Türkmen dili

Türkmençe
(Türkmençe sahypasyndan gönükdirildi)

Türkmen dili ençeme müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli dilidir. Türkmen dili - türki dilleriň oguz dilleri toparyna degişlidir. Ol Türkmenistanyň resmi dili bolmak bilen, şeýle hem Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda bölekleýin ulanylýar.

Türkmen dili

Türkmen dili, تورکمن ﺗﻴﻠی

Gürlenilýär: Türkmenistan, Eýran, Owganystan, Türkiýe
Jemi gürleýän sany: 12 million
Dil maşgalasy: Altaý dilleri
- Türki
- Oguz
Türkmen dili
 
Ýazylyş düzgüni: Latyn elipbiý (Türkmen elipbiýi
Resmi ýagdaýy
Resmi dil: Türkmenistan
Sazlaýjy: Resmi sazlaýjy ýok
Dil kod
ISO 639-1: tk
ISO 639-2: tuk
ISO 639-3: tuk

Häzirki zaman türkmen edebi diliniň kemala gelip başlan eýýamy Magtymguly Pyragydan başlanýar we onuň ösýän we kämilleşýän döwri täze galkynyş eýýamydyr.

Elipbiý

Samalyot

düzet

Öz köküni Oguz han türkmenden alyp gaýdýan türkmen dili ýetmişden gowrak döwlet guran türkmenleriň durmuşynda aýgytly hyzmaty ýerine ýetiripdir we häzir hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döwlet dili hyzmatyny ýerine ýetirýär. Türkmen dili daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň hem milli dilidir. „Gorkut Ata” eposy, Ýusup Balasagunlynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Azadynyň, Magtymgulynyň, Andalybyň ... eserleri türkmen dilinde ýazylypdyr we asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna gulluk edip gelipdir.

 

1990-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanda dil hakynda karar kabul edildi we 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde täze türkmen elipbiýine geçmek hakynda Perman kabul edildi. 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen milli elipbiýi ulanylyşa girizildi. Gadym döwürlerde türkmenler arap elipbiýini ulanypdyrlar... Türkmeniň häzirki ulanýan edebi diliniň döreýşi köp kişi tarapyndan Magtymgulynyň şygryýeti bilen baglanyşdyrylýar. Magtymguly ilkinjileriň hatarynda halkyň ulanýan dilini öz çylşyrymly dini-pelsepewi-sosial temalarda ýazylan şygyrlaryna sygdyrmagy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde gündelik türkmen durmuşynyň meselelerine hem örän ýiti çemeleşmegiň hötdesinden gelendigi üçin türkmenleriň we beýleki Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda aýratyn hormata eýedir. Häzirki döwürde türkmen dili halkara resmi duşuşyklaryň, simpoziumlaryň, ylmy maslahatlaryň diline öwrüldi. Daşary ýurtlarda hem türkmen dili öwrenilip başlanyldy.

Görnüşleri

düzet

Edebi diliň agzeki we ýazuw görnüşleri bar. Agzeki sözleýiş - bu ilkinji nobatda gepleşikdir. Gepleşik adatça gysga ýa-da ulurak sözlemlerden ybarat bolup, gürrüňdeşlikde amala aşyrylýar. Ol özüniň dürli heňde aýdylýandygy we duýgy öwüşginlerine baýdygy bilen tapawutlanýar. Ýazuw sözleýşi bolsa haýsydyr bir "Görüş dilini" döredip bilenok, ol diňe doly ýa-da doly däl görnüşe geçirilen sesli sözleýşi gaýtalamaga (okamaga) ýardam edýär. Ýazuwda ulanylýan dyngy belgiler hem janly sözleýşiň intonasiýasyny, dürli öwüşginli many-mazmunyny doly berip bilenok. Ýazuw arkaly beýan edilen sözleýiş ýazýan adamyň ýok ýagdaýynda oňa düşünilmegi üçin niýetlenilýär. Ol agzeki sözleýişden tapawutlylykda diňe bir döwürdeşler üçin niýetlenilmän, eýsem geljekki nesil üçin hem niýetlenilendir. Ýazuw sözleýşi sözleriň örän taraşlanylyp saýlanylyp alnandygy, söz düzümleriniň hem sözlemleriniň has dolulygy bilen agzeki sözleýişden tapawutlanýar.

