Tereke (arap. تركة‎‎ — miras) ýa-da irs (arap. إِرْث‎‎).

Miras – tereke düzet

Miras sözi hukukda – dünýeden öten adamyň yzynda galan mal baýlygyny belli usul we ölçegde onuň mirasdarlaryna paýlanmagyny aňladýar. Munuň bilen baglanyşykly ylma bolsa miras hukugy diýilýär. Miras hukugyna ilki döwürler feraiz ylmy diýer ekenler. Halk arasynda bolsa, ýogalanyň yzynda galan mala «tereke» diýilýär.

Feraiz ylmyny bilmegiň fazyleti örän uludyr. Ynsanyň dünýeden ötenden soňky durmuşy dünýädäki durmuşy bilen baglanyşykly bolany üçin, «Feraiz – ylmyň ýarysydyr» diýlipdir. Pygamberimiz hem: «Feraizi öwreniň we öwrediň, çünki ol ylmyň ýarysydyr...», (Ibni Maje, Hakim) diýipdir.

Kurany Kerimde ýogalanyň mirasyny ýakynlaryna paýlamak bilen baglanyşykly üç sany aýat bar.

  1. Birinjisi – çagalaryň we ene-atanyň mirasy hakynda

    «Alla size (miras meselesinde) perzentleriňiz barada (şeýle) wesýet (emir) edýär: oglan üçin iki gyzyň paýy ýaly möçber bardyr. Eger olar (perzentler) ikiden köp gyz bolup (oglan bolmasa), terekäniň üçden ikisi olaryňkydyr. (Eger gyz) ýeke bolsa, onda (terekäniň) ýarysy onuňkydyr. Eger onuň (ýogalanyň) perzendi bar bolsa, onuň terekesinden ene-atanyň her haýsyna altydan bir paý düşer. Eger perzendi ýok bolup, mirasdüşer ene-ata bolsa, enesine üçden bir paý düşer (galany atanyňkydyr). Eger onuň (ýogalanyň) doganlary bar bolsa, onda altydan bir paý enäniňkidir. (Bular ýogalanyň dirikä) eden wesýeti we bergileri ödelenden soň (galan emlägine degişlidir). Siz atalaryňyz bilen perzentleriňiziň haýsysynyň özüňize peýda taýdan has ýakyndygyny bilmersiňiz. Bular Allanyň goýan parzlarydyr (paýlardyr). Takyk, Alla (ähli zady bilýändir), hikmet eýesidir»

    — (Nisa, 11).[1]
  2. Ikinji aýat – är-aýalyň mirasy hakynda

    «Eger (ýogalan) aýallaryňyzyň çagalary ýok bolsa, onuň (ýogalan aýalyň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa-da bergileri tölenenden soň, terekesiniň ýarysy siziňkidir (äriniňkidir). Eger çagalary bar bolsa, onda terekäniň dörtden biri siziňkidir. Siziň (äriniň) hem çagaňyz ýok bolsa, onuň (ýogalan erkegiň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa-da bergileri tölenenden soň, terekesiniň dörtden biri aýalyňyzyňkydyr. Eger çagaňyz bar bolsa, terekäniň sekizden biri olaryňkydyr (aýallaryňkydyr). Eger miras galdyran erkek ýa-da aýal, çagasyz ýa-da ene-atasyz kişi bolup, onuň hem diňe (enebir) erkek ýa-da gyz dogany bar bolsa, olaryň her haýsyna altydan bir paý bardyr. Eger olaryň sany mundan köp bolsa, onda olar onuň (ýogalan erkegiň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa-da bergileri tölenenden soň (terekäniň) üçden birine şärik bolarlar. (Bu hökümler) Alla tarapyndan size edilen wesýetdir (emirdir). Alla (ähli zady) bilýändir, Halymdyr (howlugýan däldir

    — (Nisa, 12).
  3. Üçünji aýat – kelale ýagny, bir ýa-da iki uýanyň mirasy barada

    «(Eý, Muhammed!) Senden (bir meseläniň) hökümini sorarlar. Sen (olara) aýt: "Alla size atasy we çagasy bolmadyk kişiniň (mirasynyň) hökümini mälim edýär: "Eger (oglan ýa-da gyz) perzendi (we atasy) bolman, diňe bir gyz dogany (bar bolan) adam ýogalsa, (onda) onuň terekesiniň ýarysy oňa (gyz doganyna) degişlidir. Eger onuň (gyz doganynyň) perzendi ýok bolsa, ol (erkek dogan) onuň mirasdary bolar (terekäniň hemmesini alar). Eger (şol şertlerde) aýal doganlar iki bolsa, (onda) olaryň ikisi erkek doganlarynyň terekesiniň üçden ikisini alarlar. Eger (mirasdar) doganlar bir erkek we bir gyz bolsa, (onda) erkek iki gyza (düşýän) paý ýaly alar (erkek gyzdan iki esse köp alar). Alla siziň azaşmaklygyňyzy (islemeýändigi) üçin size bulary (äşgär) beýan edýär. Alla ähli zady bilýändir»

    — (Nisa, 176).

Bu aýatlar yslamda miras hukugynyň esasyny düzýär. Pygamberimiz hem bu aýatlaryň hökümlerini düşündirip durmuşa ornaşdyrypdyr. Ol Kuranda aýdylmaýan mirasa degişli käbir meseleleriň hem hökümlerini beýan edipdir. Yslam alymlary bolsa, bulary giňişleýin düşündiripdir.

Mirasyň rükünleri düzet

a) Mirasdar bolmagyň sebäpleri. düzet

Mirasdar bolmak üç sebäbe baglydyr: nesil ýa-da garyndaşlyk, nikah bagy we wela.

Nesil ýa-da garyndaşlyk

Dogulmak bilen bagly biri-birine garyndaş bolýanlara nesiller diýilýär. Olar:

  • ene, ata, kaka, eje,
  • gyz we erkek doganlar,
  • agalar we olaryň erkek çagalary,
  • gyz bolsun, erkek bolsun – çagalar we agtyklar.
Nikah bagy

Nikah gyýlandan soň, är-aýalyň biri dünýeden ötse, bile ýaşaşsa-ýaşaşmasa beýlekisine mirasdar bolýar. Aýala rij'i talak berlenden soň, iddet möhletiniň dowamynda äri ölse, mirasdan paýyny alýar. Ýöne är aýalyny ba'in talak bilen talak eden ýagdaýynda är ölse, aýala miras düşmeýär. Erkek aýalyna miras bermezlik üçin, ölüm ýassygyndaka ony talak etse, emma aýalyň iddet möhleti geçmänkä ölse, aýal mirasdan paý alýar.

