Halkara Matematiki adalgalar

Absissa – “abscissus” diýen latyn sözünden gelip çykyp, “kesilen”, “kesilip alnan” diýmegi aňladýar. Bu adalgany nemes alymy, differensial we integral hasaplamalary esaslandyryjy G.W.Leýbnis (1646-1716) 1665-nji ýylda ilkinji gezek ulanypdyr.

Aksioma – “ahioma” diýen grek sözünden gelip çykyp, “ykrar edilen düzgün”, “şübhe döretmeýän tassyklama” diýmegi aňladýar. Bu adalgany irki döwürde Aristotel (384-322 b.e.ç) hem ulanypdyr. Biziň eramyzdan öň üçünji asyrda ýaşan Ýewklid özüniň “Başlangyçlar” diýen eserinde aksiomalary ulanyp geometriýany aksiomatik esasda gurmaga synanşypdyr. Ýewklid aksiomalarynyň käbirine postulatlar hem diýipdir. Ýewklidiň 5-nji postulatynda “göni çyzygyň üstünde ýatmaýan nokat arkaly şol göni çyzyga parallel bolan bir we diňe bir göni çyzyk geçirip bolar” diýilýär. Matematikler 5-nji postulaty subut etmäge synanşypdyrlar, emma bu synanşyklar şowsuz tamamlanypdyr. XIX asyrda bu postulatyň aksiomadygy anyklanyldy. Bu meseläniň çözüwi rus matematigi N.I.Lobaçewskiý bilen wenger matematigi Ýa. Boýýaýa degişlidir.

Algebra. Bu söz IX asyrda ýaşan Merkezi Aziýanyň beýik alymy Al-HorezminiňAljebr we almukabala” atly kitabynyň adyndan gelip çykandyr. Bu kitap arap dilinden latyn diline terjime edilende “almukabala” sözi galdyrylyp, diňe “aljebr” sözi ýazylypdyr. “Aljebr” sözi bolsa wagtyň geçmegi bilen “Algebra” sözüne öwrülipdir. Aljebr diýlip goşulyjyny deňligiň bir böleginden beýleki bölegine geçirmeklige düşünilýär.

“Algebra” sözi türkmen diline rus dilinden , rus diline polýak dilinden, polýak diline nemes dilinden, nemes diline bolsa araplaryň “Aljebr” sözünden geçendir.

Algoritm. Bu söz Al-Horezminiň latynça “Algorithmus” görnüşde ýazylan adyndan gelip çykandyr. Algoritm-bu meseläniň käbir toplumyny çözmäge ýardam edýän we belli bir tertipde ýazylýan amallaryň doly yzygiderliligidir.

Analizgrek sözi bolup, “derňew geçirme”, “bölüşdirme” diýmegi aňladýar. Gadymy grek taryhçylary analiz etmek usuly Platona degişli diýip hasaplapdyrlar. Ýewklidiň «Başlangyçlarynda» «analiz», «sintez», sözleri gabat gelýär. Analiz adalgasyny häzirki zaman matematikasyna Wiýet girizipdir.


Apofema – “apotithemi” diýen grek sözi bolup, “tarapa geçirilen” diýmekdir.

Argument – latyn “argumentum” sözi bolup, “belgi”, “nyşan” diýmekdir. Funksiýanyň argumenti diýen aňlatmany ilkinji gezek 1862-nji ýylda K.Neýman ulanypdyr.

Arifmetika – grek “arithmos” sözi bolup, san diýmegi aňladýar. Ark. Latyn arcus (duga) sözüniň gysgaldylan görnüşidir.


Asimptota - grek sözi bolup, “gabat gelmeýär”, “goşulmaýan” diýen manylary berýär. Bu söz [[Apolloniniň işlerinde gabat gelýär, şonuň üçin hem bu adalga şoňa degişli edilendir. Algebraik egri çyzyklaryň asimptotalaryny tapmaklygyň häzirki zaman usulyny Koşi (1826) oýlap tapypdyr.