Bölümleri

düzet

Fonetika - (grekçe: [phonetike] [phone – ses]) – diliň ses gurluşy baradaky ylymdyr. Fonetikanyň amaly bölüminiñ biri-de orfoepiýadyr ([orthos] – dogry we [epos] – „söz” diýmekdir). Ol „dogry aydylyş baradaky ylym” diýmekdir. Fonetika bilen [grafika] hem (grekçe: [grapho] – „ýazýaryn” diýmek) yakyn baglanyşyklydyr. Ol sözleýşiň seslerini harp arkaly şekillendirmek bilen meşgullanyar.

Söz ýasalyş – täze sözleriň döreýiş serişdeleri we usullary hem-de bar bolan sözlerin düzümi (gurluşy) baradaky ylym.

Grammatika (grekçe: [grammatike]) – diliň gurluşy baradaky ylym. Ol iki bölümden: morfologiýadan hem-de sintaksisden ybarat.

Morfologiýa (grekçe: [morphe] – şekil, [logos] – ylym) – grammatikanyň bir bölümi bolup, sözüň üýtgeýşini we dilde bar bolan söz toparlaryny öwrenýär.

Sintaksis (grekçe: [sintaxis]) – „düzmek” diýmekdir). Ol söz düzüminiň we sözlemleriň görnüşlerini, gurluşyny öwrenýär.

Fonetikanyň we grammatikanyň esasynda türkmen diliniň orfografiýasy (dürs ýazuwy) we punktuassiýasy işlenilip düzülipdir.

Orfografiýa dogry ýazmagyň düzgünleridir.

Punktuassiýa bolsa dyngy belgilerden peýdalanmagyň düzgünleridir.

Leksikologiýa (grekçe: [lexis] – „söz” we [logos] – „ylym”) – diliň sözlük düzümi baradaky ylym.

Frazeologiýa (grekçe: [phrasis] – „beýan ediliş”) – dilde ulanylýan durnukly söz düzümleri baradaky ylym.

Stilistika - diliň labyzlylyk serişdeleri we olaryň sözleýişde ulanylyş şertleri baradaky ylym.

Sözleýiş medenýeti dil biliminiň edebi diliň normalarynyň sözleýişde amaly ulanylyşyny öwrenýän bölümi.

Samalyot nâme

düzet

Türkmen dili hakynda, onuñ söz baýlygy barada ilkinji ylmy maglumatlar XI asyryň meşhur dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň arap dilinde ýazan “Diwan-y-lugat-at-türk” atly üç jiltden ybarat sözlüginde berilýär. Diwanyň adyny türkmen diline “Türk dilleriniň sözlügi” diýip terjime etmek mümkin. Bu sözlük diýlip atlandyrylsa-da, onda ses kanunalaýyklyklary, söz ýasalyş, söz toparlary we sözlem hakynda hem maglumatlar berlipdir. Alym sözlüge girizen mysallaryny türkmen we beýleki türki dillerde, olara berýän düşündirişlerini bolsa arap dilinde ýazypdyr. Mysallar hem arap diline terjime edilipdir. Bu sözlük arap dilinde gürleýän musulman halklar üçin niýetlenilipdir.

Belli sözlükşynas S.Altaýew XX asyryň sowet ýyllarynda (70-nji ýyllara çenli) sözlük düzülişini üç döwre bölýär: 1) 20-30-njy ýyllar; 2) 40- 50-nji ýyllar; 3) 60-70-nji ýyllar.

