar melekler

düzet

Bu melekler ynsanyň ybadat we zikr mejlislerine aýlanýar: «Nirede Allahy ýatlaýarlar. Nirede Allah barada söhbet edilýär. Köňüller Onuň yşky, muhapbeti bilen ýanyp, diller sena edinýär...». Olaryň käbiri gezek-gezegine mü’min gullaryň eden ybadatlaryny Allah Tagala habar edýärler. Hadysyň beýan etmegine görä: «Allah Tagala huzuryna gelen bu meleklerden sorar: «Nireden gelýärsiňiz?» Olar: «Gullaryň ýanyndan» diýip jogap bererler. – Olar nähili ýagdaýdady? – Baramyzda namaz okaýardylar. Yzymyza gaýdanymyzda-da namaz okaýardylar, (Buhary). Bu melekler ertir we ikindi namazynda nobatlaryny çalyşýarlar.

Bu melekler ynsanyň ybadatyna goşulyp, hemişe olar bilen hamd we tesbih edýärler. Olaryň şeýdip ybadata goşulmaklary ynsanyň käbir günäleriniň ýuwulmagyna sebäp bolar. Bir hadysy şerifde: «Ymam: Gaýril magzubi aleýhim welezzalliýn» diýende, siz «ämin» diýiň. Çünki, her kimiň «ämin» diýmegi melegiňki bilen deň gelse, Allah onuň eden günälerini magfiret eder, (Buhary, Muslim) diýilýär.

Başga bir hadysda: «Ymam: «Semi Allahu limen hamideh» diýende, siz hem «Rabbenä lekel hamd» diýiň, kimiň sözi melekleriňki bilen deň gelse, onuň günäleri bagyşlanar» diýilýär. Bu melekleriň käbiri bolsa, Pygamberimize aýdylan salawatlary oňa ýetirýär. Hadysy şerifde Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Juma günleri maňa köp salawat aýdyň, çünki, şol gün melekleriň häzir bolýan günüdir...» (Ibni Maje).

Kitaplara iman

düzet

«Kitap» sözi ýazmak, ýazga geçirilen nusga manylaryny berýär. Dini taýdan bolsa, Allah Tagalanyň gullaryna ýol görkezmek we gitjek ugurlaryny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen pygamberlerine wahý eden sözlerine we olaryň ýazga geçirilen görnüşine diýilýär. Bu kitaplara Allahyň kitaplary manysynda «ilahi kitaplar», «semawi kitaplar», «mukaddes kitaplar» diýilýär. Hristian we ýahudilere ilahi kitap hökmünde Injil we Töwrat berlendigi üçin olara «Ähli Kitap» diýilýär.

Kitaplara iman – Allah tarapyndan käbir pygamberlere kitap inderilendigini ykrar edip, bu kitaplaryň mazmunynyň dogry we hakykatdygyna ynanmak diýmekdir. Allah Tagala Pygamberimize:

«Ynha, şonuň üçin sen tewhide çagyr, emr edilişi ýaly dos-dogry bol. Olaryň höweslerine uýma we şeýle aýt: «Men Allahyň inderen kitabyna ynandym. Araňyzda adalaty durmuşa geçirmek emrini aldym...»

— (Şura, 15)

, diýip ýüzlenipdir. Mü’minlere bolsa:

«Eý, iman edenler! Allaha, Pygamberine, oňa indiren Kitabyna we has öň indiren Kitabyna iman ediň. Kim Allahy, meleklerini, Kitaplaryny, pygamberlerini we kyýamat gününi inkär etse, onuň azaşandygy ikuçsuzdyr»

— (Nisa, 136)

diýmek bilen, kitaplara ynanmagyň imanyň esasydygyny belleýär. Yslamda iman esaslary bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Birine ynanyp, beýlekisine ynanmazlyk mümkin däldir. Olar biri-birini subut edýärler we tassyklaýarlar.

Ilahi kitaplar pygamberleriň üsti bilen iberilendir. Olar gönüden-göni Allahyň Kelam sypatynyň eseridir. Kurany Kerimden başga beýleki kitaplaryň şu wagtky nusgalaryna däl-de, Allahdan gelen, üýtgedilmedik nusgalaryna ynanmalydyrys. Allah käbir pygamberlerine sahypa, käbirine bolsa kitap iberipdir. Sahypalar düýbünden ýitip gidipdir. Töwrat, Zebur we Injil ýaly kitaplar bolsa, wagtyň geçmegi bilen ynsanyň ýagşy ýa-da ýaman niýetleri bilen üýtgedilip ýoýlupdyr. Allahyň wahý eden görnüşinde goralyp saklanan, üýtgedilmän we ýoýulman şu günki günlere ýeten, kyýamata çenli hem asyl nusgasyny, güýjüni ýitirmejek ýeke-täk kitap Kurany Kerimdir.

«Kurany Kerimi Biziň inderenimiz anykdyr. Elbetde, ony ýene Biz gorap saklarys»

— (Hijr, 9)

, aýaty, Kuranyň Allah tarapyndan ýörite gorag astynda saklanylýanlygy, kyýamata çenli üýtgedilmän, ýoýulman, hökmüniň dowam etjekdigi habar berilýär.

Kurany Kerim özünden öňki kitaplary tassyk edip, şeýle hem, olaryň käbir hökümlerini ýatyryp, täze hökümler getirendir. Allah Tagala mü’min bolmak üçin, hezreti Muhammede we Oňa inen Kurana tabyn bolmaklygy buýurýar, (ser. Äli Imran, 31; Nisa, 47; Maide 15; Engam 153).

Ynsan daş-töweregine we beýleki barlyklara seredip, bir Ýaradyjynyň bardygyny bilmek ukybyna eýedir. Ýöne ynsanyň Ol Ýaradyjynyň öňündäki öz wezipeleriniň nämedigini bilmegi mümkin däldir. Şonuň üçin Allah Tagala fazly-kereminiň, rahmetiniň nusgasy hökmünde ynsana Kitap we Pygamber iberipdir. Ilahi kitaplaryň asyl maksady adamzady azaşmakdan halas edip, olary hidaýete, ýagşylyga, aýdyňlyga çykarmak we iki dünýäde hem bagtly etmekdir.

Ylahy kitaplar

düzet

Allahyň kelamy bolmak taýyndan ilahi kitaplaryň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Olar «suhuf» we «kitap» diýen iki görnüşe bölünýär.

  • a) Suhuf.Sahypa sözüniň köplük sany bolan suhuf – adamzat jemgyýetiniň ilkinji döwürlerinde ýaşan halklara inderilendir. Kurany Kerimde hezreti Ibrahim we hezreti Musa inderilen sahypalardan söz açylýar, (Nejm, 36-37; A’la, 14-19). Onda inen sahypalaryň jemi ýüz töweregi bolup, hezreti Adam ata on, hezreti Şite (a.s.) elli, hezreti Idrise (a.s.) otuz, hezreti Ibrahime (a.s.) on sahypa inderilendigi habar berilýär.
  • b) Kitap. Suhuflardan has göwrümli bolup, kämilleşip, giň ýaýran, san taýdan köpelen adamzat jemgyýetine inderilendir. Kurany Kerimde dört sany kitap barada aýdylýar. Olar
    • Töwrat
    • Zebur
    • Injil
    • Kuran

Töwrat

düzet

«Töwrat» sözi ibrani dilinde bolup, «kanun», «şerigat», «emr», «ündew», «ýol görkeziji» manylaryny berýär. Ol hezreti Musanyň (a.s.) üsti bilen Israil ogullaryna inderilipdir. Kurany Kerimde Töwrat on sekiz ýerde agzalýar. Onuň Allahyň mukaddes kitaplaryndan biridigi şeýle beýan edilýär:

«Içinde hidaýet we nur bolan Töwraty Biz inderdik...»

— (Maide 44).

Ýöne olar, ýagny, Israil ogullary taryhda başdan geçiren sürgün we ýesirlikleri sebäpli, Töwratyň asyl nusgasyny gorap bilmändir. Töwratyň asyl nusgasy ýitende, ýahudy din alymlary ony täzeden ýazypdyr. Häzirki döwre gelip ýeten Töwrata, doly manydaky ilahi kitap diýmek kyndyr. Çünki, ol tutuşlygyna wahý bolman, ynsanyň sözleri bilen garyşdyrylandyr.

Häzirki döwürde ýahudylaryň mukaddes kitaplaryny iki esasda jemlemek bolar:

  1. Tanah
  2. Talmut

Hristianlaryň ahdi-atik (köne äht) diýip atlandyrylýan Tanah üç bölümden ybaratdyr:

  • a) Tora;
  • b) Newiim;
  • ç) Ketuwim.

«Tanah» sözi bu üçüsiniň gysgaldylan adydyr.

Ýahudylar köplenç bu üçüsini «Tora» diýip atlandyrýarlar. «Tora» ibraniçe bolup, arapçasy «Töwratdyr». Töwraty düzýän kitaplaryň sany ýahudylara görä 24, hristianlara görä 39-dyr. Töwrat müň ýylyň dowamynda emele gelipdir. Biziň eramyzyň togsanynjy ýylynda geçirilen Ýýemnia maslahatynda kitap görnüşine geçirilipdir.

Talmut bolsa, Töwratyň hahamlar (ewreý din alymlary we ýolbaşçylary) tarapyndan nesilden nesile dil üsti bilen geçirilen tefsiridir. Biziň eramyzyň 150-nji ýyllarynda Ýudas atly haham tarapyndan «Mişna» ady bilen ýazga geçirilipdir. Mişna – gaýtalanan şerigat manysyny berýär.

Hezreti Musanyň (a.s.) biziň eramyzdan öň XIII asyrlarda ýaşandygy habar berilýär. Ýöne Töwratyň iň gadymy ybranyça nusgasynyň biziň eramyzdan öň VII ýa-da X asyra degişlidigi habar berilýär. Bu maglumatlar: Töwratyň hezreti Musa inen asyl nusgasynyň ýitendigini görkezýär.

Bu kitap hezreti Dawut pygambere inen kitapdyr. «Zebur» sözi arapça «kitap», ibraniçe «hat» diýen manylary berýär. Kurany Kerimde Zebur barada Töwrat we Injil ýaly giň maglumat berilmändir. «Zebur» sözi Kuranda üç ýerde agzalýar. «Şübhesiz, Töwratdan soňra Zeburda hem şeýle ýazypdyk:

«Ýer ýüzüne salyh gullarym mirasdar bolar»

— (Enbiýa, 105).

«Dawuda Zebury beripdik»

— (Nisa, 163; Isra 55).

Hezreti Dawuda inderilen Zebur bu gün ahdi-atikiň içinde «mezmurlar» ady bilen ýer alýar. Zeburyň özbaşdak kitaby ýokdur. Şonuň üçin Zebur barada giň maglumata duş gelinmeýär. Häzirki döwürde ýewreý we hristian ybadathanalarynda aýdylýan kasydalaryň arasynda mezmurlara köp duş gelinýär.

Injil hezreti Isanyň üsti bilen Israil ogullaryna inderilen hak kitaplaryň üçünjisidir. Kurany Kerimde Injil we hezreti Isa barada giň maglumat berilýär. Injiliň üýtgedilip, ýoýulandygy bellenýär.

«Geçen pygamberlerden soň, özünden öň gelen Töwraty tassyklaýjy hökmünde Merýem ogly Isany iberdik. Oňa özünden öňki Töwratyň tassyklaýjysy, muttakylara hidaýet we öwüt, içi hidaýet we nurdan doly Injili berdik»

— (Maide,46).

«Injil» sözi – «buşluk», «hoş habar» diýen manylary berýär. Grekçe bu kitaba «Bibliýa» diýilýär. Manysy: «kitapça» diýmekdir. Hristianlar Injile «ahdi jedid» (täze äht) diýýärler. Täze äht dört injil («Matta», «Markos», «Luka», «Ýuhanna») bilen ýigrimi üç babyň jemlenmesinden ybaratdyr. Bu kitaplaryň ählisi I-II asyrdan soň ýazylýar we ýaýraýar. Injiliň asyl nusgasy grekçedir.

Hristiançylygyň ilkinji asyrlarynda ýazylan bu Injilleriň sany diňe agzalan dördüsi bilen çäklenmeýär. Olardan başga-da, şol döwürde, üç ýüz töweregi Injil ýazylypdyr. Biziň eramyzyň 325-nji ýylynda geçirilen Iznik maslahatynda bularyň diňe dördüsi hakyky Injil diýlip kabul edilýär.

Häzir: «Injil hezreti Isa inderilen Injiliň asyl nusgasymy ýa-da dälmi?» diýen meselede şu aýratynlyklara üns berilmelidir:

  1. Hezreti Isa dirikä, Onuň aýdanlarynyň ýa-da eden işleriniň hiç biri ýazga geçirilmändir.
  2. Hezreti Isanyň dünýeden ötmeginiň yz ýany, Onuň ýazga geçirilen sözleri we durmuşy barada maglumat berýän çeşmeler ýitipdir.
  3. Gürrüňi edilýän bu Injilleri ýazan awtorlaryň hiç biri hem hezreti Isany görmändir.
  4. Hezreti Isanyň ene dili – arami (gadymy ýewreý dili) dilidir. Emma bu Injiller grek dilinde ýazylypdyr.
  5. Bize gelip ýeten golýazma görnüşindäki Injiller baryp-ha IV-V asyrlara degişlidir. Olaryň bolsa şol wagta çenli nähili we nä derejede ýoýulandygy anyk belli däldir.

Bu gün hristianlar Töwraty, Zebury, we Injili «Mukaddes Kitap» ady bilen bir ýere jemläpdir. Ýöne bu kitapda Allahdan inişi ýaly mukaddeslik saklandymyka? Bu meselede Pygamberimiziň şu maslahatyna görä özüňi alyp barsaň dürs bolar: «Ähli kitaby» tassyk hem etmäň, ýalan hem diýmäň. Ýöne şeýle diýiň: «Biz Allaha, bize inderilen Kurana, Ibrahime, Ismaile, Ishaka, Ýakuba we nesillerine inderilenlere, Musa, Isa berlenlere we ähli pygamberlere Rableri tarapyndan inderilenlere iman etdik. Olaryň hiç birini beýlekisinden tapawutlandyrmarys. Biz Allaha teslim bolan musulmanlardyrys» (Bakara, 136; Äli Imran 84).

Kurany Kerim

düzet

Kurany Kerim Allah Tagalanyň adamzada iberen iň soňky mukaddes kitabydyr. Ol hezreti Muhammede (s.a.w.) Jebrailiň (a.s.) üsti bilen ýigrimi üç ýylyň dowamynda bölekleýin inderilip, şu günlere tewatür ýoly bilen gelip ýeten, okalmagy ybadat bolan kitapdyr. Tewatür – haýsydyr bir jemagat tarapyndan wagyz edilýän, ýalan ähtimallygy bolmadyk, anyk, dogry, güýçli habardyr.

«Kuran» sözi – jemlemek, okamak, ýygnamak manylaryny berýär. Bu at Kurana hut Kurany Kerimiň özi tarapyndan berlendir — (Bakara, 185).

Kurany Kerimiň başga-da ençeme atlary bardyr. Olardan käbiri şular: «Kitap»,«Furkan», «Höküm», «Hikmet», «Şyfa», «Hüda», «Rahmet», «Ruh», «Beýan», «Nygmat», «Burhan», «Nur», «Hak» ...

Kuranyň mazmuny

düzet

Kurany Kerim muttakylara zikir we hidaýet, mü’minlere rahmet we buşluk, maddy we ruhy kesellere doga we şypa, käfirlere oýaryjy we hasrat, tutuş adamzada ýeterlik beýan, öwüt we nesihatdyr. Kurany Kerim ynsany syraty mustakime äkidýän hidaýet çeşmesidir. Syraty mustakim pygamberleriň, syddyklaryň, şehitleriň we salyhlaryň ýörän giň we göni ýoludyr. Ol ýol – yslam dinidir. Yslamyň esasy özeni bolsa Kurandyr.

Adamzady hem şu dünýäde, hem ahyretde bagta ýetirjek Kurany Kerim ynsana ygtykat, ybadat, ahlak, ižtimagyýat, ykdysadyýet, syýasat, taryh, hukuk, ynsan, älem we metafizika ýaly ençeme hakykatlardan söz açýar.

Kuranyň söz açýan bu hakykatlarynyň iň ähmiýetlileri şulardyr:

  1. Tewhid (Allahyň birligi we ýeke-täkligi),
  2. Nubuwwet (pygamberlik),
  3. Haşr (ölümden soň dirilmek),
  4. Ybadat (Allaha we ahyret gününe ynanan ynsanyň amal etmeli ybadatlary), ahlak we muamelat (ynsanyň şahsy we ijtimagy durmuşda özüni alyp barmagyň düzgünleri).

Älemi we ynsany düşündiren Kuranda hiç zat egsik däldir. (En’am, 59). Ýöne Kuran her bir zadyň ähmiýetine görä söz açýar. Gulluk we Allahy tanamak, Oňa gulluk etmek üçin ýaradylan ynsany dünýä we ahyret bagtyna ýetirjek iň möhüm zatlar, elbetde, towhyd, nübüwwet, haşr we gullukdyr. Şonuň üçin Kuran bulardan köp söz açýar.

Kurany Kerim mugjyzasy

düzet

Kurany Kerim söz we many taýyndan iň beýik we ebedi mugjyzadyr. Beýleki pygamberleriň mugjyzalary öz döwürleri geçenden soň gutarypdyr. Emma Kuran mugjyzasy kyýamata çenli dowam eder. Ol bakydyr. Kurany Kerim arap edebiýatynyň iň ösen döwründe inendigine garamazdan, şol döwrüň adamlarynyň özüne taý bolup biljek bir eseri döredip bilmejekdigini belläp, olaryň ejizligini açyk aýdypdy:

«Aýt, kasam bolsun, bu Kuranyň meňzeşini döretmek üçin, ynsan we jyn bir ýere jemlenseler, biri-birlerine kömek etseler, şonda-da başaryp bilmezler»

— (Isra, 88)

Başga bir aýatda:

«Eger gulumyz (Muhammede) inderenlerimizden şübhe edýän bolsaňyz, geliň, sizem şoňa meňzeş bir sure dörediň. Eger aýdanlaryňyz dogry bolsa, Allahdan başga ýardamçylary çagyryň, ýöne şonda-da eliňizden gelen zat bolmaz. Onda ýangyjy ynsan we daşlar bolan dowzah odundan saklanyň»

— (Bakara, 23-24; Hud, 13; Tur, 33-34)

, diýilýär. Kuranyň garşysyna gidýän ençeme duşmany şu günlere deňiç Kuranyň bu çagyrşyna jogap berip bilmändir. Hakykatdan hem Kuranyň uslubynda şeýle çeper we manyly eser şu wagta çenli döredilmändir. Diýmek, okamagy we ýazmagy bilmeýän, ümmi bolan hezreti Muhammet (s.a.w.) hiç kimden zat öwrenmändir. Ol bu hakykatlary göni Alim we Habir bolan Allah Tagaladan wahý görnüşinde alyp adamlara ýetiripdir. Bu bolsa, Kuranyň Allahdan gelen hak kitapdygyny, hezreti Muhammediň (s.a.w.) bolsa pygamberdigini subut edýän iň görnükli mugjyzadyr.

Kurany tapawutlandyrýan aýratynlyklar

düzet

Üýtgedilmeden goralandyr

düzet

Kurany gorap saklamagy Allah Tagala hut Öz üstüne alýar. Bu barada Kurany Kerimde şeýle aýdylýar:

«Elbetde, bu Kurany Biz inderdik we ony gorap saklajak ýene Bizdiris»

— (Hijr, 9).

Kurany Kerim 23 ýylyň dowamynda aýat-aýat, sure-sure inderilipdir. Pygamberimiz özüne inen bu aýat we sureleri töweregindäki sahabalaryna aýdyp beripdir. Sahabalar bolsa, ony ýat tutupdyrlar. Olaryň arasynda Pygamberimize gelen wahýi ýazyp alýan ýörite kätipleri bolupdyr. Olar inen aýat we sureleri ýazypdyrlar. Aýatdyr sureleriň Kuranyň niresinde goýulmalydygyny Pygamberimiz Jebrailiň öwretmegi bilen görkezipdir. Şeýlelikde, Pygamberimiz dünýeden ötmänkä, Kuran doly ýazylypdyr.

Kuran Ebu Bekiriň halifligi döwründe Zeýd b. Sabitiň ýolbaşçylygyndaky hafyzlardan we wahý kätiplerinden döredilen geňeş tarapyndan «Mushaf» ady bilen ýeke-täk kitap görnüşine getirilýär. Hezreti Osman döwründe bolsa köpeldilýär. Şeýlelikde Kuran üýtgedilip ýoýulmakdan goralyp saklanýar.

Kurany Kerim iň soňky Kitapdyr

düzet

Kuran – beýleki kitaplary tassyklaýjy hökmünde hezreti Muhammede (s.a.w.) inen iň soňky Kitapdyr. Şonuň üçin onuň hökmi kyýamata çenli dowam eder. Kim dünýä we ahyret sagadatyna ýetjek bolsa, hökman Kurana görä amal etmelidir.

«Bu Kuran beýik Kitapdyr. Ony biz inderdik. Örän mübärekdir. Indi oňa tabyn boluň, emrlerini ýerine ýetiriň we Allahdan gorkuň. Şeýtseňiz, merhemete gowşarsyňyz»

— (Engam, 155).

Kuranyň hökümleri ylma ters däldir

düzet

Kuran ynsany ylma, irfana, tefekküre çagyrýar. Ylym we tehnika näçe össe-de, Kurana çapraz gelmez. Gaýta tersine, tebigy, takyk we ižtimagy ylymlaryň ösmegi Kuranyň tefsirini we düşünilmegini ýeňilleşdirer.

Kurany ýat tutmak ýeňildir

düzet

Kuranyň mugjyzalarynyň ýene bir tarapy ony ýat tutmagyň ýeňilligidir. Ony kiçi ýaşly çaga hem aňsatlyk bilen ýat tutýar. Kuran iň köp ýat tutulýan kitapdyr. Kurany Kerimi tutuşlygyna ýat tutmak farzy kifaýedir.

Kuran arap dilinde inipdir

düzet

Allah Tagala kitap ýa-da sahypa iberen her bir pygamberine şol halkyň dili bilen ýüzlenipdir. Pygamberimiziň arap bolmagy, Kuranyň arap dilinde inderilmegine esasy şertdir. Hezreti Muhammet (s.a.w.) iň soňky pygamber, Kurany Kerim hem iň soňky Kitap bolandygy üçin, diňe oňa laýyklykda amal edilmelidir. Şeýle hem bir dilden başga bir dile doly terjime etmek mümkin däldigi üçin, hem-de tertip we hormat üçin namazda Kurany Kerimiň arapçasynyň okalmagy hökmandyr.