Binom – “iki” diýmegi aňladýan “bi” diýen latyn we “agza” diýmegi aňladýan “nomos” diýen grek sözleriniň utgaşmasyndan emele gelip, “ikiagza” diýmekdir. formula iňlis matematigi we fizigi Isaak Nýutonyň (1642-1727) hatyrasyna Nýuton binomynyň formulasy diýilýär. Nýuton binomynyň orta mekdepde öwrenilýän hsusy hallary: 1. (a+b)2=a2+2ab+b2, 2. (a+b)3=a3+3a2b+3ab2+b3.

Bissektrisa - latyn “bi” (iki) we “sectrix” (bölüji) diýen sözlerden gelip çykandyr.

Wektor – latyn “vektor” sözünden gelip çykyp, “ýörediji”, “äkidiji”, “alyp baryjy” diýmegi aňladýar. Bu adalgany matematika 1845-nji ýylda irlandiýaly matematik U.R.Gamilton (1805-1865) girizipdir.

Wektoryň başlangyjyny we ahyryny görkezmek üçin Mebius wektory AB bilen belgileýär. Wektory gara harp bilen belgilemekligi Häwisaýda (1891) teklip edipdir.

Wertikal – “vertikalis” diýen latyn sözünden gelip cykyp, “dik”, “kert” diýmegi aňladýar.

Wertikal burçlaryň deňdigini ilkinji gezek gadymy grek alymy Fales (b.e. çenli 625-547) subut edipdir.

Geksaedr – grekleriň “hex” (alty) we “hedra” (gran, esas diýen sözlerinden gelip çykyp, “altygranlyk” diýmegi aňladýar. Bu adalga biziň eramyzyň IV asyrynda ýaşan Pappa degişlidir.

Geometriýa – grek “geo” (ýer) we “metreo” (ölçemek) sözlerinden emele gelip, “ýer ölçemek” diýmegi aňladýar. Şeýle at geometriýanyň ýer üstünde ölçemeler geçirilende ulanylanlygy bilen baglanyşyklydyr. Orta mekdepde öwrebilýän geometriýa “Başlangyçlar” ady bilen matematika boýunça ajaýyp kitap döreden gadymy grek alymy Ewklidiň (b.e. çenli III asyr) ady boýunça ewklidiň geometriýasy hem diýilýär. Uzak wagtyň dowamynda geometriýany şol kitap boýunça öwrenipdirler.

Geronyň formulasy. Gadymy grek matematigi Geron Aleksandrskiý (b.e. I asyry) üç tarapy boýunça üçburçlygyň meýdanyny hasaplamaga mümkinçilik berýän formulany getirip çykarypdyr. Ol formula şeýle ýazylýar. bu ýerde a, b, c üçburçlugyň berlen taraplary, p-ýarymperimetr;

Gipotenuza – grek “hypothenuza” sözi bolup, “çekilen”, “dartylan” diýmekdir.
Gomotetiýa – grek “nomos” (meňzeş) we “tethemi” (ýerleşen) sözi bolup, “meňzeş ýerleşen” diýmekdir.
Gradus – latyn “gradus” sözi bolup ädim, hasgançak diýmekdir.

Burçlary ölçemegiň birligi hökmünde gradus ulanylýar. Bu birlik biziň eýýamymyzdan öň girizilipdir.

Gramfransuz “gramme” sözi bolup, agyrlygyň kiçi ölçegi diýilmegi aňladýar.

Grafik – grek “graphikos” sözi bolup, çyzylan, şekillendirilen diýmekdir.

Diagonal – grek “dia” (üstünden) we “goniýa” (burç) diýen sözleriniň utgaşdyrylmagyndan alnyp, burçdan burça gidýän diýmegi aňladýar.

Diagramma – grek “diagramma” sözi bolup, şekil, çyzgy diýmekdir. Ululyklaryň arasyndaky baglanyşygy diagrammalary ulanyp görkezip bolýar. Matematikanyň mekdep kursunda çyzykly, sütünleýin, tegelek diagrammalar ulanylýar.

Diametr – grek “diametros” sözünden gelip çykyp, in, inli, giňlik, keseleýin diýmekdir.

Diskriminant – “diserminre” diýen latyn sözünden gelip çykyp, tapawutlandyryjy diýmekdir.