Ilkinji sözlükleriň biri J.A.Belýaýewiň düzen rusça-türkmençe sözlügidir (Aşgabat, 1913). Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda iki dilli adalgalar sözlüguniň zerurlygy ýüze çykýar. 1926-nji ýylda “Краткий русско-туркменский словарь применительно к нуждам государственной статистики ТССР” (Aşgabat, 1926 ý.) diýen sözlük neşir edilýär. Bu sözlük esasan oba-hojalygy, jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-tehniki adalgalary öz içine alypdyr. 1956-njy, 1968-nji ýyllarda “Rusça-türkmençe” sözlügiň bir tomlugy, 1968-nji ýylda şol sözlügiň gysgaça görnüşi, 1986-87-nji ýyllarda iki tomlugy neşir edilýär. 1962-nji ýylda ilkinji gezek türkmen diliniň düşündirişli sözlügi (“Türkmen diliniň sözlügi” ady bilen) neşir edilýär. Aýry-aýry ugurlar boýunça hem sözlükler neşir edilýär. 1967-nji ýylda S.Myradowanyň halyçylyga we el hünärine degişli sözlügi, 1971-nji ýylda S.Atanyýazowyň ýer-ýurt atlarynyň düşündirişli sözlügi, 1960-njy ýylda B.B.Kerbabaýewiň düzen “Botanika terminleriniň rusça-türkmençe sözligi”, 1962-nji ýylda Ç.B.Baýryýewiň, M.H.Dawlekomowyň düzen latynça-rusça-türkmençe medisina sözleriniň sözlügi, 1974-nji ýylda J.Hudaýberdiýewiň “Anatomiýa terminleriniň latynça-rusça-türkmençe sözlügi”, 1973-nji ýylda G.Mälikgulyýewiň fiziki adalgalaryň rusça-türkmençe sözlügi, 1976-njy ýylda “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi”, 1988-nji ýylda A.Babakulyýew, O.Akmämmedow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň ykdysady terminleriniň gysgaça sözlügi”, 2004-nji ýylda M.Babakulyýew, Ö.Muhammetberdiýew tarapyndan düzülen “Maglumatlar tilsimatynyň adalgalarynyň sözlügi”, bulardan başga-da, 80-90-njy ýyllarda ikidilli okuw sözlükleri, şeýle-de dürs ýazuw hem dürs aýdylyş boýunça sözlükler neşir edildi.

Ýöne türkmen dili boýunça düşündirişli okuw sözlikleri, omonimik, etimologik sözlükler, manydaş sözleriň (sinonimleriň), garşyklykly manyly sözleriň sözlükleri heniz neşir edilenok. S.Atanyýazow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” (2004ý.) etimologik sözlük düzmek babatda edilen ilkinji synanyşykdyr.

Stilistika

düzet

Stilistika – bu diliň labyzlylyk serişdelerini we aragatnaşyk etmegiň maksady, ýagdaýy (ebeteýi) hem-de ulanylýan şertleri bilen baglylykda olaryň sözleýişde ulanylyş kanunalaýyklygyny öwrenýän dil baradaky ylmyň özboluşly bir ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen edebi diliniň birnäçe özboluşly stilleri aýratynlandyrylýar. Olara ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper, gepleşik stilleri degişlidir. Bu stiller aragatnaşyk etmegiň (pikir alyşmagyň) şertlerine görä iki topara – gepleşik we kitap stillerine bölünýärler. Kitap stillerine bolsa ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper stilleri degişlidir.

Ylmy stil – bu adamyň ylmy işine mahsus bolup, ylmy pikirlenmäniň özboluşlylygyndan gelip çykýan umumy alamatlary (berk logiki yzygiderligi) bilen, şeýle-de bir topar hususy alamatlary boýunça tapawutlanýar.

Resmi-iş stil adamlaryň hem guramalaryň arasynda hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda iş hem resmi gatnaşyklary alyp barmak üçin ulanylýar.

Jemagatçylyk (publistik) stili – bu stil ilkinji nobatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine (gazet, radio, teleýaýlym) häsiýetlidir.

Çeper eseriň stili - çeper eser pikir alyşmak, gyzyklanma döretmek, habar bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen birlikde, täsir etmek, tolgundyrmak (estetik) hyzmatyny-da özünde jemleýär. Eseriň awtory okyjyny öz gahrymanynyň ykbaly üçin tolgunmaga, gyzyklanmaga mejbur edýär.

Gepleşik stili - sözleriň aýdylyşynda gysgaltmalara ýol berilmegi (alýa, gelýä…), agzeki sözleýşe mahsus işlik zaman şekiliniň köp ulanylmagy (alamok, gelemok), sözlem agzalarynyň grammatik taýdan normalaşan tertibiniň bozulmagy (Geldiler gidenler), üm-yşaratlaryň ulanylmagy, şonuň netijesinde-de sözleriň, söz düzümleriniň, sözlemleriň taşlanylmagy (ulanylmazlygy) bilen ýüze çykýar.

Söz toparlary

düzet

Aňladýan leksik many görnüşleri, söz üýtgediji goşulmalary we sözlemde ýerine ýetirýän sintaktik hyzmatlary boýunça sözler söz toparlaryna bölünýärler. Ol iki topara: özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna we özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlaryna bölünýär. Ylmy grammatikada söz toparlary atlara, işliklere we kömekçi sözlere bölünýär.

