Kynyk
Umumy maglumatlar
düzetIrki orta asyrlarda Oguz türkmenleriniň iň güýçli we uly taýpalarynyň birine Kynyk diýlipdir. Mahmyt Kaşgarly ony 24 taýpanyň arasynda birinji orunda goýýar we öz döwrüniň soltanlarynyň (Garahanylar dinastiýasyndan bolan şalaryň) şu taýpadan çykanlygyny belleýär. Mahmydyň özi hem hut şu taýpanyň wekili eken. Eýýäm Reşideddiniň (XIV asyr) we Abylgazynyň (XVII) işlerinde gynyklar iň soňky 24-nji orna düşýär. Ähtimal, seljuklaryň hereketi döwründe (XI asyr) bu taýpa tutuşlygyna Orta Aziýadan Kiçi Aziýa ýurtlaryna (Türkiýä, Yraga, Siriýa, Kawkaza) göçendigi çaklanylýar. Muny Orta Aziýanyň häzirki etnonimiýasynda Kynyk diýen adyň saklanmandygy hem tassyklaýar. Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba, Abylgazy dagy kynyk diýen etnonimi taýpabaşynyň ady hasaplaýarlar. Reşideddin we Abylgazy ony Oguz hanyň 6-njy ogly Deňizhanyň 4-nji perzendiniň, Salar Baba bolsa Gökhanyň 4-nji oglunyň Kynyk diýen adyna syrykdyrýarlar we bu sözüň manysyny «Her ýerde bolsa eziz bolgaý» diýip düşündirýärler. Gazak alymy W. U. Mahpirowyň pikiriçe, Kynyk (Gynyk) sözi «tutanýerli», «okgunly», «güýçli» diýen manydadyr. Orta asyr alymlarynyň Kynyk sözüne berýän düşündirişlerinden çen tutsaň, eýýäm şol döwürde onuň hakyky manysynyň ýitirilendigine göz ýetirmek kyn däl. Biziň pikirimizçe, bu at gadymy gunlaryň etnik adynyň biraz üýtgän görnüşidir: gun-gyn, etnonimiň yzyndaky -yk bolsa köplük ýa-da jem goşulmasydyr: gunyk-gynyk, ýagny «gunlar».[1] Mahmyt Kaşgarly özüniň «Diwanylugatittürk» atly eserinde Kynyklar hakynda ýatlap şeýle ýazypdyr: «Oguzlar Türkmendirler. Olar ýigrimi iki taýpadan ybaratdyr. Her taýpasynyň aýry tagmasy bar we belligi bar. Biribirlerini şul tagma bilen tanaýarlar. Birinjileri we başlary: «قنق». Döwrümiziň hakanlary şolardandyr. Haýwanlaryna uran yşaratlary şu[2] bellik bilen tanalan Oguz taýpasydyr. Abylgazy Bahadur han XVI asyrda ýazan Şejereýi teräkime atly.eserinde Seljuklylaryň patyşalygy ele alandyklaryny ýatlap şeýle ýazypdyr: «Seljuklylar Türkmen bolup, dogandyrys diýdiler, ile we halka peýdasy degmedi. Patyşa bolanlaryndan soňra «Biz Türkmeniň Kynyk urugyndandyrys» diýdiler we soňra hem «Biz Afrasiýabyň bir ogly Keýhüsrewden gaçyp, Türkmeniň Kynyk urugynyň içine gaçyp baryp şol ýerde boldy. Seljuklylar: «Biz şonuň ogullary we Afrasiýabyň neslinden bolarys diýişip, atalaryny sanap 35 göbekde Afrasiýaba ýetirdiler.[3] Türkmenistanda Kynyk türkmenleriniň iň soňky soltanlarynyň biri bolan Soltan Sanjary goldan kiçeňiräk topar taýpa bar. Olar Teke türkmenleriň şejere şahasyndaky Soltanyz we Üçurug taýpalarydyr. Soltan Sanjaryň ezizleri söýenleri, janpenalary bolan şol iki taýpa Türkmenistanda ýaşamaklaryny dowam etdirýärler. Ylmyda öwrenilmedik hem bolsa, halk içindäki birnäçe rowaýat-gürrüňleri seljerilip gelinen netijelere görä, Teke Türkmenleriniň Utomyş golunyň Bagşy bölüminiň içinde bolan Garadaşaýak, Akdaşaýak (peri gatançly) we Soltanyzlar Soltan Sanjaryň nesilleri diýilip aýdylýar. Burkazlar bolsa Soltan Sanjaryň dogany Muhammetsaparyň (Muhammet Tapar) nesilleri diýilip aýdylýar (bu gürrüňler anyklanylmaga mätäçdir. Aga jomur). Türkiýede (Anadoly) Sandykly etrabyna bagly birnäçe Kynyk atly obalar häzir hem bar.
Salgylanmalar
düzet- ↑ Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmeniň nesil daragty). Aşgabat «Turan-1» 1994. s 128-129.
- ↑ Atalaý. B. (2006) Diwanylugatittürk. Ankara: Türk taryhynyň gurluşy Çaphana ISBN 975-160-405-2, jilt I, sah - 55.
- ↑ Abylgazy Bahadyr han. Şejereýi teräkime (Türkmenleriň nesil daragty).