Talak

Yslamda aýrylyşmak

Talak (arap. طلاق‎‎ — aýrylyşmak). Dinimiz maşgalanyň bütewiligine uly ähmiýet berip, ony bozýan talakdan gaça durulmagyny isleýär. Hiç bir sebäpsiz talak etmegi Pygamberimiz halamandyr. Ol bir hadysy şerifinde: «Halal zatlar içinde Allahyň halamaýan, iň ýigrenýän zady talakdyr», (Ebu Dawud) diýipdir. Yslam dini talak meselesinde erkeklere sabyrly bolmagy ündeýär. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Aýallaryňyza ýakymly boluň. Eger olar göwnüňizden turmasa-da, Allah size şolaryň üsti bilen haýyr takdyr edendir», (Nisa, 19). Pygamberimiziň hadysynda bolsa şeýle aýdylýar: «Mukmin är – mukmin aýalyny kemsitmesin. Onuň bir häsiýetini halamasa, başga bir häsiýetinden hoşal bolar». Aýallaryň hem talaga sebäp bolup biljek hereketden saklanmagyny ündän Pygamberimiz şeýle aýdypdyr: «Talaga sebäp boljak derejede ärini azaşdyrýan aýal – bizden däldir».

Yslam dini är-aýalyň ömürboýy bile ýaşamagyny arzuw edipdir, ýöne muny talagy gadagan etmek ýa-da kynlaşdyrmak arkaly başa bardyrmak islemändir. Şol sebäpli-de talagy mubah saýsa-da, sebäpsiz aýrylyşmagyň öňüni almak üçin çäreler görüpdir. Dine laýyklykda talagyň dürs bolmagy üçin şu üç şert gerekdir:

  1. Talak zerurlyk sebäpli bolmalydyr.
  2. Aýal haýz we nifäsden arassalanandan soň, jynsy gatnaşyga girmezden talak bermelidir.
  3. Üç talagy bir gezekde bermeli däl-de, ara wagt salmalydyr.

Dört mezhebiň umumy garaýşyna görä, serhoşyň talagy hem dürsdür. Fetwa şuňa görädir. Ýöne Hanefilerden Ymam Züfere, Tahawiýe we Kerhä, Ahmet b. Hanbeliň gürrüň beren bir rowaýatyna, Şafygylardan Müzenä, hezreti Osmana we hezreti Omar b. Abdulazize görä, serhoşyň nepesiniň düzüw däldigi üçin, onuň talagy dürs däldir. Çünki onuň däliden tapawudy azdyr.

Gaharyna näme aýdýanyny, näme edýänini bilmeýän kişiniň beren talagy hem mujtehid alymlarynyň aglabasyna görä dürsdür. Çünki gahar adama görä tapawutlydyr. Ony kesgitläp, çäklendirmek mümkin däldir. Şeýle hem talak meselesinde degişmek bolmaýar. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Üç zadyň çyny-da çyn, degişmesi-de çyndyr: nikah, talak, talakdan dönmek», (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje).

Talak edilende ulanylýan sözler iki görnüşde bolýar.

  1. Sarih sözler – anyk, kesgitli talak manysyny aňladýan sözler. «Sen talak», «Sen menden boş» ýa-da halk arasynda diňe talak manysynda ulanylýan sözler muňa mysaldyr. Bu sözler talak niýeti bilen sözlenmese-de, bir rij'i talak bolýar. Talak niýeti bilen aýdylsa ba'in talak bolýar.
  2. Kinaýaly sözler – anyk bolmadyk, dürli manylary aňladýan sözler. «Indi seniň bilen ýaşaşyp biljek däl», «Bar, ataň öýüňe git» diýen ýaly sözler muňa mysaldyr. Bu sözler bilen talak bolmaýar, ýöne talak niýeti bilen aýdylsa, ba'in talak bolýar. Şeýle hem näçe gezege niýet edilse, şonça-da talak bolýar.

Talak we fesih

düzet

Talak – maşgalanyň bütewliginiň erkek ýa-da aýal, ýa-da ikisi tarapyndan ýatyrylmagydyr. Bu erkek kişiniň talak bermegi, ýa-da iki tarapyň ylalaşmazlygy, ýa-da suduň karary bilen bolup geçýär.

Fesih – nikah gyýlan wagty bar bolan ýa-da soň dörän ýetmezçilikler sebäpli maşgala bütewliginiň bozulmagy. Mysal üçin, nikah gyýlan wagty şaýatlaryň bolmazlygy, är-aýaldan biriniň dinden çykmagy we ş.m.