Özbaşdak many aňladýan söz toparlary:

Atlar – bu söz topary bolup, zatlary, düşünjeleri, hadysalary, wakalary aňlatmaga hyzmat edýärler. Olar kim? näme? nire? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Sypatlarnähili? neneňsi? nätüýsli? haýsy? diýen soraglara jogap bolýan, öz manysynda zatlaryň alamatyny jemleýän sözler bolan söz toparydyr. Sanlar - näçe? näçenji? diýen soraglara jogap bolup, zatlaryñ, düşünjeleriň sanyny, mukdaryny (bir, iki, üç, dört, bäş) ýa-da sanalmakdaky tertibini (birinji hatar, bäşinji öý, üçünji dükan) aňladýarlar.

Çalyşma – bu öz hususy manysy bolmadyk we beýleki söz toparlarynyň (atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň) sözleriniň ýerini çalyşýan sözleri özünde jemleýän söz toparydyr.

Işlik – bu hereketi ýa-da zadyň ýagdaýyny bildirýän sözleri özünde jemleýän söz toparydyr. Ol näme etdi? näme edýär? näme etjek? näme eder? diýen soraglara jogap bolýar.

Hallar gymyldy-hereketiň alamatyny, hal-ýagdaýyny, nähili ýagdaýda ýüze çykandygyny görkezýän özbaşdak manyly söz toparydyr. Hallar sözlemde işliklere baglanyp, ahwalat hyzmatynda gelýärler. Olar söz üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.

Özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlary:

Baglaýjy kömekçi - sözleri, söz düzümlerini we goşma sözlemleriň ýönekeý sözlemlerini özara baglamaga hyzmat edýän kömekçi sözlere hem-de ownuk böleklere diýilýär.

Sözsoňy kömekçiler özbaşdak many aňladýan sözleriň arasyndaky dürli hili garaşly gatnaşyklary aňladýarlar. Sözsoňularyň haýsy gatnaşygy bildirýändigi olaryň öň ýanynda gelýän sözleriň manylary bilen baglanyşykly ýüze çykýar.

Ownuk bölek - sözlere, şeýle-de sözlemlere dürli many ýokundylaryny berýän söz böleklerine diýilýär.

Modal sözler (latynça "modus" terjime edilende "tär, gyşarma") - gepleýäniň habar berýän maglumatyna dürli derejeli hem-de görnüşli garaýşyny aňladýan sözlere diýilýär.

Ümlükler – bular gürleýän adamyň içki duýgusyny – begenjini, şatlygyny, gynanjyny, haýran galmagyny, gahar-gazabyny, gorkusyny, nägileligini, ýigrenjini we şuňa meňzeşleri bildirýärler, ýöne olary atlandyrmaýarlar.

Ses we şekil (obraz) aňladýan sözler - tebigatyň janly-jandarlarynyň, jansyz zatlarynyň seslenmesine öýkünilip, şol seslenmelere meňzedilip aýdylýan sözlere ses aňladýan sözler diýilýär. Zatlaryň, hereketleriň we ş.m. şekiline, durkuna, daş sypatyna meňzedilip aýdylýan sözlere şekil (obraz) aňladýan sözler diýilýär.


Türki diller
Ogur/Bulgar Çuwaş dili | Hazar dili* | Hun dili* | Türki Awar dili* | Türki Bulgar tili*
Karluk/Çagataý Aýni dili | Çagataý dili* | Ili Türk dili | Lop dili | Özbek dili | Garahan dili* | Uýgur dili
Gypjak Altaý dili 1 | Başgyrt dili | Kuman dili* | Nogaý dili | Gypjak dili* | Garaçaý-balkar dili | Karaý dili | Garagalpak dili | Gazak dili | Gyrgyz dili 1 | Krymçak dili | Krym tatar dili1 | Kumuk dili | Sibir tatar dili | Tatar dili | Urum dili
Oguz Afşar dili | Azarbeýjan dili | Peçeneg dili* | Gagauz dili | Horasan Türki dili | Osmanly dili* | Kaşkaý dili | Krym tatar tili1 | Salar dili | Türk dili | Türkmen dili | Urum dili1
Hakas-Altaý Günorta Altaý dili, Demirgazyk Altaý dili | Çulum dili | Fuýu Gyrgyz dili | Hakas dili | Gadymy Gyrgyz dili* | Gadymy Uýgur dili* | Ýugur dili | Şor dili
Sayan Sоyоt Tsatan dili | Tofa dili | Tuwa dili
Saha Dolgan dili | Saha dili
Argu Halaj dili
Duýduryş: *-Ölü dil, 1-birden köp topary degişli