Differensial – “differentiýa” diýen latyn sözünden gelip çykyp, tapawut diýmekdir.

Dodekaedr – grek “dodeka” (on iki) we “hedra” (gran, esas) sözleriniň utgaşmasynden emele gelip, onikigranlyk diýmegi aňladýar.

Ikosaedr – grek “likosi” (ýigrimi) we “hedra” (gran, esas) sözleriniň utgaşmasyndan emele gelip, ýigrimigranlyk diýmekdir. Dogry ikosaedr ýigrimi sany dogry üçburçluklardan düzülendir.

Ikosaedri Teetet diýen alym gurupdyr. Bu adalga Geronyň, Ýewklidiň işlerinde duş gelýär.

Integral – “integer” diýen latyn sözünden gelip çykyp, bitin, dikelmek diýen manyny berýär. XVII asyryň birinji ýarymynda integraly söz bilen “ähli bölünmeýän sanlaryň toplumy” diýip atlandyrypdyrlar. Şweýsar matematigi Ýakow Bernulli (1654-4705) integral adalgasyny “bitin” diýen manyda ulanypdyr.

Interwal – latyn “interwallum” diýen sözden gelip çykyp, aralyk diýmekdir. Göni çyzykdaky A we B nokatlaryň arasyndaky nokatlaryň köplügine interwal (aralyk, açyk aralyk) diýilýär.

Irrasional – oýlanşyksyz, akyl ýetirerliksiz, esaslandyrylmadyk diýen many berýän latyn “irrationalis” diýen sözden gelip çykan.

Irrasional san – tükeniksiz periodik däl onluk drobdyr, gatnaşyk görnüşinde ýazyp bolmaýan san.

Kwadratyň diagonalynyň taraplarynyň üsti bilen aňlatmaga edilen synanşyklar irrasional sanyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. sanyň irrasionaldygyny Aristotel, sanlaryň irrasional sanlardygyny bolsa Teodoru subut edipdir.

Katet – grek “katetos” sözünden gelip çykyp, dik diýmegi aňladýar. Orta asyrlarda katet diýip, gönüburçly üçburçlugyň beýikligine aýdypdyrlar. XVII asyrdan başlap bu adalga häzirki manysynda ulanylyp başlanýar.

Kwadrat – latyn “guadratus” sözünden gelip çykyp, dörtburçly diýmegi aňladýar. Kilo – grek sözi bolup, müň diýmegi aňladýar. Bu söz ölçeg birlikleriniň öňünden ýazylýar. Mysal üçin, kilogram, kilometr.

Kollinear – “co” (bilelikde) we “cineo” (çyzyk) diýen latyn sözlerinden ybarat bolup, bir gönüde ýatýan diýmegi aňladýar. Kombinatorika – latyn “kombinatoriýa” sözi bolup, utgaşdyrma diýmekdir.

Kombinatorikanyň ylmy esaslaryny Leýbnis özüniň “Kombinatorika sungaty hakynda pikir ýöretme” (1866ý) diýen işinde beýan edipdir.

Komplanar – “CO” (bilelikde) we “planum” (tekizlik) diýen latyn sözlerinden ybarat bolup, bir tekizlikde ýatýan diýen maynyny berýär.

Bu adalga Ýa. Bernulliniň işlerinde duş gelýär we Gibbişiň leksiýalaryndan soň wektor hasaplaýyşa girizilipdir. Konus – grek “ccnos” sözünden gelip cykyp, cykyntgy, ýiti uçly jisim diýmegi aňladýar. Koordinata – “CO” (bilelikde) we “ordinatus” (tertipleşdirmek) diýen latyn sözlerinden emele gelip, tertipleşdirilen diýmegi aňladýar.

Kosinus – “complementi” (goşma) we “sinus” diýen latyn sözleriniň gysgaldylan görnüşi bolup, sinusyň üstüni ýetirmek, goşmaça sinus diýmekdir. Bu adalgany iňlis matematigi we astronomy Genter 1620-nji ýylda girizýär.