Wela

Wela – dostluk we ýardam manysyny berýär. Miras hukugynda wela iki görnüşdedir. Gul azat etmek sebäpli dörän wela, aktlaşmak (ylalaşmak, wesýet goýmak) sebäpli emele gelen wela. Häzirki döwürde gulçulyk ýokdur, şunlukda, bu öz-özünden hökümini ýitiripdir. Aktlaşmak arkaly mirasdan paý almak hem seýrek duş gelýär.

b) Mirasdan paý almak üçin zerur şertler düzet

Munuň üç şerti bardyr:
  • Miras galdyranyň (murisiň) ölmegi,
  • Mirasdaryň (warisiň) diri bolmagy,
  • Mirasdan mahrum edýän ýagdaýyň bolmazlygy.
Miras galdyranyň ölmegi

Ölümiň – hakyky, hökmi we takdyry diýen üç görnüşi bardyr.

  • Hakyky ölüm – ömrüň gutarmagydyr. Bu – görmek, eşitmek we sudda şaýatlaryň üsti bilen kesgitlenýär.
  • Hökmi ölüm – dereksiz ýiten (mefkud), dinden dönen (murted) suduň ölen hökmünde karar çykarany hökmi ölüme degişlidir. Dereksiz ýiteniň terekesi suduň kararyndan soň mirasdarlara paýlanýar, aýaly bolsa iddet möhletine garaşmalydyr. Dinden dönen bolsa, ölen mysalydyr. Suduň kararyndan soň, terekesi mirasdarlara paýlanýar.
  • Takdyry ölüm – bir jenaýat sebäpli göwreli aýalyň çagasynyň aýrylmagy. Bu ýagdaýda aýrylan çaga üçin gurre jezasy berilýär. Gurre hunuň (diýetiň) ondan birine deňdir. Ymam Ebu Hanifä görä, ene göwresindäki çaga miras galdyryp hem, mirasdar bolup hem bilýär.
  • Mirasdaryň diri bolmagy — Murisden öň dünýeden öten mirasdar bolup bilmez. Diňe diri adam mirasdar bolýar. Ene garnyndaky çaganyň mirasdan paý almagy üçin diri dogulmagy şertdir. Çaga dünýä inenden soň, az salym ýaşasa-da, onuň mirasdan paýy bardyr.
Mirasdan mahrum edýän ýagdaýlar
  1. Öldürmek.
    Mirasdan paý almak üçin murisi öldüren kişi, mirasdan mahrum edilýär. Pygamberimiz hadysynda: «Öldürene (katyla) miras ýokdur», (Ymam Mälik, «Muwatta»; Ibni Maje) diýipdir. Öldüreniň çagalary mirasdan mahrum edilmeýär.
  2. Din tapawudy.
    Mirasdar bilen murisiň bir dinden bolmagy şertdir. Bu barada Pygamberimiz: «Musulman käfire, käfir hem musulmana mirasdar bolup bilmez», (Buhary, Müslim) diýipdir. Şonuň üçin dinden dönen (mürted) mirasdan paý alyp bilmeýär. Gaýry dindäki adamlar biri-birlerine mirasdar bolýarlar.
  3. Gul bolmak.
    Bu häzirki döwürde manysyny ýitiripdir.
  4. Beýleki sebäpler.
    Kimiň öň ölendigi belli bolmasa, miras paý edilmeýär.

Zynadan önen çaga – diňe ejesine mirasdar bolup bilýär.

Terekä degişli hak-hukuklar düzet

Tereke bilen baglanyşykly hak-hukuklar umuman şulardyr:

  1. Tejhiz.
  2. Borç.
  3. Wesýet.
  4. Weraset.

Tejhiz düzet

Tejhiz – ýogalany kepenlemek diýmekdir. Häzirki döwürde merhumy jaýlamak bilen baglanyşykly kependen başga ähli çykdajy tejhize degişlidir. Ýagny tejhize degişli ähli çykdajy ýogalanyň terekesinden alynýar.

Borç düzet

Tejhizden soň, ýogalanyň galan terekesinden borjy tölenýär. Kişiniň boýnunda şu borçlar bardyr:

  • Aýni borç – kişiniň borjuna derek bir zady girewine bermegidir. Käbir müjtehid alymlara görä, borjuny üzmän ýogalan kişiniň girewine beren malyndan algydaryň haky tejhizden öňde durýar.
  • Gul borjy – ýogalan kişiniň karz alan puly, mehir borjy we ş.m. bergileridir.

Allahyň öňündäki gulluk borjy. Bular zekat, keffaret, nezir ýaly borçlardyr. Hanefi mezhebine görä, kişiniň ýogalmagy bilen bu borçlar aýrylýar. Ýöne wesýet eden bolsa, mirasdarlary terekesiniň üçden birinden ony töleýär. Beýleki üç mezhebe görä, kişiniň bu borçlaryny ýogalanyň terekesinden tölemek mirasdarlara wajypdyr. Çünki ýogalany borçdan halas etmek iň laýygydyr.

Eger tereke ýogalanyň ähli bergisini üzmäge ýetmedik ýagdaýynda, ýogalanyň wesýeti bar bolsa, terekesiniň üçden biri bergisi üçin harçlanýar. Galan bergisi üzülmeýär.

Wesýet düzet

Wesýet – bir kişiniň dünýäden ötenden soň, öz malyna başga birini eýe etmegi we oňa ygtyýaryny bermegi ýa-da kiçi çagalary ýetişýänçä, malyny wagtlaýyn ulanmaga başga birine ygtyýar bermegidir.

Hanefilere görä, eger wesýet Allahyň farzlaryndan bir farz bilen baglanyşykly bolsa, borç bu wesýetden öň tölenýär. Çünki borç wesýetden has güýçlüdir. Sud borçlynyň malyndan eýesiniň razylygyna seretmän, borjy tölemäge haklydyr. Emma zekat ýaly borjy bolsa, ony töledip bilmez.

