Günä
Günä - (arap. إِثْم — ism). Günä uly we kiçi görnüşde bolýar. Günä şeýtany razy edilenligi üçin ýazylýar. Şeýlelik bilen Allanyň närazylygnada sebäp bolýar. Bu bolsa Alla garşy çykmak diýmek, eger-de günä bilgeşleýin edilen ýagdaýynda ("günä edip soň toba ederin" - diýýänleri şeýtan aldaýar). Şeýdip şeýtan adamy kynçylyga salýar (haýyr işden alyp galýar we günä işledýär, soň oňa günäsiz hala gelmek kyn düşer).
- Toba edilmese o dünýäde bagyşlanmaýan günäler:
118. Alla ony (şeýtany) näletledi. Ol bolsa: «Kasam bolsun! Men Seniň bendeleriňden belli bir nesibe edinerin (özüme tabyn edinerin).
119. Men olary hökman azaşdyraryn, olary ham-hyýallar bilen güýmärin. Olara dowarlarynyň gulaklaryny ýarmagy (deşmegi) emir ederin, (olar hem) Allahyň ýaradan (şekilini) üýtgedirler» diýdi. Kim Allahyň ýerine şeýtany dost tutunsa, elbetde, äşgär zyýana duçar bolandyr.
120. (Şeýtan) olara diňe (boş) wada berer, ham-hyýallar bilen güýmär. (Aslynda) şeýtan olara aldawdan başga zat wada bermez.
121. Ine, olaryň barjak ýeri dowzahdyr we ondan (halas bolmak üçin) gaçara ýer tapmazlar.
— Kuran: sura №4.
Yslamda uly günälere mysal: Remezan aýynda sebäpsiz oraza tutmazlyk, Alla şirk goşmak, öýde ýa-da howlyda janly zadyň suratyny ýa-da heýkeli goýmak, wagty boş geçirmek (haýyrsyz, sebäpsiz boş), enäň-ataň diýenini etmezlik, günä işi gurnamak, zekat tölemezlik (eger nisab derejede bolmasa), aluw-satuwda aldaw, ýalan kasam bermek, ene-ata we ýakyn garyndaşlaryň bilen araňy üzmek, sebäpsiz namazy goýbermek (okamazlyk), islam goragy üçin söweşilýän döwürde uruşdan gaçmak, göterim; prosent (süýthorlyk), jadygöýlik bilen meşgullanmak, aldaw; ýalan, jalaýlyk; pul sowrujylyk; biderek harç edijilik; bisarpalyk we şuňa meňzeşler.
76 sany uly günäler
düzet- Allaha birini ýa-da bir zady deňemek (şirk)
- Haksyz ýere adam öldürmek
- Jadygöýlik (sihr)
- Ybadata geleñsiz bolmak
- Zekat tölemekden boýun gaçyrmak (nisab bolmasa)
- Ene-atañ diýenini etmezlik (eger günäli zady buýrmasa)
- Süýthorlyk etmeklik
- Ýetimiň emlägini almak
- Hadys oýlap tapmak
- Sebäpsiz agyz beklemezlik
- Uruş meýdanyndan gaçmak (gaçgaklyk)
- Zyna, ahlaksyzlyk
- Halky aldaw we zalymlyk bilen dolandyrmak
- Spirtli içgileri içmek
- Ulumsylyk, gopbamlyk, tekepbirlik
- Ýalan şaýatlyk
- Gomoseksualizm
- Dogruçyl zenana töhmet atmak
- Oljalary, halk gaznasynyň baýlygyny we sadakalary bikanun ulanmak
- Kesekiniň mülküni(zadyny) eýelemek
- Ogurlyk
- Talaňçylyk
- Ýalandan ant içmek
- Ýalan
- Öz janyňa kast etmeklik
- Sud çözgüdinde wyždansyzlyk
- Aýalyň, gyzyň we şuňa meňzeşleriň özlerini ýaramaz (ýeňil) alyp barmagyna ýol bermek
- Zenanyň erkeklere meňzemegi, erkegiň zenanlara meňzemegi
- Galp toý
- Gan, maslyk we doňuz iýmek
- Peşewe seresapsyz bolmak
- Dinsiziň salgyt ýygnamagy
- Ikiýüzlülik
- Dönüklik
- Din ylmyny bu dünýä üçin öwrenmek we olary bu dünýä üçin ýaşyrmak
- Edilen ýagşylyga nägile bolmak
- Takdyry inkär etmek
- Başgalaryň syryny açmak
- Nälet