Koeffisiýent – “СO” bilelikde we “efficientis” (baglanyşykly geçýän) diýen latyn sözlerinden ybarat bolup, ýardam ediji, bilelikde täsir edýär diýen manyny berýär.

Kotangens – “complementi tangens” (goşmaça tangens) diýen latyn sözüniň gysgaldylan görnüşi. Bu adalgany ilkinji bolup Genter girizýär.

Kub – “Kubos” diýen grek sözi bolup oýlanýan süňk diýmegi aňladýar. Bu adalgany Pifagoryň okuwçylary girizýär.

Lemma – “Eýmama” diýen gerek sözünden gelip çykyp, öňdäki hal ýagdaý diýmegi aňladýar. Lemma – bu bir ýa-da birnäçe teoremany subut etmek üçin ulanylýan kömekçi sözlem. Arhimediň, proklyň işlerinde bu adalga “kömekçi teorema” diýlip ulanylýar.

Litr – grekleriň “litra” sözünden gelip çykýar.

Logorifm – “logos” (gatnaşyk) we “arithmos” (san diýen grek sözlerinden gelip çykyp, gatnaşygy ölçeýän san diýmekdir. Bu adalgany ilkinji gezek şotlandiýaly matematik Jon Neper (1550-1617) ulanypdyr.

Orta asyrlarda deňizde ýüzmekligiň ösmegi netijesinde düzmesi örän çylşyrymly hasaplamaly talap edýän astronomik tablisalara uly isleg bildirilýär. Logarifmik tablisalaryň peýdalanmagy bu hasaplamalary ýeňilleşdirip. Fransuz matematigi Laplas (1749-1827) logarifmleriň oýlanyp tapylmagy astronomyň işini gysgaldyp, onuň ömrüni uzaltdy diýipdir. Maksimum – “mahimum” diýen latyn sözünden gelip cykyp, iň uly diýmekdir.

Matematika – grek “mathema” sözünden gelip çykmak bilen, ylmy, bilen diýmekligi aňladýar. Matematika sözi turkmen diline rus dilinden rus diline polýak dilinden, polýak diline latyn dilinden, latyn diline bolsa grek dilinden geçendir. Pifagoryň mekdebinde okuwçylara umumy matem (matematika) ady bilen arifmetikanyň, geometriýanyň algebranyň elementlerini öwredipdirler. Wagtyň geçmegi bilen arifmetika, geometriýa, algebra aýratynlykda öwredilipdir. Häzirki biziň orta mekdeplerimiziň I – V synplarynda hem arifmetikanyň, algebranyň geometriýanyň elementlerini özünde jemleýän ders “Matematika” ady bilen öwrenilýär.

Masştab – “mab” (ölçeg) we “stab” (taýak) diýen nemes sözlerinden gelip çykyp, ölçeg taýagy diýmegi aňladýar.

Mediana – orta diýmegi aňladýan “medium” diýen latyn sözünden gelip çykýar.

Metr – “metreo” (ölçeýärin) diýen grek sözünden gelip çykandyr. Uzynlyk ölçeginiň birligi, gysgaça (m) ýazylýar.

Milliard – 109 san. 109=1000000000. Adalga fransuz “milliard” (müň million) diýen sözden gelip çykýar.

Millimeter – “mille” (müň) “metreo” (ölçeýärin) diýen grek sözlerinden gelip çykýar.

Million – “million” (müň sany müň) diýen fransuz sözünden gelip çykýar.

Minut – “minuta” (örän az) diýen latyn sözünden gelip çykýar.

Minus – “minus” (az) diýen latyn sözünden gelip çykandyr.

Minimum – “minimum” diýen latyn sözünden gelip çykyp, iň kiçi diýmegi aňladýar. Modul – latyn “modulus” (ölçeg) diýen latyn sözünden gelip çykýar. Bu adalgany wektor üçin ilkinji gezek Argan (1814ý.) ulanylypdyr.


Monoton – “monos” (bir) we “tonos” (ses) diýen grek sözlerinden emele gelip, birsesli, birmeňzeş diýmekdir. Adalgany K.Neýman girizipdir we ony ilkibada monoton san yzygiderlikleri üçin ulanypdyr (1881ý)

Natural - “naturalis” diýen latyn sözündengelip çykyp, hakyky tebigy diýmekdir.