Kişiniň mal (aýni) görnüşde Allaha we gula borjy bolsa, terekesi hem olaryň ikisinem tölemäge ýeterlik bolmasa gula borjy tölenýär.

Eger ýogalan adam Allaha bolan borçlaryny wesýet eden bolsa, gula borjy tölenenden soň, terekesiniň üçden birinden Allaha bolan borçlary tölenýär. Bu wajypdyr.

Weraset düzet

Kişiniň ýokardaky borçlary tölenenden soň, galan maly mirasdarlaryň paýydyr. Olar bolsa belli tertibe laýyklykda paýlanýar.

Mirasdaryň derejeleri düzet

Terekeden tejhiz we depin işleri edilenden, bergiler üzülenden, wesýeti ýerine ýetirilenden soň, galan mal mirasdarlaryň arasynda şu nobata görä paý edilýär.

  1. Ashaby feraiz. Bular Kurany Kerimde we hadysy şeriflerde belli paýlary beýan edilen kişilerdir. Bularyň sany on ikidir:
    Kaka, ata, enebir erkek doganlar;
    Gyz, oglunyň gyzy, süýtdeş aýal dogany, atabir aýal dogan, enebir aýal dogan, eje we ene, är bilen aýal.
  2. Asabe (ýakyn garyndaşlar). Asabäniň iki görnüşi bardyr.
    a) Nesil ýoly bilen asabe bolanlar. Bular ashaby feraizden soň, terekeden galanyny alýan kaka tarapdan bolan erkek garyndaşlardyr. Eger ashaby feraizden hiç kim bolmasa, terekäniň ähli paýy bulara berilýär. Meselem: ogul, ata, süýtdeş ýa-da atabir erkek doganlar, süýtdeş ýa-da atabir agalar.
    b) Sebäbe daýanýan asabe. Bu gul bolsun, gyrnak bolsun azat eden hojaýynyna ýakyn garyndaş bolmagy bilen emele gelýär. Muňa wela haky diýilýär. Häzirki döwürde gulçulyk düzgüniniň ýoklugy üçin bu meseläni diňe agzap geçýäris.
  3. Zewil erham (daşgyn garyndaşlar).
    Bular bibi, daýza we erkek doganyň gyzy ýaly aýallar we enäniň kakasy, daýy, gyz dogandan we gyzdan bolan çagalardyr. Ýogalanyň yzynda ashaby feraizden we asabeden hiç kimi bolmadyk ýagdaýynda, miras zewil erhama paýlanylýar.
  4. Döwlet hazynasy.
    Ýokarda agzalanlardan hiç biri ýok ýagdaýynda, ýogalanyň maly tutuşlygyna döwlet hazynasyna geçirilýär.

Ashaby feraiziň terekeden paýlary düzet

Kurany Kerimde ashaby feraiziň paýlarynyň alty görnüşdedigi düşündirilýär.

Bular: ýarym (1/2), dörtden bir (1/4), sekizden bir (1/8), üçden bir (1/3), üçden iki (2/3), altydan bir (1/6) paýdyr.

Bu paý eýeleri şulardyr:

Ýarym paý alýanlar:

a) Ýogalanyň çagasy ýok bolsa, ýagny, ogly, gyzy, oglunyň ogly, oglunyň gyzy bolmadyk ýagdaýynda, är mirasyň ýarysyny alýar.
b) Ýogalanyň gyzy ýeke bolan ýagdaýynda, gyz mirasdan ýarym paý alýar.
ç) Ýogalanyň gyzy bolman, şeýle hem özüni asabe etjek biri hem bolmasa, oglunyň gyzy (agtygy) ýeke bolan ýagdaýynda, mirasdan ýarym paý alýar.
d) Ýogalanyň gyzy, oglunyň gyzy hem bolman, süýtdeş aýal dogany hem ýeke bolsa mirasdan ýarym paý alýar.

Dörtden bir paý alýanlar:

a) Ýogalanyň çagasy bar bolsa, äri mirasdan dörtden bir paý alýar.
b) Ýogalanyň çagasy bolmadyk ýagdaýynda, aýaly birden köp hem bolsa, mirasdan dörtden bir paý alýar.

Sekizden bir paý alýanlar:

  • Bu ýogalanyň mirasdar çagasy bolan ýagdaýynda aýala düşýän paýdyr.

Üçden iki paý alýanlar:

a) Iki ýa-da ikiden köp gyzy bolup, ogly bolmadyk ýagdaýynda, gyzlaryň mirasdan paýy üçden ikidir.
b) Ýogalanyň gyzy bolman, oglunyň iki ýa-da ikiden köp gyzy bolan ýagdaýynda, gyz agtyklar üçden iki paý alýarlar.
ç) Süýtdeş aýal doganlar iki ýa-da ikiden köp bolan ýagdaýynda, üçden iki paý alýarlar.
d) Ýogalanyň süýtdeş aýal dogany bolmadyk ýagdaýynda, atabir aýal dogan iki ýa-da ikiden köp bolan ýagdaýynda, mirasdan üçden iki paý alýarlar.

Üçden bir paý alýanlar:

a) Ýogalanyň mirasdar çagasy bolmadyk ýa-da birden köp doganlary bolan ýagdaýynda, eje üçden bir paý alýar.
b) Kaka we ata bolmasa we ýogalana mirasdar çagasy bolmadyk ýagdaýynda birden köp enebir doganlar üçden bir paý alýar.

Altydan bir paý alýanlar:

a) Ýogalanyň çagasy bolmadyk ýagdaýynda, kaka altydan bir paý alýar.
b) Ýogalanyň çagasy bolup, kakasy bolmadyk ýagdaýynda, ata altydan bir paý alýar.
ç) Ýogalanyň çagasy bar bolsa ýa-da birden köp oglan ýa-da gyz dogany bar bolsa, eje altydan bir paý alýar.
d) Çagalary birden köp hem bolsa, eje bolmadyk ýadaýynda, ežäniň ejesi altydan bir paý alýar. Kaka bolmadyk ýagdaýynda bolsa, kakanyň ejesi altydan bir paý alýar.
e) Ýogalanyň gyzy ýeke bolup, oglundan önen gyz agtyklar bilen mirasdar bolsa, gyz agtyklar bir ýa-da birden köp bolanda, şeýle hem olary asabe etjek biri hem bolmadyk ýagdaýynda, gyz agtyklar altydan bir paý alýar.