- Mukmin patşanyñ permanyna boýun egmezlik
- Bilgiçleriň we öňünden bilijileriň sözüne ynanmak
- Zenanyň äriniň diýenini etmezligi (eger günä buýrmasa)
- Garyndaşlar bilen gatnaşygy kesmek
- Janly zadyň suratyny çekmek
- Gybat
- Ölene (uly) ses edip aglamak
- Nesildäki adamyň gybatyny etmek
- Göwne degmek we kiçeltmek
- Musulmana ýarag çenemek we imansyz diýip aýyplamak
- Musulmana dil we zelel ýetirmek
- Dindarlara zyýan ýetirmek
- Ýaragy göz üçin uzaltmak (kelpeňlik)
- Erkekleriň ýüpek geýinmegi we altyn dakynmagy
- Guluň gaçmagy
- Alla üçin soýulmadyk gurban mal
- Ýer (mellek) meýdanyň araçägini aňladýan belligi üýtgetmek, çalyşmak
- Pygamberiň sahabalaryna dil ýetirmek
- Ansarlara dil ýetirmek
- Günä we gadagan zatlara çagyrmak
- Ýasama saç dakynmak we taturowka etdirmek(etmek)
- Musulmana ýarag çenemek
- Öz kakaň däl adamy kaka diýip hasap etmek
- Erbet zady guman etmek
- Iýip içmek üçin altyn we kümüş gap-gaçlary ulanmak
- Jedel
- Guly urmak, ezýet bermek we biçmek
- Kem ölçemek
- Allahyň gazabyndan özüňi aman bilmek
- Alladan umydyňy üzmek
- Berlen haýryň gadyryny bilmezlik
- Suw köp bolup, ony adamlara bermekden ýüz döndürmek
- Haýwana tagma basmak
- Humarly oýunlar
- Mesjid Haramda günä etmek
- Sebäpsiz ýere Juma namazdan galmak we ony ýeke bolup okamak
- Musulmanlara garşy içaly bolmak we ýaşryn olaryň syryny ýaýmak
Göz, gulak, dil, el, aýak, garyn we jyns organ. Bular islamda günä (sebäp) edip biljek beden agzalary(organlary). |
Akyda-da günä
düzet
Ýürekde günä
düzet- Allahy ýatlamazlyk.
- Alladan gorkmazlyk (Alladan başga zatdan gorksaň Alladan gorkdygyň bolmaýar).
- Ýaman niýet.
- Gaty ýüreklilik.
- Gahar-gazap.
- Närazylyk.
- Nebisli bolmak (nebsiň diýenini etmek gara ýürekli bolmagyň nyşany).
Bedende günä
düzet- Bedeniňe surat çekmek (iňl. tattoo).
- Tans etmek.
- Çapak çalmak.
- Oýun oýnamak.
- Erkek bolup zenana meňzemek (we zenan bolup erkege meňzemek).
- Bedeniňi üýtgetmek (gaşy ütmek (çyzmak), ýüzüň tüýüni ütmek (ütdürmek), zenanlaryň saçlaryny gyrkmagy (hiç bir zenanyň saçyny gyrkmaly däl, hat-da ujybsyz hem bolsa, sebäbi garşydaş jynsa meňzemek haram), dyrnak dakynmak, dyrnagy reňklemek, dodagy reňklemek, dodagy çişirmek, ýanbaşy çişirmek, göwsi çişirmek (göwreli we semiz oňa degişli däl, sebäbi olarda bu tebigy, ýöne olar hem göwräňi bildirmez ýaly eşik geýmeli), dyrnak ösdürmek, pudr we şonuň ýaly zatlary çalynmak, kirpigi çyzmak, [saça boýan etmek bolýar, ýöne şu wagtky himiki boýaglara boýamak gadagandyr, we gara boýag bolmaly däl, garrylar öz çal şaçy üçin boýamaly däl, eger tebigy önümlerden ýasalan zyýansyz boýag bolsa bor, emma häzirki günde boýaglar himiki düzüme eýe bolansoň, käbir ýurtlarda boýag edilen soň (boýagdan 20 minut soň) ölüm bolandygy hakda kän habar (gadagan bolmagy üçin) muňa mysaldyr.[1] Yslamda özüňi öldürmek haramdyr, başga birini hukuksyz öldürmek has hem erbetdir], bedeniňe metal geçirip, ildirip, sokup goýmak, diş goýdurmak we şuňa meňzeş zatlary etmek).