Kuranyň öňündäki wezipelerimiz

düzet

Her bir musulmanyň Kuranyň öňündäki iň esasy wezipesi – onuň Allah Tagalanyň inderen hak Kitaby – ezeli kelamydygyny tassyk etmegidir. Şeýle hem ony okamagy öwrenip, manysyna düşünmek emr we gadaganlyklaryna boýun bolmak, şahsy we jemgyýet durmuşymyzy onuň getiren dessurlaryna görä ýaşamak borjumyzdyr. Şonuň üçin Pygamberimiz bu barada käbir hadyslarynda şeýle diýýär:

«Siziň iň haýyrlyňyz Kurany öwrenen we öwredendir» (Buhary). «Kalbynda Kurandan hiç bir zat bolmadyk kişi harap bolan öý kimindir» (Tirmizi). «Kuran okaň. Çünki bu Kuran özüni okanlara kyýamat güni şefagat eder» (Muslim).

Kuranyň özi hem şeýle buýurýar:

«Biz bu kitaby saňa, Rabbiniň rugsady bilen, ynsanlary zulmatdan nura çykarmagyň, güýç gudratyň eýesi we her işi öwgä mynasyp Allahyň ýoluna ugrukdyrmagyň üçin inderdik»

— (Ibrahim, 1).

«Kuran okalan wagty ony sesiňizi çykarman diňläň-de, merhemet edilenlerden boluň»

— (A’raf, 204).

Kuran okamagyň düzgüni

düzet
  • Kurany kitapdan okamak üçin taharetli bolmak farzdyr. Okamaga başlamazdan E’uzü-besmele aýtmak müstehapdyr.
  • Kurany aýda bir gezek hatim etmek gowy görlüpdir. Ýylda bir, kyrk günden bir, hepdede bir hatim edilmelidigini aýdanlar hem bardyr. Üç günden az wagt aralygynda hatim etmek dürs görülmeýär. Çünki Kuran çalt okalsa, onuň manysyna düşünmek kyn bolýar we ýalňyşlyk goýberilmegi hem mümkindir. Arapça okamagy bilse-de, arapça düşünmeýän dini ylmy bolmadyk kişiler Kuranyň tefsirini okamaly, ýa-da bolmanda terjimesini bir gezek okasa, has laýykdyr.
  • Kurany labyzly we tejwid bilen okamak mustehahapdyr. Pygamberimiz hadysynda «Kurany sesiňiz bilen bezäň» diýip buýurýar.
  • Kurany okamak nafile ybadat etmekden, Kurany sesli okamak bolsa, sessiz okamakdan has fazyletlidir. Bir kişi ýöräp barýarka ýa-da bir işe meşgulka, Kurany ýatdan okap biler.
  • Namaz okamak mekruh bolan wagtlarda doga, tesbih, Pygamberimize salawat aýtmak, Kuran okamakdan has fazyletlidir.
  • Kurany diňlemek farzy kifaýedir. Şonuň üçin başga bir iş bilen meşgullanýan adamlaryň ýanynda gaty ses bilen Kuran okamak gowy görülmändir.

Pygamberlere iman

düzet

«Pygamber» sözi pars sözi bolup, «habar äkidýän» we «ilçi» diýen manylary berýär. Dinde aňladýan manysy emr we gadaganlyklary ynsana teblig etmek we hidaýet ýoluny görkezmek üçin Allahyň gullarynyň arasyndan saýlan ilçilerine pygamber diýilýär. Kurany Kerimde Allahyň wezipe beren pygamberleri «resul», «mursel» we «nebi» sözleri bilen düşündirilýär. Özüne täze bir kitap we şerigat berlen pygamberlere «Resul», öňki geçen pygamberiň kitap we şerigatyny ymmatyna ýetirmek üçin iberilen pygamberlere bolsa «Nebi» diýilýär. «Risalet» we «nübüwwet» sözleri pygamberlik manysyny berýär.

Allah Tagala aralarynda tapawut goýmazdan pygamberleriň ählisine ynanmagy her bir musulmana farz edipdir.

«Ol kişilerden käbiri ne Allahy tanar, ne-de Onuň resullaryny. Käbirleri bolsa, Allahy tanandyklaryny öňe sürüp, resullaryny tanamazlar. Allah bilen resullaryny biri-birinden aýryp şeýle diýerler: «Resullaryň käbirine iman ederis, käbirini ret ederis. Şeýlelikde iman bilen küfür arasyndan bir ýol tutarlar. Olar hakyky käfirdir. Biz käfirler üçin agyr azap häzirledik»

— (Nisa, 150-151).

Pygamberlik Allahyň lutuf we yhsanydyr. Tagat-ybadat, yhlas we gaýrat bilen şol mertebä ýetip bolmaýar. Allah Tagala pygamberlik ýüküni göterip biljegi we oňa laýyk ynsany bilip, islänini saýlaýandyr.

«Bu Allahyň lutfudyr, ony islänine berer»

— (Juma, 4)

aýaty munuň tassyklamasydyr. Bu meselede mal-mülk, şan-şöhrat we wezipäniň täsiri ýokdur.

Kurany Kerimiň habar bermegine görä, pygamberlik hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen gutarýar.

«Muhammet siziň erkekleriňiziň hiç birisiniň kakasy däldir. Ýöne Ol Allahyň resuly we pygamberleriň iň soňkusydyr»

— (Ahzab, 40)

aýaty Hatemül Enbiýa bolan Muhammet pygamberden (s.a.w.) soňra pygamberiň gelmejekdigini aýdyň görkezýär.

Pygamberleriň iberilmeginiň maksady

düzet

Ynsanyň ýaradylyp, bu dünýä iberilmeginiň maksady we hikmeti älemiň Ýaradyjysyny tanamak, Oňa iman getirip ybadat etmekdir. Akyl ynsanyň bu ýaradylyş maksadyna özbaşdak düşünmekden ejizdir. Ynsan özüniň we älemiň bir Ýaradyjysynyň bardygyna akyl ýetirip biler, ýöne näme üçin ýaradylandygyny, nämeler etmelidigini bilmez. Käbir kelam alymlary ynsan akyly bilen Allah Tagalanyň bardygyny we birdigini bilse-de, Oňa nähili ybadat etmelidigini, ryzasyny nädip gazanmalydygyny bilmez. Şonuň üçin pygamberlere zerurlyk bardyr.

Kurany Kerimde Allah Tagalanyň her bir millete, ymmata, taýpa olary ilahi azapdan gorkuzýan bir pygamberi iberendigini aýdýar.

«Biz seni Allahyň rahmeti bilen buşlaýjy we azaby bilen gorkuzyjy hökmünde hak din bilen iberdik. Her bir ymmat üçin hem olaryň arasyndan hökman bir oýaryjy pygamber iberendiris»

— (Fatyr, 24).

Başga bir aýatda:

«Allaha kasam bolsun, Biz senden öňki ymmatlara hem pygamber iberendiris»

— (Nahl, 63; Ýunus 47)

diýilýär.

Pygamberleriň iberilmeginiň maksadyny şeýle beýan etmek bolar:

  1. Gul bolmak. Pygambereriň iberilmeginiň sebäbi, ynsanyň ýaradylyş sebäbi bilen bir nokatda birleşýär. Ol hem Allaha gul bolmakdyr.

    «Menden başga ilah ýokdur. Şonuň üçin maňa gulluk ediň» diýip, wahý edip, hökman bir pygamber gönderendiris»

    — (Enbiýa, 25)

    aýaty muňa yşarat edýär.
  2. Teblig etmek. Pygamberleriň asyl wezipelerinden biri hem Allahyň dinini we buýruklaryny ynsanlara teblig etmekdir. Eger olar gelmedik bolsa, biz ybadata degişli meseleleri buýrulan emri we gadagan edilen zatlary bilmezdik. Borjumyza amal etmezdik. Namaz, oraza, zekat, haj näme? Içgi, humar, zyna, haram mala kowalaşmak, süýthoryk ýaly dinimizde halal däl zatlaryň ýagdaýy nähili? Bu zatlara asla düşünmezdik. Şu we şuňa meňzeş birgiden meseleler pygamberleriň üsti bilen öwrenilipdir. Pygamberlere degişli bu esasy maksat we borç Kuranda şeýle beýan edilýär:

    «Olar (pygamberler) Allahyň hökümlerini millete aýan ederler, Allahdan gorkarlar we Ondan başga hiç kimden gorkmazlar. Hasap soraýjy hökmünde Allah ýeterlikdir»

    — (Ahzab, 39).

    Başga bir aýatda:

    «Eý, Resul! Rabbiňden saňa inen buýruklary teblig et. Eger muny etmeseň, Onuň ilçiligini ýerine ýetirmedigiň bolar. Allah seni ynsanlaryň şerinden gorar. Dogrusy, Allah käfirler toparyny hidaýete ýetirmez»

    — (Maide, 67).

  3. Nusga bolmak. Pygamberleriň iberilmeginiň maksadynyň ýene biri, olaryň öz ymmatyna nusga bolmalydygydyr. Kurany Kerim:

    «Kim Allahy we ahyret gününi arzuwlaýan bolsa, Allahy köp zikr etsin, kasam bolsun, siziň üçin Allahyň Resuly ajaýyp bir nusgadyr»

    — (Ahzab, 21)

    diýýär.
  4. Dünýä we ahyret deňligini saklamak. Pygamberler dünýä we ahyret deňligini saklamak üçin iberilendir. Pygamberleriň getiren ölçegi bilen ynsan ogly öte geçmekden (ifratdan) we pese gaçmakdan (tefritden) gutulýar, dogry ýoly tapýar. Poplar ýa-da monahlar ýaly terkidünýälik edip monastyrda ýaşaman, ýa-da, dünýä işine baglanyp, oňa doly ýesir bolman, hemişe orta ýoly saklap ýaşamak makuldyr. Bu bolsa diňe wahýyň aýdyňlyk dünýäsine mahsus bir häsiýetdir. Ýogsa, akyl we wyždan arasynda şunuň ýaly deňlik gurlup bilinmez. Ynsan diňe ylym bilen bu derejä çykyp bilmez. Kurany Kerim bu deňagramlylygy şeýle aňladýar:

    «Allahyň saňa berenleri bilen ahyret ýurduňy abadanla. Bu dünýäden-de nesibäňi unutma. Allahyň saňa ýagşylyk edişi ýaly, sen hem ýagşylykda ýaşa. Ýýer ýüzünde bozuklyk ugrunda selpeme. Şübhesiz Allah bozuklary söýmez»

    — (Kasas, 77).

  5. Garşy çykmaklygyň öňüni almak. Pygamberler ahyretde: «Biz bilmedik, bize habar berilmedi» diýip, ynsanyň Allah Tagala garşy çykmazlygy üçin iberilendir. Bir aýat muny şeýle beýan edýär:

    «Biz buşlukçy we gorkuzyjy hökmünde pygamberleri iberdik. Şeýlelik bilen, ynsanlaryň pygamberler iberilenden soňra, Allaha garşy hiç bahanalary bolmasyn. Allah azizdir, hakimdir»

    — (Nisa, 165).

Her pygamber ynsany diňe ynandyrmak üçin, ynanmaýanlara-da bahana galmaz ýaly mugjyza bilen gelendir. Her ymmat öz pygamberinden nije mugjyzalary gözi bilen görendir hem eşidendir. Biz hem hezreti Muhammede (s.a.w.) degişli müňlerçe mugjyzalary eşitdik we Kuran ýaly ebedi mugjyzany elmydam görýäris. Mundan soň, hiç kimiň garşy gitmäge haky ýokdur. Allah ynanmagymyzy isleýän hakykatlaryny, hemişe goldaw berýän pygamberleriniň üsti bilen aç-açan we äşgär görkezipdir. Bu olaryň iberiliş maksatlarynyň biridir. Iň ähmiýetli tarapy hem Allah Tagala: «Biz pygamber ibermedik ýagdaýymyzda azap bermeris»

— (Isra, 15) diýýär. Diýmek, pygamberler iberilendigi üçin, mizan we tereziler guruljakdyr. Hiç kimiň bahanasyna bakman, her kesden hasap soraljakdyr.

Pygamberleriň sany

düzet

Ilkinji pygamber hezreti Adam atadyr (a.s.). Iň soňky pygamber bolsa, hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Bu ikisiniň aralygynda ençeme pygamberler gelip geçipdir. Olaryň sany barada Kurany Kerimde anyk maglumat berilmeýär. Ýöne bir aýatda:

«Kasam bolsun, senden öň hem pygamberler iberdik. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny habar berenlerimiz hem bar, bermediklerimiz hem bar»

— (Mü’min, 78)

diýilýär. Pygamberimiziň hadyslarynda bolsa, bir rowaýata görä: 124 müň, başga birine görä 224 müň pygamberiň gelip-geçendigi, 313 sanysynyň hem resuldygy barada aýdylýar, (Ahmet b. Hanbel, «Müsned»). Bu rowaýatlardaky sanlar biri-birinden ýüz müň töweregi tapawut edýär. Bularyň islendigini kabul etsek, ýüz müň kişini pygamber saýyp, ýa-da pygamber bolany pygamber däl diýmegimiz mümkin. Şeýle hem pygamberdigi anyk belli bolmadyklar barada «pygamberdi, pygamber däldi» diýip jedel etmek hem ýalňyşdyr. Bu meselede iň dogrusy «Allahyň iberen pygamberleriniň ählisine ynandym» diýmekdir. Kurany Kerimde mü’minleriň ajaýyp waspy şeýle düşündirilýär:

«Biz Allahyň pygamberlerinden hiç birini beýlekisinden tapawutlandyrmarys»

— (Bakara, 285).

Bu aýatda Allah Tagalanyň pygamberdir diýenine guluň ýok diýmäge hakynyň ýokdugy nygtalýar. Kurany Kerimde ady tutulan pygamberler şulardyr.

  1. Hezreti Adem (a.s.),
  2. Hezreti Idris (a.s.),
  3. Hezreti Nuh (a.s.),
  4. Hezreti Hud (a.s.),
  5. Hezreti Salyh (a.s.),
  6. Hezreti Ibrahim (a.s.),
  7. Hezreti Lut (a.s.),
  8. Hezreti Ismail (a.s.),
  9. Hezreti Ishak (a.s.),
  10. Hezreti Ýakup (a.s.),
  11. Hezreti Ýusuf (a.s.),
  12. Hezreti Şu”’aýb (a.s.),
  13. Hezreti Eýýup (a.s.),
  14. Hezreti Musa (a.s.),
  15. Hezreti Harun (a.s.),
  16. Hezreti Dawut (a.s.),
  17. Hezreti Süleýman (a.s.),
  18. Hezreti Ýunus (a.s.),
  19. Hezreti Ylýas (a.s.),
  20. Hezreti Elýase (a.s.),
  21. Hezreti Zülkifil (a.s.),
  22. Hezreti Ýahýa (a.s.),
  23. Hezreti Zekeriýa (a.s.),
  24. Hezreti Isa (a.s.),
  25. Hezreti Muhammed Mustafa (s.a.w).

Kurany Kerimde atlary tutulan Uzeýriň, Lukmanyň we Zulkarneýniň pygamberdigi ýa-da däldigi hakynda anyk höküm ýok. Olaryň salyh ynsan bolandygy belli bolsa-da, pygamberdigi barada anyk aýdylmaýar. Kuranda ady tutulmasa-da, pygamberdigi giňden aýdylanlar şulardyr: Şit, Ýuşa, Jerjis, Danýal.

Pygamberleriň derejeleri

düzet

Yslama göpä, ähli pygamberler pygamber bolmak taýyndan deňdir. Allah Tagala pygamberleriň arasynda tapawut goýman, ählisine ynanmagy her bir musulmana farz edipdir. Ýöne, pygamberleriň derejeleriniň tapawutlydygy aýdylýar:

«Ynha, bu pygamberlerden käbirini beýlekilerden üstün kyldyk. Allah olaryň käbiri bilen gürleşipdir, käbirini bolsa derejeler bilen beýgeldipdir»

— (Bakara, 253).

Kurany Kerimde derejesi ýokary bolan pygamberlere «Ulül Azm pygamberler» diýilýär. Ulül Azm pygamberler bäş sanydyr. Olaryň iň beýigi älemlere rahmet edilip iberilen we Hatemül enbiýa bolan hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Beýlekiler dünýä gelmek nobatyna görä, hezreti Nuh (a.s.), hezreti Ibrahim (a.s.), hezreti Musa (a.s.) we hezreti Isadyr (a.s.).

Pygamberleriň sypatlary

düzet

Pygamberleriň jaýyz we wajyp bolan sypatlary bardyr.

a) Jaýyz bolan sypatlary

düzet

Her pygamber ynsandyr. Olar hem ynsan ýaly, dogulýar, ösüp ulalýar, öýlenýär, çagalary bolýar, keselleýär we ölýär.

«Biz olary iýmeýän-içmeýän beden kylmadyk. Olar ölümsiz hem däldir»

— (Enbiýa, 8; Äli Imran, 144).

Ynsanyň synagynyň doly, adalatly bolmagy üçin, özlerinden pygamber saýlanmagy has makuldyr. Çünki, pygamber Allahdan getirilen emr we gadaganlyklar boýunça görelde görkezip, nusga bolup ýaşamalydyr.

Pygamberler erkek kişilerdir. Kurany Kerimde:

«Biz senden öň özlerine wahý iberenlerimizi hem diňe erkeklerden iberdik»

— (Nahl, 43; Enbiýa, 7).

Aýallar ýaradylyş taýyndan aýbaşy görýändikleri üçin erkekler ýaly hemişe ybadat bilen bagly bolmaýar, şeýle hem, olaryň enelik wezipesi pygamberlik ýaly agyr ýüki göterip bilmäge mümkinçilik bermeýär.

Pygamberleriň dili öz halkynyň dilidir. Allahdan gelen ilahi wahýyň ynsana doly düşündirilmegi üçin, elbetde, bu şertdir. Kurany Kerimde:

«Milletine doly düşündirsin diýip, her pygamberi öz milletiniň dili bilen iberdik»

— (Ibrahim, 4)

diýilýär. Pygamberimiziň ene diliniň araby bolanlygy üçin, Kurany Kerim hem arap dilinde inipdir. Emma Pygamberimiz ähli adamzadyň we jynlaryň pygamberidir.

«Eý, Muhammet aýt: – Eý, ynsanlar! Dogrusy, men Allahyň hemmäňize iberen pygamberidirin»

— (A’raf, 158)

aýaty muny aç-açan tassyklaýar.

Arapdan başga halklar diniň esaslaryny aslyndan öwrenmek üçin diniň dili bolan arapçany öwrenmäge we ýeterlik kadrlary ýetişdirmäge borçludyr.

b) Pygamberleriň wajyp sypatlary

düzet
  1. Sydk. Sydk – «dogrulyk» diýmekdir. Dogrulyk – pygamberlik sypatlaryny öz daşynda aýlaýan merkezi okdur. Pygamberlik diňe dogrulyk ýörelgesinden ýöreýär. Pygamberiň agzyndan çykan her söz tassyklydyr. Çünki, olar hakykatdan başga hiç bir söz aýtmaýar. Kurany Kerim käbir pygamberiň beýikligini aňlatmak bilen, bize olaryň bu sypatyny şeýle beýan edýär:

    «Kitapda Ibrahimi-de ýatla. Ol syddyk (dos-dogry) bir nebidi»

    — (Merýem 41).

  2. Emanet. Emanet – «ynamdar» diýmekdir. Bu söz iman sözi bilen bir kökden dörändir. Mü’min – ynanan we ynamdar ynsan diýmekdir. Pygamberler mü’minlikde iň ýokary derejedäki ynsan boluşlary ýaly, eminlik we ynamdarlykda-da iň ýokary derejededir. Kurany Kerim olaryň bu sypatlaryna ençeme aýatlarda yşarat edýär.

    «Nuh kowmy hem pygamberlerini ýalançy saýdy. Doganlary bolan Nuh olara şeýle ýüzlendi: Allaha garşy gitmekden gorkmaýarmysyňyz. Biliň, men size iberilen emin (ynamdar) bir ilçidirin. Indi Allaha garşy gitmekden gorkuň we maňa itagat ediň»

    — (Şuara, 105-108).

  3. Ysmat. Ysmat – günä etmezlik, günäden goralan, hemaýat edilen diýmekdir. Pygamberler kiçi-uly ähli günälerden Allah tarapyn goralyp saklanypdyr. Ýagny, Allah Tagala pygamber edip iberjek guluna asla günä iş etdirmeýär.
    Ähli pygamberler masumdyr. Olar saýlama we mukaddes ýaradylan müstesna (deňi-taýsyz) ynsandyr. Diňe haýyrly däl, haýyrlylaryň arasynda hem iň saýlamalaryň saýlamasydyr. Pygamberler adamzady Allaha we Allahyň ryzasyna äkidýän ýolbelet bolandygy üçin, ýörite goragdadyr. Çünki, hiç bir günäde, hat-da iň kiçisinde hem Allahyň razylygy we hoşallygy ýokdur. Özi Allahyň ryzalygyndan mahrum kişi nädip başgalary Onuň ryzalygyna ýetirsin? Bu asla mümkin däldir. Diýmek, pygamberler günä işden daşdyr.
    Käbir pygamberlere ýöňkelen hatalar barada aýtsak, birinjiden, ol işler günä däldir. Ikinjiden, olaryň hatasy pygamber bolmazyndan öňki durmuşynda bolup geçendir. Zelle diýilýän bu hatalar olaryň mertebe we ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, bu zelleler ýönekeý adam üçin hata-da däldir. Olar Allaha her kesden has ýakyn bolan mukarrebin üçin hata saýylypdyr.
    Bu meselede hezreti Adam atanyň zellesini mysal alalyň: Kurany Kerim bir ýerde hezreti Adam atanyň ýagdaýyny şeýle düşündirýär.

    «Adem Rabbine garşy gidip, ýolundan azaşdy. Soňra bolsa Rabbi ony saýlap, tobasyny kabul etdi. Oňa dogry ýoly görkezdi»

    — (Taha, 121-122).

    Aýatda «ijtiba» sözi ulanylýar. Ijtiba – girdaba dolaşyp gark bolmakdan, köpürjik deýin sowrulyp gitmekden halas etmek diýmekdir. Allah Tagala hezreti Adam atany şeýle ýagdaýa düşmekden halas edendigini bildirýär. Terjimedäki «garşy gitmek» diýilýän, biziň düşünýän garşy gitmämiz däldir.
    Hezreti Adam ýalňyşan badyna, heläkçilikden halas eden Rabbine ýönelip şeýle diýýär:

    «Rabbim, ikimiz hem (Adam ata we How ene) nebsimize zulum etdik. Eger Sen bizi magfiret etmän rahmetiň bilen garşylamasaň, biz zyýanda galanlardan bolarys»

    — (A’raf, 23).

