Nikäh
Nikäh (arap. نكاح — nikalaşmak), jawaz, zawaj, urs — yslamda erkek bilen zenanyň nikalaşmagyna aýdylýar.
Nikasyz, nika dogry kylynman, nika bozukly (talak bilen) ýaşaşmak gadagan.
Maşgala mukaddesliginiň iň aýdyň alamaty nikahdyr. Nikah dini esaslarda durmuş gurjak aýal bilen erkegiň özara ylalaşyk akty diýmekdir. Nikahsyz är bilen aýalyň bile ýaşamagyny «zyna» hasaplanýar. Yslam dini nikahly maşgala gurmagy sagdyn milletiň esasy we sütüni hasaplaýar.
Guruljak maşgalanyň berkligi üçin nikah zor bilen gyýylmaly däldir. Nikah gyýlandan soň gizlemän, yglan edilmelidir.
Durmuş gurmak haram bolanlar
düzetKurany Kerimde kim bilen durmuş gurmagyň haramlygy şeýle görkezilýär:
«(Eý, mukminler!) Size (şular bilen nikalaşmak) haram edilendir: ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz uýalaryňyz, kakaňyzyň aýal doganlary (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganyňyzyň gyzlary, aýal doganyňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýt emşen uýalaryňyz, gaýyneneleriňiz, (jynsy gatnaşykda bolan) aýallaryňyzyň ýany bilen gelen öýüňizdäki öweý gyzlaryňyz. Ýöne (nikalaşyp), heniz jynsy gatnaşykda bolman (aýrylyşan aýallaryňyzyň gyzlary bilen nikalaşmagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Emma öz biliňizden önen (ogullyk alynmadyk) ogullaryňyzyň (aýrylyşan) aýallaryna (öýlenmegiňiz) we iki gyz dogany bir wagtda (nikaňyzda) birleşdirmegiňiz (hem haram edildi). Emma (nadanlyk döwründe öň bolup) geçeni geçdi biliň! (Siz oňa jogapkär dälsiňiz). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.»
— än-Nisä: 23.
Bu aýata görä, yslam alymlary öýlenmek haram edilenleri üç topara bölüpdirler.
1) Nesil
düzetBular: eje, ene, mama, gyzy, uýasy, erkek doganynyň we uýasynyň gyzy, bibisi we daýzasydyr.
2) Süýt emşenlik
düzetSüýt emşen doganyňa öýlenmek haramdyr. Süýt emişmegiň kadasy şudur:
- a) Süýt emişmek iki ýarym ýaşa (otuz aý) çenli aralykda bolmalydyr.
- b) Bir gezek emişmek hem ýeterlikdir.
- ç) Süýt saglyp içirilse-de, emşen saýylýar.
Süýt emeniň emdirene nebsi (özi), emdireniň emene özi we nesli haramdyr. Ýagny süýt enekesi, onuň enesi we mamasy, süýt enekesiniň äri, onuň enesi we mamasy, süýt emşen doganlary, olaryň çagalary, emşen doganlaryň daýzasy, bibisi emen üçin haramdyr.
3) Öýlenmek
düzetGaýyn enä, gaýyn ata, baldyza, öweý enä, öweý gyza, nikahly aýala öýlenmek haramdyr. Iki dogany bir nikahda saklamak haram bolsa-da, aýalyň ölenden soň, onuň aýal doganyna öýlenmek bolýar. Ýahudy we hristian dinindäki aýala öýlenmek bolýar, emma musulman gyzyň gaýry dindäki adama durmuşa çykmagy haramdyr. Hiç bir dine ynanmaýan we muşrik aýala öýlenmek hem haramdyr.
Nika dogry (sahih) bolmagy üçin şertler
düzetNikahyň dürs bolmagynyň şertleri:
- Ijab we kabul – durmuş gurjaklaryň biri-birini är-aýal diýip kabul edendigini şaýatlaryň huzurynda ykrar etmegi. Bu ykrar «kabul etdim» görnüşinde anyk bolmalydyr. Nikah gyýlanda, esasan, gyz bilen ýigidiň gatnaşmagy iň gowusydyr. Durmuşa çykjak gyzdan we ýigitden wekillik alyp nikah gyýylmagy hem dürsdür. Ýöne wekillik alnanda wekiliň ýanynda hökman iki şaýat bolmalydyr.
- Şaýat. Nikahyň dürs bolmagy üçin iki sany erkek şaýat ýeterlikdir, Pygamberimiz: «Iki şaýat bolmasa nikah dürs bolmaz», (Buhary) diýipdir. Eger erkek şaýat tapylmasa, bir erkek we iki aýal şaýat bolmalydyr. Nikah gyýýan ymamyň özi hem şaýat bolup biler. Şaýatlar musulman, maşgala hukugyna düşünýän we kämillik ýaşyna ýeten kişiler bolmalydyr.
Üns bermeli zatlar
düzet- Olar biri-birine mähram bolmaly däl.
- Musulman bolmaly. (Musulman zenan diňe musulmana çykyp biler. Musulman erkek iudeýi ýa-da hristiany alyp biler, emma bu mehruhdyr. Ýöne alymlara görä, iň gowysy musulman zenana öýlenmekdir. Sebäbi adaty musulmanlara hakyky iudeýi we hristiany bilmek kyndyr. Musulman däl ýurtda mehruh tahrim. Emma yslamy kabul etse mustahabdyr. Alymlara görä namaz okaýan musulman — namaz okaýan musulman bilen, we namazy ýaltalyk (we ş.m.lar) zerarly okamaýan emma parzdygyny inkär edmeýän özi ýaly namaz okamaýan musulman bilen durmuş gursa dogry bor diýip hasap edýärler. Ýöne ýene esasy zat özüni zynadan goraýan, awrat ýerlerini ýapýan musulman saýlamalydyr.)
