Türkmenistandaky koreýler

Türkmenistanyň raýatlary bolan koreýler. Eýsem, Türkmenistana koreý milleti nireden gelip düşdükä? Hususan-da, Daşoguz welaýatynda giden koreý halkynyň diasporasy nireden döredikä?

Gelip çykyşy

düzet

Bu informasiýa SSSR döwründe ýapyk saklanýardy. 1860-njy ýyllarda Koreýada açlyk başlanýar. Olar goňşy ýurt bolan Patyşa Russiýasynyň Uzak Gündogar (Дальный Восток) sebitlerine aralaşyp başlaýarlar. Ol ýerde oba hojalyk işleri bilen meşgullanyp başlaýarlar. 1910-njy ýylda Ýaponiýanyň Koreýany basyp almagy netijesinde, Orsýetiň Uzak Gündogar sebitine koreýleriň göçüp gelmegi has-da köpelýär. koreýleriň Orsýediň sebitinde ornaşmagyna ruslaryň özleri gowy garapdyrlar. Ruslar koreýleri zähmetsöýer halk hökmünde garapdyrlar.Patyşa Russiýasy ýykylyp, Sowet hökümeti gelende hem koreýler täze hökümete loýal, ýagny wepaly bolupdyrlar. 1920-nji ýyllar-1930-njy ýyllarda Primorýede 300 sany koreý mekdebi, 2 sany koreý peduçilişşesi, Wladiwostokda bolsa Koreý pedogogiki instituty bolupdyr.

Ýöne Staliniň repressiw syýasaty ozal hem Watansyz ýaşap ýören koreýleriň bagtyny ýatyrýar. Ýaponiýanyň Hytaýa çozmagy Stalini uly alada goýýar. Sebäbi Koreýa Ýaponiýanyň düzüminde bolansoň, Wladiwostok sebitlerinde ýaşap ýören koreýleriň ýapon hökümetine içalylyk edäýmeginiň ähtimallygyndan gorkan Stalin, şol sebitdäki ähli koreýleri sürgün etmek kararyna gelýär. 1937-nji ýylyň sentýabr aýyndan 1938-nji ýylyň ýanwaryna çenli Uzak Gündogar ülkesiniň çäginden 180 müňden gowrak koreýler Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň çäklerine sürgün edilýär. Sürgün edilmek prosesiniň dowamynda bir müň koreýliniň 40 sanysy ýolda aradan çykypdyr.

Staliniň Orta Aziýa sebitlerine sürgün edilen koreýler häzirki wagtda 450 müň sany hasaplanýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu koreý milleti öz ene dillerini düýbünden ýitirdiler. Olaryň medeniýeti ýerli halkyň medeniýeti bilen garylyp gatyldy. SSSR döwründe sürgün edilen koreýlere hatda pasport hem berilmedi. Olaryň köpüsi oba ýerlerinde diňe oba hojalyk işleri bilen meşgullanylmaly edilip görkezme berildi. Garaz, bu garamaňlaý halkyň görmedik güni ýok eken.

Gündelik durmuşy

düzet

Türkmenitandaky koreýlar halk arasynda "karis'lar" diýip bilinýär. Olar "koreý salady" bolan çimçi önümçiligi we söwdasy bılen meşhurdyrlar.