    Bu bir zelledir. Ýöne Allah ony bu zelleden soň dogry ýola salyp hidaýet edipdir. Bu aýatlardan şu netije çykýar: Hezreti Adam atanyň zellesi ijtibadan owal bolupdyr. Ýagny, hezreti Adam zelle eden wagty pygamber däldi. Şeýle hem hezreti Adam ata Allahyň sargydyny unudyp zelle edýär. Allah Tagala hezreti Adam atanyň bu ýagdaýyny Kuranda şeýle habar berýär:

    «Kasam bolsun, Adem bilen has öň äht baglaşypdyk. Ýöne ol muny unutdy. Emma ony hatasyna azmly (meýilli) görmedik»

    — (Taha 115).

    Başga bir aýatda:

    «Adem bilen sözleşdik. Men oňa: «Hemme zatdan bol-elin iýip-içiň, ýöne şu agaja ýakynlaşmaň, ýogsa, zalymlardan, hetden aşanlardan, nygmatlardan mahrum galanlardan bolarsyňyz» diýipdim»

    — (Bakara, 35; A’raf, 19).

    Unutmak ynsanyň ýaradylyşynda bardyr. Şonuň üçin, Allah Tagala unudyp we ýalňyşyp edilen işleri bagyşlaýandyr. Pygamberimiz bolsa bu meselede şeýle diýýär:
    «Şu üç zatdan hasap soralmaz: unutmak, ýalňyşmak we zor salynmak» (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje).
    Pygamberimiz hezreti Adam atanyň zellesini başga bir hadysynda şeýle düşündirýär:
    «Asmanda hezreti Adam ata bilen hezreti Musa ýüzbe-ýüz gabat geldi. Hezreti Musa:
    – Sen adamzadyň atasysyň. Bizi jennetden alyp Ýýere gönderdiň – diýdi. Hezreti Adam ata bolsa şeýle jogap berdi:
    – Sen Allahyň hut özi bilen gürleşen «Kelimisiň». Töwratda şu sözi görmediňmi?! Adam şol miwäni iýmezinden kyrk ýyl owal şeýle etjekligi takdyrynda ýazylypdy. Pygamberimiz berzah älemine degişli bu duşuşygy aýdandan soň, üç gezek Adam ata Musany geplemez ýaly etdi» (Buhary, Tirmizi).
    Beýleki pygamberlerden hezreti Nuhuň gämä münmek islemedik oglunyň halas edilmegi üçin eden dogasy, hezreti Ibrahimiň (a.s.) ýyldyza, Aýa we Güne: «Bu meniň Rabbim» diýmegi, Allahdan ölüleri dirildişiniň mysalyny görkezmegini islemegi, kakasynyň magfiret edilmegi üçin doga etmegi, hezreti Ýusuf we hezreti Musanyň zelleleri hem şunuň ýalydyr. Eger bular bilen baglanyşykly aýatlar doly derňelse, pygamberleriň zelleleri biziň ýaly adaty adamlar üçin günä hem saýylmaz.
    Hezreti Ibrahimiň (a.s.) üç ýerde ýalan sözländigi barada aýdylýar. Emma bular hem ýalan däl-de «ta’rizdir». Ta’riz – ilki eşdilende ýalana meňzeýändir, emma, sähel üns berseň, dogrudygy aýandyr. Çünki, pygamberiň degişmede-de ýalan sözlemegi mümkin däldir. Sebäbi, ýalan uly günädir.
    Pygamberimiziň ysmaty barada aýdylsa, Onuň pygamber bolmazyndan öňki durmuşy bilen baglanyşykly, hat-da duşmanlarynyň hem ýüzüne basyp biljek ýalňyşy ýokdur. Ol jahyliýet döwrüniň erbet däpleriniň hiç birini etmändir. Allahyň ony pygamberlikden öň hem gorandygyny sahyh çeşmeler habar berýär.

Biz meseläni giňişleýin ýazmakdan saklanyp, bu barada ýazylan ýörite kitaplara seretmegiňizi maslahat berýäris.

  1. Fetanet. Fetanet – akyl bilen akyl belentliginden aşmak diýmekdir. Muňa pygamber mantygy hem diýilýär. Bu mantyk ruhuňy, kalbyňy, bedeniň syzmasyny, duýgularyňy, zehiniňi bir ýere jemläp giňişleýin, çuňňur akyl ýetirip bilmekligi aňladýar.

Allah Tagaladan gelen ilahi wahýlar ilki «fetaneti agzam» bolan bu mantygyň üsti bilen düşündirilmegi zerurlykdyr. Bu zerurlyk ynsanyň mätäçliginden döreýär. Şeýlelikde, ilahi wahý ilki ony amal eden pygamberiň fetanetiniň üsti bilen beşeriň düşünip biljek derejesine getirilýär. Şeýle hem pygamberler fetanetleri bilen ähli müşgilleri juda ýeňillik bilen çözüp bilipdir. Şonuň üçin fetanetiň her bir pygamberde bolmagy zerur sypatdyr.

  1. Teblig. Teblig – pygamberleriň Allahdan gelen wahýyny ymmatyna kemsiz ýetirmegi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: «Emri bil magruf nehýi anil münker»

    — ýagny, ýagşylygy emr etmek, erbetlikden daş saklamak diýmekdir. Kurany Kerimde:

    «Eý, pygamber! Rabbiňden saňa inderilen buýruklary teblig et. Eger etmeseň, Allahyň öňündäki ilçilik wezipäňi ýerine ýetirmedigiňdir»

    — (Maide, 67).

    Teblig her pygamberiň ömür maksadydyr. Teblig bolmadyk bolsa, pygamberleriň iberilmeginiň manysy bolmazdy. Allah ynsana bolan lutuf we keremini pygamberler arkaly ýaýypdyr. Pygamberler tebligi şu üç esasda amala aşyrypdyr:
  2. Bütewilik. Pygamberler Allahdan alan habarlary, pygamberlige degişli meseleleri bilen bir bütewilikde ýaşaýarlar. Şonuň üçin olar teblig edýärkä ynsanyň akylyny, logikasyny, ýüregini, köňlüni, duýgularyny hiç haçan ünsden düşürmeýärler. Häzirki döwrümizde dini teblig edýänler pygamberler ýaly duýgur we parasatly däldigi üçin dini ýaýratmakda şol derejede üstünlik gazanyp bilmeýärler.
  3. Tamakin bolmazlyk.. Pygamber teblig işi üçin tamakin däldir. Ol tebligi diňe öz borjy we wezipesi bolandygy üçin berjaý edýär. Kurany Kerimde ähli pygamberler:

    «Meniň işimiň hakyny bermek, diňe we diňe Allaha degişlidir»

    — (Hud,29; Şuara 109)

    diýýärler.
  4. Netijäni Allaha tabşyrmak.Pygamber eden tebliginiň netijesini we ynsan tarapyndan kabul edilişini Allaha tabşyrýar we hiç wagt netijä garyşmaýar. Çünki, ol wezipesiniň diňe tebligdigini bilýär. Netije bolsa tutuşlygyna Allah Tagala degişlidir.

Wahý === «Wahý» sözi yşarat etmek, pyşyrdamak, gizlin gürleşmek, emr etmek, ýazmak, ylham we howlukmak diýen manylary berýär. Kurany Kerimde wahý sözi dürli manylarda ulanylýar:

«Zekeriýa mihrapda kowmunyň öňüne çykyp, olara ertir-agşam Allaha tesbih etmeklerini wahý etdi»

— (Merýem, 11)

aýatynda yşarat;

«Hany hawarilere: «Maňa we Resulyma iman ediň» diýip wahý edipdik...»

— (Maide, 111)

«Rabbiň bal arysyna: «daglarda, agaçlarda taýýarlanan öýjüklerde öý tutun» diýip wahý etdi»

— (Nahl, 68)

«Musanyň ejesine: «Ony emdir...» diýip wahý etdik»

— (Kasas, 7)

aýatlarynda ylham;

«Her bir pygamber üçin ynsan we jyn şeýtanlaryndan duşman ýaratdyk. Bular birini aldamak üçin bezegli sözler wahý ederler...»

— (En’am, 112)

aýatynda pyşyrdama; was-was salmak, gizlin aýtmak;

«Soňra Allah ýedi asmany iki günde ýaratdy. Her bir asmana özlerine degişli aýratynlyklar wahý etdi»

— (Fussilet, 12)

«Şol gün Ýýer Rabbiniň oňa wahý etmegi bilen habarlaryny aňlatjakdyr»

— (Zilzal, 4-5)

aýatlarynda emr etmek manylarynda ulanylýar.

Şeýle hem wahý – Allahyň pygamberlerine ençeme zatlary bildirmegi diýen manyny hem berýär. Bu dürli görnüşde bolup geçipdir.

«Allah hiç bir ynsan bilen ýüzbe-ýüz gürleşmeýär. Diňe wahý bilen ýa-da perdäniň aňyrsyndan gürleşýär, ýa-da bir ilçi iberip islänini oňa wahý edýär»

— (Şura, 51).

Bu aýatlara görä, wahý diňe pygamberlere mahsus däldir. Ýöne wahýyň pygamberlere mahsus görnüşi hem bardyr. Allah pygamberler bilen üç usul arkaly gürleşendigini mälim edýär. Olaryň biri wahý ýoludyr. Bu kalba atylan ylham ýa-da düýş arkaly bolup geçýär. Mysal üçin Allah hezreti Musanyň ejesine we ogluny gurban etmegi üçin hezreti Ibrahime şu görnüşde wahý edipdir. Beýlekisi: Allahyň haýsy-da bolsa bir ilçini araçy etmän, gönüden-göni pygambere habar bermegidir. Pygamberimize magrajda, hezreti Musa Sina dagynda şeýle usul bilen wahý edilipdir. Allahyň wahý etmeginiň üçünji görnüşi bolsa, pygamberlere meleklerden bir ilçi ibermek arkaly wahýyň ýetirilmegidir.

Kurany Kerimiň berýän maglumatlaryna görä, wahý hem hususy, hem-de umumy ulanylypdyr. Allahyň pygamberlere wahý etmegi hususy, ähli barlyklara şekil we wezipe bermegi olaryň ýerlikli hereket etmegi üçin käbir ýollar görkezmegi bolsa, umumy manydaky wahýdyr.

Halk arasynda wahý diýlende, hususy manydaky wahý akyla gelýär. Hususy wahý – Allah Tagalanyň gullaryna bildirmek islän hidaýet we emrlerini olaryň arasyndan saýlan pygamberlerine adaty bolmadyk çaltlykda hem gizlinlikde bildirmegidir. Wahý pygamberleriň pygamberdigini görkezýän delilleriň hem biridir. Allah Tagala her pygamberine wahý edipdir.

«Şübhesiz, Biz Nuha, ondan soňky pygamberlere wahý edişimiz ýaly, saňa-da wahý etdik. Ibrahime, Ismaile, Ishaka, Ýakuba, onuň perzentlerine, Isa, Eýýuba, Ýunusa, Haruna, Süleýmana-da wahý etdik. Dawuda-da Zebury berdik. Has öň käbirlerini habar beren, käbirlerini habar bermedik pygamberlerimize-de wahý etdik. Allah Musa bilen hem gürleşdi»

— (Nisa, 163-164)

aýaty muňa mysaldyr.

Wahýyň nähilidigine ynsanyň doly düşünmegi, oňa akyl ýetirmegi mümkin däldir. Ony diňe başyndan geçiren pygamber biler. Ol Allah bilen pygamberiň arasyndaky syrdyr. Käbir ynsanyň wahýy suratlandyrmagy körüň reňkleri suratlandyrjak bolşuna meňzär. Ýöne wahý inen wagty, şol ýerdäkiler pygamberde bolup geçýän alamatlary görüp biler. Meselem, sahabalar Pygamberimize wahý gelende, göwresiniň titreýändigini, ýüzüniň reňkiniň üýtgeýändigini, sowukda hem derleýändigini, käbir sesleriň eşidilendigini, agramynyň agralandygyny we şuňa meňzeş zatlary görendiklerini aýdypdyrlar, (Buhary, Muslim, Tirmizi).

Mugjyza

düzet

«Mugjyza» sözi – ejiz halda goýýan, adatdan daşary, täsin zat diýen manylary berýär. Dini taýdan bolsa, pygamberdigini aýdýanlaryň ony subut etmek üçin görkezýän, haýra, sagadata wesile boljak, täsin hadysalaryna diýilýär.

Mugjyza sözi Kuranda «aýet», «beýýine», «burhan» sözleri bilen düşündirilýär. Ilkinji döwür hadys alymlary mugjyza sözüniň ýerine «delail» we «alamat» sözlerini ulanypdyrlar.

Allahyň iberen her pygamberi töweregindäki ynsanlar tarapyndan dürli-dürli garşylanypdyr. Ynsanlar olardan pygamberligini tassyklaýan, göze görünýän, adatdan daşary, hiç kimiň başarmajak käbir alamatlary görkezmegini talap edipdirler. Pygamberler hem pygamberdigini subut edýän deliller hökmünde mugjyza görkezipdir. Mugjyzanyň delil bolmagy üçin, adaty ynsanyň ony görkezmekden ejiz bolmagy şertdir. Çünki, Allaha garşy ýalan sözläniň mugjyza görkezmegi mümkin däldir. Mugjyza adatdan daşary täsin bir hadysa bolup, sebäp we netije baglanyşygyny aradan aýyrýar. Ol gönüden-göni Allah tarapyn pygaberiň pygamberliginiň dogrudygyny subut edýän ilahi bir amaldyr.

Mugjyzada şu iki aýratynlyk bardyr:

  1. Ol beşer kanunlaryna sygmaýar. Muny diňe ähli kanunlary ýaradyjy Hak Tagala edip biler.
  2. Hak Tagalanyň gudratyny iň aýdyň şekilde görkezmek üçin, her pygamberiň mugjyzasy öz kowmunyň ösen ugry bilen baglanyşyklydyr. Meselem: hezreti Musa döwründe sihir (jadygöýlik, gözbagçylyk) gaty ösüpdir. Şol sebäpden, Hak Tagala Musa (a.s.) hasa berip, jadygöýleriň jadysyny ýok edipdir, olary ejiz hala düşüripdir. Hezreti Isa döwründe medisina ylmy has ösüpdir. Şonuň üçin Hak Tagala Isa (a.s.) doga körleriň gözüni açmak, kesellileri bejermek, ölüleri diriltmek, palçykdan guş ýasap uçurmak ýaly mugjyzalar beripdir.

Hezreti Muhammediň (s.a.w.) aýratynlyklary

düzet

Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeýle diýýär: «Maňa menden owalky pygamberleriň hiç birine berilmedik bäş zat berlendir: Bir aýlyk menzil uzaklykdan duşmanyň ýüregine gorky salmak. Ýer ýüzi maňa mesjit we arassa kylyndy. Şonuň üçin, ymmatymdan her kim namaz wagty nirede bolsa, şol ýerde namazyny okasyn. Olja menden owalkylara halal däldi, emma maňa halal kylyndy. Maňa şefagat etmek haky berildi. Menden owal her pygamber diňe öz kowmuna iberilipdir. Men bolsa tutuş adamzada ilçi edilip iberildim» (Buhary, Muslim,Tirmizi).

Allah Tagala umumy manyda her kese, hususy manyda bolsa her ymmata we pygambere aýratyn lutuf we yhsanlar edipdir. Hezreti Adama safwet (päklik) berlip, her bir zadyň ady öwredilendir. Hezreti Nuha göreş, birkararlylyk, azymet (takwalyk bilen amal etmek) berlipdir. Hezreti Ibrahime ençeme pygamberiň atasy bolmak bagty, towhyd yşky we hillet (aňrybaş dostluk) berlipdir. Hezreti Musa tälim-terbiýe, ijtimagy ylymlar we jemgyýet dolandyrylyşynda ukyplylyk, hezreti Isa adamzat gatnaşyklarynda ýumşaklyk, sabyr we çydamlylyk, geçirimlilik, rehim-şepagatlylyk we muhabbet bagyş edilipdir. Hezreti Muhammede (s.a.w.) we onuň ymmatyna beýleki pygamberlere yhsan edilen aýratynlyklaryň üstüne erk, irade, hikmet, muwazene (ölçeg), tälif-terkib (jemleýjilik) ýaly kämil we ajaýyp aýratynlyklar bagyş edilipdir.

«Biz seni älemlere rahmet edip iberdik»

— (Enbiýa, 107)

aýaty bolsa Pygamberimiziň ähli aýratynlyklaryny bir jümlede beýan edýär.

Ahyret gününe iman

düzet

«Ahyret» sözüniň – «soň», «soňra bolan», «soňky gün» diýen manylary bar. Allahyň emri bilen Israfiliň (a.s.) suruny çalmagy netijesinde kyýamat gopar we ahyret güni başlanar. Ahyret – ebedi durmuş bolan o dünýäni aňladýar.

Ahyrete iman – her bir zat ýaly şu dünýäniň hem ömrüniň gutarjakdygyna soňra başga bir hala geçjekdigine, ynsanyň täzeden direlip gabyryndan turjakdygyna, amal depderiniň eýelerine gowşuryljakdygyna, her kim dünýäde eden işleriniň hasabyny berjekdigine, syrat köprüsinden geçilmelidigine, ýagşylaryň jennete, ýamanlaryň jähenneme girjekdigine ynanmak diýmekdir.

Ahyrete iman – iman esaslaryndan bolup, Kuranda «el-ýowmil ahyr» görnüşinde Allaha iman bilen bilelikde zikr edilipdir. Bu ahyret ynanjynyň iman esaslarynyň arasynda möhüm orun tutýandygyny görkezýär.

«... kim Allahy, meleklerini, kitaplaryny, pygamberlerini we ahyret gününi inkär etse, ol doly manyda azaşandyr»

— (Nisa, 136)

aýaty ahyrete ynanmaýan kişiniň käfir boljakdygyny belleýär.

Kurany Kerim ençeme aýatynda dünýä durmuşynyň geçegçi, ahyretiň bolsa ebedidigini, ynsanyň dünýäniň wagtlaýyn keýpi-sapasyna aldanmazlygyny has haýyrly we ebedi bolan ahyret bagtyny gazanmalydygyny nygtaýar. Şeýle hem Kurany Kerim dünýewi durmuşyň ahmal edilmezligini hem belleýär. Çünki ahyretde ýaşaljak bagtly durmuş şu dünýäde gazanylmalydyr. Şu aýatlar muňa mysaldyr:

«Ýöne siz (eý, ynsanlar!) ahyretiň has haýyrly we ebedi bolmagyna garamazdan, dünýä durmuşyny saýlaýarsyňyz»

— (A’la, 16-17).

«Şübhesiz, şu dünýä durmuşy wagtlaýyn bir güýmenjedir. Emma ahyret hakykatdan ýaşaljak bir ýurtdur»

— (Mü’min, 39).

«Allahyň saňa berenlerinden Onuň ýolunda harçlap, ahyret ýurduny gazanmaga çalyş, emma şu dünýäden hem nesibäňi unutma»

— (Kasas, 77).

Kurany Kerimde ahyretiň menzillerini görkezýän ençeme atlar bardyr. Olar: el-ýowmil ahyr (soňky gün, ahyret güni), ýowmül ba’s (diriliş güni), ýowmül kyýame (kyýamat güni), ýowmid-din (sylag – mukafat we jeza güni), ýowmül hisab (hasap güni), ýowmi-itlak (gowuşma güni), ýowmül hasre (hasrat we puşman güni).

Pygamberimiziň ahyret we onuň menzilleri – ýagny, gabyr durmuşy, magşar, hasap, mizan, syrat, şefagat, jennet we jähennem, aýratyn hem kyýamat alamatlary bilen baglanyşykly ençeme hadyslary bardyr.

Ahyretiň barlygynyň delilleri

düzet

Iň dogry habar «Ahyret bardyr» diýen habardyr. Ýagny, «ynsan ölenden soň, onuň ruhy durmuşynyň dowam edýändigi, belli wagtdan soň, täzeden beden bilen birlikde diriljekdigi, hasaba çagyryljakdygy, ýagdaýyna we amalyna göpä jennete ýa-da dowzaha salynjakdygy» baradaky habar ýalan saýylmagy asla mümkin bolmadyk iň dogry habardyr. Munuň delilleri şulardyr:

  1. Allah Tagala ahyretiň bardygyny wada edip, habar berýär. Onuň esmaýy-hüsnasynyň hemmesi, aýratyn hem, şu dünýäde tejelli eden Kerim, Rahym, Jelal, Jemal, Aziz, Hafyz, Adyl... atlary we rahmet, şefkat, yzzat, adalat, hikmet we ylym ýaly mukaddes sypatlary ahyretiň bolmalydygyny, hasap soralyp, jezanyň ýa-da sylagyň berilmelidigini zerur edýär. Meselem, biz Allahyň mutlak adalatlydygyna ynanýarys. Ýöne bilşimiz ýaly, şu dünýäde her kim eden günäsiniň jezasyny doly çekmeýär. Käbir adalatsyzlyklar bolup geçýär. Ahyretde bolsa, beýle ýagdaý bolmaz. Hökman hak bilen nähak aýyl-saýyl ediler. Allah mutlak adalaty bilen erbetleri jezalandyryp, ýagşylary sylaglar. Şu aýat ýagşy bilen ýamanyň deň bolup bilmejekdigini aňladýar:

    «Ýogsa, erbetlik edenler ölenlerinde ýa-da dirikäler özlerini ynanyp ýagşy amal edenler bilen deň hasaplaýarmy? Nähili ýalňyş netijä gelýärler. Allah gökleri we Ýeri ýerbe-er ýaradandyr. Her kim gazananyny alar. Hiç kime adalatsyzlyk edilmez»

    — (Jasiýe, 21-22).