Ashaby feraiziň terekedäki ýagdaýlary düzet

Är. Äriň terekede iki ýagdaýy bardyr:

  1. Ýogalanyň (aýalynyň) oglunyň çagasy bolmadyk ýagdaýynda ýarym (1/2) paý alýar.
  2. Ýogalanyň ogly ýa-da gyzy, ogul agtyklary ýa-da gyz agtygy bolan ýagdaýynda 1/4 paý alýar.

Aýal. Aýalyň terekede iki ýagdaýy bardyr:

  1. Aýal bir ýa-da birden köp bolsa-da, ýogalanyň (äriniň) çagasy, ogul agtygy ýok ýagdaýynda 1/4 paý alýar.
  2. Ýogalanyň (äriniň) çagasy, ogul agtygy bolan ýagdaýynda, aýallar 1/8 paý alýar.

Kaka. Kakanyň terekede üç ýagdaýy bardyr:

  1. Ýogalanyň neslinden erkek mirasdar, ýagny ogly, ogul agtyklary, çowluklary bolan ýagdaýynda, kaka farz hökmünde 1/6 paý alýar.
  2. Mirasdar hökmünde diňe gyzy ýa-da oguldan bolan gyz agtygy, ogul agtykdan bolan gyz çowlugy bolan ýagdaýynda kaka farz hökmünde 1/6, asabe hökmünde-de terekeden galanyny alýar.
  3. Neslinden hiç hili mirasdar bolmadyk ýagdaýynda kaka terekäniň hemmesini, başga mirasdar bolan ýagdaýynda, olardan galanyny alýar.

Ata. Atanyň terekede dört ýagdaýy bardyr: Bularyň ilkinji üçüsi kakanyňky bilen meňzeşdir. Dördünjisi, kaka bolan ýagdaýynda, ata mirasdar bolup bilmeýär. Ata üç hususda kakadan tapawutlydyr.

  1. Ýogalanyň kakasy mirasdar bolmadyk ýagdaýynda eje bilen ata mirasdar bolýar.
  2. Ýogalan kişiniň yzynda ejesi, kakasy we aýaly galan bolsa, ýogalanyň aýaly paýyny alandan soň, eje galan terekäniň 1/3-ni alýar. Ýöne kakanyň ýerine ata galan ýagdaýynda, eje tutuş terekäniň 1/3-ni alýar.
  3. Ýogalanyň kakasy bolan ýagdaýynda, süýtdeş erkek we gyz doganlary we atabir erkek we gyz doganlary mirasdan mahrum edilýär. Ýagny, kaka bar ýerinde doganlara miras düşmeýär. Ýöne Ymam Muhammet, Ebu Ýusuf we beýleki käbir müjtehidlere görä, bu doganlar ata bilen galan ýagdaýynda, mirasdan mahrum edilmeýär.

Enebir doganlar. Gyz bolsun, oglan bolsun enebir doganlaryň terekede üç ýagdaýy bardyr:

  1. Ýogalanyň enebir dogany ýeke bolan ýagdaýynda mirasdan 1/6 paý alýar.
  2. Enebir doganlar birden köp bolsa, gyz-oglan tapawut goýulman, terekeden 1/3 paý berilýär.
  3. Ýogalanyň kakasy, atasy, ogly, gyzy, ogul agtygy bolsa, enebir doganlar mirasdan paý alyp bilmeýär.

Gyz. Gyzyň terekeden üç ýagdaýy bardyr.

  1. Ýogalanyň ogly bolman, yzynda ýeke gyz galsa, ol terekäniň ýarysyny alýar.
  2. Ýogalanyň ogly bolman, yzynda iki ýa-da ikiden köp gyzy galsa, olar terekäniň 2/3-sini alýar.
  3. Ýogalanyň ogly bar bolsa, oglan iki, gyzlar bir paý alýar.

Ogluň gyzy. Ýogalanyň gyzy bolmadyk ýagdaýynda oglunyň gyzy onuň ýerini tutýar. Terekede oguldan önen gyz agtygyň 6 ýagdaýy bardyr:

  1. Ýogalanyň gyzy bolman, yzynda ýeke oglundan bolan ýeke gyz agtygy galsa, ol terekäniň ýarysyny alýar.
  2. Ýogalanyň oglundan önen gyz agtyklary iki ýa-da ikiden köp bolsa, olar terekäniň 2/3-sini alýar.
  3. Ýogalanyň ýeke gyzy bilen birlikde:
    a) bir ýa-da birden köp oguldan önen gyz agtyklary bolsa, olar mirasdan 1/6 paý alýar.
    b) Oguldan önen ogul agtygy bolsa, olar asabe bolýar, ýagny galan terekeden oglana iki, gyza bir esse paý berilýär.
  4. Ýogalanyň iki ýa-da ikiden köp gyzy bolan ýagdaýynda oglundan bolan gyz agtyk mirasdan paý alyp bilmeýär.
  5. Deň derejedäki ýa-da bir nesil arkada bolan ogul agtyklar we çowluklar bilen oguldan önen gyz agtyklar asabe bolýar.
  6. Ogul agtygy ýa-da dereje taýyndan ýogalana iň ýakyn erkek çaga bolan ýagdaýynda, oglundan önen gyz agtyklary mirasdan mahrum edilýär.

Süýtdeş gyz doganlar. Süýtdeş gyz doganlaryň terekede bäş ýagdaýy bardyr.

  1. Ýogalanyň ogly bolman, yzynda ýeke gyzy galsa, ol terekäniň ýarysyny alýar.
  2. Ýogalanyň ogly bolman, gyzlary iki ýa-da ikiden köp bolsa, olar terekäniň 2/3-sini alýar.
  3. Süýtdeş erkek doganlary bar bolsa, olar biri-birlerine asabe bolup, erkekler iki, gyzlar bir paý alýar.
  4. Süýtdeş gyz doganlar ýogalanyň gyzlary ýa-da oglundan önen gyz agtyklary bilen asabe bolýar. Şeýlelikde, ashaby feraiz paýlaryny alandan soň, süýtdeş gyz doganlary asabe hökmünde paý alýar.
  5. Ýogalanyň neslinden bolan mirasdarlar bolan ýagdaýynda, süýtdeş gyz doganlar mirasdan mahrum galýar.

Atabir gyz doganlar.

