Baba Annanow
Baba Annanow - (Baba Annanow; Fewral 20, 1934 - Dekabr 27, 1991, Aşgabat) - türkmen we sowet aktýory, režissýory, ssenaryçy we ýazyjysy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndyky halkara baýragynyň eýesi. SSSR-iň halk artisti.
Baba Annanow | |
Doglan wagty we ýeri | Fewral 20, 1934 Garadamak obasy (häzirki döwürde Aşgabadyň bir bölegi) |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | Dekabr 27, 1991 Aşgabat şäheri |
Käri | aktýor, režissýor, ssenaryçy |
Milleti | Türkmen |
Etnikasy | Teke taýpasyndan |
Raýatlygy | SSSR |
Çagalary | Kerim Annanow, Bahar Allakowa, Jennet Annanowa |
Terjimahal
düzetBaba Annanow 1934-nji yylyň 20-nji fewralynda Aşgabadyň golaýyndaky Garadamak obasynda dünýä inipdi.
Onuň hakyky ady Gurbanguly bolmalydy. Dünýä inende oňa babasynyň ady dakylýar. 1941-1945-nji ýyllaryň gazaply urşunda söweş meýdanynda wepat bolan atşynas kakasyna Annanyýaz Ataguly ogly diýer ekenler. Ejesi 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde heläk bolýar.
Başdan ady “Babam” diýip tutulan we kakasynyň ady gysgaldylyp tirkelen Baba Annanow çagalyk ýyllaryny Aşgabadyň “Budýonnyý” kolhozynda geçirip, atşynaslyk bilen meşgullanýar, dükanlarda satyjy bolup işleýär. 1954-nji ýylda Daşkentde ýerleşýän A. N. Ostrowskiý adyndaky teatr-sungat institutynyň aktýorçylyk bölüminde okuwa başlap, ony 1959-njy ýylda tamamlan Baba öz döredijilik ýoluna Çärjewiň (häzirki Türkmenabat) drama teatrynda gadam basýar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň telestudiýasynda režissýor bolup işleýär. Ilki başda kiçeňräk filmlerde çykyş eden Baba Annanow soňra režissýor Alty Garlyýewiň ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň adybir romany esasynda döreden “Aýgytly ädim” filmindäki Artygyň obrazy bilen kino ýyldyzyna öwrülýär.
Baba Annanowyň ady “Aýgytly ädim” filminden soň Türkmenistanyň orbitasyndan çykýar. Ol goňşy Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Ukrainanyň kino işgärleri bilen ýakyndan işleşip başlaýar, olaryň birnäçe filmlerinde surata düşýär. Soňra Baba Annanow türkmen kino režissýory Öwülýäguly Kulyýewiň “Keçpelek” filminde bagşy Berdimyradyň roluny ýerine ýetirip, halkyň uly hormatyna mynasyp bolýar.
Baba Annanow onlarça çeper filmleri döretdi, powestdir hekaýalary hem ýazdy. Onuň adybir hekaýasy esasynda 1978-nji ýylda döredilen we türkmen kinematografiýasynyň altyn gaznasyna girizilen “Kärizgenler” kinodramasy tomaşaçylarda uly söýgi döretdi. 1980-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilen bütinsoýuz festiwalynda bu film “Iň gowy çeperçilik-şekillendiriş çözgüdi” diýen diplom bilen sylaglanýar.
Baba Annanow ömrüniň soňky günlerinde “Zöhre-Tahyr” filmini döredýär, emma ajaýyp kino ýyldyzynyň özüne bu filmi görmek miýesser etmeýär. Ol iň soňky gezek Bilbil Mämmedowyň “Ýaşlygymyň dessany” filminde baş gahryman Maksadyň garrylyk ýyllaryndaky obrazyny ýerine ýetirip, uzaga çeken agyr keselden soň, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda paýtagt Aşgabatda 57 ýaşynda aradan çykýar.
Maşgalasy
düzet- Ogly - Kerim Annanow (1959 - 2017) aktýor, režissýor.
- Gyzy - Bahar Allakowa
- Gyzy - Jennet Annanowa
Filmografiýa
düzetÝyly | Filmiň ady | Rusça ady | Rol |
---|---|---|---|
1956 | Ilkinji Synag | Первый экзамен | Gulmanow |
1962 | Soňky ýol | Последнея дорога | Şer Singh |
1963 | Daşgalada bolan waka | Случай в Таш-кале | Polat |
1965 | Aýgytly ädim | Решающий шаг | Artyk |
1968 | Gyrnak | Рабыня | Gylyç |
1970 | Keçpelek | Горькая судьба | Berdimyrat |
1984 | Bagtyndan aýrylan Pyragy | Фраги - разлученный со счастьем | Döwletmämmet Azady |
1988 | Mankurt | Манкурт | ýaşuly |
1991 | Zöhre-Tahyr | Зухре и Тахир | Baba han |
1992 | Ýaşlygymyň dessany | Дастан моей юности | Maksat |