- Erkekleriň altyn dakynmagy we ýüpek (mata) geýinmegi.
Gözde günä
düzet- Şöwhetli serediş (diňe nikada duran kişiňe seretmekde hiç günä ýok)
- Awrat ýerlere seretmek. Zenanlar üçin awrat diňe ýüzden, goşardan beýleki hemme ýeri degişlidir (käbir ýurtlarda olary hem ýapýarlar), beden agzalar köýnege seredeniňde bildirmeli däl. Erkekler üçin awrat göbekden dyza çenli (dyzyň özi hem degişli). Telewizorlarda, telefonlarda, smartfonlarda, kompýuterlerde we şuňa meňzeş islendik wirtual enjamlarda awrat ýeri görmek (başgalara görkezmek we paýlaşmak ondan hem agyr günä, her görkezilen we paýlanylan, olaryň hem paýlaşan sanyna görä günä bar).
- Adama ýigrenji seretmek.
- Başga öýe, ammara, howla we şuňa meňzeşlere ogryn garama (gizlin äňetme, jyklama).
- Telewizor (smartfon, laptop, telefon, we ş.m.) ýaly zatlarda biderek (serial, film(kino), sport, teleşow, reklama, peýdasyz(haýyrsyz) samsyk zatlary we ş.m.) zatlary görüp wagt geçirmek (Kuran diňlemek, hadys diňlemek, öwrenmek, halka zyýansyz, özüñi ýa-da başga birini günä eltmejek hünär öwrenmek bolar).
Gulakda günä
düzet- Aýdym diňlemek.
- Gybat diňlemek (edil gybat eden ýaly günä bolýar).
- Eştmesi gadagan edilen zatlary diňlemek.
Dilde günä
düzet- Aýdym aýtmak
- Sygyrmak, sykylyk (rus. свисти).
- Gybat.
- Gargamak, näletlemek, paýyş söz aýtmak.
- Ýalan.
- Ölen adama (uly) ses edip aglamak.
- Ýalan şaýatlyk we ýalan kasam.
- Içigaralyk, başganyň gynanjyna begenmeklik (şamata).
- Kemsidiji gülki (suhriýa).
- Gyjalat (mann).
- Lakgylyk, ýaňralyk, boş sözlülik (lägu).
Zyhar | |
---|---|
Erkegiň öz aýalyna: "Sen meniň ejem ýaly...'" diýip, öz aýalyny eje ýaly hasaplap onuň bilen jyns gatnaşygy kesmek. Beýle etmek düýbinden ýalňyş. |
Paýyş sözlülik (bäzäg) | |
---|---|
Bäzä’ - (arap. بَذَاء | gödek söz; aýp söz; paýyş söz, haýasyz; utançsyz; binamys, paýyş sözlülik; hana sözlülik; agzy hapalyk) ahlaksyz gürrüňler. |
Hana sözlülik (namima) |
---|
Nämimä - (arap. نَمِيمَة | töhmet, gybat)
tersleşdirmek (arasyny bozmak), sögüşdirmek üçin bir adamdan başga bir adama iberilýän söz, gybat. Nämimä (gybat) bolmagy üçin bir adam barada çyn aýtmak hem ýeterlikdir. |
Ýalan |
---|
Ifk (arap. إفك) - adama edilýän (edilen) töhmet. Töhmet uly günä bolansoň töhmetçiler Allanyň gazabyna galarlar (toba etmese). Iň uly töhmet köphudaýlylyk (şirk), Alladan başga kimdir birinde güýç bar diýip ynanmak ýalan(ýalňyş). |
Zur |
---|
Zur (arap. زور) — ýalan. |
Töhmet (buhtan) |
---|
Buhtan (arap. بُهْتَان) — nädogry, ýalan; gybat, töhmet. |
Jyns organda günä
düzet- Nikasyz jyns gatnaşygy (zyna).