  1. Ýogalanyň ogly bolman, yzynda atabir ýeke gyz dogan galsa, ol terekäniň ýarysyny alýar.
  2. Ýogalanyň ogly bolman, atabir gyz doganlary iki ýa-da ikiden köp bolsa, olar terekeden 2/3 paý alýar.
  3. Atabir gyz doganlary bilen birlikde, ýeke süýtdeş gyz dogany galsa, atabir gyz doganlar mirasdan 1/6 paý alýar.
  4. Süýtdeş gyz dogan birden köp bolsa, atabir gyz doganlara miras düşmeýär. Ýöne bu ýagdaýda atabir erkek dogan bolsa, olar asabe bolup, terekeden galanyny erkekler iki, gyzlar bir paý alyp paýlaşýarlar.
  5. Ýogalanyň ogly we ogul agtygy bolan ýagdaýynda, süýtdeş gyz doganlar bilen birlikde, atabir gyz doganlar hem mirasdan mahrum galýar.

Eje. Ejäniň terekede üç ýagdaýy bardyr.

  1. Ýogalanyň ogly, gyzy, agtyklary birden köp dogany bolan ýagdaýynda, eje mirasdan 1/6 paý alýar.
  2. Eger bular bolmadyk ýagdaýynda, eje mirasdan 1/3 paý alýar.
  3. Mirasdarlar ýogalanyň äri, ejesi we kakasy ýa-da aýaly, ejesi we kakasy bolsa birinji ýagdaýda är malyň ýarysyny, eje äriň farzyndan soň, galanynyň 1/3-ni, ýagny jeminden 1/6-ni alýar. Kaka bolsa asabe hökmünde galanyny alýar. Ikinji ýagdaýda aýal ýogalanyň neslinden mirasdar ýokdugy üçin, 1/4 paý, eje galanynyň 1/3-ni alýar, galan tereke kaka berilýär.

Ene we mama. Enäniň we mamanyň terekede iki ýagdaýy bardyr.

  1. Kaka ýa-da ejeden biri bolmadyk ýagdaýynda, ene we mama terekeden 1/6 paý alýar. Ene we mama bilelikde bolan ýagdaýynda, öz aralarynda 1/6-ni paýlaşýarlar.
  2. Eje bolan ýagdaýynda, ene we mama miras düşmeýär. Kaka bolan ýagdaýynda, diňe enä miras düşmeýär. Kaka bolman ata bar bolan ýagdaýynda-da, enä paý berilmeýär.

Asabäniň terekeden paýy düzet

Miras ylmynda asabe – özbaşyna mirasdar bolan wagty terekäniň ählisini, ýogsa-da ashaby feraizden soň galan mirasy alýan garyndaşlardyr. Asabäniň üç görnüşi bardyr:

1. Binefsihi asabe (Asyl asabe – göni özi asabe bolanlar). düzet

Ýogalanyň erkek garyndaşlary bolup, ara aýal girmeýänlerdir. Bular: ogly, kakasy, dogany, agasydyr we bularyň neslinden bolan erkeklerdir. Bular mirasdan ilki paý alýar we olaryň nobaty şeýledir:

  1. Ilki merhumyň nesil taýdan ogullary we ogul agtyklary,
  2. ikinjisi, asyl taýdan atasy we atasynyň atasy,
  3. üçünjisi, doganlyk taýdan süýtdeş ýa-da atabir doganlar,
  4. dördünjisi, aga taýdan kakasynyň süýtdeş ýa-da atabir doganlary.

Asabäniň birinjisi bar bolsa, ikinji we üçünji mirasdan paý alyp bilmeýär. Kaka diňe farz paýyny alýar. Birinji topar bolmasa, ikinji topardan ata mirasyň ählisini alýar. Üçünji we dördünji topar paý alyp bilmeýär.

2. Bigaýrihi asabe (erkek sebäpli asabe bolanlar). düzet

Özbaşyna bolan ýagdaýynda asabe bolman, ashaby feraizden bolan aýal garyndaşlardyr. Bular öz derejelerindäki bir erkek bilen asabe bolýar. Şeýle asabe bolanlar ýeke mirasdar bolan ýagdaýynda, terekäniň ýarysyny, birden köp bolan ýagdaýynda 2/3-ni alýar. Bular dört kişidir:

  1. Gyzlaryň erkek dogany bar bolsa, olar asabe paýyny alýar. Eger ogluň ogly bar bolsa, gyzlar diňe farz paýyny alýarlar.
  2. Ogul agtyk bilen birlikde oguldan bolan gyz agtyklar.
  3. Süýtdeş erkek doganlar bilen birlikde bolan ýagdaýynda, süýtdeş gyz doganlar hem asabeden paý alýar.
  4. Atabir erkek doganlar bilen atabir gyz doganlar.

Magal gaýrihi asabe (aýal sebäpli asabe bolanlar). düzet

Bu diňe gyz doganlara degişlidir: «Gyz doganlary gyzlar bilen asabe ediň» diýen hadysa daýanýar.Süýtdeş ýa-da atabir gyz doganlar, gyzlar ýa-da oguldan bolan gyzlar bile bolan ýagdaýda asabe bolýarlar. Ýagny, beýleki mirasdarlar paýlaryny alandan soň, terekeden galanyny asabe hökmünde gyzlar alýar. Eger olar birden köp bolsalar, tereke aralarynda deň paýlanýar.

Zewil erham düzet

Zewil erham – mirasdan farz paý alyp bilmedik we özbaşyna bolan ýagdaýynda asabe hem bolmadyk garyndaşlardyr. Meselem, gyzyň, gyz doganyň, erkek doganyň çagalary, daýy we daýza we ş.m. garyndaşlar. Olar alty topara bölünýär:

  1. Enebir agalar we bibiler. Bibiler süýtdeş bolsun, öweý bolsun deňdir. Daýylar we daýzalar hem şonuň ýalydyr. Süýtdeş ýa-da atabir agalar bolsa asabe saýylýar.
  2. Birinji topardakylaryň çagalary, agtyklary, çowluklary... Ýogalanyň süýtdeş ýa-da atabir agalarynyň gyzlary we bu agalarynyň ogullarynyň gyzlary.
  3. Ýogalanyň atasynyň enebir agasy we bibisi, daýy we daýzasy. Ýogalanyň ene tarapyndan agasy, bibisi, daýysy we daýzasy.
  4. Üçünji topardakylaryň çagalary, agtyklary... Ýogalanyň kakasynyň süýtdeş ýa-da atabir agasy we agasynyň gyzlary we olaryň çagalary.
  5. Ýogalanyň atasynyň enebir agasy, bibisi, daýysy, daýzasy, şeýle hem merhumyň enesiniň agasy, bibisi, daýysy, daýzasy.
  6. Bäşinji topardakylaryň çagalary we agtyklary. Ýogalanyň atasynyň süýtdeş ýa-da atabir agasynyň gyzlary we olaryň ogullarynyň gyzlary.