- Musulman erkekiň 4-den köp aýaly alyp bilmez. Musulman zenanyň 1-den köp äri bolup bilmez.
- Wagtlaýyn ýaşaşmak niýeti gadagan.
- Erkek çykjak gyza mähr tölemeli. (wajyp hem bolsa inkär etmän bellenen wagtda tölemeli[1])
- Iň azyndan bir erkek we iki zenan (ýa-da iki erkek) şaýatlyk etmek üçin nika gatnaşmaly. Bular musulman bolmaly. Diňe zenanlardan bolan şaýatlar bolmaýar.
- Ikisiniň hem durmuş gurmaga öz razylygyny bermeli.
Nikah gyýmagyň düzgüni
düzetNikany mesjidde gyýmak sünnetdir. Häzirki döwürde aýalyň hak-hukugyny goramak üçin resmi nikahdan geçilmänkä, dini nikah gyýylmasa gowudyr. Nikah gyýylýan wagty içerdäkiler çök düşüp, ellerini iki dyzynyň üstünde goýmalydyr. Nikah dabarasy gutarýança, barmaklaryňy çilşirmek, ýüzügiňi çykaryp dakmak, bir zady düwmek bolmaýar. Nikah dabarasy gutarýança, otaga girip-çykylmaly däldir. Bular nikahyň edeplerindendir.
- Dini nikah şeýle gyýylýar:
Nikahy gyýjak kişi gyzyň we oglanyň ady bilen olaryň atasynyň ýa-da enesiniň, şaýatlaryň adyny ýazmaly. Şeýle hem mähriň mukdary anyk belli edilmeli. Eger gyz bilen oglan nikah mejlisine gelip bilmese, wekilleriniň ady ýazylýar. Mundan soň şu doga okalýar:
Soňra gyza ýüzlenip: «Bismillähi alä milleti Rosulillä, Allah Tagalanyň emri, Pygamberimiz hezreti Muhammet Mustafanyň (s.a.w) sünneti we mezhep ymamymyz Ymam Agzam hezretleriniň ijtihady we şu ýerde häzir bolan musulmanlaryň şaýatlygy bilen, pylany gyz: araňyzda ylalaşylan mehri mü'ýejjel we mehri muajjel bilen birlikde siz pylanynyň ogly pylanyny äriňiz diýip kabul etdiňizmi? (Eger gyzyň ýerine wekili bar bolsa, onda wekile: «Siz pylanynyň gyzy pylanynyň wekili hökmünde, ony pylanynyň ogly pylana aýal edip berdiňizmi?») diýip soramaly.
«Hawa, kabul etdim», (wekil bolsa «Berdim») diýilýär. Bu üç gezek gaýtalanýar. Soňra erkege ýüzlenip: «Bismillähi ala milleti Rasulillah, Allah Tagalanyň emri, Pygamberimiz hezreti Muhammed Mustafanyň (s.a.w) sünneti we mezhep ymamymyz Ymam Agzam hezretleriniň ijtihady we şu ýerde häzir bolan musulmanlaryň şaýatlygy bilen, pylanynyň ogly araňyzda ylalaşylan mehri mu'ýejjel we mehri muajjel bilen birlikde siz pylanynyň gyzy pylanyny aýalyňyz diýip kabul etdiňizmi? (Eger oglanyň ýerine wekili bar bolsa, onda wekile: «Siz wekil bolup, araňyzda ylalaşylan mehri mü'ýejjel we mehri muajjel bilen birlikde pylanynyň gyzy pylanyny – pylanynyň ogly pylanynyň aýaly diýip kabul etdiňizmi?») diýip soramaly.
«Hawa, kabul etdim» diýenden soň, bu hem üç gezek gaýtalanýar. Soňra şu doga okalýar:
«Allahym, huzuryňda nikahlanan bu iki juwany ömürleriniň dowamynda bagtly we bagtyýar eýle. Ömürlerine bereket, janlaryna saglyk, ryzklaryna giňlik yhsan eýle. Olara dinine, Watanyna, milletine haýyrly salyh we salyha perzentler ber. Olary we çagalaryny dünýä we ahyret sagadatyna ýetir» diýip ämin edilýär we nikah dabarasy gutarýar.
Nikahdan soň süýji zatlar paýlanýar.
Nikany bozýan zatlar
düzet- (Bilgeşleýin, ýagny) ozal ikisi hem musulman bolan äriň ýa-da aýalyň (aňly bolup) dinden çykmagy.
- Ozal ikisi hem kapyr bolan äriň ýa-da aýalyň yslamy kabul etmegi. (Hanefi mezhebine göre yslamy kabul eden beýlekä ol hem «yslamy kabul etjekmi ýa-da etmejekmi» soramaly. Eger kabul etmejekligi hakda aýtsa, onda aýrylyşmaly. «Iddä» möhlet geçýänçä garaşmaly we şondan soň aýrylyşmaly. Emma zenan dinden çykan bolsa, iddä döwrüni garaşmagy gezek däl, ýöne zenan hristianlyga ýa-da iudeýçilige geçen bolsa garaşmaly. Eger-de äriň aýaly hristianlyga ýa-da iudeýlige geçse onda nikada galsa bor.
- Üçünji talak (birinji we ikinji talakda idda wagty dolan soň)
Şeýle-de
düzetBellik
düzet- ↑ Mähr tölemelidigi hakda Kuranda bardyr.