Maşgala bütewiliginiň fesih ýa-da talak bilen bozulmagynyň netijeleri tapawutlydyr. Fesih maşgala bütewiligini şobada bozýar. Talak bolsa dürli ýagdaýda bolup bilýär.

Talagyň görnüşleri

düzet

Talagyň sünnete laýyk gelip-gelmeýşine görä, sünni we bid'i, yzyna dönüp dönmezligine görä bolsa, rij'i we ba'in talak diýen görnüşleri bardyr.

Sünni talak

düzet

Bu talak Kuranyň we Pygamberimiziň beren maslahatlaryna laýyklykda edilen talakdyr. Bu aýalyň aýbaşydan soň arassalanan döwründe üç aýyň dowamynda her aýda talak edilmegidir. Onuň iň soňky üçünjisi – är-aýaly doly aýrylyşdyrýar. Sünni talak är bilen aýala oýlanmak pursatyny berýär. Şol aralykda puşman eden erkek kişi bile ýaşaşmak kararyna gelip biler. Aýal bolsa ýalňyşyna düşünip, maşgala agzybirligini saklamaga çalşar. Kurany Kerimde bu mesele şeýle düşündirilýär: «Talak iki gezekdir. Mundan soň ediljek iş ýa agzybir bolup ýaşamak ýa-da gowulyk bilen aýrylyşmakdyr...», (Bakara, 229), «Eger är aýalyna ikinji talakdan soň üçünji talagyny hem berse, şol aýal başga bir äre baryp, ondan talagyny almasa, öňki ärine halal däldir...», (Bakara, 230).

Bid'i talak

düzet

Bid'i talak – kişiniň aýalyna üç talagy bir gezekde bermegi ýa-da bir arassalyk möhletinde, gysga wagt aralyklarda bermegidir. Şeýle ýagdaýda talak dürsdür, ýöne kişi sünnete ters hereket edenligi üçin günäkär bolýar.

Hezreti Omar, Osman, Aly, Ibni Omar, Ibni Abbas, Ibni Mesud, Ebu Hureýre ýaly sahabalara, tabi'inleriň aglabasyna we dört mezhebe görä, bir gezekde edilse-de, üç talak doly talakdyr. Muňa ençeme mysal getirmek bolar. Abdurrezzakyň «Musannef» atly kitabynda Ubade b. Samit şeýle bir wakany gürrüň berýär: «Atam aýalyny müň talak bilen talak etdi. Men derrew Resulullahyň ýanyna baryp ýagdaýy düşündirdim. Resulullah (ﷺ): «Ataň Allahdan gorkmandyr. Aýaly üç talak bilen boşdur. 997-si bolsa hetden aşmak we zulumdyr. Allah islese, oňa azap berer, islese bagyşlar» diýdi. (Şewkany, «Neýlül Ewtar»).

Zeýdiýe mezhebine, Zahiri mezhebinden käbirlerine, Ibni Ishaka, Ibni Teýmiýä we Ibnül Kaýýyma görä «Bir gezekde üç talak eden, bir talak eden kişi bolar». Bular Ibni Abbasyň gürrüň beren şu hadysyny delil getirýärler: «Resulullahyň zamanynda, hezreti Ebu Bekiriň halyflyk eden döwründe we hezreti Omaryň halyflygynyň ilkinji iki ýylynda üç talak bir talak saýylýardy. Soňra hezreti Omar: «Adamlar öň seresapdy, indi howlugyp başladylar.Bu ýagdaýy olaryň zyýanyna kabul etsek» diýdi we soňra kabul etdi», (Müslim, Ahmet b. Hanbel). Bu hadysy diňe Tawus gürrüň beripdir. Ýöne hadys alymlary onuň hadys rowaýatynda köp ýalňyşandygyny belläpdirler.