Zewil erhamyň mirasdan paý almak usuly edil asabe ýalydyr, ýagny ýogalana iň ýakyn mirasdary bolýar. Onuň usuly şeýledir:

  1. Zewil erhamdan mirasdar bolan kişi ýeke bolsa, haýsy topardandygyna, aýal-erkekdigine garamazdan, terekäniň hemmesini alýar. Meselem, aýal ölse, yzynda äri we agasynyň bir gyzy galsa, terekäniň ýarysy äriniňki, ýarysy bolsa agasynyň gyzynyňky bolýar. Äre red edilmeýär, çünki zewil erhamdan mirasdar bardyr. Eger mirasdar aýal we erkek doganyň gyzy bolsa, terekäniň dörtden birini aýal, galanyny bolsa erkek doganyň gyzy alýar.
  2. Zewil erham «erkege iki, aýala bir paý» esasyna görä miras alýar.
  3. Zewil erhamdan birnäçe topar bar bolsa, birinji topardan bolanlar ikinjilerden, ikinjiler üçünjilerden öňde gelýär. Bu edil asabedäki ýalydyr.
    Meselem, mirasdar baba we gyz agtygy bolsa, mirasyň ählisini gyz agtyk alýar. Çünki gyz agtyk ýogalanyň neslindendir. Ýogalanyň nesli asyldan öň gelýär.
    Ýene bir mysal: Mirasdar gyz doganyň gyzy, enebir aga we süýtdeş bibi bolsa, terekäniň hemmesi gyz doganynyň gyzyna galýar. Çünki ol üçünji topardan ene-atanyň neslindendir. Şonuň üçin dördünji topardan öň gelýär.
  4. Zewil erhamdan bolan mirasdarlaryň hemmesi bir topardan bolan ýagdaýynda tereke şu kada laýyklykda paýlanýar.
a) terekeden ilki paý dereje taýyndan iň ýakyn bolana berilýär. Meselem, mirasdarlar gyzdan bolan ogul agtyk, oglunyň gyzyndan bolan çowlugy bolsa, terekäniň ählisi birinjiniňkidir. Çünki ol garyndaşlyk taýyndan merhuma has ýakyndyr.
b) Zewil erham dereje taýyndan deň bolan ýagdaýda ashaby feraiz ýa-da asabe bolan bir mirasdar bilen merhuma baglanan kişi mirasdan ilki paý alýar. Meselem: mirasdarlar ýogalanyň oglunyň gyzynyň gyzy we ýogalanyň gyzynyň gyzynyň ogly bolsa terekäniň hemmesi birinjiniňki bolýar.
ç) Zewil erham dereje we ashaby feraiz taýyndan hem deň bolan ýagdaýynda, terekeden erkeklere iki, aýallara bir paý berilýär.

Red we awl düzet

Red düzet

Red – ashaby feraizden bolan mirasdarlaryň özlerine degişli paýlaryny alanlaryndan soň, mirasdan artyk galanyny aljak asabe ýok bolsa, ony ýene şol mirasdarlara öz haklaryna görä paýlamakdyr.

Är-aýal red usuly bilen mirasdan paý alyp bilmeýär. Şonuň üçin tereke paýlanylanda, ilki är-aýalyň paýy berilýär. Soňra ashaby feraizden beýleki şahslar paýlaryny alýar. Mundan soň artan miras red usuly bilen paýlanylýar. Mysal üçin, ýogalanyň yzynda bir gyzy bilen enesi galýar diýeliň. Gyz mirasdan ýarysyny (1/2 ), ene altydan birini (1/6) alýar. Bu iki drob sanyň maýdalawjysy altydyr. Altynyň 1/2=3, 1/6=1-dir. 3+1=4 bolany üçin maýdalawjy 6-dan 4-e red edilýär. Ýagny gyz 3/6-niň ýerine 3/4, ene bolsa 1/6-niň ýerine 1/4 paý alýar.

Ýene bir mysal:
Ýogalanyň yzynda alty gyzy we äri mirasdar galsa, tereke şeýle paýlanýar. Äriň mirasdan paýy 1/4-dir. Gyzlaryň paýy bolsa terekäniň 2/3-dir. Äre red usuly bilen miras berilmeýändigi üçin, ilki 1/4 mukdarynda paýy berilýär. Soňra galan 3 paý alty gyzyň arasynda paýlanýar. Gyzlaryň paýy 2/3 bolany üçin, galan 1/2 tereke red ýoly bilen täzeden gyzlara berilýär. Bu üç paý galyndysyz alta bölünmeýändigi üçin, esasy maýdalawjy bolan äriň paýy artdyrylýar. Ýagny 1/4-i 2/8-ä deňleşdirilýär. Netijede, maýdalawjy 8 bolýar we äriň terekeden paýy 2/8, gyzlaryňky bolsa 6/8-dyr. Her bir gyza 1/8 paý düşýär.

Awl düzet

Bu rediň gapma-garşylygy bolup, terekedäki maýdalawjynyň sanawjynyň jeminden kiçi bolmagydyr. Bu ýagdaýda käbir mirasdarlaryň terekeden paý alyp bilmezligi mümkindir. Hemmesiniň paý alyp bilmegi üçin hezreti Omar döwründe awl usuly çykalga hökmünde ulanylypdyr. Muňa görä, terekedäki sanawjylar maýdalawjy edilýär we her bir mirasdaryň paýy bir mukdar azaldylýar. Şeýlelikde, hemmesi terekeden paý alýar.

