Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň öňki prezidenti
(Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhammedow sahypasyndan gönükdirildi)

Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow 2006-2022 ýylyň fewral aýynyň 14-de prezident saýlawynda prezidentlige saýlandy. 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda doguldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Käri diş lukmany
Doglan senesi 29-nji iýun 1957

Biografiýasy

düzet

1979-njy ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tamamlady.

1979-njy ýyldan 1997-nji ýyllary aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň mugallymy, terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň dosenti, stomatologiýa fakultetiniň dekany, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Stomatologiýa merkeziniň direktory wezipelerinde işledi. Doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi diýen alymlyk derejeleri we atlary bar.

1997-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministri wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýşy ösdürmek gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory we Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.

Şeýle hem, 2001-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellendi.


Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köp sanly ýokary ordenleri we medallary bilen sylaglandy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatly doktory we akademigi.

Boş wagtlary sport bilen we atçylyk sporty bilen meşgullanýar. rus dilini we nemes dilini bilýär. Maşgalaly, aýaly Ogulgerek, Serdar diýen ogly we iki gyzy bar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi bilen 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ählihalk saýlawlarynda alty dalaşgäriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy

2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň häkimiýet edarasy bolan Halk Maslahatynyň XIX mejlisiniň barşynda Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine resmi girişdi.

2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady berildi.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köp sanly ýokary ordenleri we medallary bilen sylaglandy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatly doktory we akademigi.

Prezidentlik möhleti. = I Prezidentlik möhleti: Fewral 2007 - Fewral 2012.
II Prezidentlik möhleti: Fewral 2012 - Fewral 2017.
III Prezidentlik möhleti: Fewral 2017

Salgylanmalar

düzet