- Gomoseksuallyk we biseksuallyk.
- Uly meýdan edilýän deşige jyns gatnaşygy etmek (liwat).
- Mal bilen jyns gatnaşygy etmek.
- Onanizm.
- Oraza tutulanda, aýbaşy(görüm) döwründe, çaga doglandan soňky döwründe, bularyň möhleti dolandan soň doly we dürs gusul alynýança jyns gatnaşyk etmek.
- Maşgala ýassykdaşyñdan başga kişilere jyns organy görkezmek.
- Gabyra (mazarda), kölegede, adamlaryň dynç alýan ýerinde, akar suwa (ýata suwa) we şuňa meňzeş ýerlere - meýdan etmek.
Elde günä
düzet- Aýdym düzmek.
- Urşmak, urşdurmak (Islam ýolunda bolmasa)
- Haýwandyr janly-jandarlary urşdyrmak.
- Tebigaty hapalamak, otdyr mör-mojekleri sebäpsiz basmak, öldürmek.
- Ýola we beýleki ýerlere hapa taşlamak.
- Haýwanlara ezýet bermek, gulaga we başga ýere tagma basmak; olary deşmek; kesmek.[2]
- Janly zadyň suratyny çekmek (adamyň, haýwanyň we şuňa meňzeş zatlar).
- Kem ölçeme, ogurlyk.
- Talaňçylyk, ütme, garakçylyk.
- Hukuksyz öldürmek (hat-da garynjanyda).
- Ýençme, şikes ýetirmek, zalymlyk.
- Parahorlyk.
- Humarly oýunlar (poker, kazino...)
- Zyna islegi bilen erkek zenanyň, (ýa-da zenan erkegiň) ýüzüne el degirmek.
- Heýkel, but ýasamak.
- Aýtmasy gadagan zady ýazmak.
- Täretsiz Kurany eldemek (gusul bozlup gusulsyz okamak hem bolmaýar, diňe durmuşda ulanylýan dogalar bilner. Meselem: "Bismillä").
- Oýun oýnamak.
Aýakda günä
düzet- Ärsiz ýa-da ýakyn garyndaşsyz (mährämsiz) syýahat etmek.
- Ybadat edip duranyň öňünden bidüzgün geçmek(sutra).
- Gulyň, bergidaryň, aýalyň we ş.m. gaçmagy.
- Ulumsy, öwünjeň ýörüş.
- Täretsiz mesjide girmek.
- Sygyrmak.
- Oýun oýnamak.
Garynda günä
düzet- Çilim çekmek.
- Nas atmak.
- Göterimne pul bermek we almak. (риба, ribä)
- Haýwanlary urşdyryp, jedel edip, haýwanlary çapyşdyryp we şuňa meňzeşleri edip pul gazanmak.
- Ýasama, himikatly önümleri iýmek.
- Süýthorlyk, ogrulyk we şuňa meňzeş ýollar bilen iýilýän iýmit.
- Aldawly söwda.
- Musulman halka zyýan ýetirmek.
- Spirtli içgileri, beýhuş ediji we şuňa meňzeşleri iýmek, içmek (narkotik, arak, piwo we ş.m.lar). Bulary satmak, satyn almak, ýaýratmak haramdyr.
- Şeriatda iýmesi gadagan mallaryň (doňzyň, maslygyň, ýyrtyjyň, Allahyň ady bilen öldürilmedik haýwanyň) etini, hapa(nejasat) iýmiti iýmek, içmek.
- Şübheli her dürli önümleri iýmek (konditer, buzgaýmak, gazly we gazsyz gaplanan içgiler (reňksiz (reňklendirilmedik) we zat goşulmadyk suwy içse bolýar (mysal üçin: ýürek bulaşmany, atrawleniýany, içiňi arassalamak üçin diňe reňksiz gazlandyrylan suwy içse bolar)), tort, süýji, şokolad, peýnir, şöhlat (калбаса), koffee we şuňa meňzeş ýasama önümler (olary köpüsinde howply iýmitlik goşundylary bar).[3]