Meselem, mirasdarlar bir aýal dogan, eje, bir gyz, iki ogul. Bu ýagdaýda: 1/2+1/6+1/6+1/3+1/1. Maýdalawjy 6 bolany üçin, 3/6+1/6+1/6+2/6=7/6 görnüşinde miras paý edilmeli. Ýöne sanawjy maýdalawjydan köp bolandygy üçin paý etmek mümkin däldir. Bu ýagdaýda awl usuly bilen sanawjy maýdalawja öwrülýär we tereke alty paý däl-de, ýedi paý edilýäp. Terekeden 3/6 paý aljak 3/7, 1/6 paý aljak 1/7, 2/6 paý aljak 2/7 paý alýar.

Terekäni paýlamagyň usuly düzet

Garyndaşlar ýogalana ýakynlyk derejesine görä, mirasdan dürli mukdarda paý alýarlar. Asabe we zewil erham bolan şahslar ashaby feraizden haýsy derejede bolsalar, mirasdan aljak paýlary hem şoňa görä hasaplanýar. Şonuň üçin ashaby feraiziň paý mukdarlary terekede esasdyr. Bu paý mukdarlary Kurany Kerimde anyk belli edilýär. Olar alty sany bolup, iki görnüşdedir.

  1. Ýarym (1/2), dörtden bir (1/4) we sekizden bir (1/8).
  2. Üçden iki (2/3), üçden bir (1/3) we altydan bir (1/6).

Mirasyň paýlanmagy üçin mirasdarlar şol bir topardan bolsa, tereke iň uly maýdalawja görä paýlanýar. Dürli topardan bolsa, maýdalawjy galyndysyz bölünýän bir sana deňlenýär we iň uly maýdalawja görä miras paýlanýar. Meselem, mirasdar aýal, ene we bir ogul bolsa, aýal 1/8, ene 1/6, galany ogluňkydyr. Terekäniň galyndysyz bölünmegi üçin maýdalawjylary deňlemelidir. Netijede maýdalawjy 24 bolýar.

Terekäniň mirasdarlara galyndysyz bölünmegi üçin ulanylýan usula tashih diýilýär. Tashih usulynda dört esas bardyr – temasül, tedahül, tewafuk we tebaýündir.

  1. Iki san biri-birine meňzeş bolsa, aralarynda temasül bardyr.
  2. Uly san kiçi sana galyndysyz bölünse, aralarynda tedahül bardyr.
  3. Iki san üçünji sana galyndysyz bölünse, aralarynda tewafuk bardyr. Meselem, 6 bilen 4 biri-birine bölünmez. Ýöne ikisi-de ikä bölünýär.
  4. Iki san ne biri-birine, ne-de başga bir sana galyndysyz bölünmeýän bolsa, aralarynda tebaýün bardyr.

Tereke paýlary galyndysyz bölünmeýän iki topar bolan ýagdaýynda, tereke şeýle paýlanýar:

a) Iki sanyň arasynda temasül bolsa, bu sanlardan biri asyl maýdalawjy bilen köpeldilýär. Meselem, mirasdarlar üç aýal, üç gyz, bir aga bolsa, aýallar 1/8=3, gyzlar 2/3=16 paý alýarlar. Galan bäş paý bolsa asabe bolan aganyňkydyr. Asyl maýdalawjy 24-dir. Ol 72-ä tashih edilýär. Çünki aýallaryň sany üçdür. Şeýlelikde, her kesiň paýy asyl maýdalawjynyň köpeldilen sany bilen, ýagny üç bilen köpeldilýär we bu her kimiň paýy bolýar. Netijede, aýallar 3x3=9, gyzlar 3x16=48, aga 3x5=15 paý alýar.
b) Iki toparyň sanlarynyň arasynda tewafuk bar bolsa, bularyň fewki bilen asyl maýdalawjy köpeldilýär we şeýlelikde tashih edilýär. Eger awl bar bolsa, awldan soň tashih edilýär. Meselem, mirasdarlar dört aýal, alty gyz, bir aga bolsa, aýallar 1/8=3, gyzlar 2/3=16, aga bolsa bäş paý alýar. Jemi 24 paý bolýar. Asyl maýdalawjy hem 24-dir. Bu meselede aýallaryň 3 paýy dört aýala, gyzlaryň 16 paýy alty gyza galyndysyz bölünmeýär. Şonuň üçin biriniň fewki, ýagny ýarysy bilen beýlekiniň doly sany köpeldilýär. 2x6=12 ýa-da 3x4=12 bolýar. 12 umumy bölüjidir. Bu asyl maýdalawjy bilen köpeldilýär – 12x24=288 we şeýdip tashih edilýär. Netijede, aýallar 3x12=36, gyzlar 16x12=192, aga 5x12=60 paý alýar.
ç) Iki toparyň sanynda tedahül bolan ýagdaýynda iň uly san asyl maýdalawjy bilen köpeldilýär. Meselem, mirasdarlar üç aýal, alty gyz, bir aga bolsa, aýallar 1/8=3, gyzlar 2/3=16, aga bäş paý alýar. Asyl maýdalawjy 24 bolýar. Aýallaryň sany gyzlaryň sanyna tedahül edensoň, uly san bilen asyl maýdalawjy köpeldilýär – 6x24=144. Netijede, aýallar 3x6=18, gyzlar 6x16=96, aga 5x6=30 paý alýar.
d) Iki toparyň sanlarynda tebaýün bar bolsa, ilki biri-birleri bilen köpeldilip, alnan san bilen asyl maýdalawja köpeldilýär. Eger awl bar bolsa, awl edilenden soň köpeldilýär. Meselem, mirasdarlar iki aýal, üç gyz, bir aga bolsa, aýallar 1/8, gyzlar 2/3 paý, galanyny bolsa aga alýar. Asyl maýdalawjy 24-dir. Gyzlaryň sany bilen aýallaryň sanynyň arasynda tebaýün bardyr. Şonuň üçin olar biri-birine köpeldilýär, çykan san umumy bölüjidir. Bu hem asyl maýdalawja köpeldilýär: 2x3=6, 6x24=144. Tereke 144-e tashih edilýär. Netijede, aýallar 3x6=18, gyzlar 16x6=96, aga 5x6=30 paý alýar.