    Allahyň beýleki atlaryny we sypatlaryny hem şunuň ýaly deňeşdirip bilersiňiz. Allah Tagala atlary we sypatlary bilen mutlak görnüşde ahyretde tejelli etjekdir. Diýmek, Allah bar, elbetde, ahyret bardyr.
  2. Hezreti Muhammet (s.a.w.) ýaly, ähli pygamberler ymmatlaryna ahyreti düşündiripdir. Olar azaşyp inkär edenleri dowzah azaby bilen gorkuzyp, tagat kylyp iman edenlere jennetiň garaşýandygyny habar berip buşlapdyrlar. Pygamberimiz hadysynda: «Israfil (a.s.) sury çalmak üçin emre garaşyp, taýýar bolup durka, men neneň keýpi-sapada ýaşaýyn?!» diýipdir. Pygamberler şeýle adamdyr, olaryň esasy sypatlaryndan biri sydkdyr. Ýagny, ähli pygamberler syddyk, sadakatly we dogruçyldyrlar. Olaryň ähli eden işleri we aýdanlary hemişe dogry çykypdyr. Diýmek pygamberleriň habar beren ahyret älemi hökman bardyr.
  3. Kurany Kerim we beýleki Hak Kitaplar her pursatda ynsanyň nazaryny ahyret durmuşyna öwrüp, ilahi adalat we azaby ýatlatmak bilen ynsanyň asylykdan, azaşmakdan, küfürden, pitneden daş durmagyny, ilahi mükafaty ýatlatmak bilen ony imana we ybadata çagyrypdyr.
    Kurany Kerim ahyret ynanjy barada şeýle bir köp söz açypdyr, ki, Kuranyň üçden biri ahyrete degişli meseleler bilen baglanyşyklydyr. Hatda Kuranda ahyret gününden söz açmaýan süre ýok diýen ýalydyr.
  4. Meläikeýi Kiram ahyretiň bardygyna şaýatlyk edýär. Magşar güni boljak hadysalary häzirden tomaşa edýän, jennet bilen dowzahy göpüp pygamberlere gelip habar berýän melekleriň getiren habarlary ahyret durmuşynyň hökman boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem, dünýäden öten käbir ruhlar bilen gatnaşygyň bardygy, Allahyň rugsady bilen bizden olara doga we sogaplaryň ýetmegi, olardan bize feýz we ýardam gelmegi ahyret durmuşynyň bardygyna we dowamlydygyna aýdyň şaýatdyr.
  5. Bulardan başga sagdyn oýlanýan kişi adalatlylyk, jogapkärçilik, ebedilik duýgusy, akyly, şeýle hem, ynsan maksatsyz geldi-geçer ýaradylmaz diýen düşünjesi bilen ahyret durmuşynyň bardygyna göz ýetirip biler.

Diýmek, ynsandaky ebedilik arzuwy diňe ahyret bilen kanagatlandyrylyp bilner. Tomusdan soň güýzüň, güýzden soň gyşyň, ondan soň, diriliş möwsümi – baharyň geljekdigi nähili anyk bolsa, gündizden soň agşamyň, agşamdan soň gijäniň, gijeden soňra-da oýanmak we dirilmek wagty bolan ertiriň gelmegi nähili derejede jedelsiz bolsa, edil şonuň ýaly, ýaşlykdan soň garrylygyň, soňra ölümiň, aýratyn hem dünýäniň ölüminden soň kyýamatyň gopmagy bilen täzeden dirilmek anyk, kesgitli, üýtgewsiz, jedelsiz hakykatdyr.

Ahyret durmuşynyň menzilleri

düzet

Ynsan durmuşyny dört menzile bölmek mümkindir.

  1. Ruhlar älemi. Allah Tagala ruhlaryň hemmesini ýaradan gününden başlap, ene göwresindäki çaga ruh üflenýänçä bolan aralykdyr.
  2. Dünýä durmuşy. Ene göwresinden tä şu dünýäden ötýänçä dowam edýän synag döwri.
  3. Berzah älemi. Dünýäden ötenden soň haşr gününe çenli bolan aralykdyr. Bu ahyret durmuşynyň ilkinji menzilidir.
  4. Ahyret älemi. Haşr gününden soňky ýaşaljak döwürdir. Ynsan ahyret äleminde şu menzilleri ýaşap geçer: gabyr (berzah) durmuşy, kyýamat, haşr we magşar, amal depderiniň berilmegi, hasap, mizan, syrat, şefagat, jennet ýa-da jähennem.

Berzah älemi

düzet

Ölüm bilen başlanyp, täzeden dirilinýänçä aralyga berzah älemi, ýa-da gabyr durmuşy diýilýär. Bu ahyret äleminiň ilkinji menzilidir. Bir hadysy şerifde şeýle diýilýär: «Gabyr – ahyret menzilleriniň ilkinjisidir. Bir kişi şol menzilde azapdan halas bolsa, ondan soňky menzilleri hem aňsatlyk bilen geçer. Eger azapdan halas bolup bilmese, beýleki menzilleri geçmek has kyndyr» (Tirmizi, Ibni Maje).

Ynsan nähili ýagdaýda ölse-ölsün ruh bedenden çykandan soň, berzah älemine gider. Onuň ýanyna Münker we Nekir atly iki melek gelip:

– Rabbiň kim?
– Pygamberiň kim?
– Diniň näme?– diýip sorarlar.

Eger-de sorag edilýän iman edip, takwa ýaşan kişi bolsa, oňa jennete degişli penjireler açylar we ol jenneti synlap duran halynda ýaşar. Eger-de ol günäkär ýa-da inkär edenlerden bolsa, oňa dowzahdan penjireler açylyp, dowzahy synlap ýaşar. Biri kyýamatyň tiz gopmagyny arzuw eder, beýlekisiniň ýagdaýy bolsa tersinedir.

Gabyr azaby

düzet

Hezreti Aişäniň gürrüň beren hadysynda Pygamberimiz: «Gabyr azaby hakdyr» diýýär, (Buhary). Başga hadysynda bolsa: «Eý, Rabbim, gabyr azabyndan Saňa sygynýaryn» diýip doga edipdir, (Buhary). Gabyr dünýäde saplanyp bilinmedik käbir günäleriň hasabynyň soralyp, ýuwulýan ýeridir. Hasap gününe goýlan uly günäleriň ýanynda möhüm saýylmadyk, «lemem» diýlen kiçi günäleriň käbiri gabyr azaby bilen ýuwulýar.

Ähli tahkyk Kuran we sünnete daýanyp şeýle aýdýar: «Günäli kişiniň uly-kiçi günäleriniň belli bir bölegi dünýäde çekýän ejirleri we musybatlary bilen ýuwulýar. Käbirleri bolsa ölüm wagtynda aýrylýar. Galanlary «ýowmid-din» bolan Beýik Hasap gününe galmasyn diýlip, gabyrda arassalanýar. Gabyrda arassalanyp bilinmejek günäler bolsa, soň Haşyr meýdanynda, Tereziniň başynda we iň soňunda jähennemde arassalanjakdyr.

Käbir hadyslarda beýan edilişine görä, hezreti Abbas (r.a.) hezreti Omary dünýeden ötenden alty aý soň görýär. Ondan: «Niredediň, eý, Omar?» diýip soraýar. Hezreti Omar: «Sen sorama, hasabymy ýaňy berip bildim» diýip jogap berýär. Belki, o taýda sähelçe-de günä ýokundysy galmasyn diýp, Allah Tagala ondan şeýle berk hasap sorandyr. Hawa, günä we zelleleriň kiçilerini arassalamakda gabryň gysmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu ajy derman bolsa-da, jennet şypasyna ýetirýär.

Gabryň gysmagyny Sa’d b. Muaz ýaly ýokary derejeli sahaba-da görýär. Sahyh hadys çeşmeleriniň beýanyna görä, Sa’d b. Muaz (r.a.) gabra salnanda Pygamber Serwerimiz (s.a.w.): «Fesubhanallah! Gabyr Sa’d b. Muazy hem gysýar» diýipdir. Diýmek, gabryň gysmajak adamy bolmaz. Sa’d b. Muaz şeýle sahabady – ol dünýeden ötende Jibril (a.s.) ýere inip: «Sa’dyň ölmegi bilen arş titredi, eý, Resulallah» diýýär. Pygamberimiz bolsa, aýaklarynyň ujuna basyp ýöreýär. Munuň sebäbi soralanda Serwerimiz: «Jynazasyna şeýle köp melek indi, aýak basara ýer tapmaýaryn» diýip düşündirýär.

Gabyr azabyna sebäp bolýan günäler

düzet

Pygamberimiz gabyr azabyna üç zat sebäp bolar diýipdir. Olar: gybat, gep gezdirmek we synja kylanyňda kiçi täretiňden arassalanmaga üns bermezlik (Beýhaki). Hadyslarda aýdylyşyna görä, gabyr azabyny çekýänleriň sesini haýwanlar eşidýär. Hadyslarda aýdylyşyna görä, ynsany şu amallary gabyr azabyndan halas edýär: bäş wagt namaz, oraza, haj, zekat, sadaka, sylaýy-rahym (ýakynyň halyny soramak), ene-ata ýagşylyk etmek, adamlary magrufa çagyryp, münkerden daş saklamaga çalyşmak, namazda kyýamy we seždäni uzaltmak, her gije Mülk (Tebäreke) suresini okamak. Şeýle hem, juma güni, juma gijesinde, remezan aýynda dünýeden ötenler, şehitler gabyr azabyny görmezler.

Kyýamat

düzet

Kyýamatyň haçan gopjakdygyny diňe Allah biler. Ony ne hezreti Muhammet (s.a.w.), ne Oňa wahý getiren Jebrail (a.s.), ne-de wagty gelende kyýamatyň gopmagy üçin sura üflemek wezipesi berlen Israfil (a.s.) biler. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:

«Kyýamatyň wagty barada anyk maglumaty diňe Allah biler...» (Lukman, 34).

Başga bir aýatda:

«Senden kyýamatyň haçan gopjagyny soraýarlar. Olara aýt, ol baradaky maglumaty bilmek diňe Rabbime degişlidir. Onuň wagtyny Ondan başga biri aýdyp bilmez. Ol Göklere-de, Ýerlere-de agyr düşer. Ol size duýdansyz geler. Hamala sen ony bilýän ýaly, senden soraýarlar. Aýt: Onuň wagtyny diňe Allah biler. Ýöne muny ynsanyň köpüsi bilmeýär»

— (A’raf, 187).

Älemiň ölümi diýmek bolan kyýamat Allah Tagalanyň gudraty bilen bolup geçer. Onuň gudratynyň öňünde iň beýik zat bilen iň kiçi zat deňdir. Ýagny bahary ýaratmak, bir güli ýaradan ýaly ýeňildir. Şu älemdäki atomdan ýyldyzlara, Günlere çenli ählisi özboluşly dilleri bilen Onuň azamat we gudratyna şaýatlyk edýär. Çäksiz älemi gudraty bilen ýaradyp, ony hemişe täzeläp duran gudraty güýçli Ýaradana: «Kyýamaty nähili getirjek, bu älemi nädip ahyret älemine öwürjek?» diýip bolarmy?! Çünki Ol ýaratmagyň her dürli görnüşini bilşi ýaly, bir ynsany ýaratmagyň tutuş adamzady ýaratmak bilen deňdigini Kurany Kerimde şeýle habar berýär:

«Siziň ýaradylmagyňyz, öleniňizden soň täzeden dirildilmegiňiz ýeke-täk ynsanyň ýaradylmagy we täzeden dirildilmegi bilen deňdir»

— (Lukman, 28).

Eger bir zatda kämilleşmek kanuny bar bolsa, onda ösüş bardyr. Bir zatda ösüş we ulalmak bar bolsa, hökman onuň belli bir ömri bardyr. Belli bir ömri bolanyň hökman ajaly bardyr. Ynsan nähili kiçi älem bolsa, älem hem uly bir ynsandyr – ölümden we harap bolmakdan halas däldir. Ynsan dirilmek üçin ölşi ýaly, älem hem täzeden dirilmek üçin öljekdir.

Kyýamatyň gopjakdygy barada maglumat ähli dinlerde bardyr. Bu akyl we ylym taýyndan hem mümkin hadysadyr. Meselem: fizika we astronomiýa alymlarynyň aýtmagyna görä, älemiň traýektoriýasynyň artýandygyny habar berýärler. Hereket bolan ýerde töweregiň traýektoriýasy hem artar. Bu artyş maksimumdan geçenden soň,belli nokatda nol” bolar. Şol wagt hem ähli hereket togtar. Bu bolsa älemiň soňy diýmekdir.

Kurany Kerim kyýamatyň gopuşyny şeýle suratlandyrýar:

«Günüň düýrülip yşygynyň sönen wagty, ýyldyzlar ýerinden dökülip pytran wagty, daglar ýerinden göçürilen wagty, botlajak bolup duran düýeler, gyýylmaz mallar taşlanan wagty, wagşy jandarlar dirildilip ýygnalan wagty, deňizler tutaşdyrylyp gaýnadylan wagty, nebisler jübütleşdirlip ruhlar bedene giren wagty, diriligine gömlen gyz çagadan nä sebäbe öldürilendigi soralan wagty, hasap depderleriniň açylan wagty, gök jisimleriniň ýerinden gaýdyrylan wagty, jähennem alaw-alaw tutaşdyrylan wagty, jennetiň ýakynlaşdyrylan wagty, ynha, şol wagt her ynsan taýýarlanynyň näme hasyl berendigine düşüner...» (Tekwir, 1-14).

Başga surede bolsa kyýamat şeýle suratlandyrylýar:

«Gök ýarylan wagty, ýyldyzlar bölünip, töwerege seçilen wagty, deňizler biri-birine goşulyp ýeke deňze öwrülen wagty, gabyrlaryň içiniň daşyna çöwrülen wagty, ynha, şol wagt her kim näme edip, nämäni etmändigine doly düşüner...» (Infitar, 1-5).

Kyýamaty suratlandyrýan ýene-de ençeme sure we aýat bardyr.

Kyýamat gopandan soň ähli zat ýok bolar. Hiç bir janly-jandar galmaz. Diňe Allah baky galar. Bu ýokluk belli wagt aralygy dowam edenden soň, Allah Tagala Israfile sura ikinji gezek üflemegini emr eder. Suranyň çalynmagy bilen birlikde ynsanlaryň bedenleri täzeden ýaradylyp, ruhlar şol bedenlere täzeden dolanarlar. Şeýlelikde, Allah ölüleri täzeden dirilder. Ähli hak dinlerde bu ynanç bardyr. Kurany Kerim öleniňden soň täzeden dirilişiň mümkindigini, hökman boljakdygyny şeýle subut edýär:

  1. Bir zady bar eden üçin ony ikinji gezek bar etmek mümkin we has ýeňildir:

«Öz ýaradylyşyny unudyp: «Bu çüýrän süňkleri kim diriltjek?» diýip, Bize mysal getirene aýt: Ony ilkinji gezek kim ýokdan bar eden bolsa, şol hem dirilder. Çünki, Allah ýaratmagyň her görnüşini bilýär»

— (Ýasin, 78-79).

«Biz ilkinji ýaradylyşda ejizmidik, ikinji ýaradylyşda ejizlär ýaly? Ýok, olar täzeden ýaradylyş hakynda şübhe edýärler» «Üstesine şeýle diýdiler: «Biz guran süňk we tozan halyna gelenimizden soň, täzeden ýaradylyp, dirildilerismi? (Bu bolup bilmez)». Eý, Resulym, olara aýt: Isle daş boluň, isle demir, isle-de täzeden dirilmegi mümkin däldir öýden bir barlyk boluň, näme bolsaňyz hem hökman dirildilersiňiz...»

— (Isra, 49-51).

  1. Ýaradylmagy kyn bolan bir zady ýaradan, aňsadyny-da ýaradar. Gökleriň we Ýeriň ýaradylmagy ynsany ýaradandan has kyndyr. Gökleri we Ýeri ýaradyp, olary diregsiz saklaýan Allah ynsany ölenden soň täzeden diriltmäge, şübhesiz, kadyrdyr.

«Şol käfirler gökleri, ýeri ýaradan we bulary ýaradanda ýadamaýan Allahyň ölüleri diriltmäge-de güýjüniň ýetjekdigine akyl ýetirmeýärlermi?!»

— (Ahkäf, 33).

«Mahlukaty ilki ýaradyp, soňra-da täzeden diriltjek Oldur. Bu oňa ilki ýaradandan has ýeňildir...»

— (Rum, 27).

  1. Öli Ýere jan beren Allah ynsany-da dirildip biler.

    «...Sen Ýer ýüzüni öli we gup-gury görersiň, ýöne onuň üstüne ýagmyr ýagdyranymyzda oňa jan geler, güberler. Her dürli göwnüňi açýan ösümlikler gögerer. Çünki Allah hak-hakykatyň özüdir. Ol ölüleri dirilder. Ol kadyrdyr. Onuň her bir zada güýji ýeter. Kyýamat wagty hökman geler. Muňa şübhe ýokdur. Allah gabyrlardakylary dirildip turzar»

    — (Haj, 5-7).

    Pygamberimiz hem öleniňden soň täzeden dirilmek bilen baglanyşykly maglumatlary hadyslarynda aýdypdyr. «Ynsan ölenden soň «ajbüz-zeneb» atly süňkünden başga hemme zady çüýräp ýok bolar. Kyýamat güni täzeden dirilmek hem bu çüýremeýän bölegiň üsti bilen bolup geçer» (Buhary, Muslim). Bu mesele bilen baglanyşykly ýene ynsanyň hemmesiniň dirildiljekdigi we gabryndan ilkinji turanyň hezreti Muhammet (s.a.w.) boljakdygy barada habar berilýär, (Buhary, Ibni Maje). Pygamberimiz başga bir hadysynda ynsanlar dirildilende ilki ýaradylyşlaryndaky ýaly boljakdyklary aýdylýar (Buhary, Muslim).

Täzeden dirilişiň görnüşi

düzet

Kuranda haşrdan söz açýan aýatlarda, esasan, haşryň nähili boljakdygy däl-de, haşryň boljakdygy aýdylýar. Aýatlarda haşryň nähili boljakdygynyň anyk aýdylmazlygy akaýyd we kelam alymlarynda dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Täzeden diriliş diňe ruhy taýdanmy, ýa-da ruh bilen birlikde bolup geçjekmi? Bu barada ähli sünnet alymlarynyň ynanjyna görä, haşr jismany boljakdyr.

Kurany Kerimde jennet we jähennem ýüz ýigrimiden gowrak ýerde agzalýar. Aýatlar jenneti we jähennemi düşündirenlerinde ruh we jesediň bilelikde bolşuna ünsi çekýär. Meselem: jennete giren ynsanyň ýüzi begençden doludyr. Bu ruhy şatlygyň alamatydyr. Şeýle hem jennetde göwnüniň islän her bir zady taýyndyr. Dünýädäki aýallary bilen birlikde hüýr-periler bilen aýlanyp durandyr. Bular bolsa bedene degişli nygmatlardyr.

Jähennemdäkileriň puşmany, wyždanlaryny ezýän elemi ruha degişlidir. Ýöne alowlap ýanýan oduň içine girmekleri, ýanan hamlarynyň ýerine azabyň täzelenmegi üçin derrew täze ham döremegi, agzalarynyň zyýanyna şaýatlyk etmegi ýaly ýagdaýlar bolsa beden bilen baglanyşyklydyr. Görnüşi ýaly, ruh bilen beden dünýäde bolşy ýaly, ahyretde-de, azapda hem lezzetde birlikde boljakdyr. Ýöne bedeniň ruh bilen gatnaşygy älemlere görä dürli-dürlüdir. Bu dünýäde başga, gabyrda başga, ahyretde hasam başgadyr. Allah Tagala ynsan bedenini Pygamberimiziň «ajbüz-zenep» diýip atlandyran asly zerreleriniň esasynda ýaradypdyr. Ahyretde hem şol zerreleriň esasynda täzeden diriltjekdir. Bu zerreler häzirki ylmyň aýtmagyna görä, genler bolup biler. Haşr güni ynsanyň ähli zerreleri däl-de, özüne degişli bu asly zerreler ruh bilen gatnaşyk saklap, toz-topraga öwrülen çar tarapdaky beýleki zerreleri bilen birlikde bedeni täzeden ýaratjakdyr. Bu edil bagyň her ýyl bir meňzeş miwe getirişi ýalydyr.

Haşr barada esasy üç mesele

düzet
  1. Ruhlaryň bedene gelmegi. Meselem, bir serkerde goşun düzse, olary nyzama girizip, soň dynç alşa goýberse, soňra «Bu serkerde dynç alýan bu goşuny bir tüýdügiň sesi bilen ýene-de ýygnap bilmez» diýip bolarmy? Bu mysaldaky ýaly Allah Tagala ynsan bilen ähli barlygy ýokdan bar edendir. Her bir janly-jandaryň bedenini her biri bir esger ýaly işleýän milliardlarça öýjükden döredendir. Her bir janly-jandaryň bedenini düzgün-nyzamly ýaradan, hatda her asyrda, her baharda milliardlarça janly-jandary täzeden döreden, Hak Tagala olary ölenden soň Israfiliň sury bilen näme üçin ýygnap bilmesin? Ol öýjükler we ruhlar ilahi emre şol goşunyň esgerlerinden has ýeňil we çalt boýun egip tagat ederler.
  2. Bedenleriň täzeden dirilmegi. Meselem, uly bir şäherde gije bir merkezden ýüz müňlerçe elektrik lampasy bir pursatda ýanar. Ähli ýurtlardaky lampalar ýeke-täk merkeze baglanan bolsa, bir düwmä basmak bilen tutuş Ýer togalagy yşyklandyrylyp bilner. Ine, Allah Tagalanyň ýaradan elektrik togy şeýle iş bitirýän bolsa, elbetde, milliardlarça ruh elektrik ýaly has ýeňil we rahatlyk bilen bedenlere girip, ynsanlaryň hemmesi birden dirilip biler.
  3. Bedenleriň bir pursat jemlenip birikdirilmegi. Meselem, bahar paslynda birnäçe günüň dowamynda adamzatdan müňlerçe gezek köp bolan ähli agaçlaryň ýapraklary, gülleri we miweleri öňki bahardaky ýaly kämil görnüşde döremegi, şeýle hem tohumlaryň, şänikleriň, kökleriň birden bilelikde oýanmagy, gögermegi, dirilmegi gyş paslynda ýalaňaç galan agaçlaryň bir emr bilen birden janlanmagy, milliardlarça haýwan görnüşleriniň bezegli we nagyşly görnüşde peýda bolmagy kyýamat gününde haşrda ynsan bedeniniň bir ýere jemlenip birikdirilmegine mysaldyr. Bu dünýäde sebäpler we hikmetler häkimdir. Her bir zat belli bir wagtyň dowamynda, belli bir sebäbe görä emele gelýär. Ýöne gudrat we rahmetiň tejelli etjek ýeri bolan ahyretde her bir zat madda, wagt, kanunlar bilen baglanyşyksyz bir demde ýaradylar. Nahl suresiniň 77-nji aýatynda bu şeýle suratlandyrylýar: «Kyýamatyň bolup geçişi göz açyp ýumasy salym ýa-da ondan hem çaltdyr».

Magşar

düzet

Magşar – adamlaryň gabyryndan turup ýygnanjak ýeridir. Ynsan şol ýerde hasaba çagyrylyp, amal depderleri berlip, mizan terezide amallary çekilenden soň, syratdan geçip jennete ýa-da dowzaha gider. Magşar güni Allah Tagalanyň azamat, haşmet, jelal we kibriýasy bilen tejelli etjekdigi, gökleri sag eline, Ýeri sol eline alyp: «Şu gün ýeke-täk Mälik Mendirin. Jepbarlyk satyp we tekepbirlik edenler nirede? Şu gün mülküň hakyky eýesi kimdir? diýip sorar. Soňra ýene-de Özi: «Kahhar we ýeke-täk bolan Allahdyr» diýen jogaby berer».