Aslynda bu rowaýat bir gezekde aýdylýan üç talagyň doly talakdygyny aýdýar. Çünki Pygamberimiz we Ebu Bekir döwründe adamlar bir gezekde üç talak diýenlerinde muny aýrylyşmak däl-de, sözlerini güýçlendirmek maksady bilen aýdandyklary üçin bir talak hökmünde kabul edipdirler. Emma hezreti Omar döwründe adamlaryň aglabasy muny talak niýeti bilen aýdyp başlapdyr. Şonuň üçin hezreti Omar halkyň ýagdaýynyň üýtgemegi sebäpli, hökümi hem üýtgedipdir. Şeýle hem Ibni Abbas üç talagyň doly talakdygyny aýdýan ençeme hadyslary gürrüň beripdir. Mysal üçin, Müjahid şeýle bir wakany gürrüň berýär: «Ibni Abbasyň ýanyndadym. Bir adam geldi. Ol aýalyna üç talak beren eken. Ibni Abbas ilki sesini çykarman oturdy. Men oňa aýaly bilen ýaraşar ýaly ýol salgy berer öýtdüm. Emma ol şeýle diýdi: «Ilki akmaklyk edip, soň gelýäňizde: «Ibni Abbas, Ibni Abbas» diýýäňiz. Allah (j.j.): «Kim Allahdan gorkýan bolsa, oňa bir çykalga görkezer» diýýär. Sen bolsa, Allahdan gorkmansyň, şonuň üçin saňa ýol salgy berip bilemok. Rabbiňe garşy gitdiň. Aýalyň senden anyk aýryldy», (Ebu Dawud).

Rij'i talak

düzet

«Rij'i» arap dilinde «dönmek» diýmekdir. Rij'i talak – äre talak eden aýalynyň iddet möhleti gutarmanka, täzeden nikah gyýylmazdan puşman edip bile ýaşaşmak hukugyny berýän talakdyr. Şeýle-de bolsa, oňa täzeden nikah gyýdyrmak mustahapdyr. Rij'i talak eden kişi iddet möhleti gutarýança puşman edip yzyna dönmese, riž'i talak ba'in talaga öwrülýär.

Ba'in talak

düzet

Bu yza dolanyp, bile ýaşaşmak üçin täzeden nikah gyýmak şertini hökmany edýän talakdyr. Nikah gyýylsa-da, jynsy gatnaşyk bolmanka, taraplaryň ylalaşman, ýa-da ylalaşyp aýrylyşmaklary, suduň karary bilen aýrylyşmaklary, ýa-da äriň üç talak bilen talak etmegi ba'in talaga girýär. Bu talakda täzeden nikahlaşmak üçin, diňe erkegiň sözünden dänmegi şert däldir, aýalyň hem razyçylygy gerekdir. Munda täzeden mehir bellenmeli, öňki mehir doly tölenmedik bolsa, şol hem tölenmelidir. Ýöne nikah gyýlyp, jynsy gatnaşykda bolman aýrylyşanlar iddet möhletine garaşmaýarlar, mehir tölemeýärler. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Eý, iman edenler, mü'min aýaly nikahlap, soňra onuň bilen ýakynlaşman talagyny berseňiz, iddete garaşmak gerekmez», (Ahzab, 49).

Ba'in talakda aýal iddeti gutarýança, äriniň öýünde ýaşap bilýär. Şol möhletde aýalyň nafakasy (gün-güzerany) äriniň boýnunadyr.

Eger aýal üç gezek talak edilen ýagdaýynda, Kurany Kerimiň beýanyna görä (Bakara, 230), şol aýal diňe başga birine durmuşa çykyp aýrylyşandan soň, öňki ärine halal bolup bilýär. Muňa fykyhda «hulle» diýilýär.

Özara razylyk bilen aýrylyşmak

düzet

Bu görnüşde aýrylyşmaga – «hul'» ýa-da «muhalaga» diýilýär. Erkegiň doga kemçilikleri, dini we ahlak bozuklygy, garrylygy ýa-da ejizligi sebäpli, aýaly ony ýigrenip biler. Bu ýagdaýda ärine boýun bolmak meselesinde Allahyň emrini berjaý etmezlikden gorkup biler. Şonuň üçin yslam diňe erkege degişli bolan talak hakyndan başga aýrylyşmak şertlerini hem meşrug kylypdyr. Aýrylyşmak isleýän aýal äri bilen razylaşyp aýrylyşyp bilýär. Bu ýagdaýda aýal nafakany, mehiri we iddet nafakasyny almaýar. Ýagny aýal erkege fidýe berýär. Bu görnüşdäki talak ba'in talak saýylýar. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: « ...Aýalyň erkege fidýe bermeginde ikisi üçin hem günä ýokdur», (Bakara, 229). «Eger köňül razylygy bilen mehriniň bir bölegini size (erkege) bagyşlasa, ony hoşallyk bilen kabul ediň», (Nisa, 4). «... Är-aýalyň özara ylalaşyp sulh etmeklerinde hiç hili günä ýokdur. Sulhda haýyr bardyr», (Nisa, 128). Ibni Abbasyň gürrüň beren bir hadysynda bu mesele şeýle düşündirilýär: «Sabit b. Kaýsyň aýaly Pygamberimiziň ýanyna gelip: «Eý Resulallah, ony (ärini) ne dini ne-de ahlagy sebäpli aýyplamaýaryn. Ýöne nygmatyň gadyryny bilmezlik ederin öýdüp gorkýaryn» diýdi. Pygamberimiz (ﷺ) ondan: «Mehir hökmünde alan bakjaňy yzyna gaýtaryp bilermiň?» diýip soranda ol: «Hawa» diýip jogap berdi. Pygamberimiz (ﷺ) onuň ärine: «Bakjaňy yzyna al-da, aýalyň bir talagyny ber» diýdi», (Buhary, Ibni Maje).