Paýlary galyndysyz bölünmeýän mirasdarlar diňe birinji topardan bolan ýagdaýynda tashih şeýle edilýär:

a) Paýlar galyndysyz bölünýän bolsa, tashih edilmeýär. Meselem, mirasdarlar üç aýal, ene, iki enebir gyz dogan bolsa, asyl maýdalawjy 12 bolýar. Aýallar 1/4=3 paý, ene 1/6=2 paý, enebir gyz dogan 1/3=4 paý alýar.
Miras paýy galyndysyz bölünýän bolsa, maýdalawjyny deňlemek üçin köpeltmek hem gerek däldir. Meselem: mirasdarlar ene, ata we iki gyz bolsa, asyl maýdalawjy alty bolýar. Şeýle ýagdaýda, ene bir paý, ata bir paý, gyzlar bolsa hersine iki paýdan jemi dört paý alýar.
b) Paýlar bilen mirasdarlaryň sanynyň arasynda tewafuk we tedahul bar bolsa, asyl maýdalawjy umumy bölüjä köpeldilýär. Alnan san bilen asyl maýdalawjy tashih edilýär.
Tedahule mysal: Mirasdarlar 8 gyz we ene bolsa, gyzlar 2/3, ene 1/6 paý alýar. Asyl maýdalawjy 6 bolýar we 5-e red edilýär. Bu ýerde gyzlaryň sany 8 bolany üçin, paýlarynyň-da 4 bolany üçin, bu iki sanyň arasynda tedahul bardyr. 8:4=2 umumy bölüjidir. Soňra red edilen bäş paý umumy bölüji bilen köpeldilýär – 5x2=10. Şeýlelikde tashih edilýär. Netijede, gyzlar 2x4=8, ene 2x1=2 paý alýar.
Tewafuka mysal: Mirasdarlar 6 gyz, ene bolsa, gyzlar 2/3, ene 1/6 paý alýar. Asyl maýdalawjy altydyr. Şol ýagdaýda gyzlaryň paýy dört, enäniňki bir paý bolýar we bäşe red edilýär. Gyzlaryň sany (6) bilen paýlary (4) arasynda tewafuk bardyr. Bularyň ikisi hem ikä bölünýär. Asyl maýdalawjy bolan 6 ikä bölünip alnan san bäşe köpeldilýär. 3x5=15 görnüşinde tashih edilýär. Netijede, gyzlaryň paýy 3x4=12, enäniň paýy 3x1=3 bolýar.
ç) Paý bilen mirasdarlaryň arasynda tebaýün bolan ýagdaýynda umumy bölüji mirasdarlaryň sanydyr. Meselem, Mirasdarlar 5 gyz we kaka bolsa, gyzlar 2/3, kaka 1/6 we asabe hökmünde hem galanyny alýar. Asyl maýdalawjy 6-dyr. Şeýlelikde, gyzlaryň paýy 4, kakanyňky 2-dir. Gyzlaryň paýy (4) bilen sanlarynyň (5) arasynda tebaýün bolandygy üçin umumy bölüji 5-dir. Asyl maýdalawjy bäşe köpeldilýär. 5x6=30 görnüşinde tashih edilýär. Netijede, gyzlaryň paýy 5x4=20, kakanyň paýy 5x2=10 bolýar.

Terekäniň algydarlaryň arasynda paýlanmagy düzet

Tereke berginiň hemmesine ýetmeýän bolsa, algydar hem birden köp bolsa, bergi şeýle üzülýär. Olaryň hersiniň algysy bir mirasdar paýy hökmünde kabul edilýär. Berginiň jemi paýlaryň jemi ýaly saýylýar. Meselem, ýogalanyň terekesi 9 gram altyna deň bolup, bergisi 15 gram altyna deň bolsa, algydarlardan biri 10 gr. beýlekisi 5 gr. altyna deň algysy bolsa, 15 tashih hökmünde kabul edilýär. 15 bilen 9-yň arasynda 1/3 tewafuk bardyr, ýagny olaryň ikisi-de 3-e galyndysyz bölünýär. 10-y 9-yň fewki bolan 3-e köpeldýäris. 3x10=30. Bu sany tashihiň fewki bolan 5-e bölenimizde netije 6 bolýar. Bu 10 gr. altyna deň algysy bolanyň terekeden almaly paýydyr. 5 gr. altyna deň algysy bolanyňky 3 gramdyr.

Meselem, tereke 13 gram altyna deň bolsa, bu san bilen tashihiň (15) arasynda tebaýün bardyr. Şol ýagdaýda 10 terekä köpeldilýär. 13x10=130. Bu san tashihe (15) bölünýär. Netije 8 bolýar. Bu bolsa terekäniň 2/3 sine deňdir. Beýleki bergi hem şuňa görä hasap edilýär.

Netije düzet

Yslam miras hukugynda terekäni belli topara we şahsa bagly etmän, mümkingadar garyndaşlaryň hemmesine mirasdan paý bermäge çalşypdyr. Ýogalanyň çagalary bolan ýagdaýynda hem kaka, ata, enä mirasdan paý berilýär. Şeýle hem şahslaryň mirasdan alýan paýlary bilen maşgaladaky jogapkärçilikleriniň arasynda deňagramlylyk saklanypdyr. Maşgalanyň eklenji ene-ata seretmek, esasan, erkek kişileriň boýnundalygy, gyzlaryň durmuşa çykanlarynda galyň (mehir) alýandygy sebäpli, erkegiň paýy gyza görä iki essedir. Bu maşgaladaky we jemgyýetdäki deňagramlylygy hem saklaýar. Eger durmuşa çykyp giden gyz erkek kişi bilen deň paý alýan bolsa, doganlaryň arasynda biri-birine doganlyk mähri azalyp, agzalalyk dörärdi. Şeýlelikde, şahslaryň jogapkärçiligine diňe din we ahlak taýdan seredilmän, ol hukuk taýyndan hem gorag astyna alnypdyr.

Salgylanmalar düzet

  1. Düşündiriş: Yslamyň miras hukugynda paýlar bilen jogapkärçilik arasynda bir baglanyşyk bardyr. Şol sebäpli, mirasda oglan perzent gyzyň paýyna görä iki esse köp alýar. Çünki yslama görä, erkek maşgalasyny eklemäge borçludyr. Aýalyň bolsa beýle bir wezipesi ýa-da borjy ýokdur. Aýalyň eklemji ärine degişlikä, erkek maşgalasynyň, çagalarynyň, ýagdaýa görä eneatasynyň güzeranyny öz üstüne almaga mejburdyr. Netijede, tereke meselesindäki bu höküm dolulygy bilen adalatlydyr.