Nol – hiç zat diýmegi aňladýan latyn “nullus” diýen sözden gelip çykýar. Latyn diline araplaryň “Bifr” (sözünden, arap diline) bolsa hindileriň “sinia” (boşluk) diýen sözünden geçendir.

IV-V asyrlarda Hindistanda hasaplaýyşyň pozision ulgamynyň ýüze çykmagy bilen nol ulanylypdyr. Ilki-ilkiler nol “sifr” sözi bilen atlandyrylypdyr. Bu ýagdaý XIX asyra çenli dowam edipdir.

Indoneziýada we Kambojada tapylan VII asyra degişli ýazgylarda nol nokat we kiçijik tegelejik görnüşinde şekillendiripdir. “nulla” adalgany Şýukeniň (1484ý) golýazmalarynda hem duş gelýär. XI asyrda nol san hasaplanmandyr. Çanlamalara görä Zirar (1629ý) ilkinji bolup noluň deňlemäniň köki bolup bilýändigine göz ýetiripdir, şunlukda ol noly san hasaplapdyr.

Nomer – san diýmegi aňladýan fransuz “nomber” diýen sözden gelip çykan. Bu adalga fransuz diline latyn “sanaýaryn” sözünden geçipdir.

Nýuton – Leýbnisin formulasy. Eger kesimde f üçin F asyl funksiýa bolsa, onda Bu formula Nýuton – Leýbnisiň formulasy diýilýär.

Oktaedr – “okto” (sekiz) we “hedra” (esas gran) diýen grek sözlerinden gelip çykyp, sekizgranlyk diýmekdir.

Ordinata – latyn “ordinaturs” sözünden gelip çykyp, tertipleşdirilen diýmekdir.

Ort uzynlygy bire deň bolan wektor. Adalgany “orientasiýa” sözüniň gysgaldylan görnüşinde Hewisaýda (1892ý) girizipdir. Häzir bu adalga matematikanyň mekdep kursunda ulanylman, birlik wektor diýilip ulanylýar.

Parabola – deňlemek diýmegi aňladýan grek “parabole” sözünden gelip çykandyr.

Parallel – grek “parallelos” sözi bolup, ýanaşyk ýöremek diýen manyny berýär.

Bu adalgany 2500 ýyl mundan ozal Pifagoryň mekdebinde ulanypdyrlar. Ewklig bu adalgany tekizlik üçin, Papp bolsa sferadaky göni çyzyklar üçin ulanypdyr.

Parallelepiped – “paralleleos” (ýanaşyk ýöremek), we “epipedan” (tekizlik) diýen grek sözlerinden gelip çykýar.

Parallelogram – grekleriň “parallelos” (ýanaşyk ýöremek) we “gramma” (şekillenme) diýen sözlerinden emele gelýär.

Paskal üçburçlugy – bu binomial koeffisiýentlerden düzülen sanlaryň üçburçly tablisasydyr. Bu tablisa onuň häsiýetlerini derňän fransuz matematigi B.Paskalyň (1623-1662) hatyrasyna “Paskalyň üçburçlugy” diýip atlapdyrmak kabul edilendir. Bu üçburçluga “Omar Haýýam üçburçlugy” diýen ýalňyşmasak gerek, sebäbi onuň işlerinde hem bu üçburçluk öwrenilýär.

Perimetr – grekleriň “peri” (töwerek) we “metreo” (ölçeýärin) diýen sözlerinden gelip çykyp, töweregi ölçeýärin diýmegi aňladýar.

Perpendikulýar – latyn “perpendikulýaris” (dik, asma) diýen sözden gelip çykýar.

Piramida – “piramidos” diýen grek sözünden alnyp, ýalyn, ot diýmekdir.

Pifagoryň teoremasy: Gönüburçly üçburçlugyň gipotenuzasynyň kwadraty katetleriniň jemine deňdir.