Kurany Kerim magşar gününi şeýle suratlandyrýar.

«Ynha, şol gün kişi doganyndan, enesinden, atasyndan, ýan ýoldaşyndan, çagalaryndan gaçar. Şol gün olaryň her biriniň özüne ýetik derdi bardyr»

— (Abese, 34-37).

Ýagny,

«Dost-dostuň halyny soramaz. Biri-birine duşarlar, ýöne her kim öz derdi bilen başagaýdyr. Günäkär şol günüň azabyndan gutulmak üçin ogullaryny, ýanýoldaşyny, doganyny, ähli içerisini we Ýer ýüzündäkileriň ählisini fidýe hökmünde berip, ýeke özüni halas etmäge çalşar»

— (Magariç, 10-14).

Bu aýatlar hasap gününde her kesiň öz derdi bilen başagaý boljakdygyny, hiç kimiň başganyň derdini soramaga ýagdaýynyň bolmajakdygyny, iň ýakynlaryna ýardam etmek beýlede dursun, öz garabaşyny halas etmek üçin olary hem gaýgyrmajakdygyny beýan edýär.

Amal depderiniň paýlanmagy

düzet

Her ynsanyň dünýäde eden ýagşy-ýaman işleriniň ýazylan depderine amal depderi diýilýär. Kiramen Kätibin atly iki melek bu işi ýerine ýetirýändir. Magşar güni hasaba çekilende, melekleriň ýazan bu depderi ynsanyň eline berlip, «Al, kitabyňy oka» diýiljekdir. Eger depderde erbet amallar köp bolsa, çep eline, ýagşy amallar köp bolsa, sag eline berler. Depderi sagdan berlenlere «Ashaby ýemin», çepden berlenlere «Ashaby şimal» ady berlendir. Depderi çepden berlen uly perýady-pygan bilen düýpsüz puşmana gark bolar. Sag eline berlenler bolsa, begençden we şatlykdan ýaňa bagtyýarlyklarynyň çägi bolmaz. Bu ýagdaýy Kurany Kerim şeýle suratlandyrýar:

«Kitap ortada goýlar. Günäkärleriň onda ýazylanlardan gorkyşlaryny görsediň. Olar: «Waý, halymyza, bu nähili kitap, kiçi-uly hiç zady galdyrman bary ýazylypdyr» diýerler. Şeýlelikde, olar edenleri bilen garşylanar. Seniň Rabbiň hiç kime zulum etmez»

— (Kehf, 49).

«Ynha, şol gün her kim näme edip ileri gidenini, näme edip gaýra tesenini biler»

— (Infitar, 5).

«Şol gün ynsana näme edip ileri gideni, näme edip gaýra teseni habar berler» (Kyýame, 13).

Hasap-sowal

düzet

Adamlar amal depderlerini ellerine alanlaryndan soň, Allah Tagala tarapyndan hasaba çagyrylar. Hasap soralanda amal depderlerinden başga, ynsanyň beden agzalary we Ýer ýüzündäki barça barlyk onuň edenlerine şaýatlyk eder. Şol gün Pygamberimiziň hadyslarynda aýdylyşyna görä, bäş zatdan hasap soralar: Ömrüňi nirede geçirdiň? Ýaşlygyňy nämä bagyşladyň? Malyňy nireden gazanyp, nirä harçladyň? Öwrenen ylmyň bilen nähili amal etdiň? Bedeniňi, saglygyňy nämä sarp etdiň? (Tirmizi).

Käbir hadyslarda beýan edilişine görä, Allah Tagalanyň hut özi ynsandan hasap sorar. Mü’minler soraglara ýeňillik bilen jogap berer, käfirlerden hasabat soralanda, olar berere jogap tapmaz. (Buhary, Muslim).

«Rabbiňe kasam bolsun, Biz olaryň hemmesiniň eden zatlaryndan hökman hasap sorarys»

— (Hijr, 92-93).

Pygamberimiz bir hadysynda Allah Tagalanyň beren nygmatlaryna şükür etmeýäniň, Onuň öňündäki borçlaryny berjaý etmeýäniň düşjek gününi şeýle suratlandyrýar: «Kyýamat güni gul hasap bermek üçin Allahyň huzuryna getiriler. Allah Tagala oňa: «Men saňa gulak, göz, mal we perzent bermedimmi? Ösümlikleri, mallary seniň hyzmatyňa bermedimmi? Seni bulara eýe edip, olardan peýdalanmagy öz ygtyýaryňa bermedimmi? Sen Meniň bilen ahyry duşuşjakdygyň barada oýlanmadyňmy?» diýip ýüzlener. Gul bolsa: «Ýok» diýip jogap berer. Allah Tagala şonda «Dünýäde meni unudyşyň ýaly, Men hem şu gün seni unutdym» diýer (Tirmizi).

Mizan – Magşar güni her kesiň amalyny çekmek üçin ýaradylan adalat terezisidir. Şonuň bilen ynsanyň ýagşylyk we ýamanlyklary ölçener. Allah Tagala mizanda amallary çekende, sogabynyň günäden agdyklygyna görä höküm berer. Sogaby günäsinden agyr gelenler jennete, ýeňil gelenler jähenneme äkidiler. Jähenneme äkidilen günäkär mü’minler jezalaryny çekenlerinden soň, jennete dolanar. Mizan hakynda Kuranda şeýle buýrulýar.

«Kyýamat güni adalat terezilerini gurarys. Hiç kime hiç hili görnüşde adalatsyzlyk edilmez. Her kim hardal dänesi ýaly bolsa-da eden işi terezide çekiler. Hasap soraýan hökmünde Biz ýeterlikdiris»

— (Enbiýa, 47).

Başga bir aýatda:

«Indi kim zerre agyrlygyça haýyr iş eden bolsa, ony görer, kim zerre agyrlygyça günä iş eden bolsa, ony-da görer»

— (Zilzal, 7-8).

Syrat – jähennemiň üstünden gurlan, geçilmegi kyn bolan köprüdir. Her kim bu köprüden geçmelidir. Mü’minler eden amallaryna, iman kuwwatyna we nuruna görä, bu taýdan dürli tizlikde geçerler. Käfirler we günäkärler bolsa, aýaklary taýyp dowzaha gaçarlar. Syratyň nähilidigi hakynda anyk maglumat ýokdur. Pygamberimiz bir hadysynda jähennemiň üstünde gurlan syratdan ilki geçeniň özi we ymmaty boljakdygyny, her kimiň geçiş tiz liginiň iman nuruna görä üýtgejekdigini, käbiriniň göz açyp ýumasy pursat, käbiriniň ýyldyrym, käbiriniň bulut, käbiriniň süýnen ýyldyz, käbiriniň bedew at ýaly geçip gitjekdigini belleýär, (Buhary, Muslim, Ibni Maje).

Kewser

düzet

Kyýamat magşar gününde Pygamberlere yhsan ediljek howuzlar boljakdyr. Mü’minler olaryň datly we dury suwundan içip suwsuzlygyny gandyrar. Kurany Kerimde:

«Şübhesiz, biz saňa Kewseri berdik»

— (Kewser 1).

Aýatda agzalýan Kewser umuman howuz görnüşinde diýlip düşünilipdir. Şol sebäpli Pygamberimiziň kyýamatdaky howzuna «Hawzy Kewser» diýlipdir.

Hadyslaryň beýanyna görä, Pygamberimiziň kewser howzy giň, suwy süýtden ak, ysy müşkden has ýakymly, käseleriniň sany gökdäki ýyldyzlardan has köpdür. Ondan bir gezek içen ebedi suwsamaz. (Buhary, Muslim, Tirmizi).

Şefagat

düzet

Şefagat – günäkär mü’minleriň günäleriniň bagyşlanmagy, günäsizleriň has belent mertebelere ýetmegi üçin pygamberleriň, öwlüýä, asfiýa we şehitleriň Allaha ýalbaryp doga etmekleri diýmekdir. Şefagat hakdyr. Ençeme aýat we hadyslar şefagat barada söz açýar. Ahyretde ähli pygamberler Allahyň rugsady bilen öz ymmatyna şefagat etjekdir. Pygamberlerden başga öwlüýä, asfiýa we şehitler hem derejelerine görä, Allahyň olara beren rugsadynyň çäginde şefagat ederler.

Şefagat meselesinde iň ýokary mertebe Pygamberimize lutuf edilendir. Şonuň üçin Oňa şefagaty uzmanyň (ahyretde beýik şefagatyň) eýesi diýilýär. Onuň «hammadun» diýilýän ymmaty «liwaul hamdyň» (hamd tugy) aşagynda ýygnanar. «Seýýidin-nas» (ynsanlaryň Serweri), «Rahmeten lil älemin» bolan Resuly Ekrem (s.a.w.) howzunyň başynda durup, ymmatyna suw berer. Syratyň başynda durup, ymmatynyň dowzaha düşmeginden gorar. Sežde edip, günäkärleriň bagyşlanyp, ýalkanmagyny dilär. Iň beýik we makbul şefagat hakyny şol wagt ulanar. «Makamy mahmudyň» eýesi bolan Pygamberimiziň şefagatyndan her kes öz paýyna düşeni bilen şereflener we halas bolar.

Pygamberimiz ymmatyndan uly günä edenlere-de şefagat etjekdigi barada hadyslarda aýdylýar. (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje). Ýöne ahyret güni Rahmanyň rugsady bolmasa, hiç kimiň hiç bir meselede hiç kime peýdasynyň degmejekdigi, hiç kimiň gürläp bilmejekdigi, ähli sesleriň kesilip, diňe bir hyşyrdynyň eşidiljekdigi, hatda şeýle bir wagt geler, pygamberleriň hem: «Rabbim, salamatlyk ber, Rabbim, salamatlyk ber» diýjekdigi aýdylýar. Bu ýagdaýy Kuran şeýle suratlandyrýar:

«Allahyň rugsady bolmasa Onuň huzurynda şefagat etmäge kim het edip biler?!»

— (Bakara, 255).

«Indi şefagatçylaryň şefagaty olara peýda bermez»

— (Müddesir, 48).

«Şol gün ruh we melekler hatar-hatar durar. Rahmanyň rugsat bereninden başga hiç kim gürläp bilmez. Rugsat edilen hem, diňe dogrusyny aýdar»

— (Nebe, 38).

«Şol gün Rahmanyň rugsat edip, razy bolanyndan başganyň şefagaty degmez»

— (Taha, 109).

Bu aýatlar Pygamberimiziň we beýleki şefagat edijileriň şefagatynyň belli çäginiň boljakdygyny görkezýär. Şeýle hem şefagatçy islän adamyna şefagat edip bilmez. Käfir we münafyklar dünýädekäler şefagatdan mahrum edilendir. Musulman bolsa şefagata bil baglap diniň farzlaryny terk etmeli däldir. Halaly, haramy saýgaryp, şefagata laýyk bolmaga çalyşmalydyr.

A’raf jennet bilen jähennemiň arasyndaky belent diwar diýmekdir. A’raf Ähli hakynda iki garaýyş bar.

  1. Mizanda günä we sogaby deň gelýän mü’minlerdir. Bular jennet bilen jähennemiň arasynda belli bir wagt galar. Soňra Allahyň lutfy bilen jennete girerler.
  2. Pygamberler, şehitler, alymlar ýaly belent derejelilerdir. Kuran A’rafda boljaklaryň ýagdaýyny şeýle düşündirýär. «Iki tarapyň aralygynda bir perde, A’rafyň üstünde-de jenneti we jähennemileriň her birini keşbinden tanaýan adamlar bardyr. Olar heniz jennete girmän, ýöne girmegi güýçli arzuw edip, jennetilere selamun aleýküm» diýip seslenerler. Olar jähennemiler tarapa seredenlerinde «Eý, biziň Rabbimiz bizi şol zalymlar bilen bolmakdan goraweri» diýerler. A’raf ähli daş keşbinden tanaýanlaryndan käbirine ýüzlenip: «Görşüňiz ýaly, ne ýygnan malyňyzyň, ne tarapdarlaryňyzyň, ne tekepbirligiňiziň we gopbamlygyňyzyň size hiç hili nepi degmedi». Olara jennetileri görkezip: «Han-ha şolar: «Allah bulary asla lutfy keremine ýetirmez» diýip kasam edip göwnüýetmezçilik eden kişileriňiz dälmi? Olaryň nähili belent mertebededigine indi göz ýetirdiňizmi?» diýerler we soňra jennetilere bakyp:

    «Baş, üstüne, giriň jennete. Siziň üçin howp, endişe edere zat ýokdur. Siz asla gaýgy-gam hem görmersiňiz» diýerler

    — (A’raf 46-49).

Jähennem

düzet

Jähennem – çuň, gurruk guýy manysyny berýär. Jähennem ahyretde käfirleriň hemişelik, günäkär mü’minleriň bolsa günälerine görä, jeza çekip ýaşajak azap ýeridir. Jähennemiň ýaradylmagy hakdyr. Allahyň adalatynyň nusgasydyr. Meselem: Bir ülkede zyndan bolmasa, ýöne bir jenaýatkär ençeme jenaýat edip halka, adamlara zor salsa, şol ülkäniň ýolbaşçysy diňe şol bir adam üçin zyndan saldyrmaly bolar. Bu mysalda bolşy ýaly, käfiriň jenaýatynyň magnewi taýdan çäksizligi jähenneme zerurlyk döredýär. Şeýle hem, eger-de käfir dünýäde ebedi ýaşan bolsa hemişe küfür içinde ömür sürerdi. Şol sebäpli ol jähennemde-de ebedi galmaly bolýar. Jähennemde akyla-hyýala gelip bilmejek jebri-sütemleriň görnüşi bardyr. Kurany Kerimde jähennem barada şular aýdylýar: Günäkärler jähenneme baranlarynda jähennem olaryň üstüne ýalyn seçer. Uzakdan görnende onuň gaýnaýan sesi eşidiler. Inkärçiler üçin ebedi zyndan bolan jähennem otdan düşekçeleri bilen jähennemileri hemme tarapdan gurşaýan, ýüzleri ýakyp-gowurýan, derileri soýup-sowurýan, ýüreklere ornaýan gyzgyn otdan doly çukurdyr. Ýangyjy ynsan bilen daş bolan jähennem özüne atylanlardan doýup-dolmaz. Ynsanyň içini ýakyp-ýandyrýan howur we gaýnag suwuň içinde ýakymsyz gara dumanyň kölegesinde galjak jähennemileriň hamlary her gezek ýananda, azaby gutarmazlygy üçin täzeden ham dörär. Olaryň iýjegi zakgum, içjegi gaýnag suw we iriňdir. Şol ýerde salkyn ýeriň bolmaýşy ýaly, içer ýaly zat hem ýokdur.

Käbir aýatlarda jähennem şeýle suratlandyrylýar:

«Ýok, ol tutaşan ýalynly otdur. Hamlary gowrar we sypyrar. Imana dodak çöwrüp, Hakdan ýüz öwreni, şeýle hem baýlyk ýygnap haýyr işe harçlamaýany ol özüne çagyrar»

— (Magaryç, 15-18).

«Bu ot olary has daşdan görende aýylganç şatyrdar. Olar oduň gahar-gazabyny eşider. Elleri, aýaklary zynjyrlanan halda jähennemiň darajyk bir ýerine zyňylanlarynda şol wagt ölümi çagyryp dat ederler.

«Ýetiş, eý, ölüm niredesiň? Gel, bizi öldür-de, bu azapdan gutar» diýerler»

— (Furkan, 12-13).

«Şol ýere atylan wagty olar gaýnap duran jähennemiň aýylganç gümmürdisini eşiderler. Jähennem gazapdan ýaňa ýarylara geler»

— (Mülk, 7-8).

«Jähennem duzak gurup, hemişe eline düşjek awy gözleýär. Azgynlaryň aýlanyp, dolanyp girjek ýeri şol ýerdir. Olar uzak döwüpleriň dowamynda o taýda galar. Ol ýerde ne salkynlyk, ne-de içere zat bardyr. Olaryň içjegi diňe gaýnag suw bilen iriňdir»

— (Nebe, 21-25).

Kuranda jähenneme degişli ýedi at ulanylýar. Jähennem (düýpsüz çukur), nar (ot), jahim (örän uly, ýalynly ot), hawiýe (gaçanlaryň aglabasynyň yzyna çykarmaýan uçut, sa’ir (çyrpynýan ot), leza (tüssesiz ýalyn), sakar (ot), hutame (doýmaz-dolmaz ot). Käbir alymlar bu atlara esaslanyp jähennemiň ýedi gatlakdygyny aýdypdyrlar.

Jennet

düzet

«Jennet» sözi – bag-bakja, köşk diýen manyny berýär. Jennet – akyla, hyýala sygmajak maddy we ruhy nygmatlar bilen bezelen, mü’minleriň ebedi ýaşajak ahyret ýurdudyr. Allah Tagala jennetde her mü’mini iman derejesine, amalyna görä belli-belli mertebelere göterer.

Kurany Kerim jenneti we jennetileri şeýle suratlandyrýar: Jennet – gowrujy yssynyň we doňduryjy sowugyň bolmaýan, gökler bilen ýer aralygy ýaly giň ýerdir. Arassa suw, tagamy üýtgemedik süýt we bal derýalarynyň akyp duran ýeridir. Jennetde suwy zenjefil bilen yslandyrylan datly suw gözbaşlary, müşki anbar ysyny saçýan içgiler bardyr, jennet içgisi kelle agyrtmaýan, serhoş etmeýän, içenlere keýp berýän ak gözbaşdan çykýan içgidir. Ol içenleri günä işe iteklemez, samratmaz. Jennetde dürli miweler, hurma we nar baglary, tikensiz sedir agaçlary, hoşalary sallanyp duran banan agaçlary, dürli guş etleri boldur. Jennetileriň eşikleri ýuka we berk, arassa ýüpekdendir, köşkleri bezeglidir, olara hyzmat etmek üçin ýaşlar aýlanyp durar. Olar saýlanan hünji ýaly gözeldir. Ol hyzmatçylar elleri altyn käseli, mejimeli aýlanarlar. Jennetileriň göwünleriniň islän zady ol ýerde taýyndyr. Jennetde olar üçin akdyrylan derýalar, salnan köşkler bardyr. Owadan, arassa ýanýoldaşlar bardyr. Jennetiler ýanýoldaşlary bilen jennetiň saýalarynda gurlan tagtlarynda ýaplanyp oturarlar. Olaryň ýüreklerinden öýke-kine ýuwlup aýrylar, dogan bolup ýaşarlar. Ol ýerde ýadawlyk, zähmet ýokdur. Boş we ýalan söz hem eşidilmez.

Käbir aýatlarda jennet şeýle suratlandyrylýar:

«Ol gün nygmatlar içinde şadyýan ýüzler bardyr. Dünýäde görkezen gaýratyndan hoşaldyr. Olar jennetiň belent ýerindedir. O ýerde boş gürrüň eşidilmez. Akyp ýatan dury gözbaşlar, beýik tagtlar, taýýar doly käseler, düşelen halylar, per ýassyklar, diwanlar, kürsüler bardyr»

— (Gaşiýe, 8-16).

«Jennetde zenjefil garylan içgiler hödürlener. Bu içgiler selsebil atly gözbaşdandyr. Töwereginde ebedi jennet çagalary aýlanar. Olary göreniňde ýalkymyndan ýaňa töwerege hünjüler seçilýändir öýdersiň. Haýsy tarapa seretseň nygmat, baýlyk, görkanalyk, beýik soltanat görersiň. Eşikleri ýuka, berk, ýaşyl reňkli ýüpekden, atlasdandyr. Kümüşden bilezikler dakynarlar. Rableri olara arassa içgi hödürläp: «Ynha, bularyň ählisi siziň sylag-serpaýyňyzdyr» diýer»

— (Ynsan, 17-22).

Pygamberimiz bolsa bir kudsy hadysynda ynsanyň akylyna-hyýalyna gelmejek jennet nygmatlaryny şeýle düşündirýär: «Allah Tagala şeýle buýurýar: «Salyh gullarym üçin jennetde gözleriň görmedigi, gulaklaryň eşitmedigi we ynsanyň kalbyna hem gelmejek san-sajaksyz nygmatlar taýýarladym»

— (Buhary, Muslim, Tirmizi). Kuranda jennete degişli dürli atlar ulanylypdyr. Jennetiň gatlary bolup biljek bu atlar şulardyr: jennetül-me’wa (şehit we mü’minleriň otagy), jenneti-adn (nygmatlar otagy), firdöws (ähli zady öz içine alýan jennet bagy), darul-huld (ebedilik ýurdy), darus-selam (aman-esenlik ýurdy), darul-mukame (ebedi ýaşaljak ýer), jennatün-na’ym (nygmatlardan doly jennet), makamül-emin (asuda ýer).

Ru’ýetullah – ahyretde Allahyň jemalyny görmek Jennet nygmatlarynyň iň beýigi, şübhesiz, Allahyň razylygyny gazanmak we Onuň jemalyny görmekdir. Mü’minler ahyretde jennete gireninden soň, Allahyň jemalyny görerler. Ýöne onuň nähili boljakdygy barada anyk maglumat ýok. Kurany Kerimde şeýle aýdylýar:

«Allahyň ryzasy jennet nygmatlarynyň ählisinden has ýokarydyr. Ynha, beýik bagtyýarlyk hem budur». (Tewbe, 72).

«Ýüzler bardyr, şol gün şatlykdan ýaňa ýalkym saçar. Olar Rabblerine bakyp galarlar»

— (Kyýame 22-23).

Pygamberimiz hem hadyslarynyň birinde şeýle diýýär: «Elbetde, siz şu Aýy görşüňiz ýaly, Rabbiňizi görersiňiz. Şol wagt Ony görjek bolup, bir-biriňize hem päsgel bermersiňiz» (Buhary, Muslim, Tirmizi). Jennet we jähennem şejereýi hilkatyň ebede tarap uzap gidýän iki şahasyndan dörän iki miwedir, iki möhüm netijedir. Älemiň yzly-yzyna ebede tarap akyp gidýän iki howzudyr. Allah Tagala çäksiz hikmet we syrlary bilen bu älemi synag meýdany kyldy. Ýene çäksiz hikmetleri bilen bu dünýäni üýtgäp duran, özgerýän halda ýaratdy. Haýyr we şeri, nep bilen zyýany, gözel bilen bigörki – jemläp aýtsak, ýagşy bilen ýamany biri-birine garyp, jennet bilen jähennemiň tohumy hökmünde älem meýdanyna serpdi. Synag meýdany bolan bu dünýäde ynsanyň iň möhüm meselesi jähennem zyndanlaryndan gutulmak we jennet köşklerine girmekdir. Şonuň üçin hem ynsan imanly ölmegi ömrüniň maksady edinmelidir. Çünki ahyret älemi owal başda Pygamberimiz bilen birlikde ähli pygamberlerden, sahabadan, asfyýadan we öwlüýäden düzülen nurana jemagatyň bir ýere jemlenip söhbetdeş bolan älemidir. Hakyky bir mü’min şeýle äleme gitmek üçin jan eder. Şonuň üçin farz amallary berjaý edip, haramdan daş durar. Imanly ýaşap, ölende-de iman äkidenlerden bolup, mahlukatyň iň bagtyýar derejesine ýeter.