Aýalyň aýrylyşmak islegini erkegiň kabul etmegi sünnetdir. Ýöne äriň aýalyna mähir-muhapbeti bolsa, aýalyň sabyr edip, aýrylyşman ýaşaşmagy müstehapdyr. Adaty ýagdaýda aýalyň «hul'» islemegi mekruhdyr. Bu barada Sewbanyň gürrüň beren hadysynda Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Haýsy aýal hiç hili oňşuksyzlyk ýokka, ärinden aýrylyşmak islese, jennetiň ysy oňa haramdyr», (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje).

Haýzlyka ýa-da arassalyk möhletinde «hul'» edilse, hiç hili zelel ýokdur. Çünki aýal haýzka talagyň gadagan edilmegi iddet döwründe aýala geljek zyýanyň öňüni almak üçindir. Ýöne hul' beýle däldir. Ol aýaly ärine ýigrençden çalt halas edýän çäredir.

Suduň karary bilen aýrylyşmak

düzet

Suduň üsti bilen aýrylyşmaga «tefrik» diýilýär. Suduň karary bilen aýrylyşmak talakdan tapawutlydyr. Çünki talak äriň erkinde bolýar. Emma suduň üsti bilen aýal äriniň razyçylygy bolmasa-da aýrylyşyp bilýär. Suduň aýyrmagy talak hem, fesih hem bolup bilýär. Eklenjini gazanyp bilmezlik, iýlä, hassalyk, oňşuksyzlyk, zyndana düşmek, dereksiz ýitmek ýa-da terk etmek ýaly sebäpler arkaly aýrylyşmak talakdyr. Dinden dönmek ýaly sebäpler bilen aýrylyşmak bolsa fesihdir.

Fykyh mezhepleriniň kabul edýän aýrylyşmak sebäpleri biri-birinden tapawutlydyr. Bu meselede iň dar çäklendirmeler goýýan Hanefi mezhebidir. Iň giňi bolsa Mäliki we Hanbeli mezhebindedir. Ähli sünni mezhepleri göz öňüne alynsa, yslam hukugynda kabul edilen aýrylyşmak sebäpleri şu aşakdakylardyr:

  1. Hassalyk. Kazy Şureýh, Ibni Şihab ez-Zuhri we Ebu Sewr ýaly alymlar ýanýoldaşynda ýigrenç döredýän ýa-da bile ýaşamaklaryna zyýan berýän her dürli keselleriň, şeýle hem erkegiň jynsy gatnaşykda bolup bilmezliginiň, erkegiň ýa-da aýalyň çaga önmegi üçin ukybynyň bolmazlygy ýaly keselleriň talaga sebäp bolup bilýändigini aýdypdyrlar. Öýlenmezinden öň, oglan ýa gyz özünde kesel bardygyny bilmedik ýagdaýynda, talak talap edip, aýrylyşmak üçin suda ýüz tutup bilýär. Eger öňünden bilýän bolsa, talak haky ýokdur.
  2. Erkegiň güzerany üpjin edip bilmezligi. Hanefi mezhebinde bu talaga sebäp däldir. Ýöne äri güzerany aýlap bilmedik ýagdaýynda, aýal suda ýüz tutup, özüne nafaka (gün-güzeranyny dolar ýaly hak) belledip bilýär. Beýleki üç mezhebe görä, bu talaga sebäpdir. Aýrylyşan ýagdaýlarynda bu rij'i talak bolýar. Emma garyp düşen bir maşgaladaky aýalyň nafaka talap etmäge haky ýokdur.
  3. Terk we dereksiz ýitmek. Ymam Agzama we Ymam Şafyga görä, dereksiz ýitmek talaga sebäp däldir. Aýal äriniň ölendigi kesgitlenýänçä oňa garaşmalydyr. Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbel bolsa, bu ýagdaýy talaga sebäp saýypdyr. Bular äri ýitendigi baradaky iň soňky habary alan gününden dört ýyl geçenden soň, aýaly talak hasaplaýar.
  4. Aşa oňşuksyzlyk ýa-da erbet ýenjilmek. Hanefi we Şafygylara görä, erbet ýençmek ýa-da aşa oňşuksyzlyk talaga sebäp däldir. Şeýle ýagdaýda iki tarapyň garyndaşlaryndan oňuşdyrmak üçin geňeş düzülip, iki tarapy oňuşdyrmalydyr. Mälikilere we Hanbelilere görä, şeýle ýagdaý talaga sebäpdir.
  5. Li'an. Aýalynyň zyna edendigini ýa-da çagasynyň zynadan önendigini aýdýan we muny subut edip bilmeýän är suda ýüzlenip, kasam edip, suduň karary bilen maşgalasyndan aýrylyşyp bilýär. Muňa «li'an» diýilýär. Kurany Kerim bu meselede şeýle diýýär:
    «Şerinden we bozuklygyndan bizar bolan aýalyňyza ilki öwüt-nesihat beriň. Peýdasy degmese aýry ýatyň. Şonda-da ýola gelmese ony çalarak uruň», (Nisa, 34). Urmak hem netije bermedik ýagdaýynda li'an edilýär. Kuranda bu şeýle düşündirilýär:
    «Ýanýoldaşyny zyna edenligi bilen günäkärläp, muňa özünden başga şaýat tapmadyk erkek kişi özüniň dogry aýdýandygyna dört gezek Allahyň adyna kasam edip şaýatlyk edýär. Bäşinji gezekde ýalan sözleýän bolsa, Allahyň näletiniň özüne bolmagyny dileýär», (Nur, 6-7).

Iýlä

düzet

Äriň dört aý ýa-da ondan hem köp wagt aralygy aýalyna ýakynlaşmajakdygyna kasam etmegine iýlä diýilýär. Hanefi mezhebine görä, iýlä eden är bu wagt aralygynda aýaly bilen jynsy gatnaşyk etse, ýemin keffaretini berjaý etmelidir. Eger är şol wagt aralygynda aýalynyň ýanyna barmasa, suduň karary bolmasa-da, aýal bir ba'in talak bilen talak edilen saýylýar. Beýleki üç mezhebe görä, iýlä edilenden dört aýyň geçmegi bilen talak bolýar.

Netije

düzet

Yslam hukugyna görä, mehir aýalyň, talak bolsa erkegiň haky saýylyp, şeýlelikde, deňagramlylyk gurlupdyr. Är aýalyny talak edende, hiç hili şerte boýun edilmändir. Emma yslamyň şahsyýete berýän ahlak terbiýesi erkegiň talak hukugyny isleýşi ýaly ulanmagyna mümkinçilik döretmändir. Şeýle hem Kuranda talak edilen wagty ýanynda şaýat bolmagy islenilýär. (Talak, 2). Mäliki we Hanbeli mezhepleri bolsa, äriň aýalyna nähak ýere zulum etmeginiň öňüni almak üçin, aýala göni suda ýüz tutup aýrylyşmaga hukuk berýär.

Häzirki döwürde hem maşgalanyň agzybirligi we çagalaryň terbiýesi dini, medeni we ahlak gymmatlyklary taýyndan uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin durmuş gurmak diňe iki kişiniň arasyndaky gatnaşyk däldir. Bu jemgyýet bilen hem göni baglanyşyklydyr. Bile ýaşaşmak kyn bolan ýagdaýynda, aýalyň aýrylyşmak talaby hem hukuk taýyndan kanagatlandyrylmalydyr. Ýöne aýalyň hukugyny isleýşi ýaly ulanmagy halal bolmaz. Bu barada Pygamberimiz bir hadysynda şeýle aýdypdyr: «Haýsy aýal hiç hili oňşuksyzlyk ýokka ärinden aýrylyşmak islese, jennetiň ysy oňa haramdyr», (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje).

Şeýle-de

düzet

Salgylanmalar

düzet