Bu teorema Pifogoryň ýaşan döwründen has öň hem belli eken. Pifagoryň döwründen 1200 ýyl öňki wawilonlylaryň ýazgylarynda bu teorema duş gelýär. Wawilonlylaryň gönüburçly üçburçlukda gipotenuza bilen katetleriň arasyndaky bu gatnaşygy ölçemeleriň esasynda tejribe üsti bilen ýüze çykaran bolmaklary ähtimaldyr. Pifagoryň bolsa bu gatnaşygy ilkinji bolup subut eden bolmagy mümkin.

Häzirki döwürde Pifagoryň teoremasynyň ýüzden gowrak subudy bellidir.

Planimetrişa – latyn “planum” (tekizlik) we grek “metron” (ölçeýärin) diýen sözlerden gelip çykyp, tekizligi ölçemek diýmek aňladýar.

Plus – uly diýmegi aňladýan “plus” diýen latyn sözünden gelip çykýar.

Postulat – latyn “postulatum” sözünden alnyp, talap, talap etme diýmekdir.

Ýewklidiň bäşinji postulaty: eger iki göni çyzyk üçünji göni çyzyk bilen kesilende onuň bir tarapy boýunça burçlarynyň jemi ýazgyn burçdan kiçi bolan içki burçlary emele getirýän bolsa, onda şeýle göni çyzyklar ýeterlik dowam etdirilende şol tarapda kesişýärler.

Patensirleme – mümkinçilik, başarnyk diýen manyny berýän “potentiýa” diýen latyn sözünden gelip çykandyr. Potensirleme ilinji gezek Şweýsar matematigi Rananyň (1659ý) işlerinde duş gelýär.

Predel – aracäk, serhet diýmegi aňladýan “limes” diýen latyn sözünden gelip çykandyr.

Prizma – kesilen bölek diýmegi aňladýan “ПРIБМА” diýen grek sözünden gelip çykandyr.

Progressiýa - öňe hereket, ösüş diýmegi aňladýan “progressio” diýen latyn sözünden gelip çykandyr.

Progresiýa – öňe oklamak, zyňmak diýmegi aňladýan “projeçtio” diýen latyn sözünden gelip çykýar.

Proporsiýa – “praportio”diýen latyn sözünden gelip çykyp, ölçegdeş diýmekdir.

Proporsiýanyň ilkinji kesgitlemesini XV asyrda italýaly lamberti girizipdir, A:B=Çhaha ýazgyny bolsa Leýbnis (1708) girizipdir.

Prosent (göterim) – latyn “pro centro” (ýüzden) sözünden gelip çykýar. Radian – latyn “radius” (şöhle) diýen sözden gelip çykýar. Bu burç ölçeg birligidir.

Radikal – latyn “radix”(kök) diýen sözden gelip çykýar. Irki döwürlerde kök belgisi häzirki belgilenişinden tapawutly bolupdyr. XIII asyrda Ýewropada köki belgilemek üçin Radix sözi ulanylýar. biziň häzir ulanýan kök (radikal) belgimizi fransuz matematigi Rene Dekart 1637-nji ýylda özüniň “Geometriýa” diýen işinde ulanypdyr.

Radius – şöhle, tigiriň çekeri, keýesi diýmegi aňladýan latyn “radius” sözünden gelip çykandyr.

Rasional – gatnaşyk diýmegi aňladýan “ratio” diýen latyn sözünden gelip çykandyr.

Rim sifrleri. I, V, X, L, C, M – Rim sifrleridir. Bu sifrleriň üstünde amallary geçirmek kyndyr. Maslahatlaryň konferensiýalaryň asyrlaryň tertibini ýazmakda Rim sifrleri ulanylýar. Meselem, “Ýaşulularyň XX maslahaty”, “XXI asyr-altyn asyr”.

Romb – aýlanýan jisim diýmegi aňladýan grek “pomb” sözünden gelip çykandyr.

Santimetr – latyn “сentrum” (ýüz) we “metreo” (ölçeýärin) diýen latyn sözlerinden gelip çykandyr.

Segment – latyn “segmentum” (kesim, bölek) diýen sözden gelip çykandyr.

Sekans – latyn “seсans” kesiji diýen latyn sözünden gelip çykandyr. Sekans düşünjesini orta aziýaly alym Abul-Wafa girizipdir.