Kadere we kaza

düzet

Kadere we kaza – ýazgyda iman Biz şu tema girişmezden owal, degişli adalgalary düşündirip geçmegi makul bildik.

  • Kader – ezelden ebede çenli aralykda bolup geçjek her bir zadyň wagtyny, ýerini, nähili hem neneňsi görnüşde bolup geçjekdigini, entek ol waka bolmanka, Allah Tagalanyň ony öňünden bilmegi, taýyn we takdyr etmegidir.
  • Kaza – Allah Tagalanyň kaderde bellän zadyny wagty gelende, iradesi bilen ýaratmagydyr.
  • Irade – Allah Tagalanyň haýsy-da bolsa bir işiň bolup geçmegini islemegidir. Kuranda irade – meşi’et sözi bilen hem aňladylýar.
  • Juz’i irade – ynsana berlen saýlamak hukugydyr. Allah (j.j.) ynsany bu meselede erkin ýaradypdyr. Jüz’i iradä jüz’i ygtyýar hem diýilýär.
  • Lewhi Mahfuz – ilahi kaderiň depderi bolup, älemde bolup geçen, geçjek ähli zatlaryň ýazylan ýeridir. Lewhi Mahfuza Ymamy Mubin we Ummul Kitap hem diýilýär.
  • Lewhi Mahw we Isbat – Bu hem Allahyň kitaplarynyň biridir. Emma Lewhi Mahfuz ýaly üýtgemeýän däl-de, Allahyň kanunlaryna görä üýtgeýän kitapdyr.
  • Ata – Allah Tagalanyň gullaryna lutfy, keremidir. Bu söz arapçada bagyş etmek manysyny berýär.

Netijede, Allahyň bir zady bilmegine we şol şekilde bolmagyny islemegine – kader, bar bolmagyny islän bir zadyny takdyr edişi ýaly ýaratmagyna-da – kaza diýilýär. Başgaça aýdylsa, kader – Allah Tagalanyň ylmy, takdyry we islemegi diýmekdir. Kaza bolsa, Allah Tagalanyň bu ylmyny we takdyryny isleýşi ýaly höküm edip ýaratmagy diýmekdir.

Imanyň şertlerinden biri hem kadere imandyr. Ynsan Allaha, meleklere, kitaplara, pygamberlere we öleňden soň dirilmege nähili ynanýan bolsa, kadere hem ynanmalydyr.

Kaza we kadere iman – Allah Tagalanyň ylym, irade, gudrat, hikmet we tekwin sypatlaryna şübhesiz ynanmakdyr. Allah Tagalanyň bu sypatlary her bir zatda tejelli edýänligi üçin kaza we kadere iman – iman esaslaryndan saýylypdyr. Kadere ynanmak – Allah Tagalanyň hut özüne iman etmekdir.

Ynsan we ynsanyň iradesi hasaba alynmasa, kader hem manysyny ýitirýär. Çünki ynsandan we jyndan gaýry ähli barlyk öz erki bilen däl-de, Allah Tagalanyň jebri iradesi bilen hereket edýär. Mysal üçin, ary Allahyň emri bilen diňe bal ýygnamak işine meşgul.

Kaderiň barlygynyň delilleri

düzet

a) Kaderiň barlygyna Kurandan deliller

düzet

«Gaýybyň açarlary Onuň ýanyndadyr. Olary diňe Ol biler. Gury ýerde we deňizde bolýan her bir zady, gaçan ýapragy, ýeriň teýindäki dänäni hem Ol biler. Öl-gury näme bar bolsa, hemmesi «Kitaby Mübindedir»

— (En’am, 59).

«Eý, Muhammed! Olara şeýle diý, Allahyň isläninden başga men özüme hiç bir zyýan hem, peýda berip bilmerin. Her ymmat üçin bir möhlet bardyr. Möhlet gutaranda – bir pursat hem gijikdirilmez, öňe-de süýşürilmez»

— (Ýunus, 49).

«Şübhesiz, ölüleri dirilden, eden işlerini we eserlerini ýazan Bizdiris. Her bir zady Kitaby Mübinde sanap geçendiris»

— (Ýasin, 12).

«(Eý, şany beýik nebi!), dogrusy, saňa wahý edilen bu Kitap – Lewhi Mahfuzda ýazylan şanly Kurandyr»

— (Buruç, 21-22).

b) Kaderiň barlygyna hadyslardan deliller

düzet

Abdullah b. Amr b. As şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz: «Allah Gökleri we Ýeri ýaratmazyndan elli müň ýyl ozal mahlukatyň kaderini taýynlap kesgitläpdir... » diýdi» (Muslim).

Ubade b. Samit soňky deminde çagalaryny ýygnap şeýle gürrüň berýär: «Perzendim, başyňa geljek zatlaryň owal taýynlanyp goýlandygyny we soňra üýtgemän durmuşyňda bolup geçýändigini ykrar etmeseň, imanyň tagamyny duýmarsyň. Men Resuly Ekremden şeýle eşitdim: «Allahyň ilki ýaradany galamdyr. Allah galamy ýaradanda oňa «Ýaz!» diýip emr etdi. Galam: «Eý, Rabbim, nämäni ýazaýyn?» diýdi. Allah Tagala: «Kyýamata çenli boljak her bir zadyň kaderini ýaz» diýdi. Soňra Allahyň Resuly sözlerini şeýle dowam etdi: «Kim munuň tersine iman edip ölse, menden däldir, ýagny, onuň meniň ymmatym we yslam bilen baglanyşygy ýokdur» (Ebu Dawud).

Abdullah b. Abbas bir hadysy şeýle gürrüň berýär. Bir gün Abdullah b. Abbas Pygamberimiz bilen ulaga artlaşyp barýan eken. Pygamberimiz: «Eý, ýigit, saňa bir zady öwredeýin. Allahyň emr we nehiýlerine ünsli bol, Allah hem seni gorasyn. Allahyň hakyna boýun bolsaň, Ol hemişe seniň bilendir. Islegiňi diňe Allahdan dile. Ýardam isläňde, diňe Ondan isle. Şuny berk bil, tutuş adamzat jemlenip saňa ýardam etjek bolsa, Allahyň seniň üçin ýazanyndan başga hiç hili ýardam edip bilmez. Ýene tutuş adamzat saňa zyýan bermek üçin bir ýere ýygnansa, Allahyň seniň zyýanyňa ýazanyndan başga zelel ýetirip bilmez. Çünki, galam goýlup, sahypalar bir eýýäm gurandyr» diýip öwüt beripdir, (Tirmizi, Ahmet b. Hanbel, ).

Hezreti Aly şeýle gürrüň berýär: «Allahyň Resuly bir sahabany jaýlandan soň, Bakygy Gargat gonamçylygynda gussaly durdy. Elindäki hasasy bilen töweregini çyzyşdyryp, şeýle diýdi: «Allah tarapyndan ahyretiňiz jennet ýa-da jähennem diýip bellenmedik bir kişi hem araňyzda ýokdur». Sahaba bu sözi eşidende geň galyp: – Eý, Resulallah, onda biziň amal etmegimiz nämä derkar? – diýip sorady. Pygamberimiz muňa şeýle jogap berdi: – Amal ediň, her kes üçin näme ýaradylan bolsa, oňa şol tarapa ýeňillik dörediler. Ýagny, kim sagadat ählinden bolsa, şol tarapa ýöneler we kim şekawet (azaşan) ählinden bolsa, ýoly şoňa tarapdyr. Soňra şu aýatlary okady: «Kim (baryny) Allahyň ýoluna harçlap, Allahdan gorksa we iň ajaýyp sözi (Lä ilähe illallah) tassyklasa, Biz onuň ýoluny ýeňilleşdireris. Emma, kimde-kim bahyllyk edip, baryny Allah ýoluna harçlamasa, ol ajaýyp söze (towhyda) ýalan diýse, Biz ony çetin ýola salarys»(Leýl, 5-10), (Buhary, Muslim).

c) Tekwini deliller

düzet

Älemi ýaradan Allah Tagala tohumyň gögermeginden, ynsanyň dogulmagyndan – ýyldyz we galaktikalaryň döremegine çenli her bir zada kader, ýagny, bir plan kesgitläp takdyr edipdir. Hikmet nazary bilen seredilende, gönüden-göni ýa-da ýüzlerçe syrly perdeleriň aňyrsyndan her bir hadysa kaderiň barlygyny görkezýär. Hatda marksistler hem älemdäki umumy düzgünlere «determinizm» ýaly dürli at berip, hökman bir planyň we kaderiň bardygyny kabul edýär. Biz – Ähli Sünnet wel-Jemagat – älemde determinizmiň däl-de, ynsanyň erk-iradesini hem öz içine alýan her bir zatda umumy kaderiň häkimdigine ynanýarys. Mysal üçin, bir jaý salynjak bolsa, ilki bilen onuň plany we proýekti çyzylýar. Onda ynsanyň akylyny haýran edýän älemdäki nyzamlar, olaryň ynsan bilen, hem-de özara gatnaşyklary plansyz we programmasyz bolup bilermi?

Tohum kader ýükli sandyjakdyr. Geljekde başyndan geçirjek durmuşynyň ähli etaby onuň özünde ýazylandyr. Her bir tohum kaderiň özüne taýynlap goýan ölçegine görä, barlyk äleminde şekil alyp başlaýar. Olaryň käbiri ösümlik bolsa, käbiri janly-jandar bolýar. Älemdäki ähli zadyň şekili we galyby, elbetde, ylym, irade we gudrat eýesi Allah Tagala tarapyndan takdyr edilendir.

Hromosomlaryň dili bolan RNK-nyň we DNK-nyň asla, bulaşdyrman öz wezipesini berjaý etmegi we garaşylan netijäniň hasyl bolmagy, elbetde, hemme zady gurşan kaderi we kazany görkezýär.

Astrofizikleriň pikirine görä, älemiň her bir nokadynda nähili görnüşiň we magnit meýdanlarynyň bardygy takmynan hasaplanylypdyr. Kompýuteriň üsti bilen atomdan galaktikalara çenli älemde ýaradylan her bir barlygyň ýaradylmazyndan öň programmalanandygy anyklanypdyr. Bu Lewhi Mahfuzy subut edýän anyk delillerdir.

Düýşler hem kaderiň barlygynyň delilidir. Ruh babynda az-kem düşündirip geçişimiz ýaly, geljekde bolup geçjek käbir hadysalaryň düýşde görülmegi, wagty gelende şol hadysanyň bolup geçmegi öňünden takdyr edilendigini subut edýär. Şeýle hem, Kuranyň, pygamberleriň we welileriň geljege degişli beren habarlarynyň wagty gelende bolup geçmegi hem kaderiň bardygynyň delilidir. Çünki, kaderde belli edilmedik, ýazylmadyk, bir zady öňünden bilmek, duýmak, habar bermek mümkin däldir.

Netijede, her bir zat Lewhi Mahfuzda, ýagny, Baş Kitap bolan Ymamy Mübinde ýazylandyr. Kader wyždana degişli meseledir Allah Tagalanyň barlygyny, Pygamberimiziň pygamberligini dürli ylmy delil bilen subut etmek mümkindir. Öleniňden soň dirilmek meselesini hem ylmy delil bilen subut edip bolar. Ýöne kaderi subut etmek mümkin däldir. Ol wyždana degişli meseledir. Ynsan imanynyň derejesine görä, kadere ynanýar, öz-özüniň ukybyna görä, ony kabul edýär we düşünýär.

Kader ylmyň bir görnüşidir

düzet

Bir zady bilmek şol zady döretmek diýmek däldir. Meselem, kelläňizde müň dürli binanyň planyny çyzyp, müň dürli zawod-fabrigiň taslamasyny taýýarlap bilersiňiz. Emma bularyň taslamasynyň bolmagy onuň eýýäm gurlandygyny aňlatmaýar. Gurulmagy üçin irade (karar) we gudrat (zähmet we serişde) gerekdir. Bu mysalda görnüşi ýaly, kader ylmyň bir görnüşidir. Ylym – hemişe magluma tabyndyr. Maglum ylma tabyn däldir. «Ylym» bir zadyň zehindäki şekilidir. Maglum bolsa, şol zadyň hereketi, ýagny, görülýän, eşidilýän we duýulýan maglumyň şekilidir. Meselem, almanyň zehinimizdäki şekili – ylym, emma özi maglumdyr. Ýagny, alma hakykatda nähili bolsa biz ony şeýle göz öňüne getirýäris. Ýöne, almany biz nähili göz öňüne getirsek, alma şol şekile girmäge mejbur däldir.

Biziň näme etjekdigimizi, iradämizi nähili ulanjakdygymyzy Allah Tagala bilýär we takdyrymyzy hem şoňa görä edýär. Meselem, Günüň we Aýyň tutuljak wagtyny öňünden bilmek ylymdyr. Bu hadysanyň bilnişi ýaly bolup geçmegi bolsa maglumdyr. Ýagny, Günüň we Aýyň şol wagtlarda tutuljakdygy bilnip, ýazga geçirilýär, emma, ýazgymyz sebäpli tutulmaýar. Edil şunuň ýaly-da bir guluň haçan, nirede, nähili tagat ýa-da ysýan etjekdigini Hak Tagala ezeli ylmy bilen bilip kadere ýazypdyr. Ýogsa, gul tagaty ýa-da ysýany Allah Tagalanyň bilendigi ýa-da ýazandygy üçin etmeýär. Diýmek, gul tagaty ýa-da ysýany erk-iradesi bilen edýändigi üçin jogapkärdir. Allah Tagalanyň ezelde bilmegi we ony takdyr etmegi ynsan üçin zorluk däldir. Bu Onuň ylmynyň çäksizligini we kemalyny görkezýär.

Allah Tagalanyň ylmynda sebäp, netije, başlangyç we ahyr eriş-argaçdyr. Hemmesi bir nokatda jemlenendir. Şonuň üçin şol ýerde owal-ahyr, öň we soň diýilýän zat ýokdur. Ýagny, Allah Tagalanyň ylmy her bir zady hemmetaraplaýyn gurşandyr. Onuň herki ynsan üçin ýazan takdyry adamyň erki, ygtyýary hasaba alynmazdan edilen däldir.

Ynsanyň maňlaýyna ýazylan kader Lewhi Mahfuzdan göçürilip alnandyr.

«Biz her bir ynsanyň amalyny onuň boýnuna doladyk»

— (Isra, 13)

aýaty hem bu hakykaty aňladýar.

Ynsanyň maňlaýynyň ýazgydy melekleriň ýazan amal depderi bilen deňeşdirilende deň geler. Soň Allah Tagala bu depderi ynsana okadar we hasabyny hem şol depdere görä çykarar. Bu taýda şeýle bir sorag ýüze çykýar. Ynsanyň kaderini elindäki ýa-da ýüzündäki çyzyklaryň üsti bilen okap bolarmy?

Ruh meselesi bilen içgin meşgullanýan kişiler ruhuň şol bir wagtda ynsanyň taýydygyny aýdýarlar. Şeýle hem, ruhuň belli şekildäki funksiýalaryna aralaşylan wagty, ynsan takdyrynyň belli derejede okalyp bilinjekdigine ünsi çekýärler.

Kyýafet ylmy bilen meşgullanýanlar hem ynsanyň eliniň aýasyndaky, maňlaýyndaky çyzyklaryň ruhuň madda şöhlelenmesidigini belläp, şolar arkaly kişiniň başyndan geçjek käbir zatlary bilmegiň mümkindigini aýdýarlar. Hatda parasatly adamlar kişiniň daş keşbine seredende, onuň kaderine degişli käbir zatlary duýup bilýärler. Bu Kuranyň «Gaýyby diňe Allah biler» hökümine ters däldir.

Allahyň bedenimize ýerleşdiren yşarat we alamatlaryna seredip kaderi (ýazgydy) okamaga çalyşmak, sagadat asyrynda hem duş gelnen ylymdyr. Şol wagt muny edýäne «käif» diýlipdir. Pygamberimiz bu ylma garşy çykmandyr. Hatda bir gezek özi hem käif getirdip, myş-myşlar ýaýran guly Zeýd b. Harise bilen onuň ogly Usame b. Zeýde seretdiripdir. Usame kakasy Zeýde görä akýagyz bolany üçin halk arasynda gybat edilýärdi. Bir gün Pygamberimiz käifi getirip olaryň ikisi hem ukudaka üstlerini ýapyp, açyk galan aýaklaryna seretdirdi. Käif olary tanamaýardy. Ol ýatanlaryň aýaklaryna seredip: «Bu aýaklar biri-biri bilen baglanyşykly» diýdi. Şeýlelikde, Pygamberimiz bilýän hakykatyny käifiň dili bilen subut edip, halka ýetirdi. Ol begenjine hezreti Aişäniň ýanyna baryp: «Eý, Aişe, Usame hem Zeýddendir» diýip buşlady, (Buhary).

Kader ynanjynyň hikmetleri

düzet

Kader meselesine akyl ýetiren we wyždanynda kadere degişli syrlary düwün çözen ýaly ýeke-ýeke çözen ynsan, Allahyň özüne bolan lutuf we yhsanlarynyň öňünde: «Men etdim, men gazandym, bildim, öwrendim, tapdym...» ýaly sözler bilen her bir zady öz erk-iradesine, güýç-kuwwatyna, akyl-paýhasyna berip bilmez. Eger köňlünde men-menlik edäýse, kader: «Sizi we edenleriňizi Allah ýaratdy» (Saffat, 96) aýaty bilen oňa hetdini tanadar. «Men-menlik satma, eden sen dälsiň» diýip, ynsany tekepbirlikden halas eder.

Wyždanynda kader hakykatyna akyl ýetiren adam: «Meni we edenlerimi ýaradýan Allahdyr. Ol islemese, men isläp bilmerin. Men kaderiň öňünde şemala galgaýan ýaprak ýalydyryn. Beýle bolsa: «Edýän işlerime meniň näme dahylym bar? Men näme üçin jogapkär we günäkär bolmalymyşym?» diýip, jebriýlik çukuryna düşüp biler. Şol wagt irade öňe çykyp, ynsana: «Sen meniň barlygym üçin jogapkärsiň. Iman we gullukda jogapkär bolşuň ýaly, her bir eden erbetligiň we günäleriň üçin hem jogapkärsiň» diýip, oňa jogapkärçiligini ýatladar. Şeýlelikde, ynsan deňagramlylygyny saklar.

Ynsan özüniň sebäp bolan ýagşy amallaryna eýe çykmaly däldir. Çünki, ähli gözellikler, ajaýyplyklar Allah Tagalanyň planydyr. Eger adam oňa eýe çykjak bolsa, gizlin şirke girer. Çünki, gözellikleri berýän gönüden-göni Allahdyr. Ynsanyň nebsi aldawçydyr. Onuň arzuw eden her bir zadyny ýagşylykdyr, gözellikdir diýip bolmaz. Elbetde, bu taýdaky ýagşylyk sözüne salýan manymyz Allahyň emr we gadaganlyklaryna boýun bolmakdyr. Nebis hakyky gözeliň we gözelligiň duşmany bolupdyr. Hemişe-de duşmany bolar. Çünki, nebsiň ozal-ebetde gurluşy şeýledir.

Erbetligi arzuw edýän nebisdir. Şonuň üçin her bir erbetlige nebis jogapkärdir.

«Saňa gelen her bir ýagşylyk Allahdandyr. Her bir erbetlik bolsa – nefsiňdendir»

— (Nisa, 79)

aýaty bu iki hakykaty açyk görkezýär.

Allahyň saňa edýän ýagşylyklary senden pespälligi we şüküri talap edýär. Günäler barada aýdylanda bolsa, olaryň ýaradylmagynda seniň jüz’i ygtyýaryň ýönekeý bir şertdir. Şonuň üçin jogapkärçilik seniň nebsiňe degişlidir. Çünki, sen nämä meýl eden, näme etmegi oýlanan bolsaň, Allah Tagala hem şony ýaradypdyr. Bu ýerde esasy mähek daşy wyždandyr.

Diýmek, geçmişe we musybatlara kader, geljege we magsyýete (günälere) irade taýyndan garamalydyr. Şeýlelikde, hem ynsan geçmişinde başyna gelen bela we musybata: «Ýazgydym şeýle eken» diýip, razy bolar, umytsyzlyga düşmez hem-de geljegini kesgitlemek we takdyr etmek taýyndan jogapkärçilik duýgusynda ýaşar.

Geçmişine we musybata kader nazary bilen seretmeýän ynsanyň umydyny üzýän we ony heläk edýän hadysalaryň öňünde dyza çökmegi, halyndan hemişe şikaýat etmegi, hatda ahyr soňy günä we sefahet batgalygyna batmagynyň gutulgysyz bolşy ýaly, geljege irade taýyndan garamaýan ynsanyň erbetlik we günälerini kadere ýükläp düşen batgalygyna has-da beter batar. Ynsanyň «gahba pelek», «ýazgydyň oýny»... ýaly sözler bilen kaderden şikaýaty musybaty artdyrar, kalp we ruhy dünýäsini garaldar. Diýmek, bir tarapynda irade, beýleki tarapynda kader bolan terezini hemişe deňagramly saklap, durmuşymyzy şoňa görä düzgünleşdirmelidiris.

Kader bilen irade biri-birine gapma-garşy däldir Ynsanyň iradesi bilen kaderiň arasynda gapma-garşylyk ýokdur. Ynsan iradesi bilen kader egin-egnedir. Ynsan gazanan sogaby bilen jennete, günäsi bilen jähenneme gitmegi hakykat bolsa, bularyň kader dilinde Allah tarapyndan tassyk edilmegi, iradäniň barlygynyň subut edilmegidir. Diýmek, ynsanda ony haýra, sogaba we jennete ugrukdyrýan, ýa-da, tersine erbetlige, günä we jähenneme itekleýän güýç bardyr. Şol güýç takdyryň esasy sebäbidir. Ol bolsa iradedir. Bu iradäniň barlygy Allahyň takdyryna päsgel bermez.

Ilahi takdyryň manysy şeýledir: Hamala Allah Tagala ynsana şeýle diýýär: «Men iradäňi nähili, haýsy ugurda ulanjakdygyňy bilýärin. Şonuň üçin takdyryňy şoňa görä ýazýaryn». Bu iradäniň barlygyny subut edýär.

Kaza we kaderiň mertebeleri

düzet
  1. Ylmy Ilahi taýyndan kaza we kader. Ylmy Ilahi taýyndan kaza we kader kyýamata çenli bolup geçjek ähli zatlaryň we hadysalaryň plan we programmalarynyň Allah tarapyndan kesgitlenmegi we bulara ylmy wujud (taslama) berilmegidir. Hadysda: «Älem ýaradylmazyndan öň Allah bardy, başga hiç zat ýokdy» diýilýär. Allah çäksiz ylmy bilen pany älemiň ýaradylmagyny kesgitledi.
    Allah akyla, hyýala gelen her bir zadyň aňyrsynyň, aňyrsynyň aňyrsyndadyr. Ol hiç bir şekilde gullaryna meňzemeýär. Ýöne ylmy ilahi taýyndan kazany we kaderi düşündirmek üçin – hata bolmasyn – belki, şeýle mysal getirip bileris.
    Ynsan etjek bir zadyny ilki zehininden geçirýär. Akylynda ölçäp biçýär. Soňra plan-proýektini taslaýar. Şeýlelikde, etap-etap ony hakykata ýakynlaşdyrýar. Bu şol kişiniň maddy älemde ýerine ýetirjek bir işiniň ylmy wujudydyr.
  2. Kitabet taýyndan kaza we kader. Ylmy planda kesgitlenen plan we proýektler Kitaby Mübinde ýazylypdyr.

    «Ol Lewhi Mahfuzda bolan şerefli Kurandyr»

    — (Buruç,21-22).

    Kuranda muňa sähel tapawut bilen Ymamy Mübin (Ýasyn,12) we Kitaby Mübin (En’am 59) ýaly atlar berilýär. Başymyza geljek her bir zadyň öňünden bu Kitapda ýazylyp goýlandygy (Tewbe 51) we Kitapda ýazylmadyk hiç bir zadyň galmandygy düşündirilýär, (En’am,38). Bu esas kitapdyr we munda ýazylan zatlara üýtgetme girizilmeýär. Lewhi Mahfuz asyl kitapdyr. Bu kitap esas edilip ondan göçürmeler alnyp başga depderlere we kitaplara nusgalar geçirilýär.

Kitabet, istinsah (göçürme) we görnüşleri

düzet

Allahyň dürli döwre degişli aýratyn kitabeti bardyr. Baş kitapdan alnan nusgalaryň sahypalary, mazmuny göçürilip, kiçi depderlerde köpeldilýär. Mysal üçin, ilaty hasaba alýan edarada her öýüň asyl kitaby bolýar. Bu asyl kitapdan her bir ynsan üçin ýanynda götersin diýip kiçi nusga bolan şahadatnama ýazylýar. Edil şonuň ýaly, her bir ynsanyň ömrüniň dowamynda etjek her bir hereketi Baş kitapdan göçürilip, maňlaý ýazgydy hökmünde boýnuna oralýar. Istinsah her bir ynsanyň ömrüniň dowamynda etjek amallarynyň Baş kitapdan melekler tarapyndan göçürilen nusgasydyr. Kuranda:

«Şübhesiz, biz edenleriňizi hasaba alýardyk»

— (Jasiýe,29)

, aýaty muny görkezýär.

Ynsanyň boýnuna oralan kitap bilen Kiramen Kätibin diýen melekleriniň ýazan kitabynyň arasynda tapawut ýokdur. Dünýä durmuşynda ynsan iradesi güýje girýär we onuň ähli hereketi, amaly bir kitap görnüşinde ýazga geçirilýär. Şeýlelikde, ynsanyň öňüne (ahyrete) göndereni-de, yzynda (bu dünýäde) galdyrany-da ýeke-eke ýazylar, (Ýasyn 12). Ynha, bu iki kitap biri-biri bilen deňeşdirilende aralarynda hiç hili tapawut bolmaz. Melekler: «Biziň ýazanlarymyz şular, eý, Rabbimiz» diýerler. Allah Tagala bolsa: «Men hem şulary ýazypdym» diýip jogap berer. Edil remezanda karylaryň ýatdan okaýan Kuranyny yzarlaýanlaryň şol bir zady görşi ýalydyr. Allahyň Lewhi Mahfuzdan ýazan «Maňlaý ýazgydy» bilen melekleriň ynsanyň söz, hal we hereketlerini ýazýan «Amal depderi» arasynda hiç hili tapawudyň bolmajakdygy görüljekdir. Bu bolsa ynsanyň ömür beýanyna degişli her bir zadyň öňünden Lewhi Mahfuzda ýazylandygyny görkezýär. Ýöne kader meselesiniň iň möhüm nokady bolan şu ýagdaý berk bilinmelidir: Ynsan Lewhi Mahfuzda öňünden kesgitlenip ýazylandygy üçin şeýle hereket etmeýär. Ynsan bu nusgada ýazylanlary iradesi bilen ýerine ýetirýär. Allah (j.j.) ynsanyň edenlerini ýaradýar, melekler bolsa ynsanyň edenlerini ýeke-eke hasaba alýar. Melekleriň hasaba almagynyň sebäbi ynsanyň öz eden işlerini boýun aldyrylmagy üçindir.

  • Wyždanda kitabet. Ruhlar äleminde, ýa-da, Mysal äleminde, ýa-da, Zerreler älemindekä bizden «Elestü bi Rabbiküm?» (Men siziň Rabbiňiz dälmidirin?), «Kalu bela» (Elbetde, biziň Rabbimizsiň), (A’raf, 172), diýip äht almak arkaly Rabbimiz tarapyndan ýazylan bu kitabyň görünmez ýazgylaryny wyždanymyzda edil ruhuň gözleri bilen görýän we duýýan ýalydyrys. Entek ynsan tohum we zerre älemine öwrülmänkä, ähli zerrelerimize buýruk berýän ruhuň öz äleminde öz gulagy bilen eşidip, öz dili bilen jogabyny bereni wyjdana ýazylan bu kitabet ruhlar äleminde ýazylan kitabetdir.
  • Jenin (düwünçek) üçin kitabet. Ynsan ene göwresinde galan wagty melekler tarapyndan aýratyn bir kitabet we istinsah edilýär. Melekler Baş kitapdan – Lewhi Mahfuzdan onuň paýyna düşeni – said ýa şaky... boljakdygyny ýazýarlar, (Buhary, Muslim).

Meşi’et (irade) taýyndan kaza we kader

düzet

Meşi’et – Allahyň erk-islegi diýmekdir. Bu Kuranda iň köp agzalýan sözlerden biridir. Meşi’et kader bilen baglanyşyklydyr. Bu baglanyşyk sebäpli hem kaderiň aýratyn bir görnüşi döreýär. Meşi’ete halk arasynda külli irade diýilýär. Allah Tagala doly kämil, külli, ezeli, hiç hili çäklendirilmedik mutlak irade eýesidir. Barlygyň we hadysalaryň döremeginde ilahi meşi’et esasdyr. Ýokardaky ilkinji iki meselede Allahyň her bir zady ylmy planda kesgitlemegi we dürli şekillerde ýazmagy meşi’et bilen bolup geçişi ýaly, mundan soňky «halk» (ýaratmak) işi hem ýene Allahyň meşi’eti bilen baglanyşyklydyr. Kurany Kerimde we älemde Allahyň meşi’etini anyk görýäris we duýýarys. Meşi’et bilen baglynyşykly käbir aýatlary mysal getireliň:

«Islendik bir iş barada «Men ony ertir ederin» diýme. Ýöne inşallah (Allah islese) diý. Unudan wagtyň hem Rabbiňi ýatla we şeýle aýt:

«Rabbim meni has dogry ýola gönükdirer diýip tama edýärin»

— (Kehf, 23-24).

«Allah islänini eder»

— (Buruç, 16).

«Ýerleriň we gökleriň mülki we olardan bolan barça zat Allahyňkydyr. Ol islänini ýaradar»

— (Maide, 17).

«Aýt: «Eý, mülküň eýesi Allahym, Sen isläniňe mülk-baýlyk berersiň. Isläniňden mülki alarsyň. Isläniňi aziz, isläniňi bolsa zelil edersiň»

— (Äli Imran, 26).

«Islänine azap, islänine merhemet eder»

— (Ankebut, 21).

«Ol islänini azdyrar, islänini hidaýete ýetirer»

— (Nahl, 93).

«Allah islemese, siz isläp bilmersiňiz»

— (Ynsan, 30; Tekwir, 29).

Görşümiz ýaly, meşi’et ynsan durmuşyny hemmetaraplaýyn gurşandyr. Allahyň meşi’et we iradesi barda-da bar, ýokda-da. Ýagny, Allahyň ýok bolmagyny isläni ýok, bar bolmagyny isläni bar bolýar, (Ýasin, 82).

Halk – ýaradylyş taýyndan kaza we kader

düzet

Allah Tagala Ylmy Ilahisi bilen Lewhi Mahfuzda ýazýan her bir zadyny meşi’eti bilen isläp, gudraty bilen ýaradýar. Ýagny, kaderiň birinji we ikinji mertebesi Allahyň ezeli ylmyna degişlidir. Üçünji mertebesi Onuň iradesi we meşi’eti bilen, dördünji mertebesi gudraty bilen baglanyşyklydyr. Allah Tagalanyň kader, ýaratmak we emr etmek baradaky iradesi iki görnüşdedir

  • a) Tekwini irade. Muňa «Emri kewni», ýa-da, «Jebri hilkat» hem diýilýär. Allah Tagalanyň älemdäki kader we ýaratmak görnüşinde tejelli eden ilahi emri we iradesidir. Muňa ynsan iradesiniň hiç hili täsiri ýokdur. Tekwini irade umumydyr. Allah mülküň eýesidir. Mülk eýesi mülkünde islänini eder. Ol Faili Muhtardyr. Ýagny, näme islese, şony eder, (Äli Imran, 40) we hiç kim Ondan hasap soramaz, (Hud, 107). Ýöne Allah mutlak manyda Adyldyr we Hakimdir. Gullar özlerine zulum eder, emma Allah olara hiç haçan zulum etmez, (Nisa, 40; Ýunus 44; Kehf 49).
    Allahyň älemdäki jebri emrinde we ýaratmagynda ençeme hikmet, maksat we peýda bardyr. Olar ynsanyň islegine däl-de, tutuşlygyna Allah Tagalanyň iradesine bagly bolan hadysalardyr. Meselem, dünýäniň aýlanmagy bize bagly bolmasa-da, biziň bähbidimizedir. Günüň barlygy hem şonuň ýalydyr. Bedenimiziň işleýşine hem dahylymyz azdyr. Şeýle hem reňki, jynsy, milleti, ene-atasy we ş.m.-lerde ynsanyň ygtyýary ýokdur. Ynsanyň bulardan närazy bolmaga hukugy ýokdur. Eger: «Men näme üçin gyz bolup doguldym? Näme üçin şikesli ýaradyldym?» diýip kaderinden şikaýat etse, bu kaderden närazylyk bolar. Bu bolsa, Allahyň rahmetini kemsitmekdir. Muny eden rahmetden mahrum galar.
  • b) Teşri’i irade. Muňa «Emri şer’i» ýa-da «Dini irade» hem diýilýär.
    Dini iradede emr we ýaratmak ynsanyň iradesi nazara alynyp edilýär. Allahyň ynsanyň iradesini nazara alnyp ýaradýan bu amallaryna we hadysalara ygtyýary amallar diýilýär. Meselem, namaz okamak, oraza tutmak, içgi içmek, zyna etmek we ş.m.
    Ynsan ýagşy ýa-da ýaman, hidaýet (hak ýol) ýa-da zalalat (azaşmak), iman ýa-da küfür ýollaryndan islänini saýlamakda erkindir. Allah Tagala ygtyýary amallarda gulunyň jüz’i iradesini özüniň külli iradesiniň tejellisine ýönekeý bir şert hökmünde kabul edipdir. Gul jüz’i iradesi bilen haýyr we şerden nämäni islese, Allah Tagala külli iradesi bilen şony ýaradýar. Emma jogapkärçilik guluň özüne degişlidir. Bu halk arasyndaky «Niýetiň-päliň ýoldaşyň bolsun» diýen sözlere kybapdyr.
    Netijede, meşi’et we ýaratmak iki kadere-de, iki emre-de degişlidir. Ýagny, Allahyň älemde bolup geçýän hadysalary ýaratmagy-da, ynsanyň iradesini nazara alyp, emr eden hadysalaryny ýaratmagy-da meşi’eti bilen isleýär we ýaradýar. Ýöne ikinjisinde, ýaradan amallarynyň käbirinden razy bolsa-da, käbirinden närazydyr. Meselem, Ol namazy emr edýär, bu emriň berjaý edilmegini ýaratmak isleýär. Gul öz iradesi bilen muny berjaý etmek islän wagty hoşallyk bilen ol amaly ýaradýar. Ýöne küfür we günäni halamaýar, emma ynsan öz iradesi bilen şoňa meýl edende, Allah razy bolmasa-da, meşi’eti bilen ony isleýär we gudraty bilen ýaradýar.

Kaza we kader bilen baglanyşykly meseleler

düzet

Jüz’i irade ýa-da juz’i ygtyýar

düzet

Jüz’i irade – bir zady dilemek, islemek, meýl etmek görnüşindäki Allahyň ynsana beren sypatydyr. Allah (j.j.) ynsana yhsan eden bu iradesi esasynda olary arzuw-isleglerinde, pikir we garaýyşlarynda, hal-hereketlerinde erkin edipdir. Jüz’i irade göz, gulak, burun ýaly, daşky görnüş berilmedik, ýöne hakykatda bar bolan meýl duýgusydyr. Jüz’i iradäniň aslynda hiç hili güýji ýokdur. Ol ýönekeý bir sebäpdir, şertdir. Meselem, uly bir köşgi ýagtyltmak üçin, ol ýere elektrik togunyň çekilmegi gerekdir. Elektrik çyralarynyň ýanmagy üçin bolsa, barmagyň düwmäni basmagy gerekdir. Eger ol barmak düwmä degmese, şol kämil elektrik sistemasy köşki ýagtylandyrmaz. Jüz’i irade hem şol düwmä basan ýalydyr. Imana meýli we islegi bolan ynsan kalp köşgüniň çyralaryny ýakmak üçin şol düwmä basyp, Allahyň meşi’eti bilen ähli çyralary ýakýar. Şeýlelikde, ol aýdyňlyk ülkesi bolan jennete tarap gidýär.

Diýmek, Allahyň meşi’eti jüz’i iradä baglydyr. Ynsan «kaderiň gurbany», «gahba pelegiň pidasy» däldir. Ýöne barlygyny inkär etmezlik bilen birlikde, irade her bir zada özüni dahylly edip, eýe çykmaly däldir. Çünki, ýönekeý bir şert bolan ynsan iradesi bilen iň ýokary beýik netijeleriň arasynda uly baglanyşyk ýokdur. Her bir zady ýaradýan kiçijik, ýönekeý sebäplere uly netijeler gazandyrýan bir Zat bardyr. Ol ähli zada häkimdir. Irade, ygtyýarymyz bolsa-da, älem derejesinde bolup geçýän hadysalaryň öňünde bize düşen paý milliondan birden hem azdyr.

Jüz’i iradäniň barlygynyň delilleri

düzet
  • a) Eden erbetliginiň azaryny ynsana wyždany duýdurar. Ynsan eden etmişleri üçin köplenç puşman edýär, ejir çekýär. Hatda ejiz adamlaryň şol sebäpli janyna kast eden wagty hem bolýar. Ynsan erk-iradeden we islegden mahrum bolup, edenini jebri kaderiň hor etmegi bilen edýän bolsa, onda näme üçin onuň wyždany azap çekýär, günäleriň azaryny duýup gözýaş dökýär, istigfar edýär? Näme üçin ynsan biriniň göwnüne degende ondan ötünç soraýar? Bularyň ählisi ynsanyň edenlerini öz iradesi bilen edýändigini görkezýär.
  • b) Söz, hal we hereketlerimizde hemmämiz erkindiris. Islän wagtymyz islendik hereketi edip bilýäris. Ýagşy ýa-da ýaman bir işi etmekde hiç kim bize zorluk görkezmeýär. Hiç birimiz robot ýaly däldiris. Bularyň ählisi ynsana bagyş edilen erk-iradäniň bardygyny görkezýär.
  • c) Deňeşdirmek, ölçemek, baha bermek, saýlamak, karara gelmek – bularyň ählisi iradäniň bardygyna delildir. Çünki ynsanyň durmuşyna seredilse, onuň şemalyň ugruna galgap duran bir ýaprak ýaly däldigine göz ýetireris. Ynsan her bir hereketini ölçäp-biçip etmäge ygtyýarlydyr.
  • d) Ynsan eden bir günäsi, ýa-da jenaýaty sebäpli, hukuk organlarynyň öňünde «Nädeýin, erk-iradäm ýok» diýip bilmez. Diýse-de kabul edilmez. Eger şeýtmek bolýan bolsa, hökümedem, sudam, polisiýa-da... bolmazdy.
  • e) Mejnun ýa-da akylyndan azaşanlar öz hereketlerine jogapkär däldir. Çünki olaryň iradeleri özlerinde däldir. Akylyň we kalbyň, düşünjäniň we iradäniň gymmatyny bilmezlik, eýsem dälilik dälmidir?
  • f) Haýwanlarda aň, erk we irade ýokdur. Olar «sewki-ilahi» bilen hereket edýärler. Meselem, ary Allahyň ugrukdyrmagy we beren ylhamy, ýagny, sewki ilahi bilen (bu instinkt däldir), öýjüklerini hemişe altyburçluk şekilinde ýasaýar. Çünki, olar erk-iradeli däldir, ne-de başga bir şekil oýlap tapmaga-da ejizdir.

Haýyr we şer

düzet

Haýry we şeri ýaradan Allahdyr. Haýyr Kuranyň we sünnetiň emr eden ýa-da maslahat beren, amal edilende sogap bolýan, arassa wyždanyň lezzet duýup, akyly-selimiň begenýän söz, hal we hereketdir. Şer bolsa, Kuranyň we sünnetiň gadagan edip, amal edilmeginde günä we azap bolan, arassa wyždanyň we akyly-selimiň erbet görýän iman ähliniň halamaýan, erbet söz, hal we hereketlerdir. Älemde hem haýyr, hem şer bardyr. Hem husun (ýagşylyk), hem kubuh (erbet) bardyr. Haýyr we husun, şer we kubuh Allaha degişlidir, munda hiç hili şübhe ýokdur. Her hal, şeri kesp etmek gabahatdyr. Ýöne şeri ýaratmak şer däldir. Her hal Allahyň şere razylygy ýokdur. Allah Tagala şeri guluň islänligi, ýa-da synag, ýa-da deňeşdirmek üçin ýaradypdyr. Ýaradylyşda haýyr esasdyr. Şer bolsa, esasy maksat däl-de, jüz’idir, ýagny, şer haýyr üçin bir ölçegdir. Şer ynsanyň hatasynyň netijesinde döreýär. Meselem, ýagşyň ýagmagynda müňlerçe haýyr bardyr. Ýalta daýhan hasylyny wagtynda ýygnaman ýagyş sebäpli zyýan çekse-de, ol: «Ýagşyň ýaradylmagy rahmet däl-de şer» diýip bilmez.

«Kim zerre mysgal haýyr iş etse, onuň gaýtargysyny görer. Kim zerre mysgal şer iş etse, onuň jezasyny görer»

— (Zil-zal, 7-8).

Şeýle hem:

«Haýsyňyzyň ýagşy amal etjekdigiňizi synamak üçin ölümi we durmuşy ýaradan Oldur»

— (Mülk, 2)

aýaty ýokarda aýdanlarymyzyň tassyklaýjysydyr.

Hidaýet (dogry ýol) we zalalat (azaşmak) Hidaýete ýetirýän we zalalata uçradýan Allah Tagaladyr. Hidaýeti we zalalaty isleýän we sebäp bolýan bolsa bendesidir. Hidaýet – dogry ýol, nebileriň giden istikamatly (göni) ýoludyr. Hidaýet – ynsanyň jüz’i iradesini ulanmagy netijesinde onuň kalbynda Allahyň ýakýan nurudyr. Zalalat bolsa, azaşanlaryň ýoludyr. Dogry ýoldan azaşmak – esasy ýoldan çykmak diýmekdir. Hidaýet Allah Tagalanyň Hädiý adynyň, zalalat bolsa Mudyl adynyň tejellisidir.

«Allahyň hidaýete ýetirenini hiç kim azaşdyryp bilmez, azaşdyranyny bolsa, hiç kim hidaýete ýetirip bilmez» (Zumer,37; Ra’d,33).

«(Eý, habybym Muhammet, Sen halaýan kişiňi hidaýete ýetirip bilmersiň. Ýöne Allah islänini hidaýete ýetirer. Kimiň hidaýete ýetjekdigi Oňa aýandyr»

— (Kasas, 56).

«Allah kimi azaşdyrsa, soňra oňa ýol görkezen tapylmaz. Olar azgynlykdan çabalanar»

— (A’raf, 186).

Şeýle aýatlardan «Hidaýet we zalalatda ynsanyň dahyly ýokdur, hidaýet jebridir» diýen ýalňyş many çykarmak dogry däldir. Çünki, Kurany Kerimdäki aýatlar doly seljerilse, onda hidaýet we zalalatyň sebäplerinden söz açylýar. Allah dürli wesile iberip, ynsany hidaýete ýetirýär. Pygamberler ynsanyň hidaýetine wesile bolşy ýaly, iberilen kitaplar hem edil şonuň ýaly, hidaýete wesiledir. Teblig eden ynsanyň eden tebligi we irşady (wagzy) hem wesiledir. Allah Tagala şunuň ýaly dürli wesile iberýär. Ýöne bu wesileler hiç kimiň zor bilen boýnuna dakylmaýar. Şonuň üçinem hatda pygamberiň maşgalasyndan bolan käbir ynsan hem hidaýete ýetmändir. Muňa garamazdan, Fyragunyň köşgünde onuň aýaly Asiýe hidaýete ýetipdir. Elbetde, bularyň hemmesinde ynsanyň iradesi esasydyr. Allah (j.j.) hidaýete eltýän ähli wesiläni döredýär. Ýöne hidaýeti ýaratmagy ynsanyň iradesine bagly edipdir. Allah Tagala dürli wesile arkaly, ynsany hidaýete çagyrýar. Ýöne hidaýet etmek onuň göni meşi’etine baglydyr. Islänini hidaýete ýetirýär, islänini azaşdyrýar. Ýagny, ynsan Allahyň çakylygyna boýun egip, hidaýet wesilelerinden peýdalansa, Allah-da meşi’eti we iradesi bilen tejelli edýär we ony hidaýete ýetirýär. Hidaýetde iki mertebe bardyr. Birinji mertebe Allah (j.j.) diňe wesileler üsti bilen ynsany hidaýete ýetirýär. Ikinji mertebe bolsa, ynsanyň göwnünde hidaýet nurunyň Allah tarapyn döremegidir. Bu Allah Tagalanyň lutuf we yhsanydyr. Alymlar muňa «Jebri lutfi» diýipdir. Diýmek, hem hidaýet, hem delalet Allahyň ýaratmagy bilen bolup geçýär. Bu hakykaty şu hadysy şerif aç-açan açyp görkezýär. «Men teblig we dagwat ediji hökmünde iberildim, hidaýete ýetirmekde meniň hiç hili dahylly ýerim ýokdur. Şeýtan hem batyly bezäp, sizi azdyrmak üçin iberilendir. Onuň hem azaşdyrmakda hiç hili dahyly ýokdur» («Kenzül-Ummal»). Hawa, Lewhi Mahfuzda guluň jüz’i iradesi hasaba alnyp, said ýa-da şaky boljaklygy ýazylýar. Ynsan iradesi bilen talap edýär, soňra Allah Tagala talap edilen zady ýaradýar. Guluň iradesi hidaýetine ýa-da zalalatyna ýönekeý şert we sebäpdir.

Tewekkül – (töwekgel bolmak)

düzet

Tewekkül sözi – ynanmak, daýanmak, işi başga birine tabşyrmak diýen manylary berýär. Istilah manysy – bir maksada ýetmek üçin maddy-magnewi ähli sebäbi we şerti ýerine ýetirip, ähli çäre görlenden soň, netijäniň haýyrly-bereketli bolmagyny Allaha ynanyp, Oňa tabşyrmakdyr. Tewekkül Allah Tagalanyň hikmetli iradesine boýun bolmak takdyrymyza razy bolmakdyr. Tewekkül Allah Tagalanyň bize zulum etmejekdigine, zyýana goýmajakdygyna, eden ybadat we amallarymyzyň gaýtargysyz galmajakdygyna, uçran belalarymyzdan we musybatlarymyzdan gorajakdygyna doly ynanmakdyr. Tewekkül – Allah Tagalanyň külli iradesine gyşarnyksyz boýun bolmak, çäksiz gudratyna doly ynanmak, giň rahmetine bil baglamakdyr. Tewekkülüň manysy aşakdaky aýatlarda doly düşündirilýär:

«Azm edeniňde derrew Allaha tewekkül et»

— (Äli Imran, 159).

«Eger Allaha iman eden bolsaňyz, hakykatdanam Oňa doly boýun bolan bolsaňyz, indi, Oňa ynanyp tewekkül ediň»

— (Ýunus, 84).

Bu aýatlara görä, tewekküliň bolmagynda iman, teslim (boýun bolmak), azm, gaýrat, sabyr we çydamlylyk uly ähmiýete eýedir. Tewekkül – kaza razy, kadere teslim bolmakdyr. Tewekkül – sebäpleri düýbünden ret etmek däldir. Gaýta, sebäpleri gudratyň bir perdesi saýyp, olary doly berjaý etmekdir. Ýöne işlemän oturyp, Allaha tewekkül bolmak dürs däldir. Meselem, bugdaý hasylyny ýygnamak üçin hökman ýeri sürüp, ekmeli, gerek bolsa suwarmaly, dökünlemeli, dermanlamalydyr. Bulary berjaý edeniňden soň netijäni Allaha tabşyrmaly. Hezreti Omar bilen baglanyşykly şu hadysa tewekküliň ajaýyp nusgasydyr. Hezreti Omar Allah Tagala göwnejaý ybadat edip bilmeýändigine gynanyp, hemişe aglap, istygfar eder eken. Akybeti barada hemişe endişe eder eken. Bir gün sahabalardan biri: – Eý, Omar, näme üçin beýle endişe edip, özüňi gynaýarsyň? Sen jennet buşlugyny alanlardan dälmi näme? – diýip soraýar. Hezreti Omar: – Hawa, men jennet buşlugyny aldym. Ýöne, Allah Tagalanyň wadasy şerte tabyndyr. Aýt, eger Omar namaz-ybadatyny taşlasa, Ol Adyl we Hakim bolan Allah (j.j.) Omary jennetine salarmy? – diýip jogap berýär.

Allah Özüne tewekkül eden bendäniň welisi, kepili, wekili bolmagy öz üstüne alýar.

«Allaha tewekkül edene Allah ýeterlikdir»

— (Talak, 3).

«Sen Allaha tewekkül et, Allah wekil hökmünde ýeterlikdir»

— (Ahzab, 3).

«Allaha ynanyp, Oňa daýanan kişi, şübhesiz, syraty mustakyma hidaýet ediler»

— (Äli Imran, 101).

Beýik Rabbimiziň bir ady Rezzak, ýagny, ryzk berijidir. Daş-töweregimize seredenimizde, Rabbimiziň Rezzak adynyň tejellisini her bir janly-jandarda aç-açan görüp bileris. Allah Tagala her bir barlyga ryzk bereniň Özüdigini Kurany Kerimde şeýle beýan edýär:

«Ýeriň ýüzünde ýöreýän, ryzkyny gazanyp bilmeýän ençeme janly-jandaryň we siziň ryzkyňyzy Allah berýär»

— (Ankebut, 60).

«Eger Ol size beren ryzkyny kesjek bolsa, size kim ryzk berip biler»

— (Mülk, 21).

Durmuşyň esasy maksadyny ryzkyň yzynda ylgamak hasaplap, ertiriň endişesine gümra bolmak Rezzak bolan Beýik Rabbimizden gaflatda galmakdyr. Bu bolsa uly zyýandyr. Ynsanyň maksady ryzkyň yzynda ylgap, Ýaradyjysyndan bihabar galmak däldir. Allah Tagala ynsanyň ýaradylyş maksadyny Kurany Kerimde aç-açan beýan edip, jyny we ynsany diňe Özüni tanap, Özüne ybadat etmekligi buýrýar. Ryzk bilen baglanyşykly aýatlara seredilende şu many gelip çykýar: Siz gulluk üçin ýaradylansyňyz. Allahyň ýaradanlaryny doýurmak size degişli däldir. Şonuň üçin, özüňiziň we maşgalaňyzyň ryzkyny gazanmak bahanasy bilen ybadaty terk etmäň. Emrlerime görä ryzk üçin işlemegiňiz hem özboluşly ybadatdyr. Ýagny, ynsanyň asyl wezipesi özüne dirilik berene, ryzklandyrana gulluk etmekdir. Allaha ybadat etmek bolsa nebis we şeýtana garşy göreşmekdir. Ryzk iki görnüşdedir: biri zerury ryzkdyr. Bu Allah Tagalanyň kepilligindedir. Ynsan bolsun, haýwan bolsun, Allahyň iberen ryzkynyň bir bölegi ätiýaç üçin olaryň bedenlerine ýag görnüşinde ýygnanýandyr. Hatda her bir öýjüge iberen ryzkynyň bir bölegi edil şol öýjügiň bir burçunda ätiýaç üçin ýygnanýar. Bedene daşyndan azyk gelmese, ony ulanýar. Bu ryzk beden üçin kyrk günläp azyk bolup biler. Hatda käbir tejribe geçirilen adamlar açlykda kyrk günden hem köp (60-80) ýaşapdyr. Diýmek, aç galany üçin kyrk günden öň öleniň ölümi ryzkdan kesilmekden däl-de, iýmek adatyny terk etmegi sebäpli dörän kesellerdendir. Ikinjisi bolsa, ömrüni dowam etdirmek üçin takdyr edilen ryzkdyr. Ynsanyň gazanjak ryzky we ondan iýjek mukdary öňünden takdyr edilendir. Ynsan näçe baý bolsa bolsun, gazanan ryzkyndan Allahyň iýmegini takdyr eden mukdaryndan artygyny iýip bilmez. Bu ryzk Allahyň kepilliginde däldir. Ynsan ony işlemek, zähmet çekmek arkaly gazanyp biler. Käwagt bolsa, Allahyň yhsany hökmünde bagş edilýär. Ýagny, hemişe köp işleýän, köp zähmet çekýän köp gazanar diýen netije ýalňyşdyr. Berip-bermezlik Allah

Tagalanyň iradesine baglydyr. Allahyň islänine az, islänine köp berýändigi Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär:

«Allah isläniniň ryzkyny giňelder, islänini bolsa daraldar»

— (Ra’d, 26).

Başga bir aýatda:

«Allah ryzk hökmünde beren zatlarynda biriňizi beýlekiňizden üstün kylandyr»

— (Nahl, 71).

Allah Tagala ryzk meselesinde hem kaza kader ýaly, öz iradesini ýönekeý bir şert edýändir. Şonuň üçin ryzky gazanmagyň iki görnüşi bardyr – halal we haram ryzk. Bu dünýä synag meýdany bolandygy üçin, ynsan halal we haram ryzk gazanmakda erkindir. Allah Tagala halal we haramy anyk bildirendir. Ýöne halal ryzk gazanmagy, haramdan daş bolmagy emr edipdir. Allah Tagala halaldan razy, haramdan bolsa razy däldir. Şeýle hem kyýamat güni ynsanyň ryzkyny halal ýa-da haram gazanandygy barada, gazanan ryzkynyň nirä harçlandygy hakda hasap soraljakdyr. Bagtyýar ynsan sagadata we lezzete sebäp bolan tygşytlylygy we kanagatly bolmagy, halal zähmeti özboluşly ybadat ýaly görer. Ryzk üçin işlemegi amaly doga hasaplar. Zähmeti üçin berlen ryzka şükür edip, ony ilahi yhsan diýip kabul eder. Berilmedik wagtynda hem şükür we kanagat eder. Berilmeýändigi üçin närazy bolmaz. Şeýlelikde, durmuşyny sagadat içinde geçirer. Başgalaryň elindäkä göz gyzdyrman, özi üçin takdyr edilen ryzka kanagat eder. Betbagt adam bolsa, şikaýata, zyýana we eleme sebäp bolýan ysryp, hyrs bilen birlikde halal zähmeti taşlap, harama ýüz urar. Hak-hukuga seretmän, zalymlyk bilen başganyň hakyna el uzadar. Şonda-da doýmaz. Näçe köp gazansa, az görer, şikaýat eder, baý hem bolsa, güzap içinde ýaşar.

Ažal sözi – öňünden kesgitlenen wagt we möhlet diýen manyny berýär. Istilah manysy – ynsan durmuşy we beýleki janly-jandarlar üçin kesgitlenen ömür, şeýle hem bu ömrüň soňy, ýagny, ölüm diýmekdir. Ömrüň dowamlylygy Allah (j.j.) tarapyndan kesgitlenendir. Kurany Kerimde bu mesele şeýle düşündirilýär:

«Ol şeýle bir Halykdyr, sizi palçykdan ýaratdy, soňra size ajal takdyr etdi»

— (En’am, 2).

Her bir şahsda bolşy ýaly, jemgyýetiň hem öz ajaly bardyr. Ajal ýeke-täk bolup, Allahyň kaderi we kazasy bilen kesgitlenýär. Ynsany dirilden, ryzklandyrýan we öldürjek Allah Tagaladygy üçin, ajaly hem kesgitleýän Oldur.

«Size ölümi takdyr eden bizdiris»

— (Waky’a, 60)

aýaty muny tassyklaýar.

Kurany Kerimiň aýatlaryndan düşünilişine görä, ajal wagtyndan ne öňe süýşer, ne-de gijä galar.

«Her ymmatyň öz ajaly bardyr. Ajaly gelende ol ne bir pursat gijä galar, ne-de bir pursat öňürder»

— (A’raf, 34; Ýunus, 49).

Ajal gizlindir. Allah Tagala gadyr gijesini remezan aýynyň içinde, doga-dilegiň kabul sagadyny juma gününde, kyýamat gününi älemiň ömrüniň içinde gizlin saklaýşy ýaly, ajaly hem ynsan ömründe gizläpdir. Şübhesiz, munuň ençeme hikmeti bardyr. Eger ynsan öljek wagtyny bilýän bolsa, onuň rahat ýaşajakdygy barada söz hem açyp bolmaz. Atuw jezasy berlenleriň ýagdaýy munuň iň açyk subutnamasydyr.

«Ajal gelen wagty Allah hiç kim üçin ony gijikdirmez»

— (Münafykun, 11).

Ajalyň sebäplere bagly bolmagynyň hem ençeme hikmeti bardyr. Birinjiden, ajal sebäpli göni Allahdan närazy bolunmaýar. Sebäpler Azrail üçin hem bir perde bolup, ynsan tarapyndan ondan hem şikaýat edilmeýär. Ýöne imany pes, ýa-da, Allahdan gapyl adamlaryň esasy sebäplere aldanyp: «keselhana äkidilen bolsa ölmezdi», «ýola çykmadyk bolsa, ölmezdi», «heniz öýlenip hem ýetişmän öldi» diýen ýaly sözleri aýtmagy dürs däldir. Bu kaderi tankytlamak, Allahdan närazy bolmakdyr. Öz düşeginde ölen hem, ýol hadysasy sebäpli ýogalan hem ajaly ýeteni üçin ölendir. Çünki, ajal – wagtyň gutarmagy,ömrüň soňlamagy diýmekdir. Allah Tagala bu älemde her netijäni hikmeti bilen bir sebäbe baglapdyr. Meselem, kader bir adamyň atylyp ölmegine höküm etse, jebriýe mezhebindäki ýaly: «Atylmadyk bolsa-da ölerdi» diýip ynsany kaderiň öňünde çäresiz hala getirmek, mugtezile mezhebindäki ýaly: «Eger atylmadyk bolsa ölmezdi» diýip, sebäbe esasy orun bermek ýaly ýalňyş netijeler çykarmaly däldir. Ähli Sünnet alymlary kaderiň sebäp bilen netijä bir bütewlikde seredýändigini we sebäpleriň ýok ýerinde netije barada hiç zat aýdyp bolmajakdygyny öňe sürýärler. Ýagny, eger atylmadyk bolsa, näme boljakdygy barada anyk bir zat aýtmak mümkin däldir. Allah Tagala bu hadysanyň şeýle bolup geçjekdigini öňünden bilýär, şol sebäpli kaderde onuň ölümini biriniň atmagyna goýýar. Bu ýagdaý Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:

«Eger Allah ynsany eden zulumy sebäpli jezalandyrjak bolsady, ýer ýüzünde ýekeje diri hem galmazdy. Ýöne Allah olaryň jezasyny takdyr edilen ajalyna çenli gijikdirýär. Ajaly gelende ony sähel salym hem gijä goýmaýar, öňe-de süýşürmeýär»

— (Nahl, 61).

Käbir kişi: «Sadaka belany dep eder we ömri uzaldar» ýaly hadyslara daýanyp, ajalyň gelmeli wagtynyň üýtgäp biljekdigini öňe sürýär. Bu meselede şuňa üns bermelidir. Sadakanyň ömri nähili uzaldýandygyna akylymyz çatmasa-da, ahyrky netijede ynsanyň başy ölümlidir. Bu ýagdaý ezeli ylmyň eýesi Allaha maglumdyr. Şonuň üçin, ynsanyň öljek wagty we ömrüniň möhleti Allah tarapyndan takdyr edilip, asla üýtgemeýär. Meselem, bir kişiniň beren sadakasy sebäpli ömri iki ýyl uzasa, bu adamyň ajaly mu’allak diýilýän şerte baglylykda sadakany berse altmyş ýyl, bermese elli sekiz ýyl bolsun diýeliň. Allah Tagala şol şahsyň ol sadakany berjekdigini bileni üçin oňa altmyş ýyl ömri takdyr edýär. Netijede bolsa, ajalyň wagty üýtgemeýär. Pygamberimiziň şu mazmundaky hadyslarynda mü’minleri haýra höweslendirmek, we aralaryndaky söýgi baglaryny sadaka bilen berkitmek manysy bardyr. Sadakanyň belany dep etmegi bolsa, Allah Tagalanyň peşgeşidir, lutfy we yhsanydyr. Kelam ylmynyň meşhur alymy Taftazani «Şerhi Akaýyd» atly eserinde bu meseläni şeýle düşündirýär: «Ömrüň uzamagy diýmek – ömrüň bereketlenmegidir. Ahyrete haýyr we hasenat üçin berlen baýlyk bolan ömrüň uzamagy, bu baýlyk bilen has köp peýda gazanmak manysyny berýär. Şonuň üçin ömrüň möhletinde üýtgeme bolmasa-da, sadaka arkaly sogabynyň artmagy, ömrüň uzamagy diýmekdir». Ömrüň uzamagynyň başga bir manysy bolsa, ynsan ölenden soň onuň haýyr-hasenat depderiniň ýapylmaýanlygydyr. Mälim bolşy ýaly, sadaka mal bilen berlişi ýaly, ylym bilen hem berilýär. Adamzat üçin peýdaly eserler ýazan bir alymyň sogap depderi ölümi bilen ýapylmaz. Bu hem ömrüň özboluşly uzamagydyr.

Allahyň kaza we ata kanuny

düzet

Kaza – Allah Tagalanyň kaderde bellän zadyny wagty gelende, iradesi bilen ýaratmagydyr. Ata – Allah Tagalanyň gullaryna lutfy, keremidir. Bu söz arapçada bagyş etmek manysynyny berýär. Lewhi Mahfuzdan başga Allah Tagalanyň Lewhi Mahw we Isbat atly kitaby bardyr. Öň düşündirişimiz ýaly, Baş Kitap bolan Lewhi Mahfuzda hiç hili üýtgemek we bozulmak bolmaz. Lewhi Mahw we Isbatda bolsa,

«Allah islän hökümini bozar, ýok eder, islänini bolsa şol durşuna galdyrar. Baş kitap onuň ýanyndadyr»

— (Ra’d, 39)

aýatynda beýan edilişi ýaly Allahyň ata kanuny bilen takdyr edenlerinden käbirini üýtgedip, höküm etmeýän kitabydyr. Meselem, zäher içen biri ýa ölmeli, ýa-da, gutulmalydyr. Onuň ölmegi kazadyr, gutulmagy bolsa atadyr. Bu kaderde öňünden kesgitlenendir. Biri zäher içip ölse, mesele kaza etabynda bolup geçer. Eger ol öler öýdülse-de ölmese, Allah Tagalanyň atasy, ýagny, ony bagyşlamagy we ýagşylygydyr.

Allah Tagala hem şu dünýäde, hem ahyretde köplenç adalaty bilen däl-de, rahmeti we atasy bilen hereket eder. Ata kanuny kazany bozup biler. Allah Tagalanyň atasy sebäpsiz göni lutuf, yhsan görnüşinde bolşy ýaly, guluň eden ýagşy niýet we ýagşy amallarynyň netijesinde-de bolup biler. Ol islänini islänine isledigiçe lutf eder. Islänini hidaýete, islänini bolsa, zalalata ýetirer. Şol sebäpli, biziň ähli haýyr-hasenatymyz, ýagşylyklarymyz Allah Tagalanyň lutfy, yhsany, atasy, ähli günälerimiz we erbetliklerimiz bolsa, öz gazananlarymyzdyr. Ýöne köp gezek erbetliklerimiz, günälerimiz sebäpli Allah Tagala aýagymyzy taýdyrmaz, bizi halas eder. Bela we musybatlaryň öňüni alşy ýaly, küfür we günä iş etmegimize-de ýol bermez.

Musybatlaryň kader taýyndan hikmetleri

düzet

Ynsanyň ömrüniň dowamynda duçar bolýan bela we musybatlarynda onuň doly akyl ýetirip bilmejek ençeme hikmet bardyr. Bu barada Kurany Kerimde:

«Siziň göwnüňizden turmadyk bir zat haýyrly bolup biler. Edil şonuň ýaly siziň hoşal bolup, arzuw eden bir zadyňyz siziň üçin şer bolup biler. Dogrusyny Allah biler, emma siz bilmersiňiz»

— (Bakara, 216)

diýilýär.

Kader netije bilen birlikde sebäpleri hem hasaba alyp, şoňa görä höküm edýär. Ynsan ýaradylyş taýyndan kadere doly manysynda düşünip bilmeýändigi üçin, daşyndan görünýän sebäplere görä many çykarýar we ýalňyşýar. Hakyky sebäpleriň arkasynda Allahyň rahmeti, adalaty we ynaýeti (kömegi) gizlenendir. Bu mesele Kurany Kerimiň Kehf suresiniň 79-82-nji aýatlarynda Musanyň (a.s.) Hyzyr bilen eden syýahatynyň kyssasy arkaly doly düşündirilýär. Şeýle hem Musa (a.s.) bir gün: «Eý, Rabbim! Maňa adalatyňy görkez» diýip doga edýär. Allah Tagala oňa «Pylan ýerdäki çeşmäniň golaýynda garaş-da o ýerde bolup geçjek wakalary synla» diýip wahý edýär. Musa ol ýere baranda, çeşmäniň başyna bir atly gelýär. Atyny suwa ýakyp, gitjek bolanda, içi altynly haltajygyny (gapjygyny) gaçyrýar. Ol giden soň bir çaga gelip altynly haltajygy alyp gidýär. Soňra çeşmäniň başyna bir kör adam gelýär. Atly haltajygyny gaçyrandygyny bilip, yzyna dolanyp gelýär. Görse, körden başga hiç kim ýok. Ol körden ýitiren haltajygyny talap edýär. Kör näçe «Men almadym» diýse-de, atly ynanman ony öldürýär. Hezreti Musa birbada zulum ýaly bolup görnen bu hadysada adalatyň nirededigini Allah Tagaladan soraýar we şeýle jogap alýar: «Atly bir wagtlar çaganyň atasynyň bir haltajyk altynyny ogurlapdy. Şeýlelikde, ogurlanan zady eýesine gaýtaryp berdim. Kör bolsa bir wagtlar atlynyň atasyny öldüripdi. Ony hem atla öldürdip, ganyny aldyrdym». Netijede, musybatlaryň esasy hikmetlerini şeýle jemläp bileris:

  1. Käbir musybatlar gullaryň geçmişdäki hatalarynyň netijesidir. Bu öňünden çäre görülmedik ýagdaýynda ynsanyň keselleýşi ýalydyr.
  2. Käbir musybatlar başa geljek belalary dep eder ýa-da olaryň güýjüni peselder. Şeýle musybatlar Allahyň yhsanydyr.
  3. Käbir musybatlar bolsa, umuman Allah Tagalanyň beren nygmatlarynyň gadyryny bilmegimiz hem-de ruhy kämillige ýetmegimiz üçin berilýär. Ýagny, musybatlar günäkär mü’miniň günälerine keffaret bolup, halys gullaryň bolsa derejisini beýgeldýär. Şeýlelikde, ynsanyň takdyryna razylygy, Allaha tagatynyň derejesi bilen ölçelýär.

Salgylanmalar

düzet