Sekansyň takyk grafigini Koute gurupdyr.

Sektor-kesýärin, bölekleýin diýmegi aňladýan latyn “secare” sözünden gelip çykypdyr.

Sekunt – latyn “secunda” (ikinji bölüniş) sözünden gelip çykandyr. Bu wagt ölçeginiň birligidir.

Simmetriýa – grek “symmetreo” (ölçegdeş) sözünden gelip çykandyr.

Sinus – latyn “sinus” diýen sözünden gelip çykmak bilen güberçeklik diýmekdir. Adalga hindileriň “Ariabhata” (IV-V asyrlarda) diýen eserlerinde duş gelýär.

Sistema – “sistema” diýen grek sözünden gelip cykmak bilen, bitin, birleşdirme, böleklerden düzülen diýmegi aňladýar.

Skalýar – latyn “ckalarus” sözünden gelip çykmak bilen basgançakly diýmegi aňladýar.

Stereometriýa – grek (giňişlik) we (ölçeýärin) diýen grek sözlerinden gelip çykmandyr.

Sfera – grek “sfaira” sözi bolup, şar, pokgi, top diýmegi aňladýar.

Silindr – grek “ ”(aýlaýaryn) diýen sözden gelip çykypdyr.

Sirkul – latyn “circulus” (töwerek) diýen sözden gelip çykýar. Sifr – arap “sifr” (boş) diýen sözden gelip çykýar.

Tangens – latyn “Tangens” sözünden gelip çykmak bilen galtaşýan diýmekdir.

Tangensi X matematigi Abu-l-Wafa girizipdir. 770-nji ýyllarda Merwde ýaşan Ahmet Al-Merwezi Tangensiň tablisasyny düzüpdir.

Teorema – grek “ ” (theorema) sözünden gelip çykmak bilen, pikirlenme, oýlanma diýmegi aňladýar. Grek matematikleriniň işlerinde bu söz “akyl ýetirerlikli hakykat” diýen manyda ulanylypdyr.

Tetraldr – grek “tetra” (dört) we “hedra” (esas, gran) diýen sözlerden gelip çykmak bilen dörtgranlyk diýmegi aňladýar. Adalgany ilkinji gezek Ýewklid ulanypdyr.

Transportir – latyn “transportare” (geçirýärin) diýen sözden gelip çykandyr.

Trapesiýa – stoljagaz diýmegi aňladýan “ ” grek sözünden gelip çykandyr.

Faktorial – latyn “factor” (köpeldiji) diýen sözden gelip çykypdyr. Adalgany Arbogast (1800ý) girizipdir.

Falesiň teoremasy: eger burçuň taraplaryny kesýän parallel göni çyzyklar burçuň bir tarapynda deň kesimleri kesip alýan bolsalar, onda olar onuň beýleki tarapyndan hem deň kersimleri kesip alýarlar Bu teoremany b.e çenli VI asyrda ýaşan gadymy grek alymy fales Miletskiýi subut edipdir, şol sebäpli hem bu teorema onuň ady bilen baglanyşdyrylýar.

Figura – latyn “figura” sözi bolup, daşky görnüş diýmegi aňladýar.

Formula – latyn “formula” (kesgitlenen düzgün) sözünden gelip çykandyr.

Funksiýa – baglanyşyk degişlilik diýmegi aňladýan latyn “funetio” sözünden gelip çykandyr. Leýbnis we I. Bernulli 1698-nji ýyldan başlap bu adalgany ylanyp başlapdyrlar. Funksiýanyň kesgitlemesini 1718-nji ýylda I. Bernulli beripdir.

Horda – kiriş (ýaýyň) diýmegi aňladýan “ ” grek sözünden gelip çykandyr.

Şar – top, pökgi diýmegi aňladýan grek “ ” sözünden gelip çykandyr.

Ekstremum – latyn “exremum” (gutaran ýeri; çet, soňy) diýen sözden gelip çykandyr.

Element – esasy, ilkinji diýmegi aňladýan latyn “elementum” diýen sözden